11:31

Türkmenistanly şahyr Watany wasp edip ýeňiş gazandy

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 560 | Добавил: Bagabat | Теги: Ysmaýyl Muhammetdurdyýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024
"Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024

Teswirleriň ählisi: 26
0
1 Bagabat  
43
Berekella. Ysmaýylyň baýragy gutly bolsun! Höwri köp bolsun. Öňünden yzy gür gelsin.

0
2 Zöhre  
1396
Türkde eneler harby gulluga gidende terrorçylar bilen günde günaşa atyşyp wepat bolýan ogullary üçin we bular barada günde günaşa "watan sagbolsun" ady bilen ýuwmarlanyp berilýän "şehit habarlaryndan" halys ýadap "watan sizin olsun, oglumu geri verin bana!.." diýip perýat edýärler.
Bizimkiler bolsa baran ýerinde "Önce Vatan" diýip ýalandan gygyryp ýörler.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Türkiýede goşunyň ýaryşyndan köpüsi professional (uzman) harbylardan ybarat. Serhet aňyrsynda geçirilýän harby operasiýalarda 12 aýlyk hökmany gulluga çagyrylýanlar däl-de, şol ofiserler, starşinalar ýa-da sözleşmeli erler (kontraktnikler) ulanylýar.

Şu häzirki harby operasiýalaryň ýurduň zerur kanuny bähbitlerini goramak üçindigi jedelli bolup biler, emma närazylyklaryň bardygyna garamazdan türk milleti dünýäde iň watançy milletleriň biri bolup durýar. Harby gulluk bu ýerde häzirem mukaddes saýylýar. Harbylar - iň bir hormatlanýan adamlar. Dünýäniň hemme ýerinde beýle däl. Internetde haýsy dilde sorasaňyzam şuny tassyklarlar.

Eger türkleriň şu ýörelgesi bolmasady, onda Osmanly darganda olaryň ellerinde Anadolynyň jümmüşindäki deňze çykalgasy bolmadyk bir kiçijik ýer galardy, galan topraklary rum, ermeni, kürt, arap...böleşerdi. Şonda-da günleri uruş we horluk bolardy. Öz döwleti üçin söweşmeseler, barybir başga biri üçin söweşip ölmeli bolardylar. Ýakyn Gündogar sebitinde (Ortadoğu) güýçli bolmasaň barybir gün ýok.

Syýasat gelip-geçiji, emma öz Watanynyň garaşsyzlygy, döwletiniň agalygy üçin janyny pida etmäge taýýar bolmadyk milletlere häzirem ýaşama hukugy ykrar edilenok.

Mahlasy, raýatlarynyň ählisi Siziňki ýaly pikirlenýän bir ýurduň ýaşama şansy sorag astynda. Emma Siziň köplük däldigiňiz gowy zat.

0
5 murat_yousef  
1588
Ýagmyr aga, soramaga çekinýänem welin, bu teswiri antiZöhre gelnejämi ýada başgamy?? Köplenç prýamoý smyslde okaberýän:)

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Elbetde, Siriýanyň parçalanyp, ol ýerde Türkiýä howp salýan toparlaryň güýçlenmeginde we harby operasiýalara zerurlyga gelinmeginde Erdoganyň günäsiniň bolmagy mümkin. Syýasatçylaryň yalňyşlygy ýa-da badyhowalygy zerarly olaryň awantýuralarynyň (ABŞ-nyň Wýetnamdaky, SSSR-iň Owganystandaky, Russiýanyň Ukrainadaky netijesiz gandöküşikleri) bahasy halkyň çagalarynyň ömri bilen tölenýär. Beýle howply oýunlara baş goşan syýasatçylara, Erdogan ýa-da kim bolsun, garşy çykmagam, munuň üçin olardan hasap soragamagam milletiň haky.

Men anti-Zöhre däl, emma aýdýan pikirlerine garşy garaýşymy mälim edýärin. "Watan siziňki bolsun" näme diýmek? Erdoganyň öz bähbidi üçin bir milletiň watançylyk duýgusyny sümürmegi ol duýgynyň indiden beýläk gymmatyny ýitirýändigini, watançylyk däbiniň ýatyrylýandygyny aňladýarmy? Mukaddeslik her ýagdaýda-da mukaddesligine galmaýarmy? Harlanan metjit metjit bolmagyny bes edýärmi? Unudylan Hudaý ýene-de Hudaýlygyna galmaýarmy?

Erdoganlar, Ýyldyrymlar wagtlaýyn. Olaryň ogullary watan goranok diýip, Hudaýa gargynyp, beýlekilerem goramasa, ýurt elden gitse, häzirki ýitgiler witjik bolup galar. Onda 1940-njy ýylda nemesler Pariže tankly girende fransuz ýaşlarynyň futbol oýnap ýörüşleri ýaly bolar. Ýurt myhmana hödürlenýän palaw ýaly "Noş bolsun!" diýlip, kesekileriň öňünde goýlar.

Fransiýany her näme-de bolsa iňlis-amerikanlar halas edip, egemenligini dikeldip berdiler. Olar Ýewropa. Türkiýe yransa welin, Günbatar ýa-da başga hiç ýerden ony halas etjek bolmaz. Pakistan bilen Türkiýäni öň SSSR-iň garşysyna harby baza hökmünde goldaýardylar. Indi ol Günbatara gerek däl, güýçli döwlet hökmünde bolsa asla gerek däl. Ol diňe öz halkyna gerek. Öz halky hem indi, Zöhräniň aýdyşy ýaly, baýdak söýgüsinden "шкура" söýgüsine geçip ýören bolsa, onda ýoluň ahyry diýmekdir.

Milletiň ykdysadyýetiniň çökmegi - köp zadyny ýitirdigi, syýasat krizisi - olam üstüne urna, moralyny ýitiren bolsa - doly gutaranlygy. Garaz, özleri bilýär.

0
4 Pegass  
1546
Menem türkleriň watançylygyna, baýdak söýgüsine uly hormat goýýan.

0
6 Injener  
1
Bir zat hantama bolanda, hökümet özine watan diýip başlaýa, —diýýärmi Ksenýa Sopçak....?

0
8 Injener  
1
Duşman çozsa biz-ä "proletariat", bizde hiç hili emläk we baýlyk ýok, diýmek alara-da zadymyz ýok. Zady barlary ugradarys ugratmaly bolsa, bir zat ýitirmeli bolsa, şolar ýitirýär... ))

0
9 Shapak_A9602  
1502
İldeşimiziň baýragy gutly bolsun!
Garaz uruş turmawersin...

-1
10 Azat_Nurgeldi  
283
Men şu temany we oňa ýazylan teswirleri okap, temada ýazylan hoş habaryň nähili syýasata öwrülip gidişiniň şaýady boldum diýsemem ýalňyşmasam gerek. Teswirler bir türkleriň harbylaryna, bir türk esgerleriniň enelerine, bir görseňem syýasata syrygyp gidýär. Birinjiden-ä watan bilen döwlet diýilýän düşünjäni garjaşdyrmaly däl. Watanyň içinde gurulan döwleti dolandyrýan şahsyýetler öz bähbitlerine çapyp başlasalar, daşyndan çozan duşmanyň garşysyna göreşmekden kynyrak güne düşüp biliner. Şonuň üçin watanyňy ilki bilen özüň söýmeli, soň çagalaryňa söýmäni öwretmeli, watanyň topragyna daman göbek ganyňy syýasat syýasy bilen garyşdyrmajak bolmaly. Mende hiç zat ýok, zady barlarlar gorasyn diýip otyrmak, dogan garyndaşdan, çagalaňdan, dost ýarlaňdan, jigidir doganlaňdan geçmek bolýar meň pikirimçe. Bitine gahar edip ýorganyny ýakyp, gyşda kösenýän adama meňzemeli däl. Ýokarda bir teswirde gaty dogry aýdylan jümleler bar. Ärdoganlar, Ýyldyrymlar geçer diýip. Biz Watanymyzy öz neslimiziň watansyz awara bolmazlyklary üçin söýmeli, goramaly. Men ýene bir gödegräk mysal getireýin, öňünden ötünç soraýaryn. Watan enä deňelýär. Siz bir ahlagy pesiräk enäniň çagasyna şoň enesi hakynda erbet söz diýip görüň, şol çaganyň ýüreg-ä bir ýaralanar ýöne sizem aman sypdyrmaz.

