17:06

Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Ýylylyk

Bolgusyz bir zat üçin käýýände, otuz ýaşan ogly: “Kaka! Etjegimi özüm bilerin! Indi menem oglan-oglanjyk däl!” diýdi welin, kükreginde nämedir bir zat şarpa üzülene dönäýdi…
Aýdara gep ýok.
Kimden görjek?!
Özüňdenmi?!
Wagtynda terbiýe berip bilmänligiň üçin, indi öz etiňi özüň iýjekmi?!
Peýdasy nä?!
Hudaýdanmy?!
Ony şeýlekin dikdüşdi, gödek edip ýaradanyna?!
Peýdasy nä?!
Ganyň bilen geçen zanny-ýasawyndanmy?!
“Geçireýin-geçirmäýin” diýip, saýlap-seçer ýaly eliňdäki zat dä, olam…
Öýden çykdy.
Mellekdäki üljäniň kölegesine geçdi.
Hiç kime görünmezlik üçin…
Ýüzüni sallap otyr.
Özem, howa yssy bolsa-da üşüdýär…
Ol-da “nerwi” diýilýän düşnüksiz hem bolgusyz bir zatdan bolmagy mümkin…
Elbetde, mundan müň esse beterem-ä bardyr welin, onda-da…
Şol beterleriň içinde, elli ýaşda çagaňdan göwnüň geçmekden Hudaý saklasyn!
Ýekesiredi.
Kimdir bir, hakyky ýakyn, mähriban, ýürekdeş biri bilen azda-kände derdinişip, göwnün-ä gemirýän, teninem ysytma tutýan dek üşütdirip saňňyldadýan ýalňyzlygyny egsesi geldi…
Kisesinden telefonyny çykardy-da, agasyna jaň etdi.
Gepleşdi.
“Gel-äý, bolmasa. Gümür-ýamyr ederis. Çaý içeris” diýip, küýseýändigini daşdan aýlabrak duýdurmaga çalyşdy…
Düşünmedi.
Ýa-da düşünesi gelmedi.
Ýa-da…
Baryp bilmejekdigini, görünmeli ýeriniň bardygyny aýtdy…
Hasam beter üşüdip ugrady…
Ýa-da perzent ezizliginiň bolmaýşy ýaly, dogan mähribanlygam ýokmuka, ýeriň ýüzünde…
Öz pikirindenem däl-de, şol pikiriň emele getirýän duýgusyndan howpurgady.
Üç mertebe toba etmäge gyssandy…
Daş edewersin!
Beýle zat bir bolmawersin!
Çyn bolsa-da ýalan bolawersin!...
Sebäp diýseň, şeýle bolmasa, galan zadyň ählisiniň bahasy gara jinnek…
Biraz oturdy-da, dostuna jaň etdi.
“Köpden bäri gelmeýärsiňem, aýlan-aý şumat bolmasa…” diýeninden, aňyrdaky iş-aladasynyň başyndan agdykdygyny sypaýyçylyk bilen ýanjap-ýanjap gaýtalady.
Çyndan çagyrylýanyna düşünmediksiredi.
Onuň çakylygynyň daşyndan jogapsyz aýlanyp geçibem, özüniň şu mahal hatda gepleşmäge-de eliniň degmeýändigini ýaňzytdy…
Hoşlaşmaga howlugyp goýdy…
Ýüzüni hasam beter sallap otyr…
Üşüdip galpyldamasam artýar.
Äňi-äňine degmän başlaýar…
Ýeke…
Hiç kime gerek däl ýaly…
Şol pille-de egnine köne penjegi atylýar.
Başdaşy...
-Yssam bolsa üşüdýän ýaly bolup göründiň...-diýip, onuň ýekeligini bozandygyna müýnürgäp, pessaý pyşyrdaýar...
Ýeke däl eken...
Endamy ýylap gidýär…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 398 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Bagana telpekli adam / Merdan dostumyň durmuşyndan - 11.05.2023
Altyn kündük niredekä? / hekaýa - 16.05.2023
Köpriň aşagynda kim ýaşaýar? / hekaýa - 08.04.2023
Gorkmagy öwrenmek / hekaýa - 07.04.2023
Mamatgeriý / abhaz ýazgylaryndan - 11.05.2023
Çepbeçöw gep / mini-kyssajyk - 29.04.2023
Iki ýüz / kliffhenger-kyssajyk - 25.04.2023
Kyn pursatlar / hekaýa - 13.04.2023
Ýüpek jiltge / hekaýa - 06.01.2023
Ümsümlik / mini-kyssajyk - 29.04.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]