06:47

Nadanlyk we kämillik hakda birnäçe pikir

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 362 | Добавил: Moderator | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Gumlygelin0700  
1545
Bu meselede Reanimasiýada işleýän bir lukmanyñ aýdanlary dogry bolmagy ahmal diýip köplenç pikir edýän. Ol şeýle diýýär:
- Janyna kast edip reanimasiýa düşen ýetginjekleñ aglabasy hemişe diýeni bolup duran çagalar. Durmuşda hemme diýeni bolup duran çagalar ýekeje diýen zady bolmasa öz janyna kast etmäge çenli baryp ýetýäler...
Şoñ üçinem çagalarñyzyñ hemme diýýän zadyny ýerine ýetirjek bolup ýörmäñ. Olary diýeni bolmazlyk bilen öwrenişdiriñ...

0
2 Gumlygelin0700  
1545
Ýöne, beý diýildigi hemişe diýeni bolmasyn diýildigi däl bolsa gerek. Hiç wagt diýeni bolmaýan ýetginjegiñ hem juda ruhy çökgün boljagy mese-mälim. Maddy ýagdaýa garamazdan kämil ruhly çaga terbiýeläp ýetişdirmek üçin gör biz nähili ussat bolmaly...

0
3 Narcissus  
1589
Makala oňat we düz logika bilen dowam etdirilipdir. Ulurak tema. Janyna kast etmegi, özüňi öldürmegi kişiniň nadanlygyna baglamak hemme kişi üçin ýörgünli däl, netijede hakykatdanam çykgynsyz ýagdaýa düşüp, depressiýadan çykyp bilmän öz janyna kast edýänler umumy alaňda has köp. Sebäbi dünýä öňki görnüşini doly ýagdaýda ýitirdi. Psihologik taýdan köp zatlar adamyň aňyna zeper ýetirýär. Mysal üçin, manysyzlyk (nigilizme ýakyn) duýmak, lezzet alyp bilmezlik hassalygy, keýp alyp bilmezlik, gamgyn, gaýgyly bolmak, ýa-da gaty aladaly bolmak ýaly zatlar hem adamlaryň aňy üçin ýeterlik derejede zor salýan zatlar. Şol sebäpli bu saýlawy bir "nadanlyk" hökmünde görmek ýerine, içgin düşünip, muny gowy seljermek gerek diýip pikir edýärin.

Adam doglandan tä ölýänçä many gözleginiň içindedir. Adam, durmuşyna many berip bilşine görä şadyýandyr. Emma durmuşyna doly ýagdaýda, kanagatlandyryjy bir many düşünjesini ornaşdyryp bilmese, onda depressiýa, stress we öz janyňa kast etmek ýaly has uly psihologik meselelere ýetip bilýär. Biziň hemmämizem käbir zatlara islesek hem, islemesek hem käbir manylary berendiris. Mysal üçin, biz birini gowy görýändiris, eýýäm durmuşymyzda bir many bardyr, sen bir hereket edýärsiň, birini söýýärsiň, logiki taýdan bu hereketiň bir netijesi bolmalydyr, we netije bilen birlikde (mysal seni halasa) bir many döreýär, we sen bagtly bolýarsyň (iň azyndan şeýle duýýarsyň). Emma many tapyp bilmeýän kişiler psihologiýasyny, aňyny, kellesini, "ruhuny" eziji düşünjelere garşy gaýtawul berip bilmejek derejä gelse, onda ol adamy "nadanlyk" bilen günäkärlemek, ol adamyň ýolundan we eýe bolan ruhy ýagdaýyndan bihabardygyňy aňladýar. Many meselesine iň kanagatlandyryjy jogaby bize dinler (iň azyndan dinleriň öňe sürmegi bilen) berýär, şeýle-de dinler adama, jemgyýete bir many, bir maksat bermek üçin dörändirler. We ýene-de dinleriň özi, adamyň bagtly döwran sürmegi üçin, oňa käbir wezipeleri berýär, saňa bir maksat berýär, synanyşmagyň, dyrjaşmagyň üçin bir pursat berýär. Emma bir adam dini sözde amal edýän şahsyýetleriň jahyllygy bilen (aýal maşgalalara duşmançylyk, el kesmek, kelle kesmek, ýazgarmak, jemgyýetleriň arasynda duşmançylyk döretmek, adamlary ýigrenç bilen dolandyrmak, milletparazçylyk etmek, beýleki günäkärlemek, dinsizleri, tapawutly düşünjeli kişileri öldürmek, daşlamak, sowatsyzlyk we ş.m) ýüzleşse? Töweregindäki adalatsyzlyklar çogup, serhedinden çykan bolsa? Bu kişiniň ýeterlik derejede manysyz hassplanmajak, "nadanlyk" hasaplanmajak özüne ýeterlik sebäbi bardyr. Bu sebäp bilen öz janyna kast etse, ony ýazgaryp bilmeris, diňe dogry saýlawy saýlamandygy aýdyp bileris, boldy. Men-ä bir kişiniň käbir şahsy saýlawlary üçin ýazgarylmagyny dogry hasaplamaýaryn.

0
4 Narcissus  
1589
Bir adamyň özüni öldürip bilmegi mydama "ähtimal" pozisiýasynda taýyn durandyr, mysal üçin men haçanam bolsa özümi öldürip bilerin, ertir ýa-da ondan soňky gün. Emma öleniňden soň, gaýdyp dogmak şansyň ýok, sen täzeden synanyşmak mümkinçiligini ýok edýärsiň. Özüni öldürmäge synanyşýan kişi ilki şu we şuňa meňzeş ähli zatlary seljerer. Eger bir kişi bu zatlary seljermän, derrew özüniň gaharly halatynda aljyrap tiz netijä gelýän bolsa, ol şeýle-de başga zatdyr, bu ygtybar bilen baglanyşykly zatdyr. Bu kişä näçe düşündirseň düşündir, emma düşünmez, sebäbi özüne erk edip bilýän däldir, özüni kontrollykda saklap bilýän däldir. Edil bu kişiler agzysary, jahyllyk döwründe käbir zatlara düşünmän öz janyna kast edýän kişiler bolup biler.

Aslynda bu hal-ýagdaý bilen baglanyşykly zat. Ýagny, bu adamlaryň esasy bilmeli zady, biziň hal-ýagdaýymyzyň üýtgäp durmagydyr. Biz diňe bir hadysany başdan geçirip, diňe şol bir duýguda durmaýarys. Mysal üçin, biz gaharly bolsak, bu elbetde geçjek zat, gaýgyly bolsak, bulam geçjek zat. Şol sebäpli, gaharly halatymyzda bir zat etmäge synanyşman, bu zatlaryň geçjegini bilmelidir.

Biziň duýgularymyz düşünjelerimiziň netijesinde döreýär. Eger düşünjämiz oňaýly (pozitiw) bir düşünje bolsa, onda pozitiw bir duýgy dörär, düşünjeleriňem (esasanam oňaýsyz düşünjeler) çalt kontrollykdan çykmak ýaly häsiýeti bolandygy üçin, düşünjelerimizi (oňaýly-oňaýsyz) kontrollykda saklap bilmäge synanyşmalydyr.

0
5 Garadag  
128
Dykgatyñyza ýetirilen Nukdaýnazarda uzak gürrüñ edip oturmagy birhili näoñaý gördüm. Emma ruhy kämillik hakda näçe kän gürrüñ etseñem şonça az.
Ýaşlaryñ özüni öldürmegi sossial ýagdaýlara bagly bolmagam ahmal, emma yeterlik ruhy-ahlak terbiýesi bolan, nebis we kanagat düşünjelerine gowy göz ýetiren ýaşlar hiç mahalam şirin janyna kast etmez.
Bu meniñ öz garaýşym.

0
6 Remezan  
1397
Janyna kast etmek hiç-hili çykalga tapyp bilmedik (akylynyñ başga çykalga ýok diýip stop çyrasy ýanan ýagdaýynda) adamda bolup biler bilýärem. Boýnuna syŕmagy salyp aýagy ýerden üzülmesede öz agramyny göýberdigi ýeterlik. Soñ ýerinden galaýmaga gurbaty bolmaz we diñe bogulan boýnuny çitikläp, dyrnak yz galdyrmakdan başga hereket edip bilmez.

0
7 pezzek  
1631
Öz janyna iň köp kast edýän halk ýaponlar eken. Özlerini öldürýän tokaýlaram bar eken. Internetden okadym. Şeýle köpçülikleýin iň uzak ýaşaýan halkam ýaponlar.

Öz janyňa kast etmegi ylym depressiýa, stres ýene diýip düşündürýär. Ýöne il içinde yzyňa zat düşýär diýen gep-gürrüňem kän. Taksa mündüm, pata barýadym özüni asan tanşymka. Taksiçi oglan men deň-duş ýaş oglan eken. Nirä barýanymy bilenden soň gürrüň berip başlady. Menem başdan geçirdim diýip. Dogrusy gorkdym. Bärde-de ýazyp durmaýyn. Esli günläp aňymdan çykmady. Kakasy doktor eken koma gidirip açypdyr.

0
8 Ondaatje  
1650
Men-ä adam häsiyetinde kemçiligi bolany üçin suisid edyändir öydemok. Ýarawsyzlyk bolaýmasa köplenç sebäp bolyan zat. Allajan özi düşünäymese beýdýän adamlara. "Dowzaha düşyäñ, beytmeli dal" diýýäler. Edyän adamlar bolsa bärsi dowzah yaly çydamok diyip edyä. Elbetde bu bir yone bir adamyñ pikiri. Yalñyş bolmagam mümkin. Tema degişli "GOOD OLD NEON by David Foster Wallace"-ni okap görüñ. Yazyjynyñ özem suisid eden, pahyr. Kesel zerarly. Ölenden soñ name bolyanny aydyp beryä. Moşennigråk yöne. Kän ynanybam baramok men-ä.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]