01:44

Ýumurtga ýaran ýylan

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 692 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Tirkiş Jumageldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 171 2 »
0
1 syrlywakalar  
510
Gyzykly ýöne okamana ýaltanýan

0
2 syrlywakalar  
510
biggrin Ýetmesin bular ýaly zada aklym

0
3 Hаwеrаn  
245
@Gorkut, makalany okap pikiriñi ýazan bolsañ derekli iş etdigiñ bolardy..

0
4 Hаwеrаn  
245
@Gökböri gardaş, şuny özûmem aýdypdym, başga bir gowy yazyjymyzam aydypdy "Tirkiş Jumageldiniñ eserlerini doly okasañyz ony Çingiz Aytmatowdan pesde görmersiñiz" diyp..

0
5 Hаwеrаn  
245
Şoñ ü.n kesgitlemäñe doly goşulýaryn.

0
6 syrlywakalar  
510
Gorkut gülmeli ýerinde eliñi galdyr netijede meniñ üstümden güljek bolýañ...
Gorkut dostum ilki bilen sen meni tanañok, we meniñ aklymda näme geçýänini hem bileñok. Men seniñ şahsyýetiñe ýeten söz diýmedim. Men özem seniñ diyjek bolan zadyña düşündim şo sebäpli saña hiç zat diymän ýene özimden tutdum. Soñ sen ýene diýýän diyip göze sokýañ. Men jedele delilleri bilen girip bilýän adamlary söýýän we şolaryñ subutnamalaryny janygşyny göresim gelýär. Sen bolsa 2 agyz söziñ bilen meniñ üstümden güljek bolýañ. Ýene özüñkini dogry edersiñ sebäbi hakykady boýun almak añsat däl. Ýöne şu gezek meñ teswirimi we öz teswiriñi gowja oka. Sen komplimasiya diýip Hanture bilen meni garyşdyrýañ. Tanaman beýdiýip gürleme dost. Galanam düşünişiñe bagly.

0
7 Şirhan  
49
@Gökböri, @Haweran, pikiriňize goşulamok. Tirkiş Jumageldi- Türkmen edebiýatynyň Tirkiş Jumageldisi. Oňa şundan başga ölçeg gerek dälmikä diýýän.Tirkiş aga edebiýat taryhyna "Türkmen edebiýatynyň pylanysy"-diýip başga adamyň ady bilen baglanyşykly dälde, ýokarda aýdyşym ýaly öz ady bilen girmäge mynasyp ahyryn.

0
8 Hаwеrаn  
245
@syrlywakalar, gayrat et, temada tema barada pikiriñi galdyrsana. Negözel temany zaýalaýañ...

0
10 syrlywakalar  
510
Tema hormat goýýan, ýöne ýeke soraga jogap beräýiñ, saña ýazamda uly edip jogap beripdiñä maña, öz janyña ýakanok ekenä.

0
9 Hаwеrаn  
245
@Şirjan, men ony Çingiz agamyza çalyşmadym. "Her gülüñ bir ysy bar". Tirkiş agamyzyñ Çingiz aga ýaly dünýä gülleriniñ biridigini aýtjak boldum smile

0
11 Hаwеrаn  
245
Deñsiz bilen duş bolsañ... diyleni boldy.

0
12 Atayew  
493
Soňky 150 ýylyň dowamynda türkmen edebiýatynda uly-uly işler edildi. Hususanda sowet eýýamynda köpsanly ýazyjylar, şahyrlar dürli derejeli eserleri bilen edebiýatymyzy baýlaşdyrdylar. Elbetde, her kim öz derejesine, ukybyna görä edebi miras galdyrdy. Olaryň köpüsi belli sebäplere görä köneldi, okalmadan galdy.
Ýazyjynyň gymmaty onuň döreden eserleriniň hili bilen ölçenýär. Indi şu geçen 150 ýylyň dowamynda türkmen edebiýatynda, esasan-da proza žanrynda Tirkiş Jumageldiden saldamly iş eden başga biri ýok. Bu mesele geljekde edebi tankyt tarapyndan seljerilmeli mesele. Edebiýat tankytçysy bolmasam-da, Tirkiş aganyň döredijiligine belet adam hökmünde käbir zatlary çekinmän aýdyp biljek.
18-nji asyr çarwa türkmenleriniň durmuşyny dogruçyl suratlandyrmakda "Gara ýyldyrym" ýaly psihologik romany,
Kolhoz gurluşygy ýyllarynyň tragediýasyny batyrgaýlyk bilen beýan edýän 'Janserek" romany,
Graždanlyk urşy ýyllarynyň çylşyrymly wakalaryna obýektiw baha berýän "Ömür dawasy" powesti,
Türkmen edebiýatynda ilkinji gezek ýazylan sýužet ýordumy bolmadyk "Daşrabat" romany,
Durmuş hakykatyny ýoýman, batyrgaýlyk bilen bolşy ýaly beýan edýän "Ýanan gelinler" powesti we başgalar.
Bular sowet imperiýasy döwründe, ideologiýanyň ýazyjylara çäklije mümkinçilik beren döwründe ýazyldy.

0
13 Atayew  
493
Urşuň yzynda galan gelinleriň pajygaly ykbalyndan söz açýan "Ömürzaýa" powesti aýratyn gürrüň edilmeli mesele. Tirkiş aga bu powestinde synpy garaýyşlaryň çäginden çykyp, meselä adamçylyk nukdaýnazaryndan garap, ýazyp bilenligi üçin beýikdir. Şeýle çemeleşme tutuş sowet ýazyjylarynyň bu temada ýazan eserlerine ýatdy. Adam ykbalyna ideologiýanyň penjiresinden däl-de, adamyň gözi bilen seretmek her kese başardýan zat däldi, Tirkiş aga şony başardy diýip arkaýyn aýtsa bolar.

0
14 Atayew  
493
Adatça, pýesalar, sahna eserleri höwessiz okalýar, ýa-da okalmaýar, diňe sahnada tomaşa edilýär. Tirkiş aganyň pýesalaryny edil şüweleňli belletristika okan ýaly hezil edip okap oturmaly. "Pygamberler nalasy", "Döwletýar beg", "Ruhuň tupany", "Kir güni", "Şagal mesligi", "Derdeser", "Harmandäli" ýaly onlarça pýesalary muňa mysal bolup biler.

0
15 Atayew  
493
Tirkiş Jumageldiýewiň "Kökler" atly kitaby 74 sany miniatýuradan ybarat. Ähmiýeti babatda her bir ylym adamsynyň alymlyk işinden pes bolmadyk bu kitaba mahabat gerek däl, ony diňe okap görmek ýeterlik.

0
16 Hаwеrаn  
245
Sag bol, Kakamyrat aga, ýerlikli ee teswirleriñiz ü.n

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]