AÇ-AÇAN GÜRRÜÑ
Daljygyp girdiñ-de kabinetiñe,
Gapyny düýnküden gatyrak itdiñ,
Bir güman inen deý köñülýetiñe,
Ýeñsäñi daraklap, çekgäñi tutduñ.
Düşündim...
Sen şindi gapa gelmänkäñ
Kabulhanañ agzy gyrlymdy-gyrlym.
Şunlar şikaýat kän. Kagyz kän. Iş kän.
Üstesne telefon - jyrryñ-da, jyrryñ!..
Nädip başlamaly bu günki güni?
Sarsañok. Diýýän dek: kim bilýär ony?
Gel, sen şu gün işe gijiräk başla,
Bihal pikirleri bir ýana taşla -
EDELI IKIMIZ AÇ-AÇAN GÜRRÜÑ!
Ýok, başlyk däl...
Derñewçem däl men häzir,
Gorkma, men señ aýalyñam däl hatda.
Men - seniñ Ynsabyñ.
Seniñ - Ykbalyñ
Gün bolup gizlendim şu kabinetde.
Begendiñmi?
Gynandyñmy?
Gorkduñmy?
Näden bolsañ ol öz işiñ elbetde...
Ýöne gel, irgözin, ýoly yzlaşyp,
Egri oturyşyp,
Dogry sözleşip,
Pursat salym Düýne, Ertä akaly,
Gel, özünem kesä sowman ýüzmüzi,
Göwnümiz,
Başymyz entejik ýaşkan
Haýbatly kürsüde hetdenjik aşman,
Bir-birmiziñ gözümize bakaly!
...Ýa seniñ bireýýäm düzgün edeniñ
Tirpinjeñ gabakmy? Emenjeñ gözmi?
Şypa tapýan zady kalbyñ, bedeniñ
Ýympyjak jümlemi?
Myssyjak sözmi?
Mylaýym pyşyrdy,
Şelaýyn "myş-myş"
Mütüje kelleli,
Ýitije gözli, -
Goltugna girer-de,
Ýañagñy ýalar.
Kim üçin o sözler bir pynhan yşmyş,
Dost-u-ýaryn,
Adam baryn bir ýüzli
Şol yşdan, şol gözden geçirip elär,
A kimsäniñ ondan agzy bişmiş,
Gulagyna degse, -
Ýüregin bular!...
Näteñet sözleri, näjür "myş-myşy"
Göz öñünde tutýanyma beletsiñ,
Bolansyran bolsañ bihabar kişi,
Onda oýun bilip sen bu durmuşy,
Ýa samsyksyñ...
Ýa durşuna galatsyñ...
Ol sözler sözem däl... päkimi, peýkam! -
Salt gowşaklary gabap bir çüñke,
Ygrar daragtyny yralap,
Ýaýkap,
Etimizden ötüp, ýetip ýör süñke!
Şol gyýak söz bilen,
Mekir söz bilen,
Boýny syndyryldy niçe gowşagyñ,
Bituwak ýüz bilen,
Sokur göz bilen
Güni garaldyldy niçe röwşeniñ.
Kimse kürsä geçip, giren deý oýna,
Nogsan bilen nutuk sözläp göreşdi,
Satyldy maşyna, gölä, goýuna,
Diwardan asylgy portret astynda,
(Bir gañrylyp bakman oña aslynda!)
Seniñ ruhy ýagyñ bilen baryşdy,
Meniñ ruhy ýagym bilen baryşdy,
Has dogrusy, işçi-daýhan synpy üçin
Ýatlar bilen elin ele berişdi.
Aýyt hany, şo tetelli kesleri
"Bilmedim!" ýa "Görmedim" diýp bilermiñ,
Ýa "Dula bakdyryp ol näkesleri,
Çetde dymyp durmadym" - diýp bilermiñ?
Çekinmän aýt, men seniñ öz Ynsabyñ,
(Ynsapda düwülýär köki Ykbalyñ!)
Ýa törüñe büküp meni yşkabyñ
Maña derek täze ynsap alarmyñ?..
Pekin bazarynda şerap satylýar,
Pariž baglarynda gülap satylýar,
Uzakda däl, çyksañ şu kabinetden
Dürüşdä ýatyrlan täzeje etden
Köçeleñ ugrunda kebap satylýar,
Umuman, söwda bol - arzan-gymmatdan
Dükanlarda müñ dürli zat satylýar!
Ýöne...
Ynsap satylanok, satylamok - men!
Çyksañ-da kisäñde millionyñ bilen,
Özüñde bolmasam, tapylamok men!
Şoñ üçinem şindi ýapykka gapy,
Ellenmänkä entek kagyzlañ topy,
Ýerinden galmanka tilpunyñ sapy,
Säherem nuruny saçýarka sahy
Jaýyña gelşiñe gyssanyp-kürsäp,
Geçmeziñden ozal pyrlanýan kürsä,
Aýytsañ maña...
Sen haýsy ýodadan?
Sen haýsy ýoldan?
Sen haýsy adadan?
Sen haýsy kölden?
Sen haýsy böwürden?
Sen haýsy çetden?
Sen haýsy hamyrdan?
Sen haýsy etden?
Bagyşla...
Bu söze jogabyñ bu gün
Men bilýän ýüzüñe ýazylmanlygyn.
