18:23 Ädimme-ädim respublikany ýykýarlar! | |
ÄDIMME-ÄDIM RESPUBLIKANY ÝYKÝARLAR!
Publisistika
“Zynjyrlar gyrylsyn-Aýasofýa açylsyn topbagynyñ” Türkiýäni alyp getiren ýeri: “Diniñ syýasatyñ depesine goýlup, ýeke-täk adamyñ ömrüniñ ahyryna çenli häkimiýetiñ başynda oturjak we ölenden soñ ol kime yşarat eden bolsa, şonuñ ýerine geçjek” düzgüniniñ gurulmagydyr. Respublikan režimi ädimme-ädim ýykýarlar! Eýrana meñzeş aýatolla häkimiýetine esaslanan "Yslam Respublikasyna" döndermegiñ şertleri Türkiýe-de taýýar diýen ýaly ýagdaýa geldi. Häkimiýetiñ partiýasy (AKP) we onuñ ýarany (MHP) respublikab hukuklar esasynda saýlawlarda ýeñiş gazanmak umytlaryny ýitirendikleri üçin dünýewi respublikany ýykmagy özlerine çykalga ýol hökmünde gördüler. Ýurduñ Prezidenti! Başyna ak tahýa geýdi. Kuran okady. Din işleri ministri! Eli gylyçly hutba okady. Diýjek bolýan zatlarynyñ gysgaça mazmuny şeýle: Aýasofýa ýesir alyndy. Segsen alty ýyllyk bendilikdedi. Şindi bendilikden azat etdik. Halkyñ gökdäki dilegi hasyl boldy. Ýogsam bolmasa Aýasofýany basyp alyjylaryñ elinden we bendilikden segsen alty ýyl owal respublikamyzy guranlar azat edipdi. Osmanly hukugyny güýje girizdiler. Respublikan hukugy bogdurdylar. Aýasofýany osmanly hukugyna goldanyp "Muzeý bolmakdan çykarylyp, öñem açyk bolan ybadata täzeden açma" çäresi Lozan ýeñşinin ýubileý gününe gabatlaşdyryldy. Şeýdip, özleriçe Lozan we Atatürk bilen hasaplaşanýandyklaryny yglan etdiler. Din işleri ministri Aýasofýada jumga namazynyñ hutbasy berilende "Atatürk nälet okaýan" jümlelerini bilkastlaýyn, ýörite saýlap-seçip we kime nälet okaýandygyna görnetin yşarat edip aldy. Din işleri ministriniñ Atatürke nälet okajak jümleleri aýtjagyny Prezidentiñ özem öñünden bilýän bolarly. Ýurduñ Prezidenti! Din işleri ministri! Hem onuñ töweregindäkiler! “Atatürke nälet okulmagyna” hiç hili garşy däldiklerini ýüzlerindenem bilip bolýardy. Soltanahmet meýdanynda adamdan ýaña aýak basara ýer ýokdy. Meýdanda bir namazlyk ýazara-da ýer galmandy. Şäher häkimi bu ýagdaýda "howpsuzlygy we saglygy" göz öñüne tutup, meýdana gelmegi gadagan etdi. Tramwaý gatnawlaryny-da ýatyrdy. Aýasofýa namaza tramwaý arkaly gitmek islänlet "Gatnawlary näme üçin duruzdyñyz?" diýip, zenan maşinistkanyñ üstüne topuldylar. Maşinistkanyñ üstüne topulanlaryñ hemmesi erkek adamlardy. “Metro gatnawyny men däl; häkim duruzdy” diýip gygyrsa-da, ony diñlejegem bolmadylar. Çünki gäbazanlaryñ gözleri gyzarypdy. “Zynjyrlar gyrylsyn-Aýasofý açylsyn topbagynyñ” Türkiýäni alyp getiren sepgidi, ynha, şu zenan maşinistka topylanlaryñ sahnasydy. Häkimiñ "Dessine derñew işini açdyrdym" diýen bolmasy-da, hemişeki bolşy ýaly, göz üçin dil ujundan aýdylan zatdy. Häkim bir zada düşünmeýän bolmaly. Meýdanda "Talibanlara" meñzeş, YŞYD-çylara meñzeş, "Hizbullahçylara" meñzeş eşikler bilen namaza duranlaryñ" agdyklyk etmegi respublikamyzyñ ýok edilme kararynyñ alynandygynyñ iñ aýdyñ subutnamasydy. Olaryñ hemmesi segsen bir welaýatymyzdan ýörite saýlanyp-seçilip getirilenlerdi. Göz-görtele protest bildirýärdiler. “Aýasofýa açylsyn-Zynjyrlar gyrylsyn topbagynyñ” Türkiýäni alyp getiren sepgidi: Aýasofýany basybalyjy duşmanyñ penjesinden halas eden Atatürki näletlänleriñ we öñküsi gün zenan maşinistkanyñ üstüne hüjüm edenleriñ, erte ýene bir gün “näme üçin namaza geleñok?..” diýip, metjidiñ öñünden geçen bendeleriñ ýakasyndan tutup silterleme hukugyny özlerinde bar saýjak täze görnüşli respublikasydyr. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 26.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |