14:33

Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Çemen

...Ýigdekçe tamlarynyň öňüne iki düýp gyrmyzy bägül ekdi.
Suwardy, bejerdi, çyrpdy, ideg-yssywatyny kem etmedi.
Wagt geçdi.
Bägül düýpleri güle durdy.
Her biri penje-penje, goýy gyrmyzy bägüller.
Öýlerindäkilerden hiç kime degdirmedi.
Jigileri bilimler güni mekdebe alyp gitjek bolsalar:
-Dessäni bazardan satyn alaýyň!-diýdi.
Zenanlar günem elletmedi.
Doglan günlerdir, başga baýramçylyklarda-da ýolmaga rowa görmedi.
Soň tanyşdy.
Huşuny-düýşüni eýelän, şol ýeke-täk bolup görnen şol ýeke-täk bilen.
Telefon belgimi, IMO salgymy, garaz, habarlaşar ýaly näme bar bolsa alyşdylar.
Habarlaşdylar.
Ylalaşdylar.
Belleşdiler.
Şonda-da yhlas bilen ýetişdiren bägüllerini ýekän-ýekän gyrkyp aldy-da, olardan çemen bogdy.
Ajaýyp bir çemen.
Belleşilen ýere belleşilen sagatdan ep-esli wagt öň baryp garaşmaga durdy.
Oturyp garaşyp gördi.
Turup garaşyp gördi.
Gezmeläp garaşyp gördi.
Ylalaşylan sagat bolandan soň byzbydyklap garaşyp başlady.
Gaharlanyp gördi.
Köşeşip gördi.
Ahyry jaň etdi.
Alynmady.
Habar ýollady.
Jogap ýok.
Oýa batdy…
Oýnaýdymyka?!
Näme üçin?!
Näme ýamanlyk etdi?!
Ýöne, keýpinemi?!
Oýnamagyň hatyrasyna oýnaldygymyka?!
Tagaşyksyz uzyn boýuny egreldip, birsellem muňalyp durdy.
Elinde-de dessesi.
Apalanyp ýetişdirilip, jahanyň hiç kimsine we hiç bir zadyna rowa görülmän aýalyp saklanan güllerden boglan, päkize çemen…
Birhaýukdan soň, oýlanyp boldumy nämemi, elindäki owadan çemene ýigrenç bilen seretdi-de, ony oturgyjyň gapdalyndaky çoýun zibildana oklap goýberdi.
Yzyna garamanam gitdi.
Zibildanda-da çog gyzyl çemen…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 349 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Düýş / hekaýa - 18.04.2023
Gara Deşik / nowella - 20.02.2023
Syzgyrlyk / hekaýat - 08.01.2023
Saçdaky ýumurtga bilen toşap / hekaýa - 12.04.2023
Растоптанные чувства / рассказ - 19.02.2023
Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 07.01.2023
Gulpak / gysgajyk hekaýa - 07.04.2023
Çoça / hekaýa - 04.01.2023
Hassa / hekaýa - 02.04.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Oran gyzykly hekaya

0
2 Gumlygelin  
8
Aşa apalanan gyzyl bägüller...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]