0
11 Injener  
1
Watançylyk urşy bilen, syýasy urşy saýgaryp bilýän adamlar üçin siziň aýdýanlaryňyz dogry agam, ýöne 1881-nji ýyldan soň, biziň ülkämizde watançylyk urşy bolmady-da. Ýene 100 ýyllap bolaram öýdemok. Watançylyk urşyndan başga din urşam bar, ol mesele bilen nähili bolmaly onsoň? Nädip bir urşy, beýleki urşdan saýgarmaly? Watany goraň diýip her gezek gygyrlanda okoba bökübermelimi? 1941-45-de musulman ýurtlary Gitleriň tarapyndady, şol urşda türkmenler nämäň hasabyna urşdylar? Watany goradylarmy? Ine halky goramaly diýse men razy, men halky söýýän, ýöne watany goramaly diýseler men gowja oturyp pikirlenerdim.

Musulman ýurtda ýaşasagam dogrymy aýtsam Kurany Kerimi häli şündi agzap durmagy bir tüýsi çekinýänem, ýöne barybir aýdaýyn. Allah aýdýar: "Men bir halky, başga bir halkyň üsti bilen saklaýan", diýip. Käbir halklar öz etini iýip barýarlar, eger olary başga bir halkyň eline bermeseň. Iň gowy mysal SSSR döwleti, biz ruslaryň elinde ýaşadyk. Aýtjak bolýanym bir döwletiň gol astyan düşmek hem, hemişe erbet däl, ähli zatda Allahyň emri bar. Eger garşylyk görkezseň akopda ölersiň, eliň awtomatly. Nämäň nämedigine düşünseň öz çagalaryň arasynda ölersiň. Watan diýen düşünjä menä gabat gelip görmedim Kurany Kerimde. Millet we din diýen düşinjä gabat geldim. Öz diniňi we milletiňi goramaly diýseň hä diýeýin.

0
12 yaran_yagmur_9  
1578
Dogrudanam, dinden watançylyk hakynda kän delil tapmarsyňyz. Ol ýerde "millet" diýilýänem "ymmat" bilen bir manyda. Emma ýatdan çykarmalyň: Watan bar, umyt bar. Aýagyň astyndaky topragyňy aldyrsaň, mertebeli millet bolup ýaşamak şansyňy baky ýitirdigiň. Ynsaply basybalyja tabyn bolmak gowy wariant ýalydyr, emma beýle meseläni biriniň ynsabyna goýmak nähili bolar?

Erbet hökümet hakynda aýdylanda bolsa, "kollektiw jogapkärçilik" diýip bir zat bar. Dolandyryşyň adalatsyzlygy baradaky delilleriň diňe şu pursatda güýji bar, milletiň şowsuzlyguna we döwletiň ýaşaýyş ukypsyzlygyna uzak taryhy perspektiwadan seredilende hemmäň deň jogap berýärsiň. Erdoganam, senem deň günäkär. Eger türküň agtygy: "Birmahal Türkiýe döwleti bar eken, näme üçin dargady, biz bolsa başga döwletiň raýaty?" diýip sorasa, atasynyň: "Erdogan diýen biri bardy, Ýyldyrym diýen biri bardy, özleri pasykdy, ogullary bihepbedi" diýen gürrüňleri boş warsaky bolar (Onsoň sen özüň näme, ynsan däl-de, ygyp ýören kel toklumydyň kim iýmlese şony gözläp ýörer ýaly, bäş günlük ýalançyda?)

Taryh olar ýaly aklamalara gulak asmaýar, moraly pesleri syryp-süpürip taşlaýar. Taryhy erk-gaýraty bolanlar ýazýarlar. Erdogan-serdogan bolsa bahana.

Ukraina örän korrumpirlenen jemgyýetdi, emma "şeýle ekeni" diýip ýurtlaryny berip oturybermediler. Ýurdy gorajagam, arassalajagam, çagalaryna allanäme jemgyýet gurup berjegem özleri, şoňa düşünýärler. "Watany eşretde ýaşaýan parahorlar gorasyn, biz-ä kim bilen işleşmelidigini bilýäris" diýenlerem boldy, ýöne häzir olar öz ýurdunda-da, dünýäde-de adam sanynda däl.

Taryh milletiň şowsuzlygy üçin hemmäni deň günäkärleýär, Watanam özüni satanlary deň näletleýär. "Несостоявшое госудаpство" bolup, özgeleriň "terbiýesine" mätäç bolup çyksaň, hemmäň bir zibilde bolup çykýarsyň.

Alla hemmämize abraý bersin!

1
14 Injener  
1
Ikimiziň dünýägaraýşymyz we terbiýämiz diýseň tapawutlanýar öýdýän agam? Siziň ýaşlygyňyz SSSR döwrüne düşen bolsa, elbetde siz üçin ylym we taryh uly ýer tutýan bolmagy ähtimal? Ýokardaky teswiriňize görä çen tutsaň, şu wagtky syýasy krizisde, biziň barymyz günäkär bolýas-da? Eger öz sözleriňize ynanýan bolsaňyz, we öziňizi gaýratly adam hasap edýän bolsaňyz, siz şu wagtky ýagdaýy düzetmek üçin nähili goşant goşduňyz, näme etdiňiz? Ertir taryh size näme diýer? Men-ä taryh adamsy däl...

0
21 MURGAP  
1401
Serdar akga goýan mowzugñyzdan daşlaşýanym üçin öñinden ötünç soraýan. Ýagmyr aga siz haçan geljegi näbelli taryh hakda heziller edip welilik satýan wagtyñyzda ýokary tesiwieleñ birinde Haweran halypanyñ aýdýan kone ofiserli ýazgysy her aýda bizde bolup dur. "Watany hökman goramaly ol mukaddesdir" diýip, dok garna sesine bat berýänlerem 16 ýyl bäri şol ugurdan çagalaryma çörek beremsoñ bilip ýörün. Açlygyñ sähel bärsinden dolanýan ýaşaýyşda ýaşap, siziñ dana sözlerñize ynanmak kellesi ýerinde ynsana başartmasa gerek.

0
13 Narcissus  
1589
Geň göräýmeli, mowzuk näme diýýär teswir näme diýýär, esasanam Ýagmyr agamyz kän höwesek eken syýasat gürlemäge. Ärdogana ýurduň içerki (we şahsyýeti) bilen dahylly meselelelere seretsek, sögsegem az, netijede antropologiýa milletparazçylyk diýýän bir adam, emma ýurdy goramak meselesinde biraz goldap bilerin. Watan meselesine gelsek, gepiň keltes, bu ýerde "Watany hökman goramaly, ol mukaddes" diýseň, bir taraply pikirlendigiň bolýar. Men "Watany" ölmez-ýitmez bir mukaddeslik däl-de, bir adalga hökmünde almak isleýärin. Diňe döwletiň başyna ägirt howp abanyp, ýurt çökjek derejä ýeten mahaly milletiň birleşmegi we jan pida etmegi mümkin bolup biler, emma adaty ýagdaýlarda islendik kişi hem öz şahsyýetini saýlap biler, muňa haky bar. Ýa-da şol kişi diňe goşun sanynda bir "san" bolup galsa hem Watan peýda, eger peýda gözi bilen seretseň, netijede häzirki zamanda döwletler uruş bilen däl, göz gorkuzmak bilen üstünligini ykrar edýärler, 700 müňlük goşuny barka bir döwlet başga bir döwlet bilen aňsat-aňsat (hatda hiç) urşa girmez. Umuman uly gep düşündirmäge öler ýaly ýaltanýan.

0
15 yaran_yagmur_9  
1578
Men mowzuga teswir ýazmadym, teswire jogap ýazdym. Siz bu ýerde ilki nämäniň nämedigini seljermäge ýaltanjak bolsaňyz, gürrüňe goşulmaly hem däl ekeniňiz. Ýa-ha meselä çynlakaý çemeleşip, pikiriňizi gunt ýaly jemläp bir zatjyk ýazyň, ýa-da "ýaltanýan" diýip, yzyny üzüp, başlap goýmaň. Siziň geleňsiz, başdansowma, üzlem-saplam ýazgyňyz meselä aýdyňlyk getirmän, gaýtam has bulaşdyrýar. "Ýaltanýan" diýip, süýjüdip, minnetli äheňde özüňizi ýokary tutup, aýdýan zatlaryňyzyň gymmatyny artdyrýandyryn öýdýäňizmi? Bu nomeriňiz peýdasyz. Aýdan zadyňyzda millet reklama edişiňiz ýaly gymmatly zat görmedi, aýtman goýan zadyňyzda hem üýtgeşik dürdäne bardyr öýdemzok. Şonuň üçinem mazamlap oturmaň, aňryňyzda goýaýyň. "Siz ýalylara düşündirip oturmaga ýaltanýan" diýip, millete ýokardan seretmäň. Märekede beýle zat diýen bolsaňyz, merkiňizi başgaça bererdiler.

Meniň syýasata "aýratyn gyzyklanyşym" barada aýdylanda bolsa, meniň gyzyklanmam başga predmetlerde. Ýöne meniň bu ugurda küle barmagym bilen ýazyp goýberýän teswirjiklerim hem Siziň bu pudakda özüňizi akademik hasaplap, "düşündirmäge ýaltanyp" ýazýan teswirjikleriňden agyr basýandyr.

Irden ýaltalyk basyp oturan bolsa, ýagdaýyňyz öwerlik däl ekeni. Ukyňyz tutýandyr? Artykmaç agram? Bagyr ýaglanmasy? Wah-wah...

Biraz bedenterbiýe bilen meşgul boluň. Garaz, özüňizi aýaň, dogrudanam, "alymlygyňyzy" "sowatsyz köpçülik" bilen paýlaşjak bolup azara-da galyp oturmaň.

0
16 Bagabat  
43
Ne gözel edebiýat saýtydy...

0
17 Narcissus  
1589
Ýagmyr agam, aýdanlarym agyr degdi öýdýän, ýönekeý zada roman ýazyp jogap beripsiňiz welin.) Men diňe öz pikirimi beýan etdim, we size hem erbet niýet bilen ýazmadym, emma siz syýasat barada gürlemäge höwesek bolşuňyz ýaly, illere ders bermäge hem höwesek görünýäňiz. Heniz üýtgeşik zat ýazmankam agyz dolduryp, uly edip jogap bermegi özüňize gelişdirseňiz bu siziň problemaňyz. Ýaşyňyzyň uly bolmagyna garamazdan, kiçijek (tankyt hem däl) teswire "başdansowma", "üzlem-saplam", "has bulaşdyrýar" ýaly sözler diýmegiňiz, üstesine meniň özümi ýokary saýýandygymy, reklama edýändigimi (töhmet erbet), we "siz ýalylara" diýdiň diýip töhmet atmagyňyz, "merkiňizi başgaça bererdiler" diýip ýigrenç pürkmegiňiz, hatda has öte gidip "bagyr ýaglanmasy", "ukyňyz tutýandyr", "artykmaç agram" diýip ýaňsylaýjy gürlemegiňiz, hatda ýene durman "bedenterbiýe bilen meşgul boluň" diýmegiňiz artykmaç dälmi?! Bu ýagdaýda men däl-de, siz ýokardan seretýän ýaly meniň pikirimçe.)

0
18 yaran_yagmur_9  
1578
Inim, yaltalykdan saplanyň, ýagyňyzy azaldyp, muskulyňyzy ösdüriň, köpräk işlemegi öwreniň, şonda meniň iki oýnam ýazdym Size "ROMAN" bolup görünmez.

0
19 Injener  
1
Birden uruş başlasa, şu teswirdäki adamlar bilen, biz bir okopda watany goramaly... :)) Duşman bize ýetinçä ýarty işi özümiz edip gutarýarys...))

0
20 Shapak_A9602  
1502
Tyldan habar iberip durarys-da, duşmany ýeňýänçäňiz özümiziňkiler bilen uruşmak gadagan diýip. Soň ine-ganalykda urşuberersiňiz...

0
23 yaran_yagmur_9  
1578
Meniň pikirimçe, saýtyň içindäki "dost-duşmanlyk" - stakanyň içindäki "tupan". Ondan ullakan netijeleri çykaryp oturmaly dälmikä diýýän. Aýgytly pursatlarda adamyň özüni nähili alyp barjagyny bilmek üçin ol hakda gaty köp zatlary bilmeli, şonda-da synagdan nähili geçjegini garantiýa bilen aýdyp bolmaýar. Jedelde köp zatlar emosiýadan, öňki bir kinelerden ýa-da owadan sözüň hatyrasyna aýdylýar. Şu ýerdäki nigilistleriň, patriotizm barada skeptikleriň, goýundan beter pasifistleriň gezek gelse ilden beter söweşmejegini kim bilýär? "Jeňparazlaryň" nätjegini kim bilýär? Gibsonyň kino gahrymanlarynyň ("Отважное сердце", "Ветеран") ilki "ol eşekde ýüküm ýok" etmekleri durmuşda bolýan zat. Çünki Pyragy atamyzyň hem aýdyşy ýaly "Jeň nan degil düş üstünde".

0
24 Haweran  
411
Goýlan tema hakda däl-de, teswire teswir ýazylsa oñlamasamam (çünki şeýdilse, hökman yzy sene-menä ýazýar hem-de goýlan temanyñ gozgaýan pikiri ýatdan çykyp, geregi ýok başga-başga gürrüñleriñ başy agyrdylýar), soñky agzalaryñ bolşy eýýäm näçilenji gezek kadadan çykma ýagdaýda ýazmaly edýär.
Bir ýaşuly ýazyjymyz bir gezek "ýaşaýan salgymda her gün gijara penjirämden garanymda jemgyýetimiziñ ýagdaýyny görýän, penjirämiñ öñi gözümiñ görýän añyrky çägine çenli özbaşyna bir dünýä..." diýeni ýadyma düşýär.
(Men asla saýtdaky "dost-duşmanlyk" hakda pikir edemok, asla oña üns bermelidirem öýdemok. Ýokardaky mysal getirilen sitata bilen ýazylan teýeneli teswirler biziñ umumy gylyk-häsiýetimizi belli bir derejede aýdyñlaşdyrýar).
Biz hem saýtyñ stakandaky suw däl, ol suwuñ bir damjasyndan hem kiçi göwrümdäki bir zatdygyna aklymyz çatman duranok. Ýöne şu saýt ýöräp başlany bäri, şu taýyk gelýän-gidýän, pikirini galdyrýan, aktiw we passiw gatnaşýan agzalaryñ jemi umumy durmuşa, dünýäniñ köp ahwalyna aýna tutýar...

0
25 yaran_yagmur_9  
1578
Hawa, şöhlelendirýär. Eger habary okanlaryň hemmesi "Ur-ra, ur-ra, goldaýarys, gep gutardy" diýip, diňe gül ýagdyryp oturan bolsa, onda bütin jemgyýetiň garaýşyny görkezýändigine şübhelense bolardy. Diýmek, bütin gapma-garşylygy bilen şöhlelendirýär. Belki, gurt görende agyzlar birikjekmi-dälmi, kim ol gurt, barmy beýle gurt, ol başga mesele.

0
22 MURGAP  
1401
Edil şuña meñzeş pikirleri indi näçe ýyldyr kellämde göterip ýörüm. Aýdaly edil düýn radioda Sapar Öre diýilýän boş pañkyldawyk sözler bilen ýokarda oturany utançsyz öwüp ömrüni geçirenem bolsa "Watana uly hyzmat eden" hökminde ýatlanyp dur. Ýöne şu asuda günümiz üçin janyn orta goýan (söziñ hakyky manysynda) harby ofiserlermiziñ ýekejesi hakynda ýatlama gepleşigi eşdipmidiñiz?

0
26 Ependi  
284
"Watançy" diýilende birzatdan ugur alyň. Watany goramak bar, käbir diktatorlaň ýalňyşy üçin yza çekilýänem kän, uruşdan bizar bolup. Halky aldap ýören prezidentler azmy dünýede. Şolaň samsyk syýasaty üçin kim güllä özüni bersin? Iş-işden geçensoň oýanýar halk, boljagy bolansoň. Eger halk ýurdy goramaly bolsa, hemme zady eşitsinler, görsünler, göz ýetirsinler, gözleri açylsyn. Emma beýdenoklar. Halkda hem ynam galmaýar.

Ildeşimiziň baýragyna buýsanýan, nesip etsin! (bolmanda, başga ugurdan bermejekleri belli, iň bolmanda sada halky, tebigaty müňläp wasp etseň-de)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]