11:02

Rum diýdiñizmi?

Категория: Publisistika | Просмотров: 302 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
1
1 BEG  
597
Her döwürde her ýerde türk sözüniň ulanylşy başga. Bize-de şuwagt türk diýseler, ýok biz türkmen diýýäs-ä. Gazaklar özbekler we ş.m. olaram şeýle. Sebäbi şuwagt türkiýeli diýip düşünilýä. Şol döwrem käbirleri ýalňyş düşünen bolsa tutuş osmanlyny taýaklamagyň geregi ýok. Türkler şo taýda şuwagt ýaşaýan bolsa ilki seljuklara, osmanlara, soňra respublika borçly.
Biidrak däl-de hakykysy saf idrak. Sada türkana diýjek bolýa.
Galanlarny bilemak welin Hoja Nasreddine şeýle diýdirenleri Alla aňyrda şoň bilen ýüzleşdirsin. Ölüp giden adamlara töhmet atman häzirkileri tankyt ediber-da. Şu wagtky döwletiňi guranlary ekläp-saklap, okadyp ýetişdiren osmanly-da. Syýasatçylar bilen köp çekeleşip taryha girseň şeýle bolýa-da. Dädeňe sögýäň ýalňyşyp.

-1
2 Hаwеrаn  
245
Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Dünýä türkmenlerini öwrenýän ylmy-barlag instituty tarapyndan türk taryhçysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyñ eýesi, professor Faruk Sümeriñ 1999-njy ýylda türkmen dilinde neşir edilen "Oguzlar-türkmenler" kitabynda şeýle setirler bar:

"...Ýurduñ her bir künjeginde asyl nebereler (türkmenler), ýagny begler gatlagynyñ köpüsi ýok bolupdy, kem-käs galanlary bolsa ykdysady taýdan kän zyýan çekmeseler hem, öz mertebelerini ýitiripdirler. Hatda bularyñ köpüsi göze hem ilmeýän jalataýlyga meýilli, garyp-gasara kömek etjek bolup durmaýan adamlara öwrüldiler. Bu adamlaryñ häzirki nesilleri-de şeýledir." (28-nji sahypa).

"...XIX asyrda ýewropaly syýahatçylar hristianlaryñ däl-de türk milletiniñ ýitip ýok bolup barýandygyna göz ýetiripdiflrr. XVI we XVII asyrlarda aglabasy türk asylly bolmadyk osmanly awtorlary anadolyly türklere we esasan-da obalylara "etrak-i bidrak" ("kemakyl türkler" diýipdirler. Emma bu awtorlar we Osmanly döwletiniñ ähli döwlet işgärleri anadolyly türkleriñ döwletiniñ esasy daýanjydyklaryna akyl ýetirip bilmändirler. Şeýlelik-de türk jemgyýeti güýçden gaçanyndan soñ Osmanly döwleti hem öz güýjüni ýitirdi. Osmanly döwleti öz soñky döwürlerine çenli Anadolynyñ halkyny we baýlygyny aýawsyzlyk, isripçilik bilen ulandy, harçlady, ýöne oña hiç zat berip bilmedi. Şu sebäpli anadolyly türkler garyp we yzagalak jemgyýet halyna, Anadoly hem weýran bolan bir ýurt ýagdaýyna düşdi. Anadoly halkynyñ arasynda döwlet edarasyna işlänlere "osmanly" diýip at berlipdir. Şeýle atlandyrylmagy olaryñ köşkde we ojakda terbiýe alanlygy hem-de etniki taýdan türk halkyndan bolmanlyhy bilen baglanyşyklydyr. Anadoly türkleri olara edil kese ýurtly we basybalyjy bir gatlagyñ nesilleri hökmünde garapdyrlar. Osmanly synpyna degişli adamlar Anadolynyñ halkyna, esasan-da obalylara we göçüp-gonup ýörenlere garanyñda ulumsy, doñýürek, hilegär, sözünde durmaýan, biwepa, adalatsyz we men-menlik edýän (egoist) adamlar bolupdyr. (29-30-njy sahypalar).

Seljuklar barada-da taryhçylaryñ aýdýan zatlary osmanlynyñ öz halkyna garaýşyndan üýtgeşik bolmandygyny görkezýär. Bu barada Abulgazy Bahadyr hanyñ "Türkmenleriñ nesil daragty" kitabynda hem ýañzydylyp geçilýändir. Faruk Sümeriñ ýokarky ady tutulan kitabynda bu barada şeýle setirler bar:

"Çarwa türkleriñ öz içinden çykan Seljukly hanedany bilen bolan gatnaşyklary döwlet gurlanyndan soñ bozulypdyr. Munuñ esasy sebäbi Seljukly hanedanynyñ beýleki yslam kowumlary ýaly pul bilen satyn alnan we aglaba köpüsi başga türki taýpalaryndan bolan mamlýuk, ýagny gulamlardan düzülen hakynatutma goşunlary edinmekleri we döwletiñ ýokary harby wezipeleri olara berenligidir. Hanedan bu goşuna eýe bolandan soñ öz kowumdaşlary bolan türkmenlere bütinleý diýen ýaly ähmiýet bermändir we olary undupdyr. Ähli ýokary harby wezipeleriñ bu goşunyñ elinde bolmagy uruşjañ bir halk bolan türkleriñ arasynda uly närazylyklar döredipdir. Bu närazylyklaryñ Seljukly döwletiniñ gowşamagynda we ýykylmagynda uly rol oýnaýşy ýaly, Osmanly imperiýasynyñ güýjüni ýitirmegine, türk halkynyñ uly heläkçiliklere uçramagyna we Anadolyda uly weýrançylyklaryñ bolmagyna sebäp bolupdyr." (24-nji sahypa).

Taryh tarapgöýlüge we duýguçyllyga gol ýapýan häzirki taryhy-çeper teleseriallardan öwrenilmeýär, taryhçylaryñ ylmy kitaplaryndan öwrenilýär (üns ber: ynanmaly diýemok, öwrenmeli diýýän) we taryhyñ ajysyna ajy, süýjüsine süýji diýmek "ýalñyşyp dädemize sögmek" ýaly zat däl.

-1
3 Hаwеrаn  
245
Belli ýazyjymyz Osman Öde bilen Nobatguly Rejebowyñ söhbetdeşliginden Faruk Sümeri tassyklaýan ýene bir subutnama:

"... entek türkmenler Seljuk döwletiniň taryhyny dikeldip bilenoklar, ony türk gardaşlarymyz bilen ýakyn gelejekde dikelderis. Men oňa ynanýan, özem Nyzamylmülküň Barmakiler ýaly seljuk şalaryny tagtdan agdaraýmagynyň öňýany öldürilendigine-de ynanýan. A-haw, ol Mälik şanyň ynamyndan peýdalanyp, kiçiräk welaýatlaryň ählisine öz ogullaryny häkim edip çykýar, ogullaram ättürşek ýaly san-sajaksyz. Mälik şada şöhrata jinnek ýaly isleg bolmandyr, şondan ugur alybam Nyzamylmülk Merwde gurulýan uly binalara öz adyny dakdyrypdyr. Dogan-garyndaşlaryny, ildeşlerini esasy ýerlere geçiripdir. Mälik şanyň kakasy Alp Arslan döwründe häzirki dilimizde aýdanymyzda, döwlet howpsuzlyk komiteti, içeri işler ministrligi ýatyrylanyndan peýdalanyp, döwleti agdaraýmaga golaý elten mahaly ony zäherleýärler. Hatda garadangaýtmaz seljuklaram ony jogäpkärçilige çekip öldürmekden çekinipdirler. Ol, how, Beriýany suwsuz äkidip, suwsuz getirjek adam!"
http://kitapcy.com/news....24-4144

"...Nobatguly çürt-kesik adam: gowy görenini halys ýürekden gowy görýär, ýigrenenini hem şeýle bir ýigrenýär weli, ýöne goýaý. Onuň ýigrenýäniniň diri gezip ýörenem bar, mundan müň ýyl ozal ölüp gidenem... Hawa, hawa, baryp on ikinji asyrda ýaşap geçen Nyzamylmülk atly wezir bilenem, «Syýasatnama» ýaly beýik eseriň awtory bilenem ýap-ýaňy urşup, aýrylyşan ýaly. Nobatguly hut ony sud edýär.... Nobatgulynyň pikiriçe Nyzamylmülk... türkmen halkyna ymgyr köp ýamanlyk-hyýanat eden adam..., olar taryhy bulaşyklyga salypdyr... Muňa şahyryň öz tutaryklary, delilleri bar."
http://kitapcy.com/news/ munyyllykdan_anyrdaky_dusman/ 2020-05-10-467

0
4 BEG  
597
"Osmanly bilen respublikanyñ tapawudy, ine, şundady"
Respublika döwründede ýokary wezipede ýalňyş hereket edýänler bardyr bolaram. Şonuň üçin tutuş döwletiň resmi adyny taryha haýyn diýip görkezmek dogry däl.
Ependiniň aýtmadyk zatlarynam şoň adyndan aýdylýanny hemme bilýär. Çala gulagyňa degen zady taryhy fakt ýaly edip ýazsaň birine töhmet atylany bolarda. Ýowuz Selimiňem şony aýdanna ynanmak kyn. Özüniňem şol "eşeklerdendigine" kellesi işlemez ýaly samsyk däldirä. Uly döwletiň baştutany. Özüne osmanlyçy diýip gözüni ýumup öwýänlere garşy gidip biler. Osmanly adalgasyna dälde şol döwürde edilen işleriň ajysyna ajy diýmeli.
Taryhy taryhçylaryň ylmy kitaplaryndan öwrenseňem doly ynanmaly däl. Ýazan kim, nähili düşünjedäki adam, haýsy döwürde ýazypdyr şoňada seretmeli. Oguzhany Mogolyň agtygy edip görkezýän taryhçymy, osmanlylara ermenilere milleti sadyka diýdirýänmi ýada ermenileri gyrdyryp genosid etdi diýýänmi. Aý garaz nasistmi, dinçimi, antiislamistmi anyklamasaň ata-babaňa sögdürjegi anyk.
Seljuklaryň Hywa hanlygyna ýada Abulgaza görä türki halklar üçin has peýdaly işler edeni belli zat emma biraz göriplik edýär öýdýän.
Umuman syýasy partiýalaryň propagandasyny edýänler taryhy ýoýmagyň ýerine şugünüň problemalaryny çozmegiň aladasyny etse peýdaly özleri üçinem. Akp-ni erbet görkezmek üçin Ependi pahyry gepletmek ynsaby kemräk adamyň etjek işi.

0
5 Jeksparro  
405
Gyzykly subutnamalar getiripsiň Haweran!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]