22:59 Agzym iki bolsady! / satiriki hekaýa | |
AGZYM IKI BOLSADY!
Satiriki hekaýalar
Iş güni başlanypdy. Kabinetimde hat-petege güýmenip otyrdym. Sagadyma äñetdim. Onuñ ýary bolupdyr. Ernim ýyrşaryp gitdi. "Hernä iş ýakmazak-ha, bu gün geljek däl-ow" Yhlas bilen işe ýapyşdym. Birdenem, gapy şark edip açyldy. Gapymdan ezraýyl gelen ýaly tasdanam wägiripdim. - Oý, menden öñ gelipsiñ! - diýip, häliden "garaşyp" oturanym, bir kabinetde bile işleýän ýoldaşym geläýdi. Keýpime gara burç atylan ýaly bolaýdy. Zoraýakdan ýyrşaran boldum. - Sag-gurgun örüşdiñizmi? - Hudaýa şükür! Ol üstki eşiklerini çykardy-da: - Aýp görmäweri, daranmasam boljak däl. Agşam öýe giç geldim. Ukudan turmasam, iş wagty bolup barýar. Wah, iş dagy başlansa bolmaýarmy diýsene. Öýüñ işlerine-de ýetişibilmän geçýän diýdi-de, diwara çüýlenen tegelek aýnanyñ öñüne baryp, Keminäniñ birwagtky her taryna ýüz müñ tümen hödürlän, şu wagt göräýse welin, her taryna däl, tutuş özüne-de köneje içmegini çalyşmajak zülplerini däl, saçlaryny daramaga däl-de, timarlamaga durdy. Çünki ol saç bu ýakynda darak görene meñzemeýärdi. Otuz iki däl, kyrk iki dürli näz bilem towlanjyrap, çözülen saçlaryny bogdy-da, ýylan däl-de, düýrülen ýüpek gurçugy ýaly edip, depesinde tegeläp goýdy. Onam on-on iki sany syh bilen ykjam berkidip goýdy. Hany indem bir toz tozubilseñ, her hili şata-da döz gelseñ gerek diýýän ýaly, eýlesine-beýlesine öwrülibem äñetdi. Saçynamy, ýüzünemi çalnan nämälim suwuklygyb ysy burnuma hapylap urdy. Uludan asgyrdym. Ol çalaja ýyrş etdi-de, maña ýüzlendi. - Saglygyñ! - Sag bol! - Başlyk geldimikä? - Gelen däldir, ir ahyry entek! - Aý, şol gelmese edarada iş gowy gidýär! Ol towlanjyrady-da, näz-kereşme bilen oturgyjyna çökdi. Stolunyñ çekisini çekip, ýüz-gözlerini sypata getiriş gurallarydyr aýnasyny çykaryp, ýüz-gözüni bezedi. Ýüzleri solup ugran üç çaganyñ enesi perizatlara öwrüldi duruberdi. Ol öz işlerini boldum edensoñ, stoluñ üstünde lowurdap duran gyzyl reñkli telefona ýapyşdy. Alahekek ýaly jakyrdap gülüp, "joralary" bilen "salamlaşyp" ugrady. - Gowumy ýagdaýlaryñ? Agşam-a hezil berdiñ... - . . . - Aý, ýok-la, kän küýsäbem duramok. Käwagt çagalaryna görünse bolýar. - . . . - Şu gije bir öýde bolaýyn ahyry. Çagalar ene-atasyz ýetime döndüler ozalam. Goñşularymdanam çekinýän. - . . . - Bolýa, öpýän. - . . . Ahyry ol trubkany goýdy. Içindäki howany uly basyş bilen daşyna çykardy: - Wah, ene-atam gulagymy iki edip ýaradypdyr, agzymy hem şeýdäýmeli ekenler. Şonda wagtym has-da tygşytly bolardy. - Ol ýene-de telefonyñ nomerini aýlap ugrady... Birdenem goşaryndaky sagadyna seretdi: - Bä, günortanlyk nahar wagtam-a bolupdyr! Şeý diýdi-de, naharlanmaga çykyp gitdi. Günüñ ikinji ýarymy başlandy. Ol on-on bäş minut işlän boldy. Soñam, hemişeki heñini gaýtalady: - Nämedenkä, şu gün-ä işläsim gelenok. Ýene-de telefon trubkasyny gyzyl gysymlan ýaly garbady... ...Işgärleriñ hemmesi ýygnanandan soñ, direktor ýerinden turup, söze başlady. - Ýoldaşlar, ýygnanyşmagymyzyñ sebäbi telefon bilen baglanyşykly. Şu gural bize belli bir mukdarda kömek berse, köp babatda zyýan berýär. Käbir işgärlerimiz wagtyñ köp bölegini şonuñ bilen geçirýär. Şu zatlary göz öñünde tutup, ertirden başlap, işimiziñ ilerlemegi üçin telefonda gürleşmekligi çäklendirjek. Eger-de kim-de kim bellenilen möhletden artyk gürleşse, jübüsinden pul tölemeli bolar. Bu işi telefon-awtomat stansiýanyñ işgärleri biziñ edaramuz babatda alyp barjaklar... Ol zemzen ýaly çalaja haşşyldady. Ýuwaşja seslendi: "Biderek zat!". Soñam içinden özünden başgalara düşnükli bolmadyk nämälim sözler bilen mydyr-mydyr etdi. Iki günden soñam, işini täzeledi - aeroportyñ sorag-jogap býurosyna işe geçdi. Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |