11:46 Obada gijöýlän | |
OBADA GIJÖÝLÄN
Dünýäň o çetine aýlanan Günüň Güýjüni gaçyran soluk şöhlesi Aslyşyp dur baglaň şahalaryndan, Kyn görýän dek öçmegi. Gür baglykda mesgen tutan guşlaram Aýdýarlar bu günüň soňky aýdymyn. Assa-ýuwaş nyşan görnüp başlady Ýaňy dogan orak ýaly Aýdanam. ...Gölesin emdiren göwüslek sygyr Hiç zada parh etmän gemirýär iýmin. ...Ýaňja sygyr sagyp gelen ejemem Söndüripdir bişen palawyň düýbün. Ana, bir ýyldyz hem dogdy asmanda, Meger, bolup bilse “Ömürzaýadyr” Başda dogmak nähili kyn. Birazdan Söner ýyldyz (Gör, ol kimiň paýydyr). Halys oýna gyzan çagalaryny Öýlere çagyrýar juwan ejeler. Ejeler hem çagalary diýmeseň, Hereketem azalypdyr köçede. Diňe köçäň o çetinden üýşüşip, Pagtaçy gelinler otagdan gelýär. ...Eýýäm “Ömürzaýa” gözden ýitipdir, Beýleki ýyldyzlar barha köpelýär. 13. 05. 2010 ýyl | |
|
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |