22:10 11-nji noýabr | |
11-nji NOÝABR
Taryhy makalalar
"Atasyny" elden giderende respublikamyz ýañy 15 ýaşyna ýeten ýigdekçedi! Döwletiñ her pudagynda diýen ýaly Atatürküñ ýitgisi bilen baglanyşykly respublikanyñ geljegi boýunça gabardylan endişeler orta çykdy: Atatürküñ birleşdiriji karizmatiki liderliginiñ goldanýan respublikanyñ sütünleri ýykylaýjakmyka? Aradan çykan badyna adatdan daşary howpsuzlyk çäreleri kabul edildi. Meselem: Goranmak ministrligi goşun bölümlerine ýazan hatynda "halkyñ aljyraññy ýagdaýyndan we harbylaryñ garnizonynda parahat ýatmasyndan peýdalanyp, käbir ýaramaz adamlaryñ ýakymsyzlyk döretmezliginiñ öñi alynmalydyr". Hawa, häkimiýet metjitde gözegçilik astyna alynardan has köp märekäniñ üýşmeginden çekinýändigi üçin jynaza namazynyñ okalmazlygyny isledi. Premýer-ministr Jelal Baýaryñ pikiriçe, jynaza namazynyñ metjitde okalmagy parz däl-de, parzy-kipaýady. Professor Mehmet Şerafetdin Ýalykaýadyr Dini işler ministri Mehmet Ryfat Börekçi-de şol pikire gol ýapýardy. Nämeler bolup geçýärdi? * * * 1938-nji ýylda Türkiýede adatdan daşary günler bolup geçdi: Türk goşuny Hataýa girdi... Dersim gozgalañy kyn basylyp ýatyryldy. Nazym Hikmet, Kemal Tahyr ýaly kommunistler "gozgalaña taýýarlanýar" diýip, döwlet agdarlyşygyny gurajak bolmakda aýyplanyp türmä atyldy. "Kimdir birileri" taýagy bilen Atatürkden soñky kemalist döwletine serenjam berýärmidi? "Akýagyz türkleriñ uly syry. Hojaýyn" (“Beyaz Türklerin Büyük Sırrı: Efendi”) kitabymda ýazypdym: "Atatürkden soñky Ismet Inönüniñ nähili prezident bolandygy hakda kanagatlandyryjy işler ýok. Birgiden pöwhe edebiýat bar! Bir ýyl öñ, 1937-nji ýylyñ 1-nji noýabrynda Atatürk tarapyndan premýer-ministrlikden çetleşdirilen Inönü bir ýyldan soñ nädip "guýudan" çykaryldy? Bu boýunça berilen ýeke düşündiriş "Türk Ýaragly Güýçleri we serkerdebaşysy marşal Fewzi Çakmak Ismet Inönüniñ prezident bolmagyny isledi" diýlen görnüşdedir. Muña goşulan ýene bir jümle bolsa "Başga adam ýokdy" diýen sözdür. Bu size ynandyryjymy? Atatürküñ premýer-ministr wezipesine laýyk görmedik birini Türk goşuny nädip Çankaýa köşgüne oturtdy? Üstesine Atatürküñ ýakyn egindeşler gurşawyna ýakyn egindeşlerine garamazdan! Mälim bolşy ýaly, bu gurşaw Inönüni hiç halamaýardy..." * * * Kitapdan dowam edeýin: "Harbylary aýaga galdyran şahs Stambuldaky Birinji goşun birikmesiniñ serkerdesi Fahretdin Altaýdy. Paşa Baş Dolandyryş Ştabynyñ başlygynyñ orunbasary general Asym Gündüze "prezidentiñ kim boljagyny sorap, goşunyñ bu boýunça tarap tutmajagyny" öwrenensoñ, şobada herekete geçip, Birinji goşun birikmesiniñ goşun bölümleriniñ başlyklary we polk serkerdeleri bilen ýygnak geçirip, kandidatlarynyñ Inönüdigini Asym Gündüze we beýleki serkerdelere mälim etdi. Garaşsyzlyk urşunyñ görnükli serkerdelerinden general Fahretdin Altaýyñ goşun bölümleriniñ arasynda abraýy uludy. Marşal Fewzi Çakmak general Altaýyñ "lobbi gurandygyny" bildi we goşunyñ gelen kararyna eýerjekdigini aýtdy..." RHP-niñ partiýa topary prezidentlige hödürleýän adamyny kesgitlemek üçin 1938-nji ýylyñ 11-nji noýabrynda Ankarada sagat 09:30-da gyssagly toplandy. Sagat 11:00-da geçirilen gizlin ses berişlikde Inönü 322 ses alyp prezidentlige saýlandy... Resmi taryhyñ belleýşi ýaly, kemalist rewolýusiýalaryñ nähili dowam etdiriljekdigi we respublikanyñ öñki ýolunda ynamly ädimler bilen öñe gitjekdigini içerki we daşarky jemgyýetçilige mälim edildi. Iki çepçi - Içeri işler ministri Şükrü Kaýa we Daşary işler ministri Tewfik Rüştü Aras ýaly Atatürküñ ýakyn egindeşleri wezipeden çetleşdirildi. Kemalist rewolýusiýalara aradaşlyk saklaýan Kazym Karabekir ýalylara wezipe paýlandy. Şol sanda Inönü prezident boldy welin, jynaza namazy problemasy-da çözüldi! Jynaza namazyna gatnaşýan batalýona serkerdelik etjek Fahretdin Altaý Jelal Baýara berk garşylyk berdi: "Gorkar ýaly zat bolar öýdemok. Bu, däbe öwrülen dini wejibe ahyryn. Jynaza namazy okalmasa, bu halk elli ýyldan, ýüz ýyldan soñam mazardan çykaryp namazyny okar!" Netijede Dolmabahçede sagat 08:10-da jynaza namazy okaldy. Çünki režim indi howpsuz ýagdaýdady! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |