ÖLÄ TYG ÇEKMEK NAMARTLYK BOLAR, BAÝ....
...Telim oduň arasyna düşüp, agyr oýa batyp, esli salymlap öz erkini elden gideren Gowşut, tötänden bir ýerden gurp tapyp, täzeden janlanan ýaly boldy. Ol:
- Jemagat! - diýip, ilata ýüzlendi. Ilatyň diňe bir han saýlamak hakda hem däl, başga zatlaryňam aladasyny öz içine alan galmagalynyň peselmegine hem şol "Jemagat" diýen söz sebäp boldy. - Siz meni özüňize baştutar edip bellemäge razymysyňyz ýa-da ýok?!
Az salymlyk kiparlan, deňiz tolkuny ýaly, haýsy heňdedigi näbelli gowurdy ýene asmana göterildi. Birdenem ol gowurdy ýatyşyp, imi-salalyk aralaşdy.
Gowşut ýene bir gezek soragyny gaýtalady. Gaýtalamasynyň üstüne-de şu zatlary goşdy:
- Erteki gün "islemändik" diýmäň. "Ýüz göreniň ýüzi gursun". Soň, ökünip aýtmaly gepleriňizi şu mahal aýtsaňyz, siz üçinem, meň üçinem bähbitli bolar. Çekinmäň!
Ýene şol düşnüksiz gowur ýaňlandy.
Diňe Gowşuda golaýrak ýerde duranlaryň sesi aýyl-saýyl eşidildi.
- Biz saňa ynanýas!
- Biz razy!
- Nanly bol!
- Bereketli bol!
Bu sözlerden soň Seýitmuhammet işan pata bermäge häzirlendi. Emma Gowşut oňa ýene ýol bermedi. Ol märekä ýüzlendi:
- Eger siz razy bolsaňyz, menem razylaşmaly bolaryn. AgyňyzAgyňyza aglap, gülkiňize gülerin... Ýöne hol ak öýi görýäňizmi? - Gowşut Hojam Şüküriň öýüne tarap elini salgady.
- Görýäs!
- Hanyň öýi!
- Hojam Şüküriň öýi.
Gowşut dowam etdi:
- Görýän bolsaňyz, şol ak öýi, durlugyny, üzügini aýryp, başga zadyny sökmän, meň üstüme getirip dikiň!
Her dürli ses eşidildi.
- Bu nä boluş?
- Hojam hanyň öýi bilen näme işi barka?
- Biz-ä düşünmedik.
- Bizem düşünemzok.
Haýran galmaly zat - jemagat üçin geň bolup duýlan buýrugy, märekäniň ol buýruga bolan haýrangalyjylykly äheňini eşdip duranam bolsa, Hojam Şükür ýerindenem butnamady. Ol edil ozaldan şeýle bir oýun edişmäge täze saýlanýan han bilen dilleşen ýaly sesini çykarman, göwnübir ýagdaýda öňe seredip, parahat durmasyny dowam etdi.
....Gowşut tümmekden düşüp, gapdaldaky aýmança baryp togtady-da, donunyň syýyny çekişdirip, takyr ýerde aýbogdaşyny gurap oturyberdi. Ol oturan ýerinden golaý-goltumlaryndakylaryň gözlerine garaýardy. Maksadynyň nämedigine düşünmeselerem, adamlaryň köpüsi ýylgyrýardy. Ol ýylgyryşlardan bolsa Gowşut özüçe many çykarýardy.
Adamlaryň köpüsi Hojam Şüküre uly hormat goýýardy. Kähalatlarda bir derwaýys işiň maslahatlary edilende, Hojam Şükür nädogry pikiri öňe sürse-de, ol pikiriň nädogrydygyna akyl ýetirilýänem bolsa, köpçüligiň: "Hojam aganyňky dogrudyr" diýip razylaşyp ötägidýän pursatlaram bolýardy.
Gowşudyň Hojam Şüküriň ak öýüni öz üstüne getirdip dikdirjek bolmagam şol zatlardan many ogurlanyp edilýän synagdy. Hojam Şüküriň özi bir tarapdan garap durka, ilat Gowşuda Hojam Şükürden ýokary hormat goýmaýan bolsa, onuň öýüni getirmäge hyýalam etmejekdi. Eger ilat Hojam Şüküriň ýüzünden geçip bilmän, ak öýi getirmese, Saragty terk edip, özüne ynam bildiren ýaşulylaryň sözüni ýykyp gitjekdi welin, Gowşut uly hanyň ornuna geçmäge razylaşmajakdy. Sebäbi, bu günki gün bir ak öý babatda Gowşudyň sözüni ýykyp biljek, Hojam Şüküriň ýüzünden geçip bilmejek ilat, erteki gün has lomaýrak işde hem Hojam Şükür ýalynyň gepine gidip, Gowşudyň, ýagny uly hanyň aýdanlaryndan boýun gaçyrmagy başarjakdy. Bu ýagdaý bolsa, bir ýaradaky iki özen ýaly, il üçin hasam yzaly boljakdy.
...Gowşut han derwezä tarap ýöneljek bolup durka, Kelhan Kepele gelip ýetdi, onuň gulagyna pyşyrdady.
- Barlaýyn diýseň-ä, ýoldaş bolaýyn.
Gowşut başyny ýaýkady.
- Sabyr et, Kelhan, ony özüm barlaryn.
- Ýeke özüňmi? - diýip, Kelhan geňirgendi.
- Pendi baý bilen - diýen Gowşut märekäniň yzyndan garady. Soňam Pendi baýa ýüzlendi. - Baý aga, indiki nobat seňki. Indi men seňňem ýüregiňi gobsundyrjak. - Gowşut töweregindäkiler ýüzlendi. - Aksakgallar, göreris diýseňiz-ä ýörüň!
Habara aňk-taňk bolan Pendi baý gürrüňiň anygyna hem ýetjek bolman, Gowşut hanyň yzyna düşüberdi. Beýlekilerem şol tarapa ýöneldiler.
Bir burçda Ogultäç eje, Ýazsoltan, Ogultäç ejäniň gelni, onuň ýanynda ýene bir daýaw aýal perenjelerini çümre bürenip otyrdy.
Özlerine tarap alakjaşyp gelýän erkek adamlary gören Ýazsoltan gobsundy. Erkek adamlaryň, onda-da ýanlary Seýitmuhammet işanly kethudalaryň ýöne ýere aýallaryň arasyna gelmejegine düşünen Ogultäç eje aljyrady.
Töwerekdäkileri gorkuzmak isleýän ýaly, ýüzüni agraldyp gelýän Gowşut han gele-gelmäne Ogultäç ejäniň ýanynda oturan goşa gelniň daýawynyň perenjesinden tutdy-da, silkip goýberdi. Perenji topby bilen birlikde haýatyň düýbüne gaýyp düşdi. Hemme zat aýan boldy. Göwresi daýaw gelin - aýal eşigine girip oturan baý ogly Mälikdi. Ol atlanha-atlan bolup, erkek göbeklileriň bary söweşe ýollanaýsa, şeýle ýol bilen gizlenmek üçin edilen pirimdi. Bu barada Ogultäç eje bilen Mäligiň öz gelninden gaýry bilýän ýokdy. Ogultäç eje mähriban perzendiniň bedenine tyg sanjylmagyny, söwelden soň Mäligiň jesediniň at keçä dolanyp getirilmegini, tüwmaýak galmagy islemän, bu işi edipdi. Garşy çykar öýdüp, ony Pendi baýa-da duýdurmandy.
Perenji serpilenden soň, öz ogluny tanan pendi baýyň dünýä daşyna aýlandy, gözi garaňkyrady, utançdan ýaňa maňlaýyna der indi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde ol bir gezek öldi, bir gezegem direldi. Ol derrew özüni ele alyp, ysytma tutýanyňky ýaly sandyrap duran barmaklary bilen ak saply hanjaryna ýapyşdy, hanjarly elini ýokary göterip, oglunyň üstüne okduryldy.
Şeýle bir wakanyň boljakdygyny bilip duran ýaly, turup gitmegiň ugruny tapman iki eli bilen ýüzüni tutup duran mäligiň depesinde howalanan hanjarly goluň goşaryndan çakganlyk bilen ýapyşan Gowşut han ony ýokary göterdi.
Gözüne gan öýülen Pendi baý özünden on bäş ýaş kiçi Gowşuda "aga" diýip ýüzlendi:
- Han aga, sen bir garşy bolmasana! - Onuň agy gatyşykly sesi ejiz çaganyňky ýaly eşidildi.
Pendi baýyň agyr halyna-da ýüregi gyýylmadyk Gowşut han onuň elini gaňragada, hanjary alyp, öz biline gysdyrdy. Soňam namys astynda galan baýyň nemlenen owasyna dikanlap seretdi.
- Ölä tyg çekmek namartlyk bor, baý.
Hanyň bu sözi Pendi baý üçin ähli urgudanam agyr degdi. Onuň ýürek howsalasy beýnä urdy. Gartaşan gözlerinden çogup çykan ajy gözýaş sakgalyna tarap togalandy. Baý edil oglunyň maslygyny gören ýaly, iki eli bilen ýüzüni tutup, ýogyn sesi bilen:
- Oho-ho-ow! - edip müňňürdi-de, hanyň aýagyna ýykyldy...
Atajan Tagan "Saragt galasy"