21:19 1911-nji ýylda "Mona Liza" portreti ogurlanýar, esasy şübhelenilýänem Pablo Pikasso | |
1911-nji ÝYLDA "MONA LIZA" PORTRETI OGURLANÝAR, ESASY ŞÜBHELENILÝÄNEM PABLO PIKASSO
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
1911-nji ýylyñ 21-nji awgustynyñ ir säherinde Luwr muzeýinde hereketlilik bardy. Nädip alanam bolsa, kimdir birileri ähli goragy aşyp we 200 kilogramlyk çarçuwany aşak düşürip, "Mona Liza" portretini ogurlapdy. Ogrular suraty odeala dolap, soñam arkaýynlykda "Quai d'Orsay" otly duralgasyna gidipdiler. Hadysanyñ jikme-jikliklerine girmezden öñ suratyñ nämüçin şular ýaly gymmatlydygyna seretmek gerek. • Leonardo da Winçiniñ naýbaşy eseri: "Mona Liza" Leonardo da Winçi başlan birnäçe suratyny maddy kynçylyklar zerarly soñlap bilenokdy. 1503-nji ýylda başlan we bize "Mona Liza" ady bilen mälim eseriñ tamamlanmagy bolsa dört ýyl çemesi wagta çekdi. Sungatyñ taryhyny öwrenijiler suratdaky adamyñ Françesko del Jokondonyñ aýaly Jokondadygyny öñe sürýärler. Umuman alanda oñlanylan bu pikir bilen bir hatarda başga-da san-sajaksyz teoriýalaryñ bardygyny aýtmak gerek. Hatda suratdaky kişiniñ Leonardo da Winçiniñ özüdigini öñe sürýän pikirlerem soñky ýyllarda artýar. Bu eser boýunça ýene bir gyzykly maglumat: suratda tebigatyñ we janly-jandarlaryñ ýörite derejelerine görä hasaplanandygy çaklanýan "Altyn dereje" tilsiminiñ ulanylmagydyr. Leonardo da Winçiniñ esere 1503-nji ýylda başlap 1506-njy ýylda tamamlandygy öñe sürülse-de, käbir sungatyñ taryhyny öwrenijiler bu senäniñ ýalñyşdygyny aýdýar. Olaryñ pikiriçe Leonardo da Winçi esere 1513-nji ýylda başlap 1518-nji ýylda tamamlapdyr. Giorgio Wasari 1550-nji ýylda suraty gözi bilen görendigini we eseriñ heniz çekilip gutarylmandygyny aýdýar. Üstesine onuñ aýdýan "Mona Lizasynyñ" Luwr muzeýindäki surat bilen baglanyşykly ýeriniñ bolmazlygy bu suratyñ iki sany bolandygy hakyndaky çaklamanyñam orta çykmagyna sebäp bolýar: "Mona Liza" eserini gördüm, gülgüne tenli, gözleri azajyk nemli, enaýy ýylgyryşy bardy, gaşdyr kirpikleri mese-mälim bildirip durdy." Luwr muzeýinde saklanýan suratda gaş-kirpik ýok diýen ýaly. Diýmek, Leonardo da Winçiniñ bu suratdan iki sanysyny çeken bolmagy ahmaldy. Çaklamalara sebäp bolan ikinji suratyñ "Isleworth Mona Lisa"-dygy («Айзелуортская Мона Лиза») aýdylýar. "Isleworth Mona Lisa"-ny, ýagny, 300 ýyllap tapylman gelýän ikinji suraty 1918-nji ýylda baý amerikan kolleksioneri Genri Pulitser tapýar. Ol aradan çykansoñ ýakynlary suraty şweýsar bankyndaky kassada 2008-nji ýyla çenli gizläp saklaýar. 2008-nji ýylda baý işewürlerden düzülen konsorsium bu suraty satyn alýar we hakykylygyny barlamak üçin ýörite fond gurulýar. Barlagyñ netijeleri ýokary ähtimallykda suraty Leonardo da Winçiniñ galamyna degişli hasaplaýar we aýdylşy ýaly "Isleworth Mona Lisa" ikinji suratdyr. Bilnişi ýaly Leonardo da Winçiniñ ölüminden soñ Menzi birinji suraty fransuz korolyna satýar. Surat 1797-nji ýyla çenli Wersal köşgüni bezeýär. Fransuz rewolýusiýasyndan soñam Luwr muzeýine tabşyrylýar. • Fransuz ýolbaşçylar: Galareýadaky surat şol meşhur suratyñ özem däldi" 1911-nji ýylyñ ogurlyk wakasyna dolanyp geler bolsak, jogapkär ýolbaşçylar hakykat orta çykan wagty sözüñ doly manysynda samsyklap, samramaga durdular. Bütin Fransiýa üçin uly masgaraçylyk bolan bu wakany degişli ýolbaşçylar doly geleñsizlik halynda mälim etdi. Suratyñ ogurlanmagynyñ gereginden artyk çişirilýändigini öñe sürüp, galareýadaky iñ meşhur suratyñam aslynda ýokdugyny aýtdylar. Gaýtam bu çykyş dawanyñ hasam ulalmagyna sebäp boldy. Üç ogry çeññek, ýüp we odeal ulanyp, dünýäniñ iñ ygtybarly ýerinden iñ ajaýyp eseri muña jogapkär bütin işgärleriñ gözüniñ öñünde ogurlapdy. Jümle-jahana ýüzügara bolan degişli fransuz ýolbaşçylaryñ derñew işini ýöredişleri-de azyndan hadysanyñ özi ýaly masgaraçylykly ahwala bürendi. Suraty ogurlamakda güman edilýän birinji adam dünýäniñ iñ meşhur suratkeşlerinden Pablo Pikassody. Şübhelenilýäniñ oturgyjynda oturdylmagynyñ sebäbi bolsa, ondan öñ satyn alan iki heýkeli boýunça derñew işiniñ açylmagydy. Pablo Pikasso aýyplamalary inkär etdi we ogurlyga dahylly ýeriniñ ýokdugyny aýtdy. Belki-de biziñ günlerimizde "Mona Lizanyñ" şular ýaly meşhur bolmagynyñ sebäbi şeýle añsat ogurlanmagy we Pikassonyñ şübhelilýän hökmünde soraga çekilmegidi. Talañçylygyñ dawasy gün geçdigiçe tutuş ýurdq ýaýrady. Suraty tapmak üçin ýüze golaý ýörite detektiw gözleg işini geçirmäge başlady. Pikassonyñ günäsizdigi belli bolansoñ, fransuz jemgyýetçiliginiñ gazaby amerikanlara gönükdi, çünki birnäçe eseri baý kolleksionerler bikanun ýollar arkaly satyn alýardy. Beýleki bir tarapdan dünýä kem-kemden uly jahan urşuna bakan iterilýärdi we gazetler her gün nemesler hakynda täze komplimasiýa teoriýalaryny orta atýardy. Bularyñ birinde nemesleriñ fransuzlary masgaralamak üçin suraty ogurlandygy öñe sürülýärdi, köpçüligem bu teoriýa güpbe ynanýardy. Muzeý täzeden işe başlanda diýseñ täsin surat bilen garşylaşyldy. Müñlerçe raýat "Mona Liza" suratynyñ boş ramkasyna (çarçuwasyna) seretmek üçin topbak-topbak bolup Luwr muzeýine gelýärdi. Hakyky ogrular bolsa üç italýandy. Olaryñ ikisi doganlar Winçenso we Mişel Lançelotti hem-de olaryñ öñbaşçysy Winçenso Peruja. Olar Luwrda "Mona Liza"-dan söküp aýran aýna gutularyñ birmeñzeşini dakmak üçin birkemsiz taýynlyk gören ussat ogrulardy. Suraty ogurlamagyñ tutarygy bolsa diýseñ täsindi. Ogrularyñ pikiriçe italýan eseri bolan "Mona Liza" suraty fransuzlar tarapyndan ogurlanan eserdi we ol watanyna dolanmalydy. Ogrular suraty bir italiýala satmagy meýilleşdirýärdiler, emma dawa şeýle bir ula gitdi welin, olaram näme etjeklerini bilmän galdylar. Surat birnäçe aýlap Parižiñ arzan bahaly pansionatlarynyñ birinde kerepläp ýatan sandygyñ içinde Peruja tarapyndan gizlendi. Ogry Peruja ähli bolup geçen galmagallara garamazdan yza ädim ätmedi. Ol suraty 28 aýlap saklamagy başardy we ahyrynda ony satyn almaga italiýaly kolleksionerleriñ birini tapdy. Emma polisiýa muny nirden we nädip eşidenem bolsa bildi. Peruja ele salynanda, hakyky ogrynyñ Napoleondygyny we suraty fransuzlaryñ ogurlandygyny aýtdy. Ol özüniñ suraty watanyna aşyryp biljek italýan kolleksionerine satmaga synanyşan watansöýüjidigini öñe sürdi. "Mona Liza" suraty 28 aýdan soñ muzeýdäki öñki duran ýerine ýerleşdirildi. Peruja bolsa tussag edildi, emma bütin dünýäniñ ünsüni çeken bu ogry bary-ýogy sekiz aý azatlykdan mahrum edildi. Surat öñki ýerine ýerleşdirilenden soñ kän wagt geçmänkä Birinji jahan urşy başlandy we hadysa basym ýatdan çykyp gitdi. Mehmet Mazlum ÇELIK, celikmehmedmazlum@gmail.com 26.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||