18:56 A.Çüriýew hakda kelam agyz | |
A.ÇÜRIÝEW HAKDA KELAM AGYZ
Sözler
«... ýowuz ykbally adamlar barada gazet-žurnallarda gaty köp ýazýarlar. Şol sanda siziň gazetiňiz hem çetde duranok. Bu barada ýazyjy Allaýar Çüriýew köp tagalla edýär...». Marks BERKELIÝEW, TSSR Ylymlar akademiýasynyň «Gün» Ylmy-önümçilik birleşiginiň ylmy işgäri. «Edebiýat we sungat» gazeti, 28.IX. 1990 ý. * * * «... Herhal külli bigünäleriň ruhlary bizden razy bolar ýaly, şol ýyllaryň pidalary hakynda ýazmaly. Bu işde Allaýar Çüriýew uly işiň başyny başlady. Ol Staliniň repressiýasynyň ýowuzlyklary hakynda uly göwrümli kitap ýazdy. Ol häzir okyjylara gowuşdy. Tuwakgül GYLYJOWA. «Edebiýat we sungat» gazeti, 19.X. 1990 ý. * * * «... И публицистика, которую мы называли разведчицей большой литературы, на этот раз не радует. Порой публицисти увлекаются частнымы случаями, не разрабатывают глубоких проблем. Тут надо, правда, отметить добрую работу А. Чуриева, который возврашает нам забытые имень, очищает их от скверны ложных обвинений. Низкий ему за это поклон». К.КУРБАНСАХАТОВ, народный писатель Туркменистана. «Туркменская искра» gazeti,16.02.1991 ý. * * * «... Uly edebiýatyň razwedkaçysy diýip atlandyrylýan publisistika hem begendirip baranok. Kämahallar publisistler bölek-büçek zatlar bilen gyzyklanýarlar, çuňňur problemalary gozgamaýarlar. Dogry, bu ýerde A. Çüriýewiň oňat işleýändigini belläp geçmek gerek, ol unudylan atlary biziň aramyza gaýtaryp getirýär, olary galp aýyplamalardan arassalaýar. Onuň işi rowaç bolsun. G.GURBANSÄHEDOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. «Sowet Türkmenistany» gazeti, 16.02.1991 ý. Ýazyjy bilen söhbetdeş bolan I.Pasewýew. * * * «... Düýnki güne pähimsiz baha berýänleriň setirlerini okanymda, dogrymy diýsem, ýüregim bulanýar. Näme üçindigini biljek däl, käbir kärdeşlerimiň hapa zatlary göýä ogly bolan ýaly buşlamaga gyssanýar. Taryhy uly iliň ýüreginden orun alan kärdeşlerimiziň aýdyşlary ýaly delilli hem örän salykatly aýtsalar, göwräň göýä dikelen ýaly bolaýýar...» Ören ATAKOW, žurnalist. «Syýasy söhbetdeş» gazeti, 29.04.1992 ý. * * * «... 30–50-nji ýyllar içinde türkmeniň «men» diýen intelligent gatlagy ýok edildi. G.Atabaýewiň, N.Aýtakowyň, egindeşleri H.Sähetmyradow, Ç.Wellekow, Ýa.Popok, G.Sähedow, D.Mämmedow, Garry Kulyýew, B.Gulbeşerow, B.Pereňliýew, Ö.Atabaýew, H.Atabaýew, beýlekiler hakynda A.Çüriýewiň «Ýüregiň emri bilen» (1989) diýen kitaby gürrüň berýär. Otuzynjy ýyllarda türkmen intelligensiýasyna hemme taraplaýyn kyn düşenligi köp çeşmelerde görkezilýär. Terjimeçi Musa Ysmaýylow şahyrlar Ýa.Nasyrly, R.Alyýew, Şaly Kekilow, Ata Nyýazow, Anna Muhatow, ýazyjy H.Derýaýew dagy şol ýyllar sud edilipdir (A.Çüriýew, «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi», Aşgabat, 1993). Durdymuhammet NURALYÝEW, professor, ýazyjy. «Edebiýat we sungat» gazeti, 9. X. 1998 ý. * * * «… Я бережно храню вырезки из газеты со стихами Махтумкули, Молланепеса, К. Эзизов, А. Агабаева, Ал. Чуриева, К. Курбаннепесова, которые использую на своих уроках…» Джал СУЛЕЙМАНОВ, учитель русского языка и литературы средней школы № 71. пос. Рухабат, Рухабатского этрапа. «Нейтральный Туркменистан», 10.01.2002 г. * * * Şahyr, galamdaş dostumyz Allaýar Çüriýewiň «Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi» (A., 1993) atly kitabyny okasaň-a 20 ýyla golaý sowuk ülkelerde sürgünde bolan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýewiň sag-aman Watanyna dolanyp gelendigine şükür edýärsiň... Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. «Edebiýat we sungat» gazeti, 6. 02. 2009 ý. * * * «... Galkynyşlar zamanasynda A.Çüriýewiň poeziýasy hakda köp ýazylýar. «Altmyş ýaşly şahyryň kyrk ýaşly aýdymy», «Belorusda diňlenen aýdym», «Galkynyşyň ruhuna ýugrulan poeziýa», «Aýdym bolup ýaşamaly» atly makalalar ýörite şol poeziýa bagyşlanyldy. Onuň galamynyň şu toý saçagyndaky hyzmatyny görüp, saçaga çykaran tagamyny dadyp, «Näme üçin Allaýar Çüriýewiň aýdymlaryny öwrenen ylmy iş ýok», «Näme üçin ähli goşgudan aýdym ýasap bolanok», «Şu günki rubagylaryň roýy niçik» diýen ýaly soraglara üstümi basdyrdym. «Aýdymçy şahyrlaryň döredijilik aýratynlygy», «Aýdym sungaty bilen poeziýanyň gatnaşygy», «Galkynyşlar zamanasynyň rubagylary» diýen ýaly atlaram tapdym şol soraglaryň jogabyna. Bu soraglaryň ählisiniň jogabyny A. Çüriýewiň döredijiliginden tapyp boljakdygyna bolsa poeziýamyzyň ýigrimi ýaşynyň şanyna gaýnaýan gazana garap göz ýetirdik». Şahyryň: Dünýäde wakalar az däl ekeni, Dört paslyň dördüsem ýaz däl ekeni. Ynanma diýjek däl eşden zadyňy, Barybir, gulagyň göz däl ekeni. – diýen rubagysy ýadyma düşüp, toý saçagynyň daşyndaky okyja: «Men seni ynandyryp bilmedik bolsam, onuň eserlerini öz gözleriň bilen okap gör-de, pikiriňi aýdaý» diýip pyşyrdadym. Çary KULYÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. «Türkmen dili» gazeti, 9.11.2011 ý. * * * «... Sungatyň, edebiýatyň wekilleri barada özüniň pikirini doly aýdardy. Şol wagt talyp bolup okap ýören hemem meşhur aýdymyň goşgusyny ýazan Allaýar Çüriýewe «Berekella, Allaýar, «Ýüregimde ýalan lowlar» diýen setirlerini ajaýyp tapypsyň, molodes, şunyňy gaty oňarypsyň. Köpräk şular ýaly setirler bilen goşgy ýazsaň, abraý taparsyň» diýerdi». Derýa BAÝRAMGULYÝEW, «Gurbannazaryň aýratynlyklary», «Garagum» žurnaly, № 10, 2008 ý. * * * «... Muhammetguly Atabaý oglunyň ömri we döredijiligi hakynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Täşli Hydyrowyň, merhum professor Nedir Kulyýewiň, merhum dosent Allaberdi Oraztaganowyň, pubisist ýazyjy, şahyr Allaýar Çüriýewiň we beýleki käbir awtorlaryň işlerinde gymmatly maglumatlar bar». Aýna SÖÝEGOWA, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary Geňeşiň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň aspiranty. «Garagum» žurnaly, № 10, 2008 ý. * * * «... Çyn şahyr, çyn ýazyjy ýaşan döwrüne, şahsyýetine hyzmat etmän oňup bilmeýär. Bizde döwür bilen deň gopýan, onuň damar urgusyny «barlap» bilýän ýazyjy-şahyrlarymyz kän. Eger üýtgedip gurmak syýasaty bolmadyk bolsa-dy, onda.... Allaýar Çüriýew ýaly şahyrymyz bolsa saralyp galan arhiw kagyzlaryny ýadawsyz dörüp, nähak töhmetiň gurbany bolan türkmen halkynyň edermen ogul-gyzlarynyň ykbalyny açyp görkezýän «Ýüregiň emri bilen» diýen kitabyny ýazmazdy». Gurbanýaz DAŞGYNOW, şahyr. «Edebiýat we sungat» gazeti, 9.02.1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |