06:45

Täze dörän, tiz adygan şoumenler hakda

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 364 | Добавил: Moderator | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.7/10
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 22
0
1 Remezan  
1397
(ýyldyza elim bilmezlikde degdi bagyşlarsyñyz, öz basmalymdan pes basylany üçin).
Degişmeler barasynda gysgaça öz pikirim. 2009-njy ýylda bir salym Gurbanjyk diýip, çagalar has höwesek görýärdiler. Bolsa-da çagalary güldürýär. Bu häzirki şoumenleriñkem şeýle ýaş çagalar türkmen dilinden başga düşünenok. Haçan-da (oglumyñ aýdany) orginalyny göreninde daşary ýurtdan alypdyr ekeni diýip, umydy küle zyñlan ýaly boldy.
Başga çäresem ýok. Nähili we nädip güldürmeli?
Şu soragy berseñ, özüñem köp pikirlenmeli boljak.
18+ degişme, politiki degişme, ýa suwjarma ýaly çaga degişmesimi haýsy temadan aljak.
Şoumenlerem gowy bilýär. Taýýar ssena alsañ hem tiz we mugt, üstesine köp jogapkärçilgi boýnundan sypyrýar.
Sorag näme üçin boýnundan sypyrýar. Birdenkä soraga çekilen-de biz plan artistiñ vidioroligini türkmençä perewod etdik. Şu başdansowma hem olar üçin uly gorag perdesi bolup hyzmat edýär.
Başga nähili edip degişme döretsinler?

0
11 Azat_Nurgeldi  
283
Teswiriň başyndaky "Ýyldyza elim bilmezlikde degdi..." diýen setiriňi "Bilmezlikde elim degdi ýyldyza" - diýip bir ýerlerde ulanmaga rugsat berjekmisiňiz? Ýada özüňiz geljekde ulanmakk niýetiňiz barmy? :-)

0
12 Shapak_A9602  
1502
Soň plagiat diýäýmesinler diýýäňizmi agam ?

0
13 Azat_Nurgeldi  
283
:-).

0
18 Remezan  
1397
:)))

0
19 Remezan  
1397
Ol setir ýatsam düýşümede girmeýär. Ulanmaga beýle bolsun!

0
2 Bagabat  
43
Milli ýumor çygryny ösdürmek, milli ýumoryň originallygyny, gaýtalanmazlygyny üpjün etmek üçin nätmeli?
(“Nätmekden Hudaý saklasyn” :-().

Pikirimi aýdaýyn (bu usul, şu ugurdan Günbatarda-da, Russiýada-da (ruslar üçin Ýewropa “Günbatar” bolsa, biz üçinem Russiýa “Günbatar”) :-( işjeň ulanylýan usul):

1. Sponsor (hemaýatkär) tapmaly ýa-da özüňde mümkinçilik bolsa, öz serişdäňi ulanmaly;

2.Kanunçylykda internet hyzmatlaryny etmek, saýt açyp girdeji almak arkaly web-telekeçilik üçin ygtyýarnama (lisenziýa) almagyň tertibi hem-de beýleki telekeçiler ýaly salgyt tölemegiň tertibi bellenilýär - bellenilen formada, web-telekeçilik ygtyýarnamasyny we gaýry resminamalary düzetmeli;

3.Saýt açyp, islendik awtoryň ýörite sketç sahnalaryny düzüp, oýlap tapyp, öz ýazanlaryny şol saýta erkin ýerleşdirmegi üçin mümkinçilik döretmeli;

4.Saýta ýerleşdirilýän sketçler üçin okyjylaryň meýletin tertipde, öz islegine hem mümkinçiligine görä, azajygam bolsa pul serişdesini girizmäge mümkinçiligini ýola goýmaly;

5.Okyjylaryň sketçler üçin meýletin salýan pul serişdeleriniň belli bir bölegini saýt hyzmatynyň tölegi üçin almaly, galan bölegini sketçiň awtorynyň galamhaky hökmünde oňa geçirilmegini hem-de oňa elýeterli bolmagyny üpjün etmeli;

6.Internetde sahnalar bilen çykyş edýän artistler, şoumenler bilen aragatnaşygy ýola goýup, şol sketçleri intellektual haryt görnüşinde olara ýerlemegi gurnap bermeli we ondan geljek girdejiniň belli bir bölegini edilen hyzmatyň tölegi, belli bir bölegini bolsa awtoryň galamhaky hökmünde gönükdirilmegini üpjün etmeli;

7.Şol saýtda öwran-öwran dürli görnüşdäki baýrakly sketç bäsleşiklerini guramaly we geçirmeli we ş.m., we ş.m..

“Iliň güýji, siliň güýji” diýleni, bir ýa-da birnäçe awtoryň başarmaýan işini müňlerçe awtorlar başarýar. Mysal, “Görogly”, “Gorkut ata”, beýleki dessanlarymyz, Ependi, Myraly, Kemine, Ata Köpek, Aldarköse, Esenpolat, Balkan pälwan, Ýartygulak, Keýmir kör we ş.m. hakdaky ýomaklar, ertekiler, rowaýatlar... halk döredijiligi.
Nähili kämil eserler?
Sebäbem, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda her bir adam olara öz ülüşjigini goşup, gatyp-garyp, başaranjasyndan, bilenjesinden kämilleşdirip gelen.

0
3 Babay  
1481
Алексея Толстого «Золотой ключик» - Карло Коллоди «Пиноккио»
«Волшебник Изумрудного города», Александр Волков - «Волшебник из страны Оз», Лаймен Фрэнк Баум
«Приключения Незнайки», Николай Носов - Анна Хвольсон, «Царство малюток»
«Аленький цветочек» Аксакова - мадам де Бомон «Красавица и чудовище»
Александра Сергеевича Пушкин "Сказки о мертвой царевне и семи богатырях" - братьев Гримм "Белоснежка и семь гномов"
Корней Чуковский "Айболит" - Хью Лофтинга "Дулиттл"
Иогана Вольфанга Гете "Фауст" - Педро Кальдерона "Чудодейственный маг"
Александр Дюма "Три мушкетера" - Гасьен де Куртиль де Сандра "Мемуары мсье Д'Артаньяна"
Уильям Шекспир "Отелло" - Джованни Батисто Джиральди "Капитан Моро"

Plagiatda aýyplanan az sanly eserleriň sanawy. Indi şularyň haýsysyny okadyňyzda ýa-da multfilmini, kinosyny gördüňizde awtorlaryna nägilelik bildirdiňiz?!
Ýokarda agzalan rus komikleriniň-standapçylarynyň näçesi Günbataryň, esasan hem amerikan komiklerini göni terjime etmekde aýyplandy?! Olaryň döredijiliginiň näçe göterimi hut özleriniňki?! "Вечерний Ургант" ýaly şowlaryň, "Survivor" ýaly reality şowlaryň näçesi Günbatardan göçürilen?! Ýöne, şonda-da biz olara plagiat diýmän, heziller edip tomaşa edýäs, näme üçin?! Belki, şol eserlere, şowlara, ýumorlara millilik harakterleri siňdirileni üçinmikä?! Ýa-da şu saýtda paýlaşylýan öz ruhy dünýälerini türke ýakyn saýýan awtorlarynyň eserleriniň sözleri türkmençe bolsa-da, içki dünýäsi, strukturasy, söz gurluşy, türkçedigi görnüp dur. Indi, olar hem ogry bolýarmy?!
Kitapçyny edebi saýt diýip, arz-şikaýat edilýän, iç dökülýän ýere döndürdiňiz. Heriň gelýäň, esasyz bir pikiriňizi, uly bir açyş eden ýaly edip pylçap gidýäňiz. Içinde bolsa ýekeje-de görkezer ýaly nusga ýok. Ine şeýle-şeýle diýip açyklama ýok. Analiz ýok. At ýok. Diňe iç dökme. Boş samrama, ýaňsylama. Ony-da köpçüligiň adyndan aýdýaňyz. Biz etdirýäris, biz ýol berýäris, şeýle zatlary biz goldaýarys, hemme günä bizde. Bar ýok ekenem-dä şu wagt gyrpçylyk edýän ýumarçylar, şolaryň deregine hödürläp biljek zadyňyz barmy?! Öňem hiç zat ýok, bolanyna görä olaram bolmasyn diýýäňizmi?! Garaz, tankyt etmeli, ýöne esasly etmeli. Okyja görkezmeli. Plagiatyň gowy, erbet taraplaryny düşündirmeli. Nireden çykýanyny, näme üçin ogurlaýanlaryny sorag astyna almaly. Çeken azaplary puç bolmaz ýaly ogurlyk eserleriň hakyky awtorlaryny ýüze çykarjak bolmaly.

0
4 Remezan  
1397
Seniñki dogry, belki öz pikiriñizi aýtsañ. Nähili bolanda dogry?

Belki ýol görkezersiñiz!

0
10 baharaliyeva39  
1028
Hormatly Babaý aga, biz kitapcy saýtynyň açylyşyndan bäri yzygiderli okyjylaryndan biri. Awtoram däl, beýlekem. Siz öz teswiriňizde "öz ruhy dünýäsini türke ýakyn saýýan awtorlar diýýäňiz. Kim olar? Hani siziň analiz edip, meselem diýip görkezip biljek awtoryñyz? Bir awtor başga dilden terjime eden wagty onuň ruhy dünýäsi şol halka ýakyn bolýarmy?
Biziň halkymyz näçe wagt ruslaryň elinde ýaşady. Häzir näçenji asyr. Muňa garamazdan türkmen halky öz ruhuny rus halkyna ýakyn saýdymy? Türkmen başga halk, ruhy, medeniýeti, maşgala durmuşy, okan zadyny analiz edişi, pikirlenişi, edebiýat sahypasynda gödeklige ýol bermejek bolup dilini tygşytly ulanyşy rusa meňzemeýär. Onda rusa meňzemese, türk ruhy dünýäsine hiç meňzemez.
Bärde hiç kim içini dökenok, samranok. Bärde awtorlar öz dünýägaraýşyny, pikir dünýäsini özi ýaly okaýan, okamagy gowy görýän adamlar bilen paýlaşyar.
"Analiz, analiz, subutnama" diýýaňiz. Bäri kazyýetiň edarasy däl. Bärde teswir ýazan şahsyýetler analiz-subutnama ediliş sapaklaryny hem okanok, ol ugurdan ýörite bilim almaly. Ýöne olar öz arassaja pikirlerini Nukdaýnazar bölümünde ýada teswirlerde beýan edýäler, paýlaşýarlar, çekeleşyärler. Muňa her kim sabyr görkezýär. Hiç kim hiç kimiň pikirine kiçi-kem baha garanok. Siziň bu awtorlara depeden bakmagyňyza many berip bilemzok.
Sungatda ogurlyk ýaly pikiri iki elläp goldaýañyz. Şahyr aýtmyşlaýyn, "iller şeýtyär menem şeýtjek" diýýäňiz. Bu saýtyň awtorlary ýeri gelende analiz etmäni hem biler. Ýeri geler atlandyrarýaram. Okap göz ýetirip bilene.
Ömrümiň 25 ýylyny bile işleşen bagşysynyň atlaryny berip olary mysal görkezen awtorlaryň delillerini okamadygyňyza görä, teswir ýazmankaňyz 2 gezek pikirleniň. Bu awtorlary ne türk gyzyklandyrýar, ne-de rus. Olaryň saýlap alan ýoly, maksady belli. Okyjy hökmünde biz olary goldaýas. Taňryyalkasyn diýýäris.

0
5 Haweran  
411
Gürrüñ bilgeşleýin başga ugra sozdurylýar. Ilki @Bagabat bulaşdyrdy, indi @Babaý.
Gozgalýan mesele başga.
Agzalar anyk mysallar getirip durka, başga näme isleýäñiz? "Palanyñy palan edeýin..." sögünsinlermi dagy.
Agzalaryñ ýazanlary, teswirleri gury içdökme-de däl, esassyz gürrüñem däl, eger şeýle bolsa; siziñki olañkydanam beter gury ýañsylama.
Her kim seresaplyrak ýazjakdan, sebäp şeýle "ogrularyñ" köpüsi edil eli egrilikleri ýaly oñ-muñ gapysyny kakyp, elinden gelse-gelmese ýamanlygam etjek bolup ýöreni az däl. Meñ özüm-ä şolar ýalylañ hiç birindenem çekinemok, ýöne hemme kişiñ şerti bir däl, "bir söz az, iki söz köp", her kim bir ýarta sazlajak bolýar, onam dara-direde kimden karz aljak, nirden tapjak...
Aýdar ýalysy aýdylyp dur, atlandyrybam durlar käbirini şeýle adamlañ. Mundan başga näme gerek. Başganyñ pikirine takat getirip bilmeýän adamlara tonnalap anyk mysal bereñde näme.

* * *

@Remezan, sizem kyrk ýaşap ugur-ýol tapmadyk bolsañyz, indem tapmarsyñyz. Biderek azara galmañ!

0
6 Bagabat  
43
@Haweran, @Bagabat, nämäni bulaşdyrdy?
Doluja okap bir gördüňmi?
Diňe goýlan temaň äheňine laýyk teklip we öz düşünişine görä pikirini aýdan bolaýmasyn?!
Birhili soňky döwür, nämedir bir zadyň içinden nämedir bir zat gözlenýän ýaly duýgy döreýär. Ýöne, belki, ýalňyşýan bolaýyn.
Haýsydyr bir zada раздражения-ny çykarmak üçin "mysal üçin" edip ulanmasalar ýagşy.

0
7 Haweran  
411
Düýnki çekişmelerden soñ ünsi çekmek islän şu blogyñ hakda aýdýan, agam.
http://kitapcy.ru/news....8-21439
Birden gatyrganaýmañ. Bärde hiç hili razdraženiýe ýok. Bu bir mesawy pikir alyşma. :)

0
9 Bagabat  
43
@Haweran, inim, indi siz-ýaşlaryňky ýaly ýarym sözden "otlanyp" duran kelle galmady bu adamlarda :-). "Itip otlap bilseler" hezil edýäs. (Ýa-da kolhoz döwrüniň akkumulýatorsyz traktyrlary ýaly günorta naharyna gelseňem, tarladyp, öçürmän goýmaly :-)).
"O tema bilen bu tema" diýilýä welin, antennamyzam doly aýlanyp ýetişenok. Ýöne, dogry düşüniň, hiç kimiň pikirini bulaşdyrmak niýetim ýa-da dawany gorjamak babatda müsmünsokar islegim ýok. Diňe tema degil tema bolandygy üçin: "şondaky maglumatlara-da üns beräýsinler-le" diýen pikir bilen teswir girizip, tema ünsi çekmäge synanyşdym.
Umuman özüm-ä hemme ýerde-de garmoniýaň tarapdary.
Biderek kötekläp, ýigrenç, gahar-gazap oduny tutaşdyranyňdan, haýsam bolsa bir çykalgany salgy berip, ünsüni ýagşy zatlara tarap öwürmäge synanyşanyň gowy bolaýmasa.
Dostum, aram-aram menden näme üçin erbet wakalar hakda mümkingadar ýazmazlyga dyrjaşýandygymy soraýar. Menem şonda her gezek beýle zatlar hakda düýbünden ýazasym gelmeýändigini, durmuşyň hapasynyň öňem köpdügini, menem onsoň real hapanyň üstüne wirtual hapanam goşup ýatasym gelmeýändigini gaýtalaýaryn.
Munuň bilen diýjek bolýanym, özüm-ä diňe dostanalygyň hem düşünişmegiň, birek-birege sylanyşygyň hem birek-birekden öwrenmegiň tarapdary.
Jogabyňa sag bol.
Ters düşünenim üçinem keçiresizler, bilgeşleýin eden zadym-a däl :-).

0
8 Remezan  
1397
Ýok. Men ugur ýolum üçin gönümel kömek berse-de Alla ýalkasyn diýjek. Emma şunça anyk aýdylandan soñ, gorjawlyk edip. Anyklanmadyk ýaly edişine görä, özüniñ pikirinem bilesim geldi. Belki başgaça teklibi bardyr.

0
14 sylapberdimuhamov  
1428
Sowukganly bolalyñ, başardygymyzdan.
Ýeñil uly dem alyp dagy.
Men Galystýanyñ, Urgantyñ nirden ogurlaýanyny bilemok, ýöne meñ "garagözlerim" Galustýandan Urgantdan kopirawat etmesin.
Türke meñzemek struktura, mustruktura o meñ öz işim)

0
15 sylapberdimuhamov  
1428
...ýene plagiatyñ gowy tarapyny bilemok, onsañam tarapy bar bolsa Bagabat düşündirdi. Mysallar bilen.

0
16 sylapberdimuhamov  
1428
Okayan welin gülküm gelýär. Komik şeyler.
Ýokarda ady agzalan awtorlaryñ eserlerini okap, multfilmini görüp, ogurlykdygyny bilenimiz soñ nagilelik bildirmeli ekenik. Aleksey Tolstoyamy, Nikolay Nosamy. Dawno süýegi çüyran-ä o pahyrlaryñ. Onsañam men olaryñ ogurlygy bilen neee işim. Her kim öz sakawy hakda utanýa.
Eyweyeeeey.
Bolyalay.

0
17 Babay  
1481
Sen agam, iliň sakawyna duýgydaşlyk bildirip, öz sakawyňa bolsa näme üçin beýle ýowuz daraýanyňam bir düşündiräýseň?!
(Plagiatyň nähili gowy tarapynyň bolup biljegini intägem düşünmedik bolsaň, şujagazza ýerini düşündireýin. Eger, plagiat (göni göçürme, ideýa-sužet ogurlama) bolmadyk bolsa, dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň köpüsi bolmazdy. Meň eý diýdigimem beý diýdigim däl. Ýöne, detialsyz, nusgasyz, gaýta-gaýta, zol-zol içiň küfürini döküp, bir uran ýeriňe urup durma diýýän. Ýene, näme diýseňem sen bir edebiýat adamsy, biz ýaly sada okyjy däl.:))

0
20 sylapberdimuhamov  
1428
2+2 = 6 diýen ýaly boldy munyñ, inim. Señ bilen gep uruşdyrybam durasym gelenok. Sen bir edebiýat adamsy diýip wahahaylap duranyñam meñ üçin...
Men öz adym öz at-familiýam bilen çykyp, öz pikirimi aýdýan, señ ýalylara dâl, düşünýan adamlara. Sağ bolsun, düşünýän adamlar hemme zady bilip otyrdylar ýene-de bilerler. Saýtda müñläp adam bar. Hiç haýsy içiñ küfürni döküp durma, bir uran ýeriñi urup durma diýenoklar. Akylly çykdy meni derñeýen. Şu ýerde iki abzas nukdaýnazar aýdyldy. Adamlaryñ birjejigi munyñ-a bolmady. Señki dogry dâl diýen bolsa, men bir ömür pikirimi aytmazdym. Men şol temany başlansoñ, halypalar hem seslendi. Belki şol ýaran dâldir?!

0
21 sylapberdimuhamov  
1428
Biz ýaly sada okyjy diýen ýeriñem goşa dyrnaga almaly ekeniñ. Sebäbi sen sada dâl, super sada okyjy, ýöne goşa dyrnak içinde. Diñe bir okyjy hem dâl sen tomaşaçy hem Urgantyñ nirden näme kopirowat edýanine çenli görüp ýetişýäñ, analis etmâge akyl-idrakyñ bar. Respect.

0
22 sylapberdimuhamov  
1428
Pikir etme, agressiw bolan bolşudyr şu! Baý gaharyny getirip duýgusyny oýnadym-da ýaly bolgusyzlyklaram kelläňe gelýändir. Yzyny üzmän ýazýanymyň sebäbi, häzir kitapça laptobymdan girip otyryn-da ýazmak aňsat.
Mne po barabanu diýýämi ors agalaryň. Sen öz pikiriňi dogrulajak bolup ýer dep, mantyksyz söz oýnat. MEniň olary seljerip oturmaga islegimem wagtymam ýok. Logiçeski oýlan, men öz sakawyma ýowuz daraýarmyşym. Saňa nä? Eger o meň öz sakawym bolsa. Dagam dararyn. Adamlaryň üstünden gülüp ýören bir topar. Sakawlarym, sakawsuraýan alasamsyklar.
Onsaňam bir zady anyklaşalyň. Özüňiz türkmen bolsaňyzam, öňem hiç zat ýok diýmäge diliň dagy baraýýarmaý. Türkmende şorta sözüni aýdan ili hakyky güldürip bilen adamlar hemme döwürde hem bolandyr. O meselede hem hiç kim size hä bermese gerek.
Käbirleriniň aýdyşyça, ýaman boş gürlenýan, gybat edilýän, hemem türkçä ýykgyn edilýän saýtyň hormatly agzalary meni bagyşlasynlar! Käbir wagtda käbir ýagdaýlarda käbir at, sudur hem pomeh berjek bolaýýar-da. Ýene Pyragynyň "oturdym biweçler" bilen diýeni mangu setirlerini ýatlaýmaly bolýa. Baryňyz aman boluň!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]