20:34 Adam bol! | |
ADAM BOL!
Pedagogika we edep-terbiýe
Ogul ata, gyz enä, dogan-dogana, goňşy goňşa, il-ile mährem bolanlygynda, şol öýüň, şol obanyň, şol ýurduň bereketi artyp, onuň üstünde abadanlyk, agzybirlik höküm sürýär. Edebiýatyňam, sungatyňam, ylmyňam pajarlap ösjekdigi öz-özünden düşnükli. Adamlar baýlyga däl-de, mähremlige, adamkärçilige sežde etmelidir. Iň agyr ýagdaýlar-da birek-birege hemaýat etmek adama iň mahsus zatlaryň biri. Eger şeýle bolmadyk ýagdaýda onda durmuşyň hiç bir gyzygy-da, manysy-da bolmazdy bu, elbetde, jedelsiz hakykat. Isleseň-islemeseň, bu hakykata boýun bolmaly bolýarsyň. Göwnüme bolmasa, meni döredijilik işgäri hökmünde, ýönekeý bir graždanin hökmünde ýüregimi howsala salyp barýan zatlar köpelip barýan ýaly. Men özüm üçin birjik-de howsala düşemok diýsem onda hakykatdan jyda düşdügim bolardy. Boýun alaýyn, ýaşan ömrümiň gylla ýarysyny žurnalistika bagyşlan adam bolan meni howsala salýan zatlar bir ýa iki däl. Men mahal-mahal özümiň we çagalarymyň ertirki ykbaly üçin, dogan-garyndaşlarymyň ykbalynyň neneň-niçiksi boljakdygy, galyberse-de, galyň bendeleriň – garry-gurtularyň, hossarsyz çagalaryň... görjek günleriniň neneň boljakdygy ýadyma düşende biygtyýar alada çümýärin. Şeýle ýagdaýda meni ýurdumyzda uly-uly ykdysady reformalaryň alnyp barylýandygy, olaryň bu gün bolmasa, ertir hökman gowy netijeler berjekdigi göz öňüme gelende göwräme güýç goşulan ýaly bolýar. Belki, hudaý şeýle bolsun-da. Meni ýene-de başga bir ýagdaý – adam gatnaşyklary hem gaty biynjalykdan gaçyrýar. Göwnüme bolmasa, soňky döwürlerde adamlar birek-birekden sowaşyp barýan ýaly. Jenaýatçylyk, doňýüreklilik köpelýär. Aldawçylyk, ikiýüzlülik, ýarym hakykat ýüze çykyp, şineläp ugrandan ony köki-damary bilen goparmasak, soň bize eýgertmez. Meniň özüm indi orta ýaşap barýan adam bolamsoň, kimdir biriniň ýazan takalyna ýa-da samahyllamasyna däl-de, öz gözüm bilen gören zatlaryma ynanýaryn. Kakam pahyr «Ýalan bilen çynyň arasy dört barmakdyr» diýip, häli-şindi aýdardy. Onuň ýogalanyna bir ýyl bolup barýar. Ol geçen ýylyň apreliniň ap-aýdyň säherinde amanadyny tabşyrypdy. Ol sözüň doly manysynda hakyky internasional adamdy. Bizi hem ol şu häsiýetde terbiýeleýärdi. Gol doly maşgalany terbiýeläp, adam sanyna goşan kakam durmuşy biçak söýýän adamdy, adamlara sarpa goýup bilýän adamdy. Şonuň üçin bolsa gerek, oba adamlary onuň ýanyna maslahat sorap barýardylar. Gerek bolsa kömek soraýardylar. Ol el kömeginem, dil kömeginem ilden gaýgyrmazdy. Biz oba baramyzda ol gürrüňden gürrüň çykanda «Özüňizi hiç haçan gedem tutmaň. Adamlary özüňizden ýokarda goýuň weli pes tutmaň» diýerdi. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň bilen ýekeje gezek gürrüňdeş bolmak miýesser eden adam ony ýatdan çykaranokdy. Ony tanaýanlar köpdi. Olaryň arasynda ýazyjy-da, alym-da, ministrde, general-da... bardy. Ýadyma düşýär, biz oglankak öýümiz gaty gelim-gidimlidi. Her ýerden myhman gelýärdi. Obada myhmanhana bolmansoň, atly-abraýly myhmanlaryň ählisi biziň öýümizde düşleýärdiler. Şonda kakamyň ilki bilen myhmanlary getiren şofýorlara hyzmat etdirýändigi gözümiziň öňünden gidenok. Kakamyň ýogaldy habaryny eşiden onuň tanyş-bilişleri, dostlary ýürekden gynandylar. Olaryň ençemesiniň biziň adymyza iberen gynanç hatlaryny göz ýaşa baglanman okamak asla mümkin däl. Wolgogradly polkownik Iwan Aleksandrowiç Woronin kakamyň jana-jan dostudy. Kakam özüniň şeýle mährem dostunyň bardygyna guwanýardy. Buýsanýardy. Käte «Siziňem şeýle dostuňyz barmy?» diýip, biz doganlardan gözlerini mekirlik bilen güldürip soraýardy. Iwan Aleksandrowiç bilen onuň aýaly Nina Mitrofanowna öz mähriban türkmen doganlarynyň ýogaldy habaryna gaty gynanypdyrlar. Olar ýürek gynanjyny şeýle beýan edipdirler: «Çüri aga mahsus häsiýet bilen baglanyşykly bir waka hiç ýadymdan çykanok. Biziň ofiserimiz Abirowyň gundagdaky gyzjagazy ýogaldy. Ony Könekesirdäki gonamçylykda jaýladyk. Ony ýerlänimizde Çüri aga aýat okady. Biziň ofiserlerimizden kimdir biri şonda oňa: «Sen kommunist-ä» diýdi. Çüri aga bolsa «Eý-ý... – diýdi-de, – partiýa bir wagtlaýyn zat, hudaý bolsa bakydyr...» diýip, biraz salym dymdy. Elbetde, Hudaý hakda-da, ýer hakda-da, ömür hakda-da jedel etse bolardy. Ýöne her hili ýagdaýda-da öz adamkärçiligiňi saklamagy başarmaly. Çüri aga bolsa hut şeýle adamdy». Hakyky dostuň agysy aglananda ýürek awusy ýürekden çykýan ekeni. Iwan Aleksandrowiçiň özi ömrüniň köp bölegini Türkmenistanyň serhedini goramaga bagyş eden adam. Ýazyjy S.Smirnowyň «Alaňlar» atly powesti iň baş gahrymanynyň – serhetçi ofiseriň obrazynda Iwan Aleksandrowiçiň keşbi ýatyr. Bu powest esasynda «Derýanyň aňyrsy – serhet» atly çeper film hem surata düşürilipdi. Watan diýen söze gaty giň manyda düşünýän bu internasionalist adam öňki Soýuzyň territoriýasynda bolup geçýän gandöküşikli wakalara ýüregi bilen gynanýar! «Meniň ýaşaýan kwartiramyň äpişgesinden Mamaýew depesi we ondaky «Ene Watan» ýadygärligi has gowy görünýär. Her gezek olara gözüm düşende, meniň jan ýaly dostum we doganym, artilleriýaçy Nepes Kakaýewiç Kakaýew ýadyma düşýär. Ol bu topragy duşmandan halas etmek üçin gaýduwsyz söweşipdi. Oňa men baş egýärin. Ol meniň kakam bilen bile, ýene-de millionlarça adamlar – ruslar, türkmenler, ukrainler, gazaklar, beloruslar, özbekler... bilen bilelikde Watanymyzy goradylar we ony duşmanlardan halas etdiler». Bizde «Bir gün duza müň gün salam» diýen pähim bar. Iwan Aleksandrowiçi we onuň aýaly Nina Mitrofanownany ykbal türkmen topragyndan uzaklara zyňsa-da, olar häli – bu güne çenli bu topragy unudanoklar. Ozalky Soýuzyň köp ýerlerinde gan dökülýärkä, Türkmenistanda agzybirligiň, abadançylygyň, asudalygyň höküm sürýändigine buýsanýarlar. Häzirem ol menden Sumbar jülgesinde duz-emek bolan mähriban dostlaryny – Nepes Kakany, Kaka Allanazary, Aman Babaýewi, Meňli Mämiýewany... soraýar. Olaryň maşgalasy we hal-ýagdaýy bilen gyzyklanýar. Adam hemişe adamlygyna galmaly. Gowy gününde-de, ýaman gününde-de ol öz adamkärçiligini ýitirmeli däldir. Mes güni düýnki bile duz-emek bolan ýoldaşlaryndan, dostlaryndan ýüz öwürmeli däldir. Başyna iş düşende bolsa hiç haçan peselmeli däldir. «Adam başy – daşdan gaty» diýleni. Meniň bir köne tanşym bar. Oňa Nurjemal Durdyýewa diýýärler. Ýaşy ýetmişden geçen bu zenan indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri Krasnowodsk şäherinde ýaşaýar. Ol Aşgabat ýer titremesinde mähriban ejesinden, iki sany çagasyndan jyda düşüpdir. Muňa garamazdan, ol ýer titremesinde heläkçilik çeken dost-ýarlaryna kömege barypdyr. Şol howsalaly gije hakda ol şeýle ýatlaýar: – Soň men Gurbangözel Alyýewalara «Näme bolduka?» diýip şolara tarap gitdim. Krupskaýa köçesinde ýaşaýardylar. Gurbangözel Alyýewanyň hemme maşgalasy ýeriň aşagynda galypdyr. Iki sany çagasy bilen özüniň kellelerinden aşagy gumuň içinde. Gazyp aldylar. Ýene nirä gitmeli? Oraz Şyhmyradowyň öýleriniň nirede ýerleşýändigini bilýän. Özi şo wagt aspiranturada okaýardy. Barsam aýaly Mariýa bir özi kellesini tutup oturan eken. Çagajyklary ýogalypdyr. Soň Oraz Orazowiç Moskwadan gelende aýaly oňa «Meň ýanyma ilkinji gelenleriň biri Durdyýewa» diýipdir. Oraz Orazowiç meň ýanyma gelip göz ýaş etdi... Ine, saňa zenan merdanalygynyň bir nusgasy. Bir ýagşylyk, bir ýamanlyk ýatdan çykmaýar. Adamy adam edýänem onuň ýagşy häsiýetleridir. Ýöne welin näçe gynançly bolsa-da soňky mahallar doň ýüreklilik artyp, ýagşy häsiýetler seýrekläp barýan ýaly. Belki, ol meniň göwnümedir. Belki, men ýalňyşýandyryn. Ýalňyşýan bolsam, onda has gowy. «Syýasy söhbetdeş» gazeti, 24.02.1993. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |