14:31

Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Çyn we ýalan

Durmuş bir pamyk bulut bolsa, hadysalar onuň übtüjekleri...

Çyn we ýalan

Ejesi aýtdy:
-Hiç haçan ýalan sözlemegin! Ýalançynyň temmisini Taňry berer.
Kakasy aýtdy:
-Hiç haçan şugullamagyn! Şugulçylyk ýaly ýigrenji häsiýet ýokdur.
Ertesi gün mekdepde arakesmä çykanlarynda, deň-duşlary bilen top oýnap ýörkä, olaryň biriniň depen pökgüsi penjirä degdi.
Aýna döwüldi.
Dergazap bolup gelen synp ýolbaşçysy:
-Kim aýnany döwdi?!-diýip, onuň üstüne heňkirdi.
Oglanjyk ýüzüni sallap, oýurgandy…
Aýtsaň-a şugulçy bolmaly.
Aýtmasaňam ýalançy…
Ol aýgyt bilen gözlerini göterdi-de:
-Men döwdüm!-diýip, mert jogap gaýtardy.
Temmisini aldy, ýöne gynanmady.
Dogry baş alyp çykanyna buýsandy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 365 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Maña ýetmedik bagt / hekaýa - 07.05.2023
Syzgyrlyk / hekaýat - 08.01.2023
Oýnaş /hekaýa - 16.04.2023
Bazar / hekaýa - 15.02.2023
Ýazsam okarlarmyka? / hekaýa - 22.04.2023
Dogruçyl kazy/ hekaýa - 07.05.2023
Ýer yranmasy / hekaýa - 20.02.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Yrmak sungaty - 23.01.2023
Äkidilen / hekaýa - 11.05.2023
Elhenç / hekaýa - 10.04.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 jumagylyjovao  
88
Ahyry çagalar üçin ýazylanlara-da ýetdik. Sag boluň!

0
2 Bagabat  
43
Size-de sag boluň. Üns berip okaýanyňyza minnetdar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]