13:24 Uçýarmyşym diýýärin... | |
UÇÝARMYŞYM DIÝÝÄRIN...
Birde gyzdyrýaryn, bir-de üşüdýän, Ir ertirden ne içýän, ne iýýärin. ...Meger basyrganýan, mümkin düýşümde, Men birdenkä uçýamyşym diýýärin... Galyp barýan, barha ýerden daşlaşyp, Şonda ýakynjakdan gördüm buludy. «...Hiç kim bilen bilmedimem hoşlaşyp...» Gol buladym, soň dem alyp uludan: «Meniň üçin indi bary tükendi...» Diýip, galagoply bakýan aşaga. Görsem, biri eli gara tüpeňli, Meni atjak bolup alýar nyşana... Gygyrmakçy bolýan, ýagşy-ýamandan bolanok. Oýamy, ymyzgandymmy? Onýança ýagyşam ýagyp başlady, Damjalarnyň beýle gyzgyndygyny! Gözüm açdym. Garaňky. Daň atara az galdymy? Gün ýaşdymy ýaňy ýa? ...Başymy sypalap, aglap oturan, Ejemiň gözýaşy ýüzüme damýar... Annamuhammet KIRŞEN. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||