15:32

Nika bozmak hakda arza / hekaýa

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 970 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 18
0
1 baharaliyeva39  
1028
Gülme kemimiz galan däldir)))
Galamyňyza saglyk!!!

0
2 Ependi  
284
Hukukçyny gününe goýmandyrda...) Hukukçy görgüli bolsa, bulara alty aý ýaly pikirlenmegi teklip edipdir. Günäkär ýene özümi?..) Ýagny, bular ýylan ýaly, ýada ýalyn ýaly her tarapdan öwserler. Asyl, özüňi ompa oturdarlar, är-aýal dawasyny kanun çözmekden käte asgynam gelýär. Gatybir, kelläň robot bolaýmasa.

Degişmede welin, şoň tersine, bir gussaly waka ýadyma düşdi. Ol waka, degişmäň tersine. Ýagny, ýaňky alty aýlyk möhletden soň iş gozgalanda, öz bähbidine çapdyrýanlar azam däl. Bir gelini tanaýan, bäş çagasyny yzyna tirkäp atasy öýüne geldi. Äri öýüne başga heleý tirkäp gelýär. Bir ýaş gyzyň başyny aýlaýar, olam göwreli bolýar. Muny bilen gyzyň kakasy, "ýa alarsyň, ýa basylarsyň" diýip haýbat atýgar. Umuman, ol äri gowy däl öňem, gelin kän etmişlerine göz ýumupdyr, düzeler öýdüp. Soňkusy welin çenden çykma. Indi nätdiler? "Alty aý pikirlenmäge rugsat berdiler" welin, äri eýýäm jaýyny ejesine geçirdi. Maşyny-nam "awariýa etdim" diýip, onam ýoklady. Mal-gara, geçäýjek zatlary alty aýyň içinde, şol zatlaryň hemmesiniň "ýoguna ýandylar". Ýoguna ýanylanok, dur hemmesem başga ýerde. Aýtmakçy bolýanym, şol gelniň özüne we bäş çagasyna bir şifoner bilen eşiklerini we ownuk-uşak zatlaryny hödürlediler. Alty aý wagt berseň ine bolýanam? Bu ýerde diňe olar däl, adwokatlaňam roly uly, hersi haýryna görä..

Ýöne, şol, bäş sany ýetimje gyzyň gapdalyndan geçenimde, biparh geçemok. Öýde, olara artyk zat bolsa ugradýanam. Ýöne, artyk zat barmy ilde, kömek edip durlar halkam artanyndan.

Serediň indi, ýaňky adam yzyna tirkäp gelen heleýi bilen äpbede-jüýje ýaşap ýör, şady-horram. Emma, alimentam tölänok ýeke çagasyna. Şu wagt, öz görýän zadym.

@Bagabat, bagyşla agam, degişme diýip ýazypsyňyz, ol düşnükli. Ýöne, dile geldi - bile geldi diýen ýaly, aýyplaşmaň. Şu wagtky döwür görüp ýören ahwalatym.

0
3 Bagabat  
43
Durmuş-da. Ýöne ýaňky gelin kwalifikasiýasy gowy adwokat tutsa äriniň nikany bozmak hakynda ýazan arzasyny kazyýet kabul edenden we är-aýala pikirlenmäge beren möhletiniň dowamynda öňki äriniň är-aýalyň bilelikdäki emlägi (jaý, ulag, mal-gara we ş.m.) boýunça baglaşan ähli geleşiklerini (satmak bolsun, sowgat bermek bolsun, çalyşmak bolsun we ş.m.) kazyýetde hakyky däl diýip bildirmek we restitusiýa, ýagny şertnama (geleşik) baglaşmazdan öňki ýagdaýa getirtmek bolýar. Eger-de kazyýet hak isleýji hökmünde çykyş edýän tarapyň (seniň aýdýan ýagdaýyňda aýalynyň) delillerini ynama mynasyp diýip hasaplasa.
Kanun boýunça är-aýalyň nika baglaşylandan soň edinen emlägi, olaryň ikisiniň gazanjynyň haýsynyňkyň köpdügine ýa-da ýokdugyna garamazdan (adatça aýal öý hojalykçy bolýar) är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligine degişli diýlip ykrar edilýär. Nika bozulan halatynda emläk paýlaşylanda olara umumy emläk deň ikä bölünýär. Şonda-da olaryň bilelikdäki çagalary är-aýalyň haýsynyň terbiýelemeginde galdyrylýan bolsa, emläk paýlanylanda şolaryň bähbidem kazyýet tarapyndan göz öňünde tutulýar. Üstesine-de çagalar üçin olary terbiýelemeginde galdyrylmadyk tarap kanunda bellenen möçberde aliment tölemäge-de borçly.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 144-nji maddasy:

1. Çagany ekläp-saklamak üçin aliment ata-enesinden (olaryň birinden) her aýda şu möçberde tutulyp alynýar:
1) bir çaga üçin - girdejiniň dörtden biri;
2) iki çaga üçin - girdejiniň üçden biri;
3) üç we şondan köp çaga üçin - girdejiniň ýarysy.

0
4 Ependi  
284
Düşündim agam. Diýmek, bu ýerde esasy zat, ýanýoldaş geliniň dogry sözlemegi gerek, subut edip, hemde işi täzedenem gozgap bolýar diýseňizle. Dogrusy, baş alyp çykmaz ýaly mesele däl eken. Berkräk durulsa. Ýöne, gynanýanda olara, şeýdip goýberişlerini. Belki, muny entek wagt görkezer. Aslynda, gelniň gaýynesi erbet diýdiler, äriniň adamsy. Adwokat tapsalar, adwokatyň üstünden ýazmagada çekinmändir, pula satyn alynan diýip. Ýokaryk. Bularyň asgyn tarapy hem şonda, elinden zat gelenok, ýagny geliniň hossarlary daýhan adamlar. Köpi gören heleý öz ogly üçin agtyklaryndan geçdi. Waka, Gämide bolan. Gelin başga welaýatly, asly. Umuman, düşündirişiňize sag boluň agam.

0
5 Bagabat  
43
Adwokatyň üstünden onuň pula satyn alnandygy hakynda arza ýazanda näme?
Adwokat hakyna tutma işgär. Olam edil jaý gurýan ussa ýaly öz zähmetiniň hakyny alýar-da, özi bilen hukuk kömegini bermek hakynda şertnama baglaşan raýata ýuridik kömek berýär, kazyýetde onuň adyndan, onuň ýany bilen çykyş edýär.
Seniň aýdýan wakaňda gelniň nireliliginiňem hukuk ähmiýeti ýok. Bu meselede öz isleýän netijesini gazanmakçy bolsa ol gelin, garynjalaň äpet pili iýip tükedişleri ýaly tapgyrlaýyn, tutanýerli we yzygiderli hereket etmeli:

1. Adwokat tutunmaly;

2. Özüniň öňki äriniň nikaly döwründe edinilen bilelikdäki umumy eýeçilikleri babatda ol emläklerden özüne düşýän paýy bermezlik maksady bilen amala aşyrylan bikanun geleşikler hakynda maglumat toplamaly (mümkin boldugyndan, başardygyndan). Sebäbi onuň maglumatlaryny barybir kazyýet doly we hemmetaraplaýyn barlaýar;

3. Kazyýete özüniň öňki äri bilen bilelikdäki umumy eýeçiligi babatda baglaşylan ähli geleşikleri hakyky däl diýip bilmek we özüniň terbiýelemegindäki çagalaryň bähbidinem nazarda tutup, ol emläklerden özüne düşýän paýy alyp bermek hakynda hak isleýiş arzasy bilen kazyýete ýüz tutmaly;

4.Adwokatyň kömegi bilen kazyýetde öz hukuklaryny goramaly.

Kazyýetiň çözgüdi çykyp, ol kanuny güýjüne girenden soň ikinji instansiýaly kazyýetde ýa-da gözegçilik tertibinde ýa-da täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça şol çözgüt sökülip, ýatyrylmasa, onda şol çözgütde kesgitlenen/beýan edilen maglumatlar we netijeler islendik kazyýetde-de, döwlet edarasynda-da preýudisial fakt diýlip ykrar edilýär. Ýagny täzeden subut etmek zerur däl hakyky ýagdaý.
Onsoň öňki äriniň tarapy näçe arza ýazanda-da ol gelne bildirjek ýeri ýok.

0
6 Yusup  
50
Serdar kaka siz nane un detektiw proza yazanzok. Siz de bu ugurdan material kan bolmaly

0
9 Bagabat  
43
@Yusup, birinjiden-ä detektiw ýazmak üçin ukybyň bolmaly. Aňyň tapmaçaçyl bolup, şeýle zatlara höwesekligiň gradusam 96,6 bolmaly. Ikinjidenem: "Кто служил в советской армии тот в цирке не смеется" (Kim sowet goşunynda gulluk eden bolsa şol sirkde gülmeýär) diýen aýtgyny eşidensiň-le. Menem professiýa meselesinde edil şoň ýaly. Durmuşda (в неписанной прозе жизни) detektiw waka ýok. Hapa, porsy, ýürekbulanjy, aglaba köp ýagdaýlarda-da adamlardan doýurýan jenaýat bar. Şony açmak, kimiň günälidigini subut etmek üçinem agyr, ukusyz, tukat zähmet bar.
O Erkýul Puarolar, miss Marpllar, Kamenskaýalar, detektiw Smitler, Şerlok Holmslar, Pinkertonlar, Tokar Tüýliýewler, Widoklar we ş.m. bolsa kitaplarda, kinolarda, iň bolmanda hakjagazyny alyp, owadanlanyp ýazylan taryhy hronikalarda bolýar.
Üçünjidenem... Top ýok :-)

Heneklije, hümmüldilije rowaýat:

Bir patyşa awa-şikara gidip barýarka wezirine:
-Men awdan dolanamda, meň şanyma kyrk topdan kyrk gezek atyň!-diýip emr edipdir.
Şonda wezirem ýüzüni sallap jogap beripdir:
-Patyşahy-älem, biz bu emriňi berjaý kylyp bilmeris...
-Hä näme üçin?-diýip, patyşa geň galypdyr.
-Munuň kyrk sebäbi bar. Iň birinjisem, bizde top ýok...:-).

0
7 Yusup  
50
Hem. Siz hem Atajan aga, Tirkish aga yaly oba oglany. Gundelik yoredenzok? (munkin yoretyan bolmagyzam ahmal) Gyzykla bolardy Cagalyk dowruniz, yetginjeklik, talyp dowurleriniz , doredijilik baslan dowruniz, has-da hukukda ishlan wagtynyz..

0
10 Bagabat  
43
Gündelik gögelelikde ýöredipdim 14-18 ýaş aralykda. Soňam ýöretmegimi bes etdim.
Näme ýazjagymy bilmedim.
Özüm hakda owadan ýazyp, haçanam bolsa birwagt şolaryň iň bolmanda öz çagalarym tarapyndan okaljagyny bilip, özümden nämedir bir zat ýasansyrap, öz-özüm hem-de özümden soňky geljekler bilen allak-mullak oýnasym-a gelmedi. Çynymy ýazmaga-da utanç-haýam ýol bermedi. Şeýdibem galyberdi. Indem öwrenişipdirin.
Hekaýalarymy gündeligim hasaplaýýan.

0
8 Yusup  
50
Yone sada dilde Bashda hekaya yazysynyz yaly

0
11 Bagabat  
43
Hiç wagtam hemme okyjyň göwnünden birden turup bolmaýar. Haýsydyr bir eseriň ikisine ýarasa, üçüsine ýaramaýar. Esasanam çeper eseriň ýazylyş dili, stili babatda okyjylaň garaýyşlary hil-hil bolýar. Bu-da tebigy zat. Biriniň buzgaýmak öler aşy, beýlekisi buzgaýmak iýse allergiýa berýär ýa-da gaýtaryp başlaýar.
Ýöne: “Alla ýol berip, baş dik, jan sag, akyl dury gezilip ýörülse, ahyry bir gün hemmeleň göwnünden turup, hemmeleň “bäşýyzzyl” goýjak, hemmeleň keýpine noş boljak edebi-çeper diliň üstünden barlar-da” diýen iňňän ýagşy umyt bilen ýürek joş urýan bolsa gerek :-).

0
12 Ependi  
284
Mirasçymyz, Ümür Esen aga-da şeýledi. Biziň garyplaşyp, dilimizden çykyp, unudyp barýan sözlerimizi öz ýazgylarynda, tymsallarynda, hekaýalarynda gozgap, halka gowşurardy yzyna. Ýagny, yzyna direlderdi. @Bagabat, dogry edýäňiz Sizem, düşünen düşüner, düşünmedik soň düşüner, ýada asla düşünmez. Dil diýlen zadyň şiwesi kän. Bir gülküli waka ýadyma düşdi, käte gullukdaşlar duşanda ýatlaýasam:

Aşgabatda gulluk edipdik, 10-njy gorodok. Biziňki awtobat bolansoň, şopurçylyk. Şonda, bir saýry dilliräk gullukdaşymyz prawasyny aldyrypdyr WAI-lara. Gai däl, WAI - ýagny woýennyý. Olar diňe woýennyý maşynlar bilen iş salyşýar. GAI-ler biz bilen işi ýok. (ýöne, şu taýda bir zat ýadyma düşdi, ýolda sürüp barýarlaň öňüňden general, general-maýor, umuman, ýanyňda başlygyň ýok bolsa, olam çatrykda gabatlaşsa, ilki biz olara ýol bermelidi, seňki dogram bolsa. Yzyňdaky graždanlaram jany ýanyp signal basyp durandyr. Ýokarky başlygy geçirmän, äsgermän sürüp gitseň, ertesi saçyň syrylgy gubbaha barýansyň, maşyndan-a umydyňy üzäý) Gepe güýmenip, ýatlamalara çolaşyp barýas. Şonda, gullukdaş prawasyny nädip aldyranny düşündirjek bolýar:
- Ýoldaş leýtinant! Başlygy öýüne ertip ertip, ýaňy KPP-den girjek bolsam, Pylanyýew meni banka uzatdy. Banka barsam, o ýerdenem Çoganla uzatdylar. Çoganlydanam Bekrewe uzatdylar. Bekrewe barsam sagat onbir bolupdyr. O ýerdenem bärik poçta uzatdylar. Ýaňy 30-njy mkr-a ýetemde, wailer...
- Düşnükli, seňem prawaň şo taýda süýnüp gidiberdimi?
Şol wagt stroýdaky oglanlaň bary pakyrda beripdi. Komandirem onuň düşündirişine görä jogap gaýtarypdy. Asyl, uzatdylar diýdigi, ugratdylar diýdigi eken :)

0
13 Bagabat  
43
Şiweler bilen bagly bir waka :-):

