14:12

"Ýewgeniý Oneginden" parçalar

• TATÝANANYÑ ONEGINE HATY

Men size ýazýaryn - dagy nädeýin?
Siz alyp gitdiñiz erkimiñ baryn.
Şondan başga ýene näme aýdaýyn?
Ýigrenseñem indi öz ygtyýaryñ.
Sizde sähelçejik meniñ bu lagşan
Täleýime rehim bolsa-da eger-de,
Meni taşlap gitmezdiñiz bu ýerde.
Ynanyñ, siz: özümiñ bu perişan
Günämi gizlemek hyýalym bardy.
Size asla duýdurmazdym hiç zady
Bolsady daýançdan çala bir nyşan,
Goý, az bolsun, goý hepdede bir gezek
Obamyza gelseñ, ynjalar ýürek,
Sesiñiz eşitsem, özüñiz görsem,
Siziñ gaşyñyzda birje söz aýdyp,
Gijeler-gündizler pikir öwürsem.
Ýöne size garasöýmez diýýäler,
Bu çol obada bolar hasam kyn,
Üstesine hormat etsek-de näler,
Artyk zadymyz ýok ilden aýratyn.
Geldiñiz öýmüze nä maksat bilen?
Gelmedik bolsañyz, bir mahal ýatdan
Çykarlan bu çola obamyzda men
Halas bordum bu jebirli azapdan.
Wagty geler, bu kalbymy haýhatdan
Köşeşdirip (ýöne, nä bileýin-dä?)
Tapardym öz ýüregimiñ halanyn,
Mähriban enesi körpe çaganyñ
Wepaly ýar bordum başga bir bendä.
Bagyşlañ!.. Bu ýagty dünýäde, belkem,
Hiç kime bermezdim öz ygtyýarym!
Bu meniñ ozaldan ýazgydym eken,
Bu Allanyñ emri: men seniñ ýaryñ...
Ýalñyz seniñ wysalyna wepaly
Meniñ bütin ömrüm, jigerim-janym
Sen maña Tanrynyñ bagş eden paýy,
Sensiñ tä ölinçäm hökmürowanym...
Şol gije düýşüme girenim sensiñ,
Şonda maña mähir bilen garapdyñ,
Jady bilen erkim dañyp, sarapdyñ
Eşitdim ahyry şonda señ sesiñ,
Bu öñräkdi... Ýok, ýok düýşüm däl!
Duýdum, tanadym men ýañy giren dessiñe,
Doñup galdym gelebilmän essime,
Hyýalymda: Ine, hut özi! diýdim,
Ýalanmy eşdenim aýdan zatlaryñ:
Çola ýerde maña gürrüñ berýäkäñ,
Bir garyba kömek edýän wagtlarym,
Kalbymyñ gowgaly harasatlaryn.
Seni baryp okap köşeşdirýäkäm?
Şol mahal gowşaşan pursaty salym,
Sen dälmidiñ, eýsem mähriban salgym,
Aý aýdyñ gijede ýuwaşja ädip,
Başujymdan meniñ ýanyma gelen?
Sen dälmiñ kalbymyñ daýanjy bolan,
Şol mylaýym söýgi sözlerin aýdyp?
Kim sen, ykbalymyñ perişdesimiñ,
Ýa mekir melgunmym, nämedi kesbiñ;
Gel çözüp ber şübhelermiñ düwnüni,
Belki bular hakykatdan daşdadyr,
Ýöne aldap ýörendirin göwnümi!
Mañlaýyma ýazlan düýpden başgadyr...
Her näme bolsa-da, çytman gaşymy,
Ykbalym ynanyp, saña el berýän.
Señ öñüñde döke-döke ýaşymy,
Sen penala diýip saña ýalbarýan.
Oýlanyp gör özüñ: Men munda ýeke,
Düşünmeýär maña töwerek-daşym,
Aklyny aldyran bu naçar başym,
Ölmeli sedasyz gam çeke-çeke.
Saña garaşýaryn: Gelip kä halat,
Tapdan düşen umydymy daýandyr,
Ýa agyr ukudan meni oýandyr,
Sowuk nazar bilen berip gyjalat!
Gutarýan! Täzeden okamak ne kyn...
Ýürek galpyldysyn zordan saklaýan...
Ýöne señ namysyñ bar zatdan ýakyn,
Özümi şoñ gujagyna oklaýan...

• ONEGINIÑ TATÝANA HATY

Duýýaryn: ynjydar, iñkise goýup
Bu gussaly syrlarymyñ beýany.
Nähili ýigrenji hem kinaýany
Buýsançly gözlerñiz döreder, haýyp!
Isleýänim näme? kalbymy açyp,
Serýän öñüñizde nä maksat bilen?
Belki sebäp bolýandyryn gör niçik,
Şeýdip ine, ajy gülkiñize men!
Bir mahal tötänden duşañda haýyp,
Sizde näzikligiñ uçgunyn duýup,
Şoña ynanmaga bolmandy miltim:
Şirin endiklerme bermändim ýoly,
Gorap saklamakdy ýigrençden doly
Erkinligmi ol mahallar niýetim.
Bizi aýra saldy başga-da bir zat...
Garabagt Lenskiý bolupdy gurban...
Ýüregime ýakyn zatlardan şo bat
Ýüregimi sogrup aýrypdym, arman.
Hemmelere ýat men, hemmä bigäne:
Ozalda erkinlik, dynçlyk diýlen zat
Bagtdyr öýtdüm. Tañrym! Gör niçik azap
Çekdirdi ýalñyşlyk, ot berip jana.
Ýok, synlap görküñiz her minutsaýyn,
Yzyñyza düşüp ýörsem elmydam,
Gözlerñiziñ, dodagñyzyñ mylaýym
Ýylgyrşyny görse bu muştak didäm,
Size gulak asyp, ýürekden duýup
Gözeldigin kämil katdy-kamatyñ,
Ajy hesretleriñ içinde buýup,
Öçüp gitsem... ine şol eken bagtym!
Men bulardan mahrum: gaçyp takadym,
Selpäp ýörün seniñ üçin janserek.
Gymmatly her günüm, her bir sagadym
Gussalara sarp edýärin biderek
Sanagly günlermi men garabagyr,
Ol günler meñ üçin onsuzam agyr.
Ömrüm ölçeglidir bilýärin onam:
Ýöne uzar ýaly bu ömür salym,
Ir bilen turamda bolmaly ynam
Gündiz görjegime seniñ jemalyñ...
Gorkýaryn: bu perýat, bu nalam üçin
Gazaply gözüñiz görerin öýdüp,
Ýüzüm aljagñyzdan, diñlemesi kyn -
Agyr gyjalatly sözleri aýdyp.
Bilsediñiz elhenç zatdygyn örän
Yşgyñ teşneligin her bir dem saýyn
Çeke-çeke, ýene ganyñdan dörän
Tolkunlary köşetmegiñ her daýym.
Arzuwym şo, dyzyñyzy gujaklap,
Eñräp aýagñyza ýykylyp ýatsam,
Arzymy, ökünjim, ýürekde saklap.
Ýören zatlarymyñ baryn aýtsam.
Özümi ýasama görnüşe salyp,
Üýtgedip sesimi, ýylgyrdyp gözüm,
Asuda aýtmaly her aýdýan sözüm,
Her kime şadyýan görünjek bolup!..
Takdyrym şu boldy: özüme arman,
Erk edere indi ýok meniñ halym.
Ýüregime düwdüm: men öz ykbalym
Indi siziñ erkiñize tabşyrýan.

Terjime edenler: Mämmet SEÝIDOW, Anna KOWUSOW.

# "ÝEWGENIÝ ONEGIN" romanyndan bölekler.
("Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1974)
Категория: Goşgular | Просмотров: 439 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aleksandr Puşkin | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Deprem Ağıtı / Goşgular - 13.02.2023
Лиле Эфрон / Goşgular - 29.01.2023
«А и простор у нас татарским стрелам!..» / Goşgular - 09.02.2023
Janserek / Goşgular - 08.01.2023
«Тому, кто с верой и любовью…» / Goşgular - 04.01.2023
Söýginiň güýji / Goşgular - 07.01.2023
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem... / Goşgular - 06.01.2023
Алмаз / Goşgular - 09.02.2023
«Хорошо одному у окна!..» / Goşgular - 05.01.2023
Kalbyň ýaz, läläm / Goşgular - 01.01.2023

Teswirleriň ählisi: 7
-1
1 Orhideýa  
719
Ruslaryñ lirikasy... jogapsyz sõygi... nähili inçe.. hatda, amerikanlañ filmlerem bu eseri doly açyp bilmedik ýaly... Çünki, okanymdaky ýaly täsiri alyp bilmedim... Ýa, tuweleme, terjime edenler seni şeýle ruha salyp bilýärler..
Nahili kàmil edebiýatlar... nahili gowy terjimeler..
Söýgi, ynsan gatnaşyklary... ahmyr... bary kalbyñy yzarlap bilýär..

1
5 eatayew33  
761
@Orhideýa, şu gezek siz bilen hiç hili, asyl-asyl, hatda bir çümmüjegem ylalaşyp biljek däl. Terjime barada aýdanlaryňyz bilen.
Şeýle juda şowsuz, ýerine düşmedik terjimelerde has janyňy ýakýan zat — terjimeçileriň rus dilinden habarsyzlygy (ýa-da diňe olam däl) däl-de, terjime edýän eserleriniň asyl manysyndan habarsyzdyklary.
Tatýananyň hatynyňam esasy manysy, jemlemesi onuň ilkinji setirinde ýatyr. Siz teatr adamsy, şoň üçinem size uzyndan-uzyn teswir ýazyp, her bir zady hetjikläp oturmagyň geregi ýokmuka diýýän, şoň üçinem diňe şol setiri, has dogrusy, onuňam soňky bölegini düşündiräýeýin.
Оригинал:
"Я вам пишу — чего же боле?"
Manysy:
"Men size ýazýaryn — şundan aňyrda näme (nähili masgaraçylyk) bar?"
Terjimeçiler:
"Men size ýazýaryn — dagy nädeýin?".

Onsoňam, Puşkiniň bu haty Tatýana fransusça "ýazdyryp", soň ony aşakda snoskada terjime edip goýmagynyň manysam şondan gelip çykýar.

Bu terjimä edil şeýdip gödek goşulmasamam bolardy welin, oň ilki bilen-ä özi gaty gödek, galyberse-de, ol teatr institutlarynadyr studiýalaryna okuwa girmäge synanyşýan gyzlaryň aglabasynyň saýlap alýan synagy. Ýene-de "Почему люди не летают? Я говорю:"Почему люди не летают?" monolagam bar.

0
2 Sergezzan  
707
Bu zatlaryň bary söýgin jogapsyz galanda şeýle güycli. Garşylykly soygu bolanda beyle joşgun bolayanok

0
3 Sergezzan  
707
Sonyada edil peri yaly gözeldi, ol hamana adam nesilinden dal'de, perişde yalydy. Tebigat oňa ruhy gözellikleri dal'de, daşky gözellikleri beripdir. Men ony mizde soysem hem, ol buny duymady. Ana şondan soň men soyip soyulmezligiň beter manysyz zatdygna dushnip galdym

0
4 Sergezzan  
707
Freud dade aytmayarmy name "soygu yok, libido bar"

-1
6 Orhideýa  
719
@eatayew33, belki, ylalaşmarsyñyz- bolup biler. Gönümel teatr adamsy bolamsoñ, obrazlar boýunça analize gidaýýän..
"Men size ýazýaryn- dagy nàdeýin?"
Heý, mundan başga" nähili masgaraçylyk" bolup biler.
"Siz alyp gitdiñiz erkimiñ baryn.
Şondan başga ýene näme aýdaýyn?"
Asylly bir terbiýede önüp-ösen gyz maşgala üçin, öýüne myhman bolup giden ýigide ilkinji bolup sõýgüden söz açmak... Onda- da, nähili kabul ediljegi näbelli ýagdaýdaky ahwal.. bu duýgyny mundan arassa nähili beýan edip bolar..? Sähel söz gyşarsa, başgaça äheñe geçjek bolup dur..
Bu tüýs türkmençe perewod ýaly gõwnüme... mundan başga
"masgaraçylyk, utanç.." ýaly artykmaç sõzler gerek dàl ýaly..(Galanyny, aktrisa... duýgy bn doldurmaly-da..)
Galyberse- de, dogry aýdaýañyz, teatral synaglarda gabat gelýàn monolog... Şolañ biri hiiç hakydamdan gidenok.. Rus mekdepde okan bir talyp gyz giriş synaga bu monology rusça okapdy. Ol gyz okuwyny tamamlanda, bu eseri türkmençe aýdyp berdi. Gaty haladym. Çünki, Tatýananyñ ejirli duýgularyny berip bildi..

0
7 Orhideýa  
719
Emma, siz bilen bir zatda ylalaşýan - Oneginiñ haty- biraz şowsuzrak... yogsa, onuñam "toba" gelýan duýgulary bolmaly o setirler... täsiri azrak..

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]