17:26

Rubagylar

RUBAGYLAR

Näzlim bilen galsam bir ymgyr çölde,
Owsunýan saçlary bor maňa kölge,
Söýgimizden asgyn geler beýewan,
Sebäp bolarys biz bitewi göwre.

***
Bossanlykda keýik deý oýna-böküp,
Ýar janymy aljak, synamy söküp,
Ol kalbyna nädip jogap bererkä,
Meni yşk oduna kül edip, ýakyp.

***
Sen – gunça, bägül deý açyljak haçan?
Dünýäme nur bolup seçiljek haçan?
Goýnuň – bir ajaýyp bagy-bossanlyk,
Maňa miwesinden eçiljek haçan?

***
Şol ýörşüňmi ýüz bermän sawçylara,
Bu bolşuňa gyz, meňzärsiň çuwala,
Aý sen, bu gijede saç nurly şuglaň,
Men uklaman çykaýyn awçylyga.

***
Söýenimde gara gözli şol ýary,
Bolup gördüm el-aýagym şel ýaly.
Söýgi, höwes garramaýan ekeni,
Ýaşlyk welin geçýän eken ýel ýaly.

***
Saçlaryňy orap meniň boýnumdan,
Janym al, jesedim jaýla goýnuňda.
Goý, utulan men bolaýyn, eý, dildar,
Bu söýginiň aldyn-berdim oýnunda.

***
Akýan ýaşy görsem dideleriňden,
Hat-da ölem bolsam dirilerin men.
Saňa meni unutdyrsa täleýiň,
Seň bilen bakyda birigerin men.

***
Köp örtendim ýanyňa ýetip bilmän,
Soň kösendim, söz başyn çatyp bilmän.
Alnyma ýazylan däldir-ä, näzlim,
Şöwür çekmek, gijeler ýatyp bilmän.

***
Yşk püre-pür bolan ýüregim päkdir,
Gara gözlim, ol seni ezizläpdir.
Saňa barça syryn aýdasy gelýär,
Ýöne sen diýmäwer: “Ol ejizläpdir.”

***
Duýgy gögär baharyň maýasynda.
Ýaz hyjuw bar söýgiň pyýalasynda.
Sowuk çalan ternelerem galmaýar,
Güýzügen söýgüniň biýarasynda.

***
Aşyga kyýamat meýli paşmasa,
Birden hazan ýeli öwsüp başlasa.
Maňa ýan bermesin, uçursyn göge,
Razydyryn ýar goýnuna taşlasa.

***
Men ýörşüme haýran özumi saklap,
Ýola çykýan geljek pursatyň çaklap.
Ýene geçip gitdiň meniň duşumdan,
Nazarym ugratdy seni gujaklap.

***
Kalp başarsa yşk ataşa dözmegi,
Bir gün duşar onuň ýalňyz gözlegi.
Dideler lezzetden ýumular şonda,
Sebäbi açylýar kalbyň gözleri.

***
Bu ajaýyp dünýä diýýärler “pelek”,
Munda diňe söýmek, söýülmek gerek.
Söýüp, köýüp,duýup bilmese eger,
Adama derkaram bolmazdy ýürek.

***
Köpler ir-imişi, nahary öwýär,
Olaram köp iýseň mädäňe degýär.
Gije iý, gündiz iý, säher, öýlän iý,
Ýar lebiniň baly didäňe degýär.

***
Şahyr açmaly bir täze eýýamy,
Muny hemme kişi oňaraýýamy.
Kä kalbym bynjalyk tapanda men-ä,
Okasam ýeňleýän Omar Haýýamy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 423 | Добавил: Azady | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Göreş / Goşgular - 11.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]