19:03 Toý gutlagy | |
TOÝ GUTLAGY
Saçak nygmat-nazly bolsun, Toýyňyz aýdym, sazly bolsun, Çagajyklar jagyl-jugyl öýüňiz ogul gyzly bolsun, Noguldyr, nabat seçilsin Gujagyňyz giň açylsyn, Size rysgy beren Alla, egsilmez bagt eçilsin, Gyzyň başy burulmasyn, Ýigdiň ýüzi saralmasyn, Hiç bir zada mätäç bolmaň, Äber diýip, soralmasyn, Mal garalar egsilmesin, Myhman yzy kesilmesin, Saçagyňyz dоly bolsun, Gyz gelinler kosenmesin Toý tutulsyn, gelin gelsin, Rysgy, bagty bilen gelsin, Gelnine işi öwretmesin, Gaýyn gelinden öwrensin, Ýoluňyzda çäge bolsun, üsti doly çaga bolsun, goý olara guwanara, ene, ata, baba bolsun, Ogulyňyz ata bolsun, Agtyk başy gaty bolsun, wagt tapmaň garramaga, içinde bir beti bolsun, Bagtyňyz joşup , daşsyn, Çagaň sany ondan aşsyn, Gündiz işläp ýadasalar Gije hüwdi aýdyp geçsin, Duşman oky gezelmesin, Maşgalaňyz bozulmasyn, Zähmet bolsun çekýäniňiz, Garbanyňyz gyzyl bolsun, Her maşgalaň däbi bolsun, Gaýyn gelin äbe bolsun, Her kim öz ýolun akmasyn, Bir kapitan, bir gämi bolsun. Arzuwym şeýle söz bolsun, Gaýgy gamyňyz azalsyn, Bagtyňyz goý çogyp çyksyn, Il-gün sizlerden göz alsyn. Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |