21:50 ''Ak öýli'' ㅡ ýaşlar harby birleşmesi | |
''AK ÖÝLI'' ㅡ ÝAŞLAR HARBY BIRLEŞMESI
Taryhy makalalar
Daşdan gelýän çozuşlaryñ, howplaryñ, hüjümleriñ dynywsyzlygy türkmenleri harby guramaçylyga köp üns bermäge mejbur edipdir. Hut şonuñ üçinem ähli erkek göbekli adamlary ýaş aýratynlygy boýunça böleklere bölüpdirler. Her bölegiñ hem öz degişli ady bar: Bäbek ㅡ bir ýaşa çenli; çaga ㅡ 1-6 ýaş; Oglan ㅡ 7-12 ýaş; ýetginjek ㅡ 12-18 ýaş; jahyl ㅡ 18-24 ýaş; Ýigit ㅡ 25-40 ýaş; orta ýaş ㅡ 40-60 ýaş; goja 60 ýaşdan añry. Oglan ýetginjek derejesine ýetýänçã sünnet däbinden geçmeli. Sebäbi sünnet edilen oglan hakyky erkek kişi hökmünde görülýär. Şondan soñ bu ýetginjek mal soýmaga we bilinde pyçakdyr gylyç götermäge ygtyýar berilýär. Ýetginjek mundan başga ýene bir däbi berjaý etmeli bolýar. Ýagny, onuñ ilkinji gezek at üstüne çykyşy, at münşi dabaraly bellenilýär. Oña baýramçylyk lybasyny geýdirýärler, bilinden bolsa gülbendi pyçagyny asýarlar. Bu dabara bir gezekde obanyñ birnäçe ýetginjegine bagyşlanýar. Ýaşulylar ilkinji at münen ýetginjegiñ atasyna: ''Bu gün seniñ ogluñ at üstüne çykýar, goý ol atdan ýykylmasyn. Batyr, mert urşujy bolup, öz ata Watanyny, eziz halkyny, ene topragy, perzentlerimizi gorap, olara penakär bolsun'' diýip, ak pata berip, omyn edýär. Ýetginjegi bu dabara gatnaşan märekäniñ töwereginden birnäçe gezek aýlaýarlar. Oña şondan soñ alamançylyga gitmäge rugsat berilýär. Her bir ýetginjek ýaşyna ýetenler öz derejelerindäki ýaşlar obşinalaryna ýygnanýarlar. Içinden mynasyp birini han saýlaýarlar we galanlary bolsa onuñ nökeri bolýar. Olar gijelerine bir jem bolup oturyşma guraýarlar. Käwagtlar kiçiräk çozuşlara gatnaşýarlar. Özlerinden uly urşujy esgerlere gije garawulçylyk çekmäge kömek edýärler. Güýçleriniñ ýetdiginden goşuna dürli tarapdan ýardam berip durýarlar. Jahyllyk möwritine ýetenleri ýaşulylar tarapyndan dürli babatda her hili synaglardan geçiripdirler. Şolaryñ birem ojak gazmak. Olar birbada birnäçe ojagy gazmaly bolupdyrlar. Ýaşulylar gazylan ojaklary ýeke-ýekeden barlaýarlar. Ojaklary göwnejaý, dik hem tertip boýunça gazan ýetginjege: ''Sen indi jahyl çykdyñ, öýlenmäge rugsatdyr'' diýip, ak pata berýärler. Jahyllar ýörite döredilen harby birleşmäni ㅡ ''Ak öýli'' toparyny düzüpdirler. Olaryñ esasy maksady bolsa tutuş obany daşky duşmanlardan goramak eken. Golaý-goltumda, çöl ýerlerde mekan tutan ''Ak öýlüler'' käwagt özlerem kiçiräk çozuşlar edipdir. Bu topara girenleriñ aýratyn ekerançylyga, ýere, mal saklamaga we suwa hukuklary bolmandyr. Olar öz taýpalarynyñ, obalarynyñ eklemeginde ýaşapdyrlar. Heniz öýlenmedik ýaşlar bu jemgyýetde esasy orunda goýlupdyr, ýagny, goşunyñ özeni hasap edilipdir. Iñ gyzykly ýeri hem, obşina ýaşlaryñ otrýady babatda hiç hili jogapkärçilik çekmändir. Olaryñ aýry-aýry söweşleri etmäge hukugy bolupdyr. ''Ak öýlüler'' çalt hereket edýän 20-30 adamdan ybarat aýratyn otrýadlary düzüpdirler. Olar duşman goşunlarynyñ ütüne ýyldyram çaltlygynda dökülip, ellerinden esasy ýüklerini, ýaraglaryny alypdyrlar, gykuwlaşyp, çar ýandan goh-galmagal döredip, garşydaşlarynyñ sussuny basypdyrlar. Amatly pursat gelende-de duýdansyz söweşe giripdirler. ''Ak öýlüleriñ'' esasy wezipesi duşmany köpräk ara açmaga, başga ýere göçmäge puryja döretmek bolupdyr. Maşgalasy we hojalygy bolan ýigitler ㅡ tejribeli urşujylar bolsa dem salymda meýletin goşuny aýaga galdyrypdyrlar. Türkmenleriñ şunuñ ýaly uruş tejribeleri öz köküni gadymy skifler döwründen bäri alyp gaýdýar we ol XX asyra çenli dowam edipdir. Öwez GÜNDOGDYÝEW. Taryh ylymlarynyñ kandidaty. Esger gazet. 20.11.1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |