17:07 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Ýylgyryş | |
...-Yrzalaşyp bir gal, gelneje! Sogrulyp barýar!-diýdi-de, lukman dälizden gartaşan zenany demini sanap ýatan hassanyň ýanyna çagyrdy. Aýaklaryny saňňyl-saňňyl etdirip zenan, syrkawyň ýatyş sekisiniň gapdalyndaky oturgyja mejalsyz göwresini goýberdi. Saralyp-saralyp, derisi köne kagyza dönen arryjak elini emaý bilen gysdy. Ýarym-ýaş bolup aglamaga-da maý ýok. Geplemäge-de mümkinçiligi… Bokurdagynda düwnük çişi dörändigi sebäpli, soňky iki aý bäri gepläbem bilmeýär… Ysgyny barka-ha, diýesi gelýänini kagyza çyrşap berýärdi welin, bu mahal-a oňa-da haly ýok… Diňe gözlerini balk-balk etdirip, şo-o-ol seredip ýatyr… Gorkam ýok, olar-da, ahmyr-armanam… Diňe mähirden püre-pür… Yrňyldap dur… Birdenem zenan özüniň gysymlaýan elinde nämedir bir zadyň bardygyny duýdy. Hassanyň aýasyny açdy. Sähelçejik kagyz bölejigi… Gyssanyp açdy-da, körmüş gözlerine golaýlatdy. Gözüni ümezledýän gözýaş perdesiniň aňyrsyndan kagyz bölejigine ýazylan ýazgyny daşyndan pyşyrdap okady: -Gözleriňde özümi görýän… Ýylgyrdy… Kyrk ýyl mundan ozal, ýaş gelinkä her gün işden gelende şeýle diýip degşerdi… Syrkawam ýylgyrdy… Jan berdi… Olary synlap duran lukman: “Ýylgyrybam ölüp bolýan ekeni” diýip, içinden geň galdy… | |
|
√ Gorkmagy öwrenmek / hekaýa - 07.04.2023 |
√ Köwüş, bagjyk, kaka / hekaýa - 29.04.2023 |
√ Kesişýän kysmatlar / hekaýa - 22.05.2023 |
√ Ýazylmadyk kitaplaryň ýerzemini / hekaýa - 18.04.2023 |
√ Растоптанные чувства / рассказ - 19.02.2023 |
√ Bu gezegem Alla kömek etdi / hekaýa - 11.05.2023 |
√ Gara Deşik / nowella - 20.02.2023 |
√ Saçdaky ýumurtga bilen toşap / hekaýa - 12.04.2023 |
√ Ýazsam okarlarmyka? / hekaýa - 22.04.2023 |
√ Kim nirde... / mini-kyssajyk - 29.04.2023 |
Teswirleriň ählisi: 13 | ||||||||||||||
| ||||||||||||||