09:48 Zenan | |
ZENAN
Goşgular
![]() Zenan diýmek - eneňdir, Ýary gije ýatandyr, Daň saz berse dogandyr, Aňzaklarda doňandyr, Hor - zar etmejek bolup, Gije - gündiz eňendir, Sebäbi, ol eneňdir. Zenan diýmek - uýaňdyr, Ýúzúň nury, tuwagy, Utanjaňdyr, haýaňdyr, Ýagşy günde begenjiň, Kyn günüňde söýäňdir, Saňa geljek belanyň, Öňüňdäki gaýaňdyr, Sebäbi, ol uýaňdyr. Zenan diýmek - ýaryňdyr, Ömürlik ýanýoldaşyň, Baýlygyňdyr, baryňdyr, Alawlaýan ojagyň, Namysyňdyr, aryňdyr, Keşgiňi deň çekişýän, Ýakyn howandaryňdyr, Sebäbi, ol ýaryňdyr. Zenan diýmek - gyzyňdyr, Teşne kalbyň gandyrjak, Aýdymyňdyr, sazyňdyr, Ömre şatlyk getirjek, Gül - gunçaly ýazyňdyr, Ogul bilen deň durjak, Dowamyňdyr, yzyňdyr, Sebäbi, ol gyzyňdyr. Zenan diýmek - dünýedir, Adamzada dowamdyr, Gelip - gidýän demiňdir, Sorup alýan howaňdyr, Zenan başy dik bolsa, Ýaşaýşa gúwäňdir. Ondan gymmat zat bolmaz, Tumaryňdyr, dogaňdyr. Çünki zenan - ýaryňdyr. Çünki zenan - gyzyňdyr. Çünki zenan - uýaňdyr. Çünki zenan - ENEŇDIR. Gurt NÄZLIÝEW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |