14:43 "Agla, gözlerim gan agla..." | |
«AGLA, GÖZLERIM, GAN AGLA» – Bir gün öýümize Abdylla Myradow bilen Saýlaw Myradow ikisi myhmançylyga geldi. Ýetmiş ýaşy arka atan kakam Begmyrat Gylyçmergen oglunyň gürrüňi olar bilen alşyp gitdi. Şonda ol edebiýatçy ýigitlere nohurlylaryň taryhy barada gyzykly gürrüň berdi. Olar hoşlaşyp turjak bolanlarynda kakama ýüzlenip: «Begmyrat aga, bi gürrüňlerizi sizden başga kagyza gecirjek adam ýok. Öz eşiden, gören zatlaryňyzy bolşybolşy ýaly ýazyň« diýip, öwranöwran sargadylar. Ýaşuly olara belli bir zat aýtmasada, soň pikir edendirdä, ýaşynyň soňunda galama ýapyşdy. Iş edinip, ine, şu zatlary ýazyp goýup gitdi diýip, ömrüni magaryf işinde geçiren meniň söhbetdeşim Seýitnur aga maşynkadan geçirilen uly göwrümli golýazmany maňa usullylyk bilen uzatdy: «Ýaşulynyň çeken zähmeti yrýa bolmasa ýagşy« diýdi. Men oňa bu golýazmany okajakdygyma söz berip, ony wagtlaýynça goýup gitmegini haýyş etdim. * * * Geçen asyrda, ondan öňem gyzylbaşlar Garrynohury özlerine tabyn etjek bolup, hälişindi parahat oturan obanyň üstüne çozuş edip durupdyrlar. Nohurlylar bolsa azdyklaryna garamazdan, öz arnamyslaryny gorap, gyz-gelinleri gyzylbaşlaryň eline bermejek bolup söweşipdirler. Bir sapar gyzylbaşlaryň köp sanly goşuny duýdansyzlykda gelip, Nohuryň hemme ýoluny we töweregini baglaýar. Goňşy obadaky türkmenlere habar ýetirmäge hiç hili puryja galmandyr. Nohurlylar gala gabalýarlar. Gazaply söweşlerden soň, gyzylbaşlara galany almak başardypdyr. Kürtler galany basyp alanlaryndan soň, bar mallary olja alýarlar, gyz-gelinleri-de ýesir edip, Nohurdan alyp ugraýarlar. Gije Tagarowyň dagyna ýetýärler. Garaňky düşýär. Şol ýerde kürtler ýatarman bolýarlar. Garawul goýlan kürtler ýatanda, birnäçe adama gaçmak başardypdyr. Olar öz ýanlary bilen gelingyzlaryň hem birnäçesini alypdyrlar. Kürtler bolsa gojalardyr çagalary, mal-garalary Eýrana sürüp äkidýärler. Bu habar şaha ýetýär. Şa «Ähli nohurlylary getirdiňizmi?« diýip soraýar. Onda «Biz ählisini getirýärdik, ýöne Tagarow dagynda gije özüni oňarýan erkekler bilen aýalgyzlar gaçdylar« diýýärler. Şa aýdýar: «Aç börüni goýup gelipsiňiz. Indi olar ýekesi ölýänçä urşarlar. Gowusy eltip öňki ýerlerinde goýuň». Şondan soň olar ýesirleri getirip, Nohurda goýup gidipdirler. Birnäçe ýyldan soň, gyzylbaşlar ýene Nohura çozuş edýär. Eýran şasy goşun serkerdesine perman beripdir: «Nohuryň bag-bakjasyny gyryp, bugdaýarpasyny atlara orup beriň, öýlerini otlaň, gaýtawul berenini öldürip galanyny ýesir edip getiriň, özlerinem Dübün (Diwin) diýen ýerde oturdyň « diýýär. Ýesir etdi kürtler bizi, Nohuryň gara daglary, Gyzyl başlar hüjim kyldy, Garawulotum, suwlugym, Ýesir boldy gelingyzlar, Bag-bakjalary gyrdylar, Kesir, Tutlygala hem Deşt, Manaman hem Kelet dagy, Gezdepe hem Garkyn gala, Gyzylbaşlar saldy dawa, Kesearkajyň düz sährasy, Abdylla diýr, ýigitlerim, 1990 ý, oktýabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |