09:23

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy -11: Şahsyýetiñ taryhy gahrymançylygy - Garaşsyz türkmen döwleti

ŞAHSYÝETIŇ TARYHY GAHRYMANÇYLYGY
– GARAŞSYZ TÜRKMEN DÖWLETI

I.

Saparmyrat Türkmenbaşy 1984-nji ýylyň sentýabr aýyndan 1985-nji ýylyň aprel aýy aralygynda SSKP MK-nyň diwanynyň guramaçylyk-partiýa bölüminde instruktor bolup işledi, Moskwada uly tejribe toplady. Köp-köp ýolbaşçylar bilen ýakyndan iş salşyp, olary ýakyndan tanady. Orsyýetiň birnäçe oblastlarynda bolup, ol ýerlerdäki birinji sekretarlaryň iş tejribelerini öwrendi. Saparmyrat Nyýazow Orsyýetiň oblastlarynda bolanda köp sanly ýer-ýurt, şäher atlarynyň türkmen atlarydygyna haýran galdy, şonda ol Oguz han Türkmeniň «baky ak tümlük» diýýän ýoluny gördi. Týumen şäheriniň we şäheriň töweregindäki obalaryň türkmençe atlandyrylandygynyň sebäpleri, kökleri bilen içgin gyzyklandy.
Adam ata Watanyndan hernäçe daşda bolsa, Watan hakda şonça-da köp oýlanar eken. Saparmyrat Nyýazow Orsyýetiň haýsy oblastynda, haýsy şäherinde bolsa-da, Türkmenistan, türkmen halky hakda oýlandy, aladalandy. Täze döwlet gurmagyň ýollaryny gözledi. Saparmyrat Nyýazow ýakyn wagtlarda Türkmenistana barjakdygyny we ýurda ýolbaşçylyk edip ugrajakdygyny magat bilýärdi. Şeýle-de boldy: Saparmyrat Nyýazow 1985-nji ýylyň aprel aýynyň 18-nde Türkmenistanyň Hökümetiniň başlygy boldy. Şol az wagtyň içinde Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylyk sypatlary has aýdyň ýüze çykyp başlady. Ol indi aýratyn bir şäheriň däl-de, tutuş respublikanyň keşigini gerdeninde çekip başlapdy. Respublika ýolbaşçylyga dalaş etmäge onda ähli şahsy artykmaçlyklar bardy. Ol öz şahsyýetinde önümçilikçi bilen syýasy baştutanyň sypatlaryny jemläpdi. Ýöne bu möhüm iki sypatdan başga-da, onda birbada göze ilmeýän ýene bir artykmaçlyk bardy: şahsyýetiniň içki ösüşiniň derejesi boýunça ol jemgyýete ruhy öňbaşçy bolmak ukybyna hem başarnyklaryna-da eýedi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda şeýle setirler bar: «XX asyryň başynda zorluk, zulum, uly gan dökülip gurlan kommunistik SSSR döwletinde 1987-nji ýyldan başlap, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň, milletleriniň agzalalygy, haramçylygyň çenden çykanlygy sebäpli döwletde hökümet, häkimlik gowşady, tertip-düzgün ýitip başlady. Şol taryhy pursatda syýasy-ykdysady ýagdaýyň SSSR-de erbetleşýändigini duýup, özygtyýarlylygy isläp, 1990-njy ýylyň awgust aýynyň 22-sinde men Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň adyndan Jarnama bilen çykyş etdim. Şonda Türkmenistanyň bütin çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyny, özbaşdaklygyny, doly ygtyýarlylygyny, mizemezligini, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygyny we deňhukuklylygyny, döwlet özygtyýarlylygyny kanuny taýdan durmuşa geçirjekdigimizi yglan etdim.
Soňky iki aýyň içinde döwletdäki syýasy, ykdysady gatnaşyklar doly diýen ýaly kesildi. Durmuş öz talaplaryny öňe sürdi. SSSR-iň düzüminde garaşly, ygtyýarsyz ýagdaýda öňe gidip bolmajakdygy, halky bagtyýarlykda ýaşadyp bilmejekdigimiz aýdyňlaşdy» (46 sah.).
Munuň özi güýçli taryhy-syýasy garaýyş bilen esaslandyrylan taryhy hakykatdyr. Şu kiçijik taryhy ýatlama şol çylşyrymly döwürde Saparmyrat Nyýazowyň nähili öňdengörüji bolandygyny aýan edýär.
Ol SSSR diýilýän syýasy ulgamyň geljegi barada şeýle bir pikiri özi üçin ömürlik hem gutarnykly hakykat – netije ykrar edipdi. Ol pikir şundan ybaratdy: ýaşamak – ömrüň dowam etmegidir. Ömrüň dowam etmegi üçin ösüş gerek. Ösüş bolsa diňe özgertmeleriň mümkin hem-de tebigy bolan ýagdaýynda bolup geçýär. Beýik Gegeliň pelsepesini oňat öwrenensoň, ol ösüşiň durnuklylyk – esaslaryň durnuklylygy bilen islendik ýerde möwriti öten taraplaryň üýtgedilmeginiň utgaşmagydygyny bilýärdi. Emma SSSR diýilýäni içki taýdan şeýle ösüşden mahrumdy. Onsoň bu ulgamy islendik suratda özgertmek meýli hem işi tutuş ulgamyň derbi-dagyn bolmagy bilen tamamlanmalydy.
Ol bu hili düýpli syýasy-pelsepewi garaýşy haçan edindikä? Saparmyrat Nyýazowyň syýasy şahsyýeti XX asyryň 60-njy ýyllarynda kemala gelip ugrady. Wagt taýdan bu SSSR-de «Hruşşýowyň maýylganlygy» diýilýän döwre gabat gelipdi. Hruşşýowyň özgertmeleri yglan etmegi bilen ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynda özboluşly janlanyş başlanypdy. Hökmürowan düzgün bolan stalinizmiň düýbüne palta urlupdy. Esasanam partiýanyň XXII gurultaýynda stalinizmiň hem Staliniň şahsyýet kultunyň berk ýazgarylmagy bilen jemgyýetiň dünýägaraýyş meselesinde belli bir öňe gidişligik emele gelipdi. Emma şeýle öňe gidişlik ahyrky netijede puçluk bilen tamamlanypdy. Çünki bu hili ösüş-özgertme mantyk taýdan ahyryna çenli äkidilenliginde munuň özi syýasy ulgamyň dargamagy bilen gutarmalydy. Şuny duýan syýasy emeldarlar ol özgertmelerini orta bilinde ýolup taşladylar. Galyberse-de, Hruşşýowyň özgertmeleri özüniň tebigaty we manysy boýunça ýarym-ýalta, «gaş bejerjek bolup, göz çykarylmaly» bolan özgertmelerdi. Onuň pajygasy kommunistik garaýyşda durup, kommunistik ulgamy özgertjek bolmakdan ybaratdy. Bu bolsa öňküdenem beter bulaşyklyga getirmelidi. Ol şeýle-de boldy. Ýurtda ykdysady-durmuş kynçylyklar köpelip ugrady. Halk hökümetden närazylygyny barha köp aňladyp ugrady. Onsoň hökümet ähli başlangyçlaryny gaýdyp alyp, Hruşşýowy syýasy meýdandan aýryp, ýene «köneje gullugyna» dolanyp bardy.
Hut şol döwürde Saparmyrat Nyýazow bu hili ykbalyň ýene gaýtalanjakdygyny, ikinji gezekde weli munuň SSSR üçin pajygaly gutarjakdygyny öňünden görüpdi. Munuň özi onuň üçin geljegiň umydydy.
XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda ýokarka meňzeş jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý kemala gelip ugrady. Ol wagtlar Saparmyrat Nyýazow durmuşa ýaňy gadam basan ýaş ýigit, talyp däl-de, eýsem şahsyýet hökmünde doly kemala gelen syýasy işgärdi. Ol 1985-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan respublikasynyň baştutany boldy. Şol wagt ol kyrk bäş ýaşyndady. Onuň arkasynda kämilleşmegiň birgiden ýoly ýatyrdy.
Elbetde, her kimiň baý bolasy, bolçulykda ýaşasy gelýär. Sowet aňyýeti adamlaryň bu tebigy küýsegini nädip, näme bilen kössekledi? Adamlarda baýlyga hem baýlara ýigrenç döretmek üçin sowet aňyýeti gaty köp çäreleri durmuşa geçirmeli boldy. Baýlar halka ýaramaz, zalym, süýthor, ganhor, eziji edilip görkezildi. Şeýle hem baýlar ýaramaz, zyýanly synp hökmünde jemgyýetden çykaryldy, Sibire sürgün edildi. Sowet aňyýeti adamlarda baýlyga gorky döretdi. Adamlar baý bolmakdan gorkdular. Netijede, adamlar günlerine kaýyl boldular. Adamlar uçdantutma diýen ýaly deň derejede ýaşaýardylar. Baýajak bolýan adamlara jemgyýetde gyýa göz bilen garamak endigi döredi. Beýle adamlardan gaça durdular. Beýik Serdara türkmen halkynyň aňyndan sowet aňyýetiniň salan «Baýamak zyýanly» diýen kössegini aýyrmak birbada aňsat düşmändi. Beýik Serdar her bir maşgalynyň gurply, baý ýaşamalydygy hakdaky sözleri ilki bada birhili gorkuly eşidilipdi. Adamlar Garaşsyzlyga eýe bolup, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň sözleriniň hakdygyna üç-dört ýylyň içinde göz ýetirdiler. Görüp otursalar, sowet aňyýetiniň wagyz edişi ýaly, baý ýaşamak ýaramaz däl eken, nadanlyk hem däl eken. Baý ýaşamak biçak gowy eken. Adamlar maňgurtlykdan, gaflat ukusyndan oýanan ýaly bolup, baý, eşretli ýaşamak üçin çalyşmaga, zähmet çekmäge başladylar.
Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň bütinleý täze röwüşdäki baştutany boldy. Onuň adam hem ýolbaşçy hökmündäki üýtgeşikligine halk tiz göz ýetirdi. Ondan öňki ýolbaşçylar öz towşantüýlügi, ýaýallygy bilen halkyň özlerinden göwnüniň geçmegine sebäp bolupdylar. Hökmürowan merkez bolsa hut şo hilli adamlary respublika ýolbaşçy edip bellemegi halaýardy. Halkyň gün-günemasyna baş galdyrmaýan, türkmeniň maddy baýlyklarynyň hasapsyz-u-hasaply daşalyp durulmagyna biparh garaýan: «özüme degmeseler bolýar, kürsimde sag-aman otursam bolýar» diýýän ýolbaşçyny Merkez diýseň gowy görýärdi. MK-nyň öňki birinji dikmesi – sekretary hut şo hili adamdy. Onsoň Türkmenistan hatda beýleki respublikalardanam köp utdurýardy. Respublika Merkeziň göz ýumup «eçilýän» ölmez-ödüliklerindenem ät galýardy. Türkmen halky hem obýektiw, hem subýektiw taryhy amatsyzlyklaryň ejirini görýärdi. Hem ulgam, hem emelsiz, biparh ýolbaşçy halkyň gün-güzeranyny agyrlaşdyrýardy. Halk muny gözi bilen görüp durdy. Onsoň özara gürrüňçiliklerde adamlaryň şol ýolbaşçynyň gowşaklygy, halkdan daşdalygy, respublikanyň öz paýyny giderýändigi barada zeýrenmekleri adata öwrülipdi. Üstesine-de, M.Gapurow Merkeziň göwnüni ýeser tapyp bilýän Ş.Raşidowyň täsiri astyndamyş, şol bir zat diýse gymyldap bilmeýärmiş diýen gürrüňlerem giňden ýaýrapdy. Şeýle keýp-ahwalatdaky halk başga bir ýolbaşçynyň, agyzly, Merkezden öz hakyny gidermeýän aznawur adamyň arzuwyndady. Şu hili taryhy pursatda öňe çykan Saparmyrat Nyýazowa halk uly umyt bilen seredipdi. Emma Saparmyrat Nyýazow şeýle umytlardanam has uly şahsyýet bolup çykdy. Ol Merkezden hakyny gidermezlik, ilden (bu ýerde beýleki, has ýeser ýolbaşçysy bolan respublikalar manysynda) kem galmazlyk däl, eýsem şol Merkez bilen açyg-u-perdeli darkaş gurup bilýän, ahyrsoňunda-da syýasy başarjaňlyk bilen ony taryhy geçmişe iberip bilen milli syýasy şahsyýet bolup döredi.
Gepiň gerdişine görä aýdylsa, sowet döwründe türkmenlerden çykan ýolbaşçylaryň taryhy bahalandyrylmasy meselesinde anyklygy, aýdyňlygy gazanmak gerek. 70 ýylyň dowamynda Merkez tarapyndan makullanylan, SSSR-iň iň bir yzagalak respublikasyna ýolbaşçylyk eden adamlaryň sany o diýen köpem bolmady. Şolaryň içinden halk aňynda oňyn baha alanlar diňe iki adam – G.Atabaýew bilen Ş.Batyrow bolupdy. Eýse olaryň şeýle «oňynlygy» ol adamlaryň anyk-taryhy ähmiýetinden, olaryň hakyky şahsyýetinden gelip çykýarmydy? Elbetde, ýok. Beýle hakyda «oňynlygy», esasan, halkyň öz hyýalatynda döreden arzuwlary bilen baglanyşyklydy. Degişli adamlar baradaky gürrüňler, her hili geň-enaýy myş-myşlar anyk wakalaryň we anyk şahsyýetleriň durmuşyna esaslanman, halkyň ýitirilen milli öňbaşçylyk baradaky isleg-arzuwlaryna baryp direýärdi. Halk şol isleg-arzuwyň hökmürowanlygyna eýerip, her hili «rowaýatlary», «öňbaşçynyň, milli howandaryň» keşbini döredipdi. Onsoň G.Atabaýewe ýa Ş.Batyrowa iş ýüzünde, aslynda mahsus bolmadyk «gaýratlylyk», gylyk-häsiýetler ýöňkelýärdi. Munuň özi hakyda açlygynyň netijesidi. Hakyda açlygynyň, hakyky öňbaşçysyzlygyň öz uç alýan sebäpleri-de bardy. Aýdaly, G.Atabaýewiň hyýaly keşbi taryhy-psihologik taýdan onuň stalinizmiň pidasy bolandygy bilen baglanyşyklydy. Pida bolmagyň özi eýýäm syzgy oňynlygy, nebsagyryjylygy döredýärdi. Onsoň şeýle psihologik esasda birgiden oňyn «rowaýatlar» döredilýärdi. Olaryň birinde hatda Atabaýew bir gezek Stalinden Astrahany Türkmenistana birikdirmegi talap edipmiş diýlibem aýdylýardy. Emma onuň Stalin bilen ýöne ýüzbe-ýüz bolandygynyňam maglumaty tas ýok diýerlikdir. Galyberse-de, pida bolan G.Atabaýewe ýüregi awaýan halkyň hut şol adamyň rewolýusiýadan öňki türkmen intelligensiýasyny ýok edendigi, – şol sanda ýüzlerçe ahun-mollalary (Bagdatda, Buharada, Samarkantda, Hywada okap gelen), şonuň bilen birlikde, kitaplarymyzam ýok edilendigi, 30-njy ýyllaryň bas-ha-baslygynyň başyny başlaýjylaryň biri bolandygy küýüne-de gelenokdy. Halk hyýalaty Ş.Batyrow barada-da şeýle gürrüňleri döredip, ony aslynda oňa mahsus bolmadyk gylyk-häsiýetler, terjimehal we başdan geçirmeler bilen mazaly bezäpdi. Çünki Ş.Batyrowyňam türkmen üçin kösenendigine ýönekeý adamlar berk ynanýardylar. Bu ýerde ynanç hyýalatyň, ham-hyýalyň, isleg-arzuwyň önümi bolup durýardy. Şol adamlar bolsa bary-ýogy adaty partiýa dikmeleri bolup, olar halk bähbidini amal etjek bolmagyň däl-de, Merkeziň garawyndaky häkimlik üçin özara göreşleriň pidasyna öwrülipdiler.
Bu zatlaryň bary türkmeniň öz milli, asylbaşky taryhy hakydasyny ýitirendiginiň netijesinde emele gelen taryhy-psihologik ahwalatdan gelip çykýardy. Eger taryhyň özüni arassa, «ýalaňaç» maglumatlar hem-de wakalar diýip, hakydany bolsa şol maglumatlara hem wakalara ruhy-subýektiw garaýyş we gatnaşyk diýip kesgitleseň, onda taryh bir başga, hakyda-da bir başga bolar. Ýöne taryhda dogry, anyk gatnaşygy aňladýan hakyda taryhy hakyda diýilýär. Sowet döwründe türkmen halky şol taryhy hakydasyny doly diýen ýaly ýitiripdi. Onsoň onuň hakyda açlygynyň öweziniň ýasama rowaýatlar bilen doldurylmagy tebigy netijedi. Hakyky milli öňbaşçylar bolan Togrul begiň, Alp Arslanyň, ýene birleriniň deregini hyýalaty gürrüňlerde Ş.Batyrow ýa şuňa meňzeş biri eýeleýärdi.
Sowet döwründe taryhy hakyda timarlanyp-timarlanyp, onuň deregine emeli hakyda kemala getirilipdi. Güýçli, hökmürowan wagyzçylyk serişdeleri, galp taryh ylmy arkaly adamlary tebigy hem ruhy taýdan dyza çökermek ýoly bilen sowet döwlet ulgamy türkmeniň taryhy hakydasyny ýok edip, onuň ornuna geçmişiň ýalan, sözüň ýaramaz manysyndaky mifiki keşbini ornaşdyrypdy. Milletiň ýalan taryhyny ýazyp, resmi aňyýet türkmeni iş ýüzünde öz başyndan geçirmedik «geçmişini» özleşdirmäge mejbur edýärdi. Oktýabr rewolýusiýasy diýilýäni bolup geçen badyna täze hökümet özüniň hökmürowanlygyny ruhy taýdan esaslandyrmaga başlapdy. Ol milletiň taryhy hakydasyny ýok edip, galp, ýasama hakydany ornaşdyryp ugrapdy. Wagyzçylyk serişdeleri, sowet edebiýaty diňe bir şol döwrüň taryhy hakykatyny däl, eýsem geçmişiň hakykatyny-da galplaşdyrmagyň ugruna ymykly çykypdylar. Dürli emeli hakyda ýerleri – muzeýler, sergiler, geçmişi synpy tarapdan ýoýup görkezýän filmler, edebi eserler döredilipdi, halkyň taryhy hakydasy bilen baglanyşykly şäher, oba we beýleki atlar doly üýtgedilipdi. Geçmişdäki milli şahsyýetleriň adyny agzamak gadagandy, agzaýaňda-da diňe garalamalydy. Türkmeniň has soňky asyrlarda millet hökmünde emele gelendigi barada galp taglymat döredilip, onuň uzakdaky geçmişi ähli şöhratly wakalary hem şahsyýetleri bilen başga milletleriň adyna berlipdi. Şu netijede emele gelen hakydasyzlyk hut sowet döwründe bolup geçýän pajygalary aňlamaga, dogry bahalandyrmaga päsgel berýärdi.
Beýik Serdar Leonid Iliç Brežnewiň: «Meniň dünýäde ähli zatdan beter heder eden hem edýän zadym ýekelik» diýen ýazgysyny okap, oňa nebsi agyrypdy. Ýeke sözlem bilen adam özüniň näjüre adamdygyny aýan edýär. Ýöne Beýik Serdar L.I. Brežnewiň tersinedi, onuň iň ezizleýäni hylwatylykdy. Ýekelikdi. Ýekelikde öz-özi bilen gürleşmäge, pikir alyşmaga, anyk bir pikire gelmäge ol ýaşlygyndan bäri öwrenişipdi.
Brežnewiň häkimiýet başyna gelmegi bilen stalinizm garalandy. Ýöne indi milli hakydany Stalin gödekligi bilen däl-de, has «sypaýylyk», has inçelik bilen ýoýmagy dowam etdirdiler. Otuzynjy ýa kyrkynjy ýyllar adamlaryň bokurdagyna pyçak goýlan bolsa, ýetmişinji ýyllarda türkmeniň damagyny pagta bilen çalmaga dyrjaşypdylar. Munuň özi hakyda derdiniň hasam agyrlaşandygyny aňladýardy. Bir gezek bir ulamadan şeýleräjik gürrüň eşidipdik: «Bir sada kişä başga hiç zat diýmän, diňe her gün ýekeje gezek «Hudaý ýokdur» diýip aýdyp dursaň, ony sanlyja wagtyň içinde Hudaýsyza öwrüp bolar». Şu ynam bilen sowet ulgamy wagyz serişdesi üçin serişde gysganmady. Ýöne türkmeniň süňňündäki, ganyndaky ynam aňyna edilen täsir bilen üýtgemedi. Elbetde, sowet taryhynyň bütin dowamynda zorluk ýa sypaýylyk bilen ornaşdyrylan emeli hakyda 70-nji ýyllarda tas «tebigylaşyp» başlady. Halk, dogrudanam, özüniň köksüzligine, diňe sowet hökümeti bilen bir zatdygyna ynanyp diýen ýaly ugrady. Ol Ependiniň gününe düşdi: «Bir gezek Ependi bazardan gaýdyp gelýän eken. Degişgen, mydama bir hokga çykaryp ýören Ependiniň kellesine bir pikir gelipdir: «Gel, adamlary aldap hezil edineýin-le!» Onsoň ol öňünden çykana «Bazarda mugt et paýlanýar» diýip aýdypdyr. Bu «habar» adamdan adama, dilden dile geçip, il bary eňipdir bazara tarap. Öýüne çenli ýol ep-esli bolara çemeli, soňabaka iller Ependä «Bazarda mugt et paýlanýar» diýip, öňünden çykan bazara tarap ylgaýarmyş. Muny görüp, Ependiň özem barha «Dogrudanam, şeýle bolaýmasyn?» diýip ynanyp barýarmyş. Onsoň olam ahyry saklanyp bilmän, adamlaryň yzyna düşüp, bazara ylgapdyr.
Saparmyrat Nyýazow aglaba köpçüligi şeýle ruhy ýagdaýda ýaşaýan halkyň baştutany boldy. Şol wagtlar halk özüne baştutan bolup gelen şahsyýetiň içki hyjuwyny, nähili taryhy edermenlige hem gaýrata eýedigini birbada aňşyryp hem bilmändi. Halk ondan bary-ýogy gün-güzeranyň gowulanmagyny umyt edipdi, ol bolsa bütin taryhyň akymyny üýtgediji Şahsyýet bolup çykdy.

* * *
1985-nji ýylyň baharynda SSKP MK-nyň Baş Sekretary M.Gorbaçýow ýurtda «perestroýkany» – üýtgedip gurmany yglan etdi. Partiýanyň plenumynda ol köneçe ýaşap bolmajakdygyny, ähli ugurlarda, ylaýta-da, ykdysadyýetde düýpli özgertmeleriň gerekdigini aýtdy. Şondan soňky geçen dört ýylyň dowamynda «perestroýkanyň» ilkibaşdaky manysy örän giňedi hem-de tanalmaz derejede özgerip, başga-başga zatlara öwrülip gitdi. Üýtgedilmeli, özgerdilmeli, täzelenmeli zatlar şeýle bir köp bolup çykdy weli, 1985-nji ýyldaky garaýyşlar hem niýetler juda ýöntem zat bolup galdy. Gorbaçýowyň näme etjek bolandygyny, nähili zatlaryň başyny başlandygyny onuň özüniňem bilmeýändigi, göz öňüne-de getirmeýändigi barha we barha aýan boldy. Uly imperiýanyň başynda durup, öz başlan işiniň nähili netijelere getirjekdigini ol göz öňüne-de getirip bilmändir. Syýasy ulgamyň keseli şeýle bir çuňňur bolup, ol hökmany suratda anyk netijä, syýasy göwräniň ajaly bilen gutarýan netijä getirmeli eken. Başdan muňa düşünip bilmänliginde kommunistik partiýanyň syýasy darbeýniligi, öz erk edýän ýurdunyň hakyky ýagdaýyna düşünip bilmeýänligi belli boldy. «Perestroýka» diýilýän özgerişlik başlan badyna millionlarça adamlar entek onuň manysyna düşünip ýetişmänkäler, öz durmuşynda onuň ajy miwelerini dadyp ýetişdiler. Öňde goýlan, yglan edilen maksatlar süýji howaýylyk bolup galdy. Oňa derek dükanlaryň tekjeleri göz açyp-ýumasy salymda takyrady, bahalar hem nyrhlar al-asmana çykdy. Ykdysadyýet özgerdilmedi, kynçylyklar çuňlaşdygyça, döwlet özgerişe ukyplylygyny artdyrman, eýse köne möwrit, öli ýörelgelerine has bek ýapyşdy. Munuň özi betbagtlyga uçrap özüni ýitiren, janhowluna öz-özüne el urýan adamyň bolşuny ýatladýardy. Milletara gatnaşyklar görlüp-eşidilmedik derejede ýitileşdi, jenaýatçylyk köpeldi. Halk döwletiň ýurdy dolandyrmak ukybyny ýitirip, birhili bar zatdan bizar ýaly, çete çekilýändigini, döwlet organlarynyň öz içindäki gapma-garşylyklardan, çekeleşiklerden ýaňa onuň jemgyýete eliniň ýetmeýändigini duýup başlady.
Onsoň, eger 1985-nji ýyldan ýokary bulaşyp, aşakda oturan halk garawsyz hem idegsiz galan ýaly bolan bolsa, iki ýyldan – 1987-nji ýyldan şol aşakdaky diýilýän hem gozganyp ugrady we nämälimlikler, bulaşyklyklar indi bütin ýurduň, jemgyýetiň möçberinde örç alyp ugrady. Ykdysady kynçylyklar yzy üzülmez syýasy düzgünlere ýazdy. Aşakda başlanan özakymlaýyn hereket islendik kanunçylygyň çäklerinden çykyp, döwletiň hem jemgyýetiň ýurdy saklap duran esaslaryny opuryp başlady. Gorbaçýowyň «glasnost» – aç-açanlyk diýýäni jemgyýetçilik aňynyň zäherlenip, jemgyýetde ahlak-ruhy howanyň zaýalanmagyna alyp bardy. Çünki nähili oňat niýetler bilen başlananam bolsa, nähili gowy manylar berlenem bolsa, ol ahyrky netijede ruhy howanyň tämizlenmegine, pikir aýdyňlygyna hem azatlygyna getirmedi-de, iş ýüzünde döwletiň bütin jemgyýetiň öňünde «öz uýat ýerlerini» açyp görkezmeginiň masgaraçylygyna öwrüldi.
M.Gorbaçýow öz başlangyçlaryny «reforma» diýip atlandyrdy. Sözüň iň ilkinji, asyl manysynda munuň özi görnüşleriň, ýagny jemgyýetiň hem döwletiň ýaşaýyş görnüşleriniň – tärleriniň we usullarynyň üýtgedilip gurulmagydy. Ýewropada «reforma» düşünjesi magaryfçylyk eýýamynda peýda bolupdy. Reforma edara etmegiň serişdesi bolup, munda esasy orun hem-de hukuk döwletiň elinde bolmalydy. Döwlet baştutanynyň wezipesi döwleti dogry dolandyrmakdan ybarat bolýar. Munuň üçin ol akyldarlaryň maslahatyna daýanyp, ýöne öz erkine we pikirine eýerip, öz reformalaryny amala aşyrýar. Şonda ol döwlet edarasyny her hili üýtgeşmeler arkaly öňküdenem berkidýär, jemgyýeti jebisleşdirmegiň hem-de kämilleşdirmegiň ykdysady we maliýe serişdelerini işläp düzýär. Ýurdy berkitmek üçin köprüler we ýollar gurulýar, ýurduň welaýatlarynyň arasyndaky her hili serhetler we päsgelçilikler doly aýrylýar. Söwdanyň ösmegi üçin dürli şertler döredilýär. Öň bolan dürli hyýanatçylyklary, haramlyklary aradan aýyrmak üçin, täze hukuk kanunlary işlenip düzülýär.
Emma Gorbaçýowyň «perestroýkasy» ýokarky manydaky reforma bolmady. Döwletiň keseli bejererden has ötüşen eken. Onsoň XX asyryň 90-njy ýyllaryna bu bütin ýurda hem dünýä aýan bolup başlady. Bu hakykaty ýurtdanam, dünýädenem öň gözi bilen gören Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna tarap ugur aldy. Gorbaçýowyň: «Türkmenistan ýolbaşçydan oňdy» diýip aýdan weliligi müň keren dogry çykdy. Şu ýerde Gorbaçýowyň aýdan bu sözleri bilen baglanyşykly bir wakany ýatlap geçeliň. Krymda Gorbaçýow dynç alýarka, şol ýerde dynç alýan döwlet ýolbaşçylarynyň birnäçesini öz ýanyna çaý içişlige, söhbetdeşlige çagyrýar. Şol çagyrylan döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda Türkmenistanyň MK-synyň birinji sekretary Saparmyrat Nyýazow hem bar ekeni. Döwlet ýolbaşçylarynyň ýygnanyşan ýerinde esasy gürrüňiň döwlet hakda boljakdygy düşnükli zat. Şeýle-de bolýar. Ýygnanyşykda Gorbaçýowyň aýaly Raisa Maksimowna Saparmyrat Nyýazowa: «Gijelerine rahat ýatyp bilemzok. Biziň günümiz günem däl. Göýä adamlar köçä çykaýjak ýaly, «Ýok bolsun Gorbaçýow!» diýip gygyraýjaklar ýaly bolup dur. Biziň iki gulagymyz hem köçede. Biz gorky bilen ýaşaýarys» diýip gürrüň berýär. Gorbaçýow aýalynyň sözlerini goldap, şeýle diýýär: «SSSR dagasa, köp respublikalar agyr güne düşer. Ýöne Türkmenistan ýolbaşçydan oňdy. Nyýazowyň Türkmenistany gowy döwlete öwürjekdigine ynanýaryn».
Döwleti sazlaşykly dolandyrmak hakda gürrüň gidende S.Nyýazow Gorbaçýowa öz pikirini aýdýar: «Mihail Sergeýewiç, siz ýumşaklyk edýärsiňiz. Hiç kimiň göwnüne degmejek bolýarsyňyz. Netijede bolsa döwlet günsaýyn agyr güne düşýär».
Gorbaçýow Saparmyrat Nyýazowyň sözüni makullaýar. Döwletde jogapkärli wezipede oturanlaryň hiç haýsynyň göwnüne degmek islemeýändigini, akguş bolmak isleýändigini boýun alýar.
Gerek ýerinde berk talap etmezlik, jogapkärli wezipelerde oturan adamlardan «ýüz görüp, gapyrga syrmaklyk» döwletiň çagşamagyna getirýär. Saparmyrat Nyýazow SSSR-iň mysalyndan, döwlet ýolbaşçylarynyň edim-gylymlaryndan, öz wezipesine çemeleşmelerinden köp zatlary gördi we öwrendi. Döwrüň taryhy ugrukmasy, taryhy hereketi pähim-parasady, ýolbaşçylyk başarnygyny, gaýduwsyzlygyny talap edýärdi.
Emma döwrüň taryhy ugrukmasy, taryhy hereketi biziň bilşimizden hem-de göz öňüne getirişimizden has çylşyrymly bolup geçipdi. Näme etmelidiginiň, nähili hereket etmelidiginiň maksadyny – hakykatyny aňlamak, soňam ony ýörelgeleriň ulgamy bolan taglymat hökmünde aýdyňlaşdyrmak bir başga, hakyky ýagdaýda we anyk şertlerde ony amal etmek bolsa başga bir zatdy. Munuň üçin şahsyýetde akyldaryň hem syýasatçynyň, taglymatçynyň hem önümçilikçiniň sypatlary, eserdeňlik bilen ýeserlik sypatlary utgaşmalydy. Saparmyrat Nyýazow şeýle şahsyýetdigini aýan etdi. 1980-nji ýyllaryň ahyrlary, 90-njy ýyllaryň başlary iň çylşyrymly hem kynçylykly döwür boldy. SSSR-iň janhowluna hassa dönen ýyllarynda Saparmyrat Nyýazow özüniň ähli syýasy başarnygyny, ähli irrasional hem rasional gujur-gaýratyny işe girizmeli boldy. Özüniň anyk syýasy ýoly boýunça ol, obrazly aýdanyňda, iki oduň, iki duşmançylykly güýjüň arasyndady. Bir tarapdan, Merkez seni bagryna basýan, seni özüniňki hasaplaýan, aslynda seniň hakyky maksatlaryňy duýup, goltugynda ýarag saklaýan «dosta» öwrülipdi. Keselliniň janhowluna islendik pursatda saňa agyz uraýmagy mümkindi. Beýleki tarapdan, demokratiýa, aç-açanlyk bahanasy bilen ýene şol Merkez tarapyndan öjükdirilýän kelesaň toparlar bardy. Öz aýdýan zatlaryna özleri düşünmeselerem, olaryň ýykmak, dargatmak gylawy gaty güýçlüdi. Hiç hili syýasy ýörelgesi, hiç hili esasly syýasy maksady bolmasa-da, olar ýykmak, dargatmak hyjuwy bilen gaýnap-joşýardylar. Olaryň bar daýanjy-da şol Merkeziň küşgürmesidi. Her hili owadan syýasy talaplara duwlanan toparlary öz täsirinde saklamak, olary öjükdirmek bilen Merkeziň öňünde goýýan maksady respublikada dürüşdeligi, derbi-dagynlygy gutarnykly amal etmek, soňam «tertibe salmaly» bahanasy bilen bar zady ýene eline almakdy.
Şeýle çylşyrymly ýagdaýda Saparmyrat Nyýazowyň hakydasynda ýygy-ýygydan çagalygynda bolup geçen wakalar oýanýardy: ýer titremesiniň öňüsyrasydy. Ol howlularyndaky şatuduň bilinden dyrmaşyp, hol ýokaryk barýar. Hemişe bir garny aç, bir garny dok Saparmyrat entek o diýen bişmedik gök tudanalardan iýip, hezil edýär. Kellesiniň gyzyp barşyna ol aýak basjak şahasyny öňünden peýlemän, inçejik şaha basýar-da, birdenem güpürdäp ýere gaçýar. Şonda sol eli döwlüp, esli wagtlap eli saragly gezýär. Saparmyrat Nyýazow bu wakany ömrüniň tymsaly hökmünde ýatlaýardy. Hiç mahal düýpli oýlanman, bir netijä gelmeli däl. Ilki bilen, basjak şahaňy gowuja saldarlap görmeli. Şaha seni göterjekmi? Götermejek bolsa, şaha aýagyňy uzatma! Saparmyrat Nyýazow her bir ädimde etjek işini ilki gowy saldarlap, akyl terezisinden geçirip görýärdi. Aslynda-da, zandynyň aýratynlygyna laýyklykda, onuň mugallymy hemişe öz içindedi. Onda şeýle bolsa, «Durmuş iň beýik mugallymdyr» diýen giň ýaýran pikire nähili garamaly? Saparmyrat Türkmenbaşy üçin durmuş akylyň işlemeli serişdesini berýän zat bolupdy. Ol serişdäni işlemeli mugallym bolsa şahsyýetiň içki irrasional hem rasional güýç-kuwwatynyň jeminden hakykata öwrülýärdi.
Degişli taryhy şertlerde Saparmyrat Nyýazow wagtyň özünden ozup geçjek bolmaly däl diýen pelsepe edindi hem şoňa gulluk etdi. Howlukmaly däl, wagty-da howlukdyrmaly däl. Çünki bir beýik hakykat aýan – Wagtyň özi Saparmyrat Nyýazowa, türkmene işleýär. Dagdan gözbaş alyp gaýdýan beýik derýany yzyna serpikdirip bolmaýşy ýaly, SSSR-iň syýasy ulgam hökmündäki dargaýyş akymynyň öňüni alyp biljek zat ýok. Diňe şol akymyň yzyna düşüp gidibermeli. Emma bu ýeňil-ýelpaý iş däl ahyryn. Durmuşyň tebigy ösüşiniň agyrylary, kynçylyklary syýasatçynyň ýüreginiň üstünden geçýär. Hernäçe «tebigy ösüş» diýilse-de, jemgyýetiň hereketi derýanyň akymy ýaly ýeňil-ýelpaýlyk däl. Ýöne her edip-hesip edip, ony togtatmajak bolmaly. Ony togtatmaga getirip biljek ähli zatlary aradan aýyrmaly, täzeleriniň ýüze çykmazlygy üçin ähli akyl-paýhasyňy, syýasatyňy, gujur-gaýratyňy işe girizmeli.
Ol şeýle-de etdi. Saparmyrat Nyýazow SSSR mazaly dargap tükenýänçä, Merkez bilen göz üçin ylalaşykly gatnaşyklarda bolmaly, aç-açan onuň garşysyna gitmeli däl diýen pikiri saýlap aldy. Onsoň 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda ol öňki syýasy hereket görnüşleriniň çäginde galdy, emma şahsyýetiň hereketleriniň hem pikirleriniň mazmuny täzelenýärdi. Ol hakyky garaşsyzlyk resmi garaşsyzlykdan has soň gelmeli hasaplaýardy. Ýöne hut şol resmi garaşsyzlyga ýetmek üçinem köp howply pursatlary sag-aman geçmelidi. Muňa ýetmek üçin ol boljak iş bolýança, Merkeziň oýnunyň şertini kabul etmegi ýüregine düwdi. Şol sebäpdenem ol 90-njy ýyllaryň bosagasynda, iki ugurdan iş alyp barypdy: hem Merkeziň «şertlerini» kabul edýärdi, şol bir wagtda-da garaşsyzlyga eltýän ädimleri kem-kemden, ýöne juda ynamly hem seresaplylyk bilen amal edýärdi. Şeýle çylşyrymly ýagdaýlarda ol çeýelik ýoluny saýlap aldy: bir eli bilen Merkez bilen el gysyşýardy, beýleki eli bilen bolsa barha we barha ynamly garaşsyzlyk hem özygtyýarlyk binasynyň binýatlaryny goýýardy. Şonuň üçinem degişli döwürde onuň hereketlerini iki jähete – resmi hereketler hem-de hakyky hereketler diýip tapawutlandyryp bolar. Birinjileri wagty gyssamazlyk üçindi, ikinjileri bolsa wagtyň puryjasyny hem mümkinçiliklerini deňinden geçirmezlik üçindi. Birinjileriň geçmiş bilen imi-sala, parahatçylykly hoşlaşyk manysy, ikinjileriň geljegi asuda hem sabyrlylyk bilen gurmak manysy bardy.
Biz aradan birnäçe wagt geçenden soň, geçmişi umumylaşdyrma äheňinde aýdýan pursatlarymyzy anyklygynda hem janlylygynda göz öňünden geçirmek üçin, şol wakalaryň özüne ýüzleneliň.
1990-njy ýylyň oktýabr aýynyň 11-12-sine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy TSSR Ýokary Sowetiniň III sessiýasynda çykyş etdi, onuň teklibi bilen deputatlar TSSR-iň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek we respublikany edara etmegiň Prezidentlik usulyny döretmek hakynda Kanun kabul etdiler. Prezidentiň wezipesine S.Nyýazowyň kandidaturasyny görkezmegi we saýlawlary Garaşsyzlyk aýynyň 27-sine geçirmegi karar etdiler. Şol gün hem Prezident saýlawlary geçirildi we saýlawçylaryň 98,3 göteriminiň sesini alyp, Nyýazow Prezident boldy. Şol ýylyň dekabr aýynyň 26-synda ol SSSR halk deputatlarynyň gurultaýynda SSSR-iň Ýokary Sowetiniň agzalygyndan öz ygtyýarlygyny aýyrdy.
1991-nji ýylyň maý aýynyň 20-21-ne Saparmyrat Nyýazow Dünýä türkmenleriniň I Halkara konferensiýasyna başlyklyk etdi we onda söz sözledi. Şol bir wagtda-da ol 1991-nji ýylyň iýun aýynda SSSR-iň respublikalarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdy. Iýul aýynda bolsa SSSR-iň Prezidentiniň maslahatynda boldy. Emma eýýäm şol ýylyň awgust aýynda ol öz arzasy bilen SSKP MK-nyň Syýasy Býurosynyň düzüminden çykdy we şol aýyň ahyrynda Türkmenistan Kompartiýasynyň işini ýatyrdy. Şol ýylyň sentýabr aýynda SSSR halk deputatlarynyň Gurultaýynda söz sözledi, SSSR Howpsuzlyk Sowetiniň agzasy boldy. Emma şol bir wagtda-da ol oktýabr aýynyň başynda TSSR Ýokary Sowetiniň nobatdan daşary sessiýasyny çagyryp, onda 1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-synda Garaşsyzlyk meselesi barada ählihalk referendumyny geçirmegi teklip etdi. Şol günem şol referendum geçirildi we ses bermäge gatnaşanlaryň 94,1 göterimi Türkmenistanda kanuny esasda Garaşsyz demokratik döwletiň gurulmagyna razylyk berdi. Olaryň 93,5 göterimi bolsa S.Nyýazowyň «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» beýannamasyny goldady.
1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-sinde Türkmenistanyň nobatdan daşary X sessiýasy Türkmenistany Garaşsyz döwlet diýip yglan etdi.
Şol bir wagtda-da S.Nyýazow noýabr aýynda SSSR-iň Döwlet Sowetiniň işine gatnaşdy. Emma eýýäm şol ýylyň dekabr aýynda ol GDA baradaky deklarasiýa gol goýdy. Munuň özi imperiýanyň dargandygynyň kanuny hakykatydy. Munuň özi Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet bolandygynyň gutarnykly tassyknamasydy. Şondan soň Türkmenistanyň özbaşdak döwlet hökmündäki sypatlaryny döretmäge girişmelidi. S.Nyýazow 1992-nji ýylyň  fewral aýynyň 19-nda Türkmenistan Ýokary Sowetiniň XIII sessiýasyna gatnaşdy. Onuň teklip eden nusgasynda Türkmenistanyň döwlet nyşanlary (Gerbi, Baýdagy) kabul edildi. Şol ýylyň aprel aýynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň BMG-ä agzalyga alnandygy hakdaky habary aldy. Şol aýyň ahyrynda-da ol Mekgä hem Medinä zyýarat etdi.
1992-nji ýylyň maý aýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Şol ýylyň iýun aýynda bolsa Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy täze Konstitusiýa esasynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti boldy. Iýun aýynyň 26-synda ol Halk Maslahatynda Prezidentlik kasamyny kabul etdi.
1992-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa türkmen halkyna döwlet Garaşsyzlygyny alyp bereni üçin Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy we oňa «Altyn aý» medaly gowşuryldy. Munuň özi onuň türkmen halkynyň öňünde bitiren taryhy hyzmatlarynyň ykrar edilmegi boldy. Ýüzlerçe ýyllyk dagynyklykdan soň türkmen milleti Garaşsyz döwlete eýe boldy. Şeýdip onuň geljegi – taryhy altyn geljegi üpjün edildi.

* * *
Daşary ýurtlular Türkmenistanyň uruşsyz, galmagalsyz Garaşsyz bolandygyna gaty haýran galýardylar. Emma özbaşdak bolmagyň kynçylygy halkyň boýnuna düşende gan dökülýändigi, ähli kynçylyklary milletiň öňüni çeken baştutan öz gerdenine alanda bolsa Garaşsyzlygyň şeýle parahatçylykly gazanylýandygy barada olar pikir etmeýärdiler. Munuň düýp sebäbi-de hemme halklaryň taryhynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly şahsyýetiň bolup durmaýandygyndandyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy gahrymançylygynyň miwesi bolan milli Garaşsyzlyk parahatçylyk bilen, asudalykda gazanyldy. Garaşsyzlygyň hakyky kanuny suratda alnandygyna şaýatlyk edýän iki sany resminamany okap çykalyň. Şonda Serdaryň şahsyýetiniň möhüm bir artykmaçlygyna – onuň öz işine juda ökdeligine, işini göwnejaý hem sünnäläp, ertirki gün haýsydyr giden säwlige ökünmez ýaly ýerine ýetirýändigine göz ýetirersiňiz. Ine, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda Türkmenistanyň konstitusion kanuny» we 1991-nji ýyl hakda Mukaddes Ruhnamada Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle ýazypdyr: «Türkmenistanyň Ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geňeşiň barşynda halkyň mälim eden erk-islegini, Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamany durmuşa geçirmek maksady bilen möhüm karar kabul etdi. Şol kararda şu aşakdaky iňňän möhüm meseleler öz beýanyny tapdy.
1. Türkmenistan SSR-niň çägini öz içine alýan Garaşsyz demokratik döwleti – Türkmenistany jar etmeli.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna – türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Baş Kanunynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki normalarynda göz öňünde tutulan hukuklary, azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär.
2. Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň formasy respublikadyr. Bu respublikada döwlet häkimiýetiniň eýesi halkdyr, ol öz häkimiýetini gös-göni halk geňeşiniň (Referendumyň), wekilçilikli organlaryň üsti bilen amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň bütin çäginde Türkmenistanyň Baş Kanuny we kanunlary agalyk edýär.
Türkmenistanyň Baş Kanunynda we kanunlarynda görkezilmedik döwletara gatnaşyklary düzgünleşdirilýänçä, hukuk gatnaşyklarynyň kanun çykaryjylyk esasynda reforma edilmegi tamamlanýança SSSR-iň Baş Kanuny we kanunlary öz güýjüni saklaýar.
4. Türkmenistanyň çägi emele gelen serhetlerde eldegrilmesizdir we bölünmezdir.
5. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti ony kanun çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we sud häkimiýetine bölmek prinsipi boýunça amala aşyrylýar.
6. Türkmenistanyň Baş Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary Soweti kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýar.
7. Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy Prezident bolup, ol döwletiň baştutanydyr. Türkmenistanyň Prezidenti ýerine ýetiriji häkimiýete hem baştutanlyk edýär.
8. Türkmenistanyň sudlary garaşsyz sudlardyr, olar diňe kanuna tabyn bolýarlar.
9. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň raýatlygy ýola goýulýar. Türkmenistanyň raýatlygy, ony ýitirmegiň şertleri hem tertibi, raýatlyk meseleleri babatda beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklar Türkmenistanyň Baş Kanuny we kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmenistan öz çäklerinden daşardaky raýatlaryny goraýar, olara howandarlyk edýär.
Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň Baş Kanunynda we kanunlarynda, döwletara ylalaşyklarynda, halkara hukugynyň normalarynda göz öňünde tutulan hukuklar, azatlyklar kepillendirilýär.
10. Türkmenistanyň çägindäki ýer, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi, suw hem beýleki tebigy resurslar, deňiz ykdysady zonasy halkyň milli baýlygy we eýeçiligi bolup, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň maddy esasy bolup hyzmat edýär.
Umumysoýuz eýeçiliginde, SSSR-iň almaz, walýuta fondlarynda we altyn gorunda Türkmenistanyň öz paýy bardyr.
11. Türkmenistan ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçmegi amala aşyrýar. Döwlet eýeçiligine bolan hukugyň her hili formalaryny ykrar edýär, olary deň derejede goraýar.
12. Türkmenistan özüniň maliýe syýasatyny, pul ulgamyny özbaşdak kesgitleýär, döwlet bank organlaryny guraýar.
13. Türkmenistan SSR Soýuzyna giren respublikalaryň garaşsyzlygyny, olaryň arasynda emele gelen serhetleriň üýtgewsizligini, olaryň çäkleriniň eldegrilmesizdigini, bölünmezdigini ykrar edýär.
14. Garaşsyz döwlet – dünýä birleşiginiň deň hukukly agzasy hökmünde Türkmenistan öz daşary syýasatyny özbaşdak düzýär we durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara guramalaryna gös-göni girýär, diplomatik, konsullyk, söwda we beýleki gatnaşyklary amala aşyrýar, olar bilen ygtyýarly wekilçilikleri alyşýar, halkara şertnamalaryny baglaşýar.
15. Türkmenistan özüniň harby syýasatyny özbaşdak kesgitleýär, çäginiň bütewiligini, garaşsyzlygyny gorap saklamagy üpjün edýär, ýaragly düzümlerini döredýär.
Türkmenistan öz çägini ýadro, himiki, bakteriologik ýaraglardan, köpçülikleýin gyrýan ýaragyň beýleki görnüşlerinden azat diýip yglan edýär.
16. Türkmenistan türkmen halkynyň milli-medeni taýdan täzeden rowaçlanmagy hakda, onuň öz milletlik ähmiýetine düşünişini artdyrmak hakda, halk däplerini ýaňadan dikeltmek hakda, döwlet dili bolan türkmen diliniň giňden ulanylmagy hakda alada edýär.
Türkmenistan respublikanyň çäginde ýaşaýan ähli milletleriň, halkyýetleriň wekilleriniň milli-medeni taýdan erkin ösmek hukugyny kepillendirýär.
17.  Türkmenistanyň öz döwlet nyşanlary – baýdagy, gerbi, gimni bolýar.
18. Türkmenistan SSR-niň Baş Kanunynyň, kanunlarynyň şu Konstitusion Kanuna ters gelmeýän ýerleri Türkmenistanyň täze Baş Kanuny, kanunlary kabul edilýänçä öz güýjüni saklaýar diýip bellemeli.
19. Türkmenistanyň garaşsyzlyk Gününi ählihalk baýramy diýip yglan etmeli, ony her ýyl 27-nji oktýabrda toýlamaly, şol güni iş güni däl diýip bellemeli.
20. Şu Konstitusion Kanun kabul edilen pursatyndan güýje girýär.
Bu wakanyň bolup geçen güni dünýäde ýene bir döwletiň – Garaşsyz Türkmenistanyň dörän senesi hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy.
Meniň ömrümde şol sene iň bir gymmatly, aýgytly we şatlykly pursat boldy.
Bu waka diňe meniň üçin däl, Garaşsyz Türkmenistanyň ykbaly oýanan tutuş halky üçin hem ömürlik ýatdan çykmajak dabaraly hem-de ýüreklere çuňdan ornaşan taryhy pursat bolar.
Ýoluň ak, tutumlaryň rowaç bolsun, Garaşsyz Watanym Türkmenistan!
Eziz türkmen halkym!
SSSR döwleti 1991-nji ýylyň 8-nji dekabrynda doly ýykyldy, onuň mirasyny dawasyz çözmelidi.
SSSR ýykylandan soň onuň düzüminden çykan garaşsyz döwletler halkara maliýe guramalarynyň kömegi bilen özara hasaplaşygy doly geçirdiler. Netijede, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň arasynda emläk, serhet dawalary bolmaz ýaly wajyp ylalaşyga gelindi. Şol ylalaşykda, esasan, şu aşakdaky meseleler doly we gutarnykly çözüldi.
1. SSSR-iň düzüminden çykan garaşsyz döwletleriň serhetleriniň SSSR döwründäki çäklerinde mizemezdigi ykrar edildi;
2. SSSR döwründe her döwletiň çäginde döredilen emläkler garaşsyz döwletleriň öz döwlet emläkleri diýlip ykrar edildi;
3. SSSR-iň daşary ýurtlardan algysy we bergisi, SSSR-iň almaz, walýuta gaznasynda, altyn hazynasynda saklanylýan altynyň, baýlygyň möçberi we garaşsyz döwletleriň algydaky, bergidäki paýy kesgitlendi.
Türkmenistanyň SSSR-den 1991-nji ýylyň 4-nji dekabryna çenli döwürdäki algysy 1 milliard 87 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň SSSR-e bergisi 707 million amerikan dollary diýlip kesgitlenildi. Türkmenistanyň SSR Soýuzynyň düzüminden çykan döwründäki doly hasaplaşygyň netijesinde algysy 380 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Bu puly SSSR-iň mirasdüşeri bolup galan Russiýa Federasiýasy tölemelidi.
Men Orsyýet Federasiýasynyň agyr ykdysady ýagdaýyny göz öňünde tutup, şol algymyzy alyp bilmejegimizi duýdum, parahatçylykly aýrylyşmagam sogap iş diýip pikir etdim. Men bu pikirimi Orsyýetiň birinji Prezidenti B.Ýelsine aýtdym, ol meniň teklibimi – algymyzy geçýändigimizi doly goldady. Dünýä kanunlaryna mynasyp ylalaşyk taýýarlan Orsyýet bilen garaşsyz Türkmenistanyň arasynda ylalaşyk baglaşdyk.
Indi türkmenler öz ýakasy, öz eli bilen täze çatynja ýaly özüni dikeltmeli, güzeranyny oňarmaly, durmuşyny ýola goýup, ekin-dikiniň, mal-garaň bilen bolmaly...
Müňlerçe asyrlap otdan-suwdan geçen türkmen geljekki nesline örän jogapkärli garap, täze tutulan öýüň ile goşulyp, il hataryna düşüp gitmegi üçin köp alada edipdir.
Biz täze döwlet: bize iňňeden başlap uçara, däri-dermandan kompýutere çenli hemme zat gerek. Biz ozal çaýy Nusaýda ataryp, odunyny Orsyýetden getirip gördük, biz ozal Maryda pagta ekip, Ýewropada mata etmäge iberdik.
Baýlyk kändir doganda, baýsyň günüň özüňden dolansa – diýip, atalarymyz pent edipdir.
Biz SSSR-den dostlugy alyp galdyk, emma onuň duşmançylygyny kabul etmedik.
Biz ozalky dostlarymyz bilen saçakly gatnaşarys, täze dostlar tutunarys, duşmançylygymyz bolsa ýok, bize-de duşman boljak bolup ary köýüp ýatan ýok. Onsoň dürli-dürli syýasy, ykdysady, harby bileleşikler nämä gerek!» (47-55 sah.).
Beýik şahsyýet ähli şertlere özüni uýgunlaşdyryp bilýän şahsyýetdir. Onuň şeýle içki ruhy hereketi iş ýüzündäki anyk ädimler bilen sepleşip, şahsyýetiň bitewüligini kemala getirýär. Bitewülikdäki şol özboluşlylygy biz şeýleräk üç tapgyrda göz öňüne getirýäris.
Birinji tapgyr: şahsyýet daşardan alýan maglumatlary, hakykatyň tebigatyna hem dinamikasyna şaýatlyk edýän maglumatlary öz aňynda işleýär. Şonuň netijesinde ol hereket etmek babatdaky maksadyny we maksatlar ulgamy bolan taglymatyny döredýär.
Ikinji tapgyr: öz döreden taglymatyny durmuşyň şertlerinde amala aşyrýar.
Üçünji tapgyr: amal eden işlerini gaýtadan aňynda aýlap, bolup geçen hakykatyň dürli jähetlerini umumylaşdyryp, ol asylbaşky taglymatyny bütinleý täze sypatda gaýtadan döredýär.
Eger biz XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ömür sahypalaryny düzen wakalara hem ahwalatlara ser salsak, ýokarky üç tapgyry görüp bileris. Ilki bilen, segseninji ýyllaryň ahyrlarynda ol parasatly kişi hökmünde SSSR-iň dargamagynyň gutulgysyzlygyna akyl ýetiripdir we garaşsyzlyk ýoluna düşmegiň maksady aňynda doly aýdyňlaşypdyr. Soňra ol bu maksady ussatlyk bilen amala aşyrypdyr. Eýýäm şondan birki ýyl geçenden soňra bolsa ol özüniň dürli çykyşlarynda, interwýularynda, makalalardyr kitaplarynda garaşsyzlygyň taryhy maksadyny bitewi taglymat hökmünde aýan edipdir.
Şolarda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy SSSR-iň synmagynyň obýektiw taryhy sebäplerini derňeýär, özüniň şol döwürde eýeleýän ornuny garaşsyzlyk ýoluna düşülmeginiň kanunalaýyklyklary hakynda ylmy esasly pikir ýöredýär. Onuň pikirine görä: «Her niçik-de bolsa, SSSR-iň synmagy juda agyr geçmedi, ýogsa ägirt uly heläkçiligiň ýüze çykmagy ähtimaldy». Elbetde, biz bu pikiriň üstüne synyşyň agyr geçmezligi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy çeýeligi we ezberligi mynasybetli bolupdy diýip goşmalydyrys.
SSSR-iň synmagy gutulgysyzdy, sebäbi Soýuz agalyk etmek we tabyn saklamak ulgamyna daýanýardy. Eeçilikleriň, hususyýetçileriň, köpukladly ykdysadyýetiň ýok edilip, ähli zatlara döwlet monopoliýasynyň girizilmegi uly ýalňyşlyk boldy. Hususy eýeçilik ýok edilenden soň, eýesiz galan eýeçilik ýüze çykyp, köpçüligiň adyndan dolandyrylýardy. Netijede, önümçiligiň hakyky eýesi ýokdy, işiň gös-göni jogap berýän ýolbaşçysy ýokdy. Munuň özi emelsiz, göýdük ýolbaşçylaryň öňe çykmagyna ýol açdy. Şeýdip ägirt uly tebigy hem zähmet serişdeleri bolan imperiýa durmuş-güzeran derejesi boýunça yzagalak ýurtlaryň hataryna girdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, köne jemgyýet durmuş şertleri hemmeler üçin deň bolan, birmeňzeşligiň adamlaryň özbaşdaklygyny, aýratynlyklaryny, başarnyklaryny, döredijilik mümkinçiliklerini bogýan, hemmeleri biraýakdan sürýän umumy ýatakhanady.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy SSSR-iň döwlet aňyýetini-de ylmy esasda tankyt edýär. SSSR aňyýet umumyadamzat gymmatlyklaryny ret edip, synpy gymmatlyklary esaslandyrjak bolýardy. Bu bolsa adamlaryň ruhy dünýäsine juda ýaramaz täsir edipdi. Ähli zat resmi aňyýetiň netijesindedi.
SSSR-de milletleriň hukugy erbet kemsidilipdi. Olar öz ýurdunyň, topragynyň, ýerüsti we ýerasty baýlyklarynyň eýesi däldi. Syýasatda milletleriň, respublikalaryň taryhy tejribesiniň, medeniýetiniň, ruhy serhalynyň özboluşlylygy asla hasaba alynmaýardy. Milletler babatda, olaryň hak-hukuklary babatda adalatsyz syýasat alnyp barlypdy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nygtaýşy ýaly, respublikada adaty bir mekdebi salmak üçin Moskwa ýüz tutmalydy, Döwlet meýilleşdirişiň kabinetlerine aýlanyp çykmalydy, çagalara üç çalşykda okamak bolmaýandygyny, mekdepleriň okuwçydan ýaňa ýüküniň ýetikligini, mundan bolsa okuw-terbiýeçilik işiniň kösenýändigini ynandyrmalydy, subut etmelidi, ujypsyzja zadam ýalbaryp-ýakaryp almalydy. Biz nebit-gaz çykarýardyk, ýöne olaryň nirä we haýsy nyrhdan satylýandygyny respublikada bilýän ýokdy, bilip biljek adamam ýokdy. Pagtanyň ýagdaýy hem şeýledi. Biz diňe pylan ýere ugratmaly diýen görkezme alýardyk, ýöne bu mowzukdan sorag bermäge-de hiç hili hukugymyz ýokdy. Türkmenistanda bir adamam 70 milliard kubometr gazdan, 15 million tonna nebitden, bir million tonnadan gowrak pagtadan girýän girdejiniň nirä gidýänini bilenokdy. Şol bir wagtyň özünde-de respublika hemişe yzagalak hasaplanýardy, iş ýüzünde onuň kadaly ykdysady infrastrukturasy, senagatyň täzeden işleýän pudaklary büs-bütin ýokdy. Ilatyň jan başyna düşýän milli girdeji Soýuz respublikalarynyň içinde iň azydy, şonda-da bizi birsyhly döwletiň eklenjini iýýär diýip ýazgarýardylar. Türkmenistan 90-njy ýyllaryň başyna, ine, şeýle «gor» bilen gelipdi.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk – munuň özi döwletliligi pugtalandyrmagyň serişdesidir, ýurduň, halkyň ählitaraplaýyn ösüşiniň ägirt mümkinçiligini özünde jemleýän kadaly, tebigy içerki we daşarky ýagdaýdyr, öz ösüşiň hasabyna halkyň bähbitlerini kanagatlandyrmagyň hakyky mümkinçiligidir. Garaşsyzlyk türkmeniň taryhy dagynyklygynyň soňuna çykmak üçin gerek, biziň Garaşsyzlygy ähli çäreler arkaly pugtalandyrmakdan başga ýolumyz ýokdur.
«Hökmürowanlykdan kadaly jemgyýete böküş däl-de, geçiş bolup geçmeli» diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz taglymatynda öňe sürýär. Jemgyýetiň bir hil ýagdaýyndan başga bir hil ýagdaýyna ewolýusion geçişi üçin geçiş döwri zerur. Özem özgerişlikler kem-kemden, sosial asudalyk şertlerinde bolup geçmeli, bu bolsa jemgyýetde jemgyýetçilik-syýasy işleriň, ruhy-serhaly howanyň ösmegine amatly täsir edýär.
Hökmürowanlykdan milli demokratiýa geçişi amala aşyrmak bilen, Türkmenistan kesekiniň nusgasyny gaýtalamaýar we hiç kime öýkünmeýär. Ol taryhy tejribä, halkyň edim-gylym, ýaşaýyş aýratynlygyna we paýhasyna daýanmak arkaly öz ýoly bilen barýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň belleýşi ýaly, özge milletleriň taryhy tejribesiniň işläp düzen düzgünleri, mehanizmlerinden anyk şertlere laýyk gelýänini, olara ýaraşýanyny we oňyn netije berýänini saýlap almak gerek. Esas edip bolsa jemgyýetiň ýagdaýyny, halkyň däplerini, adamlaryň serhalyny, milli aýratynlyklary almak gerek. Hasam meseläniň Gündogar hakynda, Gündogar döwleti hakynda, däbe öwrülen Gündogar jemgyýeti hakynda barýan wagty.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanda geçiş döwrüniň aýratynlyklaryndan ugur aldy. Olar bolsa jemgyýeti esasy özgerdijiniň döwletdiginden, döwletiňem özgerişlikleri kesgitleýändiginden, olary ugrukdyrýandygyndan, reformalaryň kem-kemden, howlukman we tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýandygyndan ybaratdyr.
* * *
1993-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-nde ýurduň parlamenti Prezident S.A.Nyýazowa Saparmyrat Türkmenbaşy adynyň dakylmagyny resmileşdirdi. Bu ady oňa türkmen halky beripdi. 1995-nji ýylda Türkmenistana baky Bitaraplyk derejesini alyp berendigi üçin Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada ikinji gezek, 1998-nji ýylda 1 million 200 müň tonna türkmen dänesini almagy ýokary syýasy derejede gurnandygy üçin üçünji gezek, 2001-nji ýylda bolsa mukaddes Ruhnamany döredeni üçin dördünji gezek mynasyp boldy.
1999-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň IX Döwlet maslahatynyň, Halk maslahatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki mejlisi bolup geçdi. Bu mejlis türkmen halkynyň taryhynda üýtgeşik waka boldy. Beýik Serdar bu maslahata özüniň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli baş ugry» Milli maksatnamasyny we ýurt üçin ykbal çözüji möhüm taslamalary hödürledi. Maslahatda edilen çykyşlaryň hemmesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa Prezident ygtyýarlyklarynyň möhletini çäklendirmezden alyp barmak hukugyny bermek baradaky haýyşlar, teklipler ýaňlandy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz Türkmen döwletini, onuň pugta ykdysady, syýasy we hukuk esaslaryny döretmekdäki taryhy orny, bu Beýik Ynsanyň öz halkynyň abadançylygyny üpjün etmekde alyp barýan ýadawsyz zähmeti, ajaýyp şahsy häsiýetleri XXI asyrda öňde goýlan wezipeleri abraý bilen durmuşa geçirmegiň girewi bolup durýar. Şonuň üçin-de ýurduň Baştutany bolup hut Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň oturmagy zerurlyga öwrüldi. Halk maslahaty hut şeýle karara-da geldi: Türkmenistanyň Mejlisine bu babatda Konstitusion kanun çykarmagy tabşyrdy. «Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýratyn ygtyýarlyklary hakynda» Konstitusion kanun şeýle möhüm nama bolup, 1999-njy ýylyň dekabr aýynyň 28-nde biragyzdan kabul edildi.
XX asyryň segseninji ýyllarynyň ikinji ýarymy hem-de ondan soňky onýyllygyň başlary Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ömür terjimehalynda iň hysyrdyly hem iň dartgynly döwür boldy. Şeýle hysyrdylylygy we dartgynlylygy türkmen taryhynyň bu Beýik Şahsyýetiň öňünde goýan wezipeleriniň hem meseleleriniň agyrlygy we ululygy kesgitleýärdi: halkyny bir taryhy eýýamdan başga bir taryhy eýýama geçirmelidi, şeýdip, onuň ömrüni uzaltmalydy. Özem şol wagtlar «başga bir taryhy eýýam» diýilýän iş ýüzünde jemgyýetçilik aňy üçin doly nämälimlikdi. Ol diňe Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aňynda anyk hem aýdyň hakykat bolup kemala gelipdi. Taryhyň öz öňünde goýan wezipesine ussatlyk bilen hötde gelip, ol türkmen geljegini öz görüşi ýaly amala aşyrdy. Şunça wagt geçenden soň, bu gün biz ýeriň giňinde hem arkaýynlykda, ýakynjakdaky ol geçmişi pikir elegimizden geçirip, şeýle diýip bilýäris: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryhy ösüşiň iň şowly, mynasyp nusgasyny saýlap bilipdir.
1990-nji ýylyň awgust aýynyň 22-sinde biziň halkymyzyň durmuşynda uly taryhy waka bolup geçdi – Respublikanyň Ýokary Soweti tarapyndan Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnama kabul edildi. Şuňa laýyklykda, şol döwre çenli ulanylyp gelnen Türkmenistanyň 1978-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýasyna goşmaçalar girizildi. 1990-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-sinde geçirilen ählihalk ses berişligi esasynda şol döwürde Respublikanyň Ýokary Sowetiniň Başlygy bolup işleýän S.A.Nyýazow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentligine saýlanylmagy, munuň özi Prezidentiň parlament arkaly däl-de, gös-göni halk tarapyndan saýlanylmagynyň ilkinji nusgasydy. 1991-nji ýylyň awgust aýynda şowsuz gutaran antikonstitusion, döwlete garşy agdaryşlyk SSSR-iň dargamagyny çaltlandyrdy. 1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-synda geçirilen ählihalk sala salşygynda biziň halkymyz garaşsyzlygyň tarapyna ses berdi. Oktýabr aýynyň 27-sinde bolsa, türkmen parlamenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny dünýä jar etdi. 1992-nji ýylyň aprel aýynyň 2-sinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Beýik Serdaryň göreldesi bilen, ähli halk tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylandan soň, 1992-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Baş Kanuny kabul edildi.
Döwletiň täze Baş Kanunyna we ony herekete girizmegiň tertibi hakyndaky Kanuna laýyklykda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň saýlawlaryny 1992-nji ýylyň iýun aýynyň 21-nde geçirmek bellenildi. Şol gün geçen ählihalk saýlawlarynda ýene-de Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň Prezidentligine biragyzdan saýlanyldy. Şol ýylyň dekabr aýynda geçen Halk Maslahatynyň ýygnagynda Beýik Serdarynyň «On ýyl Abadançylyk» Maksatnamasy tassyklanyldy we durmuşa geçirmek üçin kabul edildi. Soňra şol Maksatnamanyň esasynda «Täze oba», «Däne», «Bilim» we beýleki maksatnamalar kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň akyl-paýhasyndan kemala gelen bu ägirt giň möçberli maksatnamalary berjaý etmegiň zerurlygy bolsa 1994-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-nde ýurtda ählumumy sala salşygyň geçirilmegine getirdi. Şunuň netijesinde hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Prezidentlik ygtyýarlyklary nobatdaky saýlawlary geçirmezden, ýene bir möhlete uzaldyldy. Sala salyşlykda türkmen halkynyň 99,99 göterimi saýlawlary geçirmezden, Beýik Serdaryň Prezidentlik möhletini uzaltmak pikirini goldap ses berdi.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy içeri we daşary syýasaty bilen dünýä döwletleriniň arasynda, öz halkymyzyň arasynda çäksiz hormat-söýgi gazandy. Ol sekiz asyrlap döwletsizligiň dagyny-ahyny çekip ýaşan türkmen halkyny Garaşsyz we baky Bitarap döwletli etdi hem-de bu döwleti sanlyja ýylyň içinde dünýädäki asudalygyň, parahatçylygyň, jebisligiň nusgawy merkezine öwürdi. Döwletimiz indi birnäçe ýyl bäri içerki ykdysady ösüş boýunça ösüp barýan döwletleriň arasynda birinji orunda barýar. Döwletiň şeýle ajaýyp belentliklere çykmagy biziň Beýik Serdaryň Allatarapyn pähim-parasadynyň altyn netiöýeleridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň 1993-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-nde kabul eden karary netijesinde Saparmyrat Nyýazowa Saparmyrat Türkmenbaşy diýen at dakyldy. Dünýä türkmenleriniň 2001-nji ýylyň maý aýynyň 22-sinde bolup geçen ýubileý konferensiýasynda bolsa, 30-a golaý döwletde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri Beýik Serdaryň türkmen halkynyň, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, ony Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy diýip atlandyrmak barada karar kabul etdiler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzdaky milli «Galkynyş» hereketini esaslandyryjydyr, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ilkinji we ömürlik Prezidentidir, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Başlygydyr.
1992-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-nda Türkmenistanyň Mejlisi türkmen halkyna sekiz asyrlap garaşan garaşsyzlygyny alyp berendigini, demokratik, dünýewi, hukuk döwletiniň ajaýyp nusgasyny döredendigini nazarda tutup, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlanyş derejesini – «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ýokary at berdi. 1995-nji ýylda Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesini alyp berendigi üçin Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at ikinji gezek, 1998-nji ýylda türkmen topragynda gallaçylaryň ilkinji gezek belent sepgide ýetmegini – türkmen topragyndan ilkinji gezek 1 million 240 müň tonna guşgursak türkmen gallasyny alynmagyny gurandygy üçin «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at üçünji gezek, 2001-nji ýylyň  oktýabr aýynyň 27-sinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň XI Maslahatynyň, Halk maslahatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda türkmen halkynyň ruhy galkynyşyna baky şamçyrag boljak Mukaddes Ruhnama kitabyny döredendigi üçin dördünji gezek «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy.
1999-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň IX Döwlet maslahatynyň, Halk maslahatynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki mejlisi bolup geçdi. Bu mejlis türkmen halkynyň taryhynda iň ajaýyp sene bolup altyn harplar bilen taryha girdi. Beýik Serdar bu maslahata özüniň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli baş ugry» Milli maksatnamasyny we ýurt üçin ykbal çözüji möhüm taslamalary hödürledi. Maslahatda edilen çykyşlaryň hemmesinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa Prezidentlik ygtyýarlyklarynyň möhletini çäklendirmezden alyp barmak hukugyny bermek baradaky haýyşlar, teklipler ýaňlandy. Maslahata gatnaşanlaryň hemmesi bu meselede ýeke-täk pikirdediler. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz türkmen döwletini, onuň pugta ykdysady, syýasy we hukuk esaslaryny döretmekdäki taryhy orny, bu Beýik Ynsanyň öz halkynyň abadançylygyny üpjün etmekde alyp barýan ýadawsyz zähmeti, ajaýyp şahsy häsiýetleri XXI asyrda öňde goýlan wezipeleri abraý bilen durmuşa geçirmegiň girewi bolup durýar. 

(Dowamy bar)....

Категория: Publisistika | Просмотров: 651 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 2.0/4
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]