15:55

Sawçylar barybersinmi?..

SAWÇYLAR BARYBERSINMI?

Sawçylar barybersinmi?! 
Has giňelsin söýgimiziñ çäkleri, 
Erkanalyk çäklendirmez çäk ýeri. 
Günde düwüp-dañyp toý düwünçekler, 
Enem toý harydyn alybersinmi. 
Baharda Sawçylar barybersinmi?! 

Gözleriñ göwünsiz bakmady herne, 
Haýyş, şu päkligñi eliñden berme 
Edil meniñ sygman ýörşim deý dünýä, 
Kakam bagtdan başyn aýlabersinmi, 
Baharda Sawçylar barybersinmi?! 

Ýaz gelip Gün gonýar üçeklermize, 
Ýaz gelip gül ýagýar ýüreklermize. 
Derwezedir diwar, işiklermize, 
İnim täze reñkler çalybersinmi, 
Baharda Sawçylar barybersinmi?! 

Kalbymdan kalbyña göçýärkä göçüm, 
Durmuşda aýyp däl muñ ýaly hüjüm, 
Günde ýedi ölçäp, bir kesmek üçin, 
Öýmüze myhmanlar ýagybersinmi, 
Baharda Sawçylar barybersinmi?! 

Söýjek seni gelin bolup geleñsoñ, 
Onsoñ söýjek tä jan berip ölinçäm, 
Gyz-gelinler toýymyzda geýinjek, 
Köýneklik matasyn alybersinmi, 
Baharda Sawçylar barybersinmi?!

Şatlyk HUDAÝNAZAROW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 349 | Добавил: Нawеran | Теги: Şatlyk Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Скала к скале; безмолвие пустыни…» / Goşgular - 07.01.2023
Sabam sen / Goşgular - 06.01.2023
Старые часы / Goşgular - 24.01.2023
Gelnalyjy / Goşgular - 15.01.2023
Самоуверенность / Goşgular - 10.02.2023
Bagbanym / Goşgular - 06.01.2023
Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023
«Ну, тащися, Сивка…» / Goşgular - 02.02.2023
Ýazylmady dile görä / Goşgular - 31.01.2023
Милая дева, зачем тебе знать, что́ жизнь нам готовит…» / Goşgular - 28.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 lunemia  
216
Gelibersin diýýär smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]