02:40

Ýaşasyñ gelýar

Категория: Goşgular | Просмотров: 590 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 15
0
1 mango  
651
adaty Badahşan stili, dartgynly, gapma-garşylykly...
güýçli, gowy goşgy. haladym.
gaty ajaýyp, gaýtalanmajak setirleri kän.
1) ...ýaşasyň gelmegi we gün ÿaşanda seňem ýaşasyň gelmegi – gaty owadan tapyndy.
2) "her penjiräń nagyślanan sungatdyr"
3) "...yśk gämisi(niň) gark bol(magy)
4) "Yer ÿüzüne düşäp sözlerden güller..."
---
bäş ýyldyzy basdym.
ýaşa we döret.

0
2 mango  
651
Kä günler śeÿle bir söÿesiń gelÿär
yśka laÿyk, söÿgä sezwar kimiń bar!?
---
"sezwar" sezewarmyka?

0
3 Jumjume  
571
şu goşgyñyzy haladym Ibraýym aga!

Mango da sorapdyr,ony gaýtalap durmaýyn(sezwar)

"bu zatlań barysy ÿaman gümürtik," - "ýaman" sözine derek "şeýle" ya başga sinonim ulanmasañyz yaman sözi ynandyryjy däl. Edil öz sözüñizi özüniz ýañsylaýan ýaly...

Galamyñyz ýiti bolsun!

0
4 mango  
651
Sezewar (p. Seza:wa:r) سزاوار – 1) layyk, yaraşykly, mynasyp; 2) duçar; sezewar bolmak – 1) mynasyp bolmak; 2) duçar bolmak, uçramak.
häzirki zaman türkmenistanlylar "sezewary" diňe "duçar bolmak" manysynda ulanýar öýdýän. asyl onuň "mynasyp, laýyk" manylaram bar eken.
ýa ulanylýamy "sezewar" "mynasyp" manysynda?

0
11 ibrahimbadakhshan  
694
Sezewar (laÿyk, mynasyp manyda) dogry. Barlanyñyz üçin köp sag boluñ! Bu sözüñ aÿdylšy diÿalektlerde tapawutly bolup biler, kakam pahyr "sezwar" diÿerdi, šondan meniñ añymda galan bolmaly, bu mesragda-da sezwar šygyryñ heñinde gowy oturypdyr. Bellikleriñ üçin sag bol Mañgo!

0
5 mango  
651
osmanlyjada bizdäki "duçar bolmak" ulanylanogam ýalyla?:
sezavar / sezâvar / سزاوار
Münâsib, uygun, lâyık, şâyân. (Farsça)
Layık, yaraşır. (Farsça)

0
6 Nowgül  
371
Ajaýyp goşgy. Gaýtalap gaýtalap okasaňam ýenede okasyň gelip dur. Elleriňe güller bitsin!

0
7 Arzyman  
418
Goşgyň ady «Ýaşasyň gelýär» bolsa-da, okaňsoň, ölesiň gelýän eken. Öňem-ä adam pahyryň umydy möýüň kerebine söýenip dur weli, şular ýaly agyr ruhly setirlerden soň, öňküden beter çalajan edip goýýar-da.

0
8 Garaýolly  
27
Badahşanynyň "Käteler şeýle bir ýaşasyň gelýär" diýip başlanýan goşgysy ynsan psihologiýasynyň durmuş-ýaşaýyş baradaky uly sarsgynly beýanyny berip bilipdir. Badahşany şygryň formasyna erkinlik berse-de, onuň mazmunyny many taýdan berçinleýär. Şeýleki, mazmundaky biri-birine garşy durýan çaknyşmalaryň teswirini şygryň akymynda uýgunlaşdyryp goýber. Bu usul şygryň awtory bolan Badahşanynyň ussatlygyndan habar berýär. Umuman, şahyryň beýleki goşgylarynda-da inçelik bilen pikir ýöredilişine haýran galýaň we şygarlaryny gaýta-gaýta okamaga meýilli bolýaň.

0
9 Garaýolly  
27
***uýgunlaşdyryp goýberýär***

0
10 ibrahimbadakhshan  
694
Baryñyzy Tañry ÿalkasyn!

0
12 Mähriban  
607
Käteler şeýle bir ýaşasyñ gelýär,
Ýüz ýaşam göwnüñe az boljak ýaly
käte-de ýaşamak oýunjak ýaly
gün ýaşanda señem ýaşasyñ gelýär.
ölesiñ gelýär...

0
13 Gumlygelin  
8
Ybraýym aga! Bu goşgyñyzy öz okamagñyzda diñledim. Tüweleme!!!

0
14 Gumlygelin  
8
Diñe bir gezek diñlãp oñmadym. Ses ýazgyñyz maña gowşany bãri gaýtalap-gaýtalap diñleýän. Öz okamagñyzda goşgyñ täsiri has-da güýçlenýãn ýaly. Ömrüñiz uzak bolsun Ybraýym aga!

0
15 ibrahimbadakhshan  
694
Tañry ýalkasyn, Başyñyz sag bolsun!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]