1997-nji ýyl. Maryda gulluk edýäs. Uwolneniýa goýberdiler. Gullukdaş maryly oglan: “öýe gideliň” diýdi. Kakasy maşyn ussa bolansoň, ýagdaýy gurplyja. Özem şo mahal Mary şäheriniň “Kuweýt” diýilýän ýerinde ýaşaýardy. O gullukdaşyň öýüne barýan ýolumyzam şo “Kuweýtde” ýerleşýän, Aşgabadyň köne “Jygyllyk” bazary ýaly başly-barat bazaryň üstünden geçýän ekeni. Kileň daýzalar ýere ýazylan kleýonkamydyr, mata-kendirmidir bir zatlaň üstüne satýan harytlaryny gyzyl-ýaýyrt edip, satyşyp otyrlar. Geçip barýas. O barmaşa-da ýanymyzdaky üçünji gullukdaş – olam Aşgabatly oglan, jinsi (“warýonka” diýilýädi) jalbar satyp duran daýzaň öňünde sägindi. “Eý, şuň ýalysyny gražžankada geýesim gelip öllümdär-ou!” diýip hümürdedi-de, daýza ýüzlendi:
-Daýza balagyň näçeden?
(Ýeri, nämäňe soran bolýaň diýsene? Özüň-ä bir şu günküsini tapsa ertirkisi gaýgy gögele, ýanyňda-da kör köpük puluň ýok. Uwolneniýede-de ýaňky ýerli gullukdaş dos nan bermese, uzakly gün aç selpäýmeli :-)).
Onýança-da ýaňky jinsi satýan daýza ot degen därä dönüp gümpüldedi:
-Meýdiň ýansyn ýerçeken! Git-de ejeňden sora, bajyňdan sora: “balagyň näçeden” diýip...
Biziň ikimiz-ä näme bolýandygyna düşünmän aňk-taňk bolduk. Hernä ýene-de: “her ýurduň towşanyny öz tazysy bilen awlaýarlar” diýlişi ýaly, ýanymyzda ýerli ýagdaýlara belet maryly dos ba: – şapba ikimiziňem elimizden ýapyşdy-da, yzy bilen süýräp ugrady. Bäş-on ädim ädibem hümer bazarçylaň arasyna sümüp, gaharjaň, gykylykçy daýzaň gözünden ýitdik. Biraz arany açanymyzdan soň ýaňky maryly dosuň ýeke özi gülüp-gülüp kese ýykyldy.
Görüp otursak, Maryda diňe aýallaň içki geýmine: “balak” diýlip, erkekleňkä: “jalbar” diýilýän ekeni :-).

0
14 Bagabat  
43
Ýuristlik tejribesinden durmuşy waka :-):

Işden gelsem, nobatdaky maslahat soramak isleýän obadaş gädigimde garaşyp dur. Salam-helikden soň garyndaşyna 15 ýyl mundan ozal karz berendigini, şo barada-da ondan dil hat alandygyny aýtdy. Garyndaşy karzyny bir ýyldan üzjekdigini dil hatynda ýazanam bolsa şumada çenli: «häli bererin, şindi bererin» bilen ony aldap gelipmiş. Indem ol şol bergisini almak üçin kazyýete ýüz tutmak isleýärmiş. Nätse dogry boljagyny soraýar.
Menem aýtdym: «Kanuna laýyklykda şertnama talaplary boýunça hak isleýiş möhleti 3 ýyl, umumy hak isleýiş möhletem 10 ýyl. Seňem kazyýete ýüz tutmaga möhletiň şo 10 ýyldanam geçipdir. Geçen möhletem dikeltmek mümkin däl bolaýmasa. Sebäbi sen karzyňy almaly bolan bir ýylyňdan soňam hiç hili esasly sebäp bolmazdan 14 ýyly geçiripsiň-dä».
Onda olam diýýär: «A-how jan agam, bi nähili beýle bolýar-aý? Men indi şunça wagtlap aldanyp gezenimiň üstesine algylymdan algymam talap edip bilemokmy? O gün bir palça barsam-a, ol-a diýdi: «Ol-a-ha şu dirilikde ekeni, hatda öleniňden soňky wagtam üstüne goşup, kyýamat-ahyrda-da sen ondan algyňy yzyna sorap bilýärsiň! Ol saňa şoňa çenli bergidardyr»».
Ýene-de özüň maňlaýyňa şapyladyp, feýspalm edip oňaýmasaň, başga nämetjek?
“Men näme diýýän, dutarym näme diýýä” bolýa duruberýä :-).

0
15 Ependi  
284
"Balak" :)) dogrudanam şu öz marylylarymyzda bu sözüň aýratynlygyna nähili üns bilen seljerişlerine menem düşünemok. Kiçijkäm özümem balak diýerdim. Oglanlyga dolanamyzda jalbar diýmegi çykardyk. Bizem ulular utandyrardylar şo wagt, oglankak: balagy heleýler geýýär - diýip. Öňi-soňy 10 asyrlap gyýma balak geýen türkmen, haýsy tarapam bolsa, (kisesi ýok) geýip, uçgur bilen ýüzüne ugruna daňyp giden türkmen, jalbar sözüni nädip tapanna haýran. Uçgur diýilende "Kesearkaç" romany ýada düşdi, şonda Garabatyrmy nämemi, doly ady ýatda däl, göreşde ýykylýar mähelläň öňünde. Turubilmedik bolup ýatýar. Oglanlar derrew daşyna üýşýär welin, soňam hahahaýlap gülşüp dargaýaşýalar. Asyl, Garabatyryň uçgury sypan ekeni, Turmaga utanyp ýatyşy eken.

"Balak" - aslynda başga wakany aýtmakçydym) Ir döwür, (ýaşululaň gürrüňi) o wagtlar obada gündiz tok bolup, gijede öçürilýän wagty (ýagny, gündiz bir traktor işläp oba şol wagt ýeterlik tok işläp çykarýan eken, agşamlyk sagat 10 bolanda 3 gezek ýakyp-öçürýän eken, ýagny indi öçürýändigini duýdurmak üçin, soňam tapba öçmesi) ýene gürtüňe gyzugyp barýas. Şonda ir daň wagty bir çopanyň gapysy kakylýar. Olam "how" diýär welin, gyssagly geýnip, çöle, goşa, goýunlaň ýanyna gitmegini duýdurýalar. "Düşündim" diýen çopanam howul-hara aýagyn-eline ilen eşigi sokýarda, maşyna münýär. Gidip barýalar, GAZ-69-da, yzky sideniýada. Daň atyp, töwerek ýagtylansoň çopanyň ýanyndakylar kikirdeşip başlaýalar. Soňabaka şopuram kikirdäp ugraýar. Öňde oturan perme halys goýmansoňlar yzyna öwrülýär: Näm-aý, daň bilen beň çekdiňizmi, alaýdyňyzlaý halys - diýse. Oňa seret - näm ba? Gyssanan çopan görgüli aýalynyň keşdeli balagyny geýip gaýdyberse nätjek. "Wah, gyssanjyma aşagy dar gelendem biljek boldumla, garaňkyda hiçzat aňşyrmamsoň göwnümedir öýdüp, gyýmamdyr öýdüpdirin..." Çopan görgülide günä ýok, ýalňyşlygy, gyssamaklary hem garaňkylyk. Öňki ýaşulular ýatlardylar degişip oňa, olam gaty görmezdi. Her döwrüň täsin ýatlamalary bar:-)

0
17 Bagabat  
43
@Ependi, gülkünçden täsin waka ekeni.
Halkyň hakydasynda meşhur ýomak bolup galarlyk waka :-).
Sag bol ýetireniňe.

0
16 Babyşgalaly  
1446
@Bagabat, "Öýe gelsem maslahat soramak isleýan obadaş "Gädigimde" garaşyp dur" Ine-de bir şiwe söz Gädik birhili delrak eşdilýär. :).

0
18 Bagabat  
43
GÄDIK [gä:dik], at. 1. Haýat we ş.m. ýerlerden
adam geçer ýaly gädilen ýer, geçelge, geçit.
Asly han
gädikden ýolun salypdyr, Saralyban gül dek reňňi
solupdyr (″Asly – Kerem″).
2. syp. Bir zadyň erňegi,
gyrasy döwük, ýemrik, erňeginiň bir ýeri uçan, ýüzi
gaýtarylan, oýulan. Ojakda ot ýanyp, onuň gyrasynda
agzy gädik taňka lasyrdap otyrdy (B. Kerbabaýew).
Agzy gädik tüňçe.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A–Ž. – Aşgabat: Türkmen döwlet
neşirýat gullugy. 2016. 432-nji sahypa.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]