12:15 Dost ýüzüne / satiriki hekaýa | |
DOST ÝÜZÜNE
Satiriki hekaýalar
- Salam, dost jan! - Salam! - Nähili ýagdaýlaryñ, birneme bäri bakjak bolýamyñ? - Şükür, lukman gorkuly zat ýog-a diýýär. - Hernä, şeýle bolawersin. Ýöne bir zady unutma, öljek bolsañam lukmanlar gowy diýýändirler. Olaryñ sözüne-hä, arkaýyn bolma. - Öz ýagdaýymy özüm bilýän ahyry. Şu wagt-a erbet däl ýaly. - Keseliñ gowusy bolmaz. Gowy ýalydyram welin, birden tutup ugrar. Aman sypybilseñ, hoş boldugyñ. - Ol-a şeýledir. - Ýeri, onsoñ, ukol-pukol edýärlermi? - Edýärler. - Şü, ukol diýse meñki bolanok-da! Endamyña syh dürtüp-çykaran ýaly. Ýogsa-da, günde näçe gezek dagy sançýarlar? - On-on iki. - Oh-how! Entgem sen çydaýañ, men-ä, bireýýäm amanadymy tabşyrardym. - Nätjek, adama jan gerek ahyry! - Gaty dogry. Şonuñ bilen jan gelýän bolsa, günde ýüzüsini al! Onsoñ bi, niräñ agyrýar? - Şü, göbegimiñ töweregi sançýar. - Agyrýarmy? - Erbet agurýar. - Häk, gowy daýym bardy. Pahyr şolam şuñ ýaly keselden gitdi-dä! Göbegimiñ düýbi çüýräp, akyp başlapdyr. Iki bükülip, ýazylybilmän ýatyp, ahyr jan berdi görgüli. - Meñki-hä, edil oñ ýaly däl. Ýöne, hza berib-ä dur. - Garaşyner, eger şol bolsa, ýene birki günden senem büküp ugrar. Haý, keseliñ nejisidir bi. Gaýrat et-de çydajak bol. Bolmasa-da näme, başa gelenini görübermeli bolar-da! - Meñki edil göbegim-ä däl ýaly. Onuñ aşagragy agyrýan ýaly. - Aşagragy? - Hawa. - Ine, şu ýerimi? - Waý, hawa! - Boldy, boldy! Diýmek, ýogyn içegeden. Iýeniñ siñýänem däldir? - Siñmejek ýaly bolup dur. - Garaşyber, tizden siñmesinem goýar. Ana, soñ diñe agzyñdan gelip ugrar. "Iýeniñ agzyñdan gelsin!" diýenleri bolar. Zyýany ýok. Bir ýeriñden urup çyksa bor. Wah, özüñ ýaly bir dostum bardy welin, ahyn elimdejik jan berdi-dä. Onuñam ýogyn içegesi işlemän, iýenem siñmän, hiç tarapyndanam gelmän, gaty heläl boldy. Garnu deprek ýaly çişip, ahyry garny ýaryldy bendäñ. Señ agzyñdan gelýänem bir gowy zat. Ýogsa, senem şonuñ gününe düşäýmeli. - Gürrüñiñ dagy nähili-aýt, gowrak dilegde bol, dost jan. Onsoñam, edol ýogyn içege däl-de, gapdalrak, kör içegäniñ töwereklerimi... - Şu ýerimi? - Hawa. - Dost jan, gönümelligim üçin bagyşla, göwnüñe alma. Bu ýeriñ on iki barmak içege bolmaly. Käwagt güýçli sanjy tutup, bir üşedip, birem gyzdyrýañmy? - Edil özi! - Düşnükli. Bi, ýatan ýeri ýagty bolsun, goñşymyzyñ keseli bolmaly. On iki barmak içegäñde ýara dörän bolmaly. Onuñ üstünden geçýän iýmitleriñem her gezek şol ýaranyñ ýüzüni täzeläp durýandyrlar. Ana, şonda-da sanjy döreýän bolmaly. Şeýle gerek? - Şeýle ýaly... - Şeýledir. Şonuñ üçinem seni soýarlar... Wiý, operasiýa ederler. Goñşymyz görgüli-hä, operasiýadan çykmady. Şol keseliñ operasiýasy gaty agyrmyş. Ep-esli içegäñi kesip taşlaýarmyşlar. Kesilen ýere bolsa, zapas içege goýar ýaly, adam maşun ýa tehnika däl, dogrumy? - Dogry. - Işdäñem ýokdur? - Hawