16:59 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Her goşgyňda ýazýarsyň «Söýýän – diýip – Watany!» Emma weli ýeke özi, undupsyň-la ataňy. Ataň hudaý dälmidir, öýkeletdiň hudany, Indi seniň özüň aýt, kim düzeder hataňy?! 11. 11. 2013. * * * Göräýmäge, sözler, sözlemler dury, Ýöne täsiri ýok, nämüçin gury? Mahal-mahal diňle senem böwrüňi Eziz dostum şahyr Allaýar Çüri! 07.12.2013. Biriniň edenin biri bilenok, Sopy ahwalyny piri bilenok. Töwellaçy diýip iberenimiz Älhepus, töwellaň dilin bilenok. 22.12.13. * * * Magtymguly, Omar Haýýam, Nowaýy... Diýjekler bar: «Bulaň bary howaýy». Eli galam tutan redaktirläp ýör, Olar bolsa gülüp otyr kinaýy. * * * Okamaly zat kän, ýazmaly zat kän, Söhbetdeş bolmaly ýakyn kän, ýat kän. Hiç kesiň gujagna sygmaýar dünýä, Kime sary Ezraýylyň nazary?! 23.12.13. * * * Äri ölüp, galsa hatyn dullukda, Niçik geçer haly agyr günlükde. Näme diýjek ýetim galan erkege, Öýlenip bilmese hatyn bollukda?! 28.12.13. * * * Gulak diýip bardym, gözüňden – diýdi. Dyrnak diýip bardym, dyzyňdan – diýdi. Hem gözümden, hem dyzymdan galyp men, Indem hiç müýnsüz «Özüňden» – diýdi. * * * Ýoldaşlar gidipdir, dostlar gidipdir, Ýagşylar gidipdir, mesler gidipdir. Gidipdir, gidipdir, gidipdir köp zat, Beýikler gidipdir, pesler gidipdir... 28.12.2013. Öz-özüňden dowul almak gowy däl, Herki zada ýorsaň, onuň ýowy kän. Görogly it urşy, wellemşahy bar, Köne duşman warryk dostdan gowy kän. * * * Allanäme, şaýol çekip berdiler, Bag-bossana bezäp ekip berdiler. Ýaşaýan ýerimiz bäş ädim ýany, Nebir köçämizi söküp berdiler. * * * Ýaşap ýördük üstümizden ýol düşdi, Adam bary ojak bilen hoşlaşdy. Keteginden jyda düşen enäniň Ah-perýady gelip ýüregmi deşdi. 02.01. 2014. * * * Hudaý görkezmesin, belasy kändir, Syndyraýyn diýse, galasy kändir. Öz-özünde goçak diýip ýörse-de. Şeýtanpisint hile, alasy kändir. 03.01.2014. * * * Aýşy-eşretleriň goýup gitmeli. Ajy hasratlardan doýup gitmeli. Hezil eken bu dünýäniň gurluşy, Ýöne weli bir zat: – Haýp, gitmeli... 17.01.2014. Ulag gurat gerek süren halatyň, Ol elmydam seniň uçar ganatyň. Ömürboýy Gyrat münen Görogly Haýran galmyş uçup ýören halatym. 03. 02. 2014. Kim gaýkyny, kim küýküni halaýar, Durmuş weli ikisinem dalaýar. Gaýkyny halanam, küýki halanam, Barybir soň ykbalyndan nalaýar. 18.03.2014. * * * Biri bir owurtda bolup dur gülki, Biri maýmyn, şagal, birisi tilki... Adamyň sen ýagysymy, dostumy, Bilmedim, adamyň özüsiň, belki... 24.03.2014. * * * Zulum kylanlaryň soňy weýrandyr, Adam ogly muňa akly haýrandyr. Eý, sen gylyjyndan gan damýan heýhat, Ýoluň çapgyýassygyna seýrandyr. * * * Saýlap aldy betbagtlyk ýoluny, Çykartdy mazardan ýatan ölini. Öňden köýüp galan ary bar ýaly, Haý diýmeseň gyrjak adam dölüni. * * * Ynanmaryn garrylygy öwene, Sataşmadym munda bagty çüwene. Agzyny hatap deý açan aždarha Hem deňedim çölde gaplaň awuna. 25.03.2014. * * * Kimler ärden gelýär, kim äre barýar. Kim çäreden gelýär, kim çäre barýar. Kimiň eli jübüsinde kimleriň, Kimler törden gelýär, kim töre barýar. 15.04.2014 * * * Gyzykly dünýäniň gyzygyn gördüm, Çyzykly dünýäniň çyzygyn gördüm. Elinde gamçysy çapyp barýanyň, Bedewiň üstünde gözgyny gördüm. 19.04.14. * * * Görene göz, eşidene gulakdyr, Eden işleriniň bary palakdyr. Altyn käse, altyn çemçe, altyn jam... Indi onuň iýejegi ýalakdyr. 04.05.14. * * * Pul babatda köp bolandyr azarym, Döwük ýatyr pul gazanan azalym. Iňňe bilen guýy gazana döndüm, Şahyr, kime gerek seniň gazalyň?! 05.05.14. * * * Her aýdan sözüňi biri nep biler, Şerhaýalar, bilseň muny, gep biler. Hasrat gördüm bigadyryň andynda. Ata-baba ojagyňy depgilär. 14.05.14. | |
|
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Her döwür - bir döwür / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |