22:06

Sen - baharlar bagşysy

SEN - BAHARLAR BAGŞYSY

(Rehmet Seýidowa)

Sen - baharlar bagşysy, Baharlaryñ bagşysy-
Ynsanlaryñ gowusy, şahyrlaryñ ýagşysy.

Sebäbi sen doglañda bahar bolup doguldyñ,
Bahar ýaly mylaýym ýürekli bir oguldyñ.

Bilbil bolup ýetirdiñ tarypynu gülleriñ,
Şol gül boldy gülküsi şadyýan bilbilleriñ.

Sen bilen duşuşmaga, señ bilen sözleşmäge,
Jerenler gelýär seniñ şol suw içen çeşmäñe.

Öýke etme gijäniñ o bezzat şemalyndan,
Ol seniñ namalañdan hem döwrüñ şemalyndan.

Kemal tapyp öwüsýär, däl indi ol awara,
Hiç kimi ynjytmaýar hem goýmaýar azara.

Ýöne welin, dogrusy, suw hem toprak armanly,
Zäher bilen garylan synalary dermanly.

Döz getirip bilmedi "Ber! Ber!" diýlen höküme,
Ajy şorlardan ýaña zeper ýetdi köküne.

Gurap galan agaçlar öwrüldiler oduna,
Öwrüldiler baharyñ ýüregniñ perýadyna.

Görüp eger sen muny ele alsañ tamdyrañ,
Dilde sözüñ sandyrap, elde sazyñ galdyrar.

Her hal, goja tebigat agyr derde galanda,
Seni ýatlap köşeşýär... Diýmek sen bar älemde!

Ahmet MÄMMEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 379 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ahmet Mämmedow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Зимний час / Goşgular - 03.02.2023
«Мне ни к чему одические рати…» / Goşgular - 21.01.2023
Слово / Goşgular - 07.01.2023
Годы в былом / Goşgular - 11.02.2023
По поводу сборников «Русские символисты» / Goşgular - 22.01.2023
«За окном гудит метелица…» / Goşgular - 09.02.2023
Güýz gijesi. Noýabr / Goşgular - 30.01.2023
Süýnen ýyldyzym / Goşgular - 06.01.2023
Göwün ýüwürtme / Goşgular - 06.01.2023
Aýralyk / Goşgular - 23.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]