Şoñ üçin soraýan...
Bilmek isleýän,
Aç-açan gürrüñe barmy ragbatyñ?
Az däl şindi dogry sözläp kaşlaýan,
"Üýtgedip gurmak!" diýp söze başlaýan,
Öñki päli
Öñki ýaly paşmaýan,
Senem gurbanymy ýa şol "sungatyñ".
Aç-açan gürrüñe barmy ragbatyñ?
Gaty görme,
Sözle hiç zat ýaşyrman,
sepgitde biz.
Entäk ätmeli öñe.
Ätmek üçin bolsa, düşün gadyrdan,
Şeýdip soramaly her kesden diñe!
Şeýdip daramaly.
Şeýtmeli hökman!..
Ýogsam...
Azmy sümüp geçip al bilen
Hataryna esgerlerniñ Partiýañ.
Häkimlige ýetip dürli ýol bilen,
Päk ýürek adamlañ janyn örteýän?
Ynha ýatyr gyzyl matañ üstünde
Gyzyl bilet.. Onuñ Lenin keşbi bar.
Şu hili bilete asman astynda
Ýüz däl, müñ däl, -
Millionlaryñ yşky bar!
Emma şu bileti göteren Ýanus
Göteripdir ony edinip galkan.
Ezipdir.
Süzüpdir ol ony halys,
Ýüzüpdir özüne tikinip ýelken!
Şu bilete perdeläp öz ýüzüni,
Ýasanypdyr ondan eýmenç nikaby,
Depeläp köpleriñ yhlas-yşkyny,
Göründe ýatyrman ýedi pyştyny,
Köpe diýdiripdir: "Hudaýmyka bi?"
...Hatardaşlar,
Egindeşler, päldeşler,
Ýaşy uly, ýaşy kiçi ýoldaşlar,
Bir minutlyk galyñ hemmäñ ýerñizden,
Galyñ hyjuw bilen, erk,
kemal bilen.
Özgä däl,
özñüze bir sowal bilen:
Kepilnama alyp biziñ elmizden.
Nädip düşýär sapymyza al bilen
Ogurlyk,
Tarhanlyk,
Hanlyk-baýarlyk?
Nädip düşýär Urdumşalyk, Gassaplyk?
Nädip düşýär Ýaranjañlyk, Haýýarlyk?
Nädip düşýär Messepsizlik, Kezzaplyk?
Parhy ýok, Kawkazmy ýa Moldawiýa,
Buharamy
ýa Saragtmy,
Daşhowuz, -
Gördüñmi - il-güni ol allap iýýä. -
Zor salyp ýürege, zor salyp kellä.
Biz sapak bermeli ýowuzdan-ýowuz!
Dişiñ gysyp,
Dursañ busup,
Ýa-da assa-ýuwaşdan
Ötägitseñ oñ ýanyndan ýumlugyp,
Sen ertesi şol tetelli "ýoldaşdan"
Ilden öñ iýersiñ gyzyl ýumrugy.
Şol ýumruklañ,
Şol barmaklañ etinde
Haram pullañ,
Altyn-tyllañ ysy bar,
Şol haýyşlañ, şol buýruklañ çetinde
Niçe öýüñ gussasy bar, ýasy bar.
Ahmal bolsañ, şol ýaglyja barmaklar
Adalaty,
Hakykaty,
Döwleti
Ýygandyryn öýdüp gezýär ýumruga,
Başga kes däl - seniñ, meniñ ýalaklar
Gidirmän pursaty,
Bermän möhleti,
Ertirimiziñ, şu günümiziñ adyndan
Hem mukaddes Kanunymyzyñ adyndan
Jaý wagtynda urmaly şol tumşuga!..
...Garaz şeýle, - sen isle-hä kabul et,
Isle-de ret eýle meniñ aýdanym,
Ýöne Işi boş söz bilen gurşama
Ýöne - Işe bet päliñi çyrşama,
Hapalama işlermiziñ baýdagyn,
Depeleme Işlermiziñ baýdagyn!
Sebäp bu Baýdakda çyrpynýan kuwwat
Uly iliñ gudratydyr, güýjüdir,
Parhy ýok, sen laureatmy, deputat,
Om adyna çala ýetirseñ ysnat.
Şarpyk şarpyldysy iññän ajydyr,
Şol baýdak öñünde dökseñ namysy,
Ýokdur şondan soñky ömrüñ manysy, -
Ölmüñ ujudyr!
Belent götereli baýdaklarmyzy,
Sakynman aýdaly Gimniñ bentlerin!
Ýatlaly gan akan ýaýlaklarmyzy
Wepat bolan gahrymanlañ pentlerin!
Ölçäli şolaryñ ynsaby bilen,
Ölçäli şolaryñ Al Gany bilen
Bitirlenhem bitiriljek işleriñ
Her bir gramyny, her bir sentnerin!
Şolara mynasyp ýaşaly herne,
Señ adyñ ýa işiñ agzalan ýerde
Ýüzi gyzarmasyn öz perzentleriñ!
...Häzir bolsa hoşlaşmakçy señ bilen
Galdyr başyñ.
Rastlan,
silkin, ekezlen.
Meni mydam ýatda sakla, pikirlen,
Ertir ýene gelerin men dañ bilen!
noýabr, 1986 ý.
Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Poemalar