15:59

Men sentýabr, sen iýun

MEN SENTÝABR, SEN IÝUN

Senýabr aýy.
Bu zatlañ başy...
Agaçlar ýapragyn döküp başlapdy,
Saralşypdy ýaşyl maýsalyklaram.
Reñki solgun halparyşan gülleriñ.
Asmany büräpdi gara bulutlar
Guşlar şaýlanypdy uzak ýollara.
Näme galan bolsa tomusdan
barsy
Pytrap barýar däli ýelleñ güýjüne,
Bahar gelmedik dek bolupdy hyrsy.
Nämedi şo? birwagtlar
Söýüpdik,
söýülipdik ýaşlyk ýelgini bilen
Adyn tapsana şol dälişgeligiñ!
Ugursyz takdyra sunmandym boýun
Gaýgy-gama gaýzygyşan ýüregmi
Akyp-akyp gutaryşan gözýaşa
ýuwsam-da,
Öñümde dyzymy boýlan
Tümlüklerde ýöräp, yzymda galan
Bir üýşmek küle hem elli ýaşyma
Garamasam-da.
Meni ýaman ýerde tutduñ sen iýun!
Gam-gussaly, weýran sentýabryma
Ýazyñ howasyny getirdiñ birdem
Mawy asmanyñ hem jana jan goşan
Günüñ nury bilen girdiñ içime.
Bägüller gül açdy ellän ýeriñde
Otlar ösdi seniñ ýörän ýeriñde
Gülleñ ýüzi güldi gülen ýeriñde.
Dik depämde pelpelleýär guşlaryñ
Señ getiren miwelerñi göterip
bilmän şahalarym ýere degip dur.
Iñrik garalmanka saçyñ nuruna
Bir bakañda dünýämde Aý dogup dur.
Uzakly gün senden öwüsen şypa
Garaört bolan mañlaýymy sypaýa.
Ukusyz atyran gijelerimiñ
Dolduraryn seniñ bilen öwezin
Ýöne ýalkymyñdan başym aýlanýa,
Ah, başym aýlanýa,
Dek şu pursatda
Gujagyñda ölsemem bor biarman!
"Ýok, ölme!" diýseñem,
"Gitme!" diýseñem,
Gel, onda gujakla,
Boýnuma oran!
Tenime gir, gaýdyp taşlama meni.
Seretsene, barmagymyñ ujundan
Ot çabraýar gözden,
Göreçlerimden.
Gel-de, tut elimden,
Bile ýanaly!
Garşysyna durup bialaçlygyñ
Meniñ bilen ukla,
Meniñ bilen tur!
On üçünji aýa bile gideli!

Ümit Ýaşar OGUZJAN,
türk şahyry.
Категория: Goşgular | Просмотров: 313 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ümit Ýaşar Oguzjan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

,,Ak gar ýagyp..." / Goşgular - 17.01.2023
Mende başga, sende başga... / Goşgular - 23.01.2023
«Я обращаю речь к вам, выброски природы…» / Goşgular - 06.02.2023
Söýgi ýeserligi / Goşgular - 08.02.2023
Мысль и форма / Goşgular - 20.01.2023
«Седым и низким облаком дол повит…» / Goşgular - 08.02.2023
«Усталым душам вдруг сдаётся…» / Goşgular - 06.01.2023
Сон пророческий / Goşgular - 19.01.2023
Päk asmanyň ýyldyzlary / Goşgular - 08.01.2023
Иная красота / Goşgular - 14.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Aky Porsy  
Ajaýyp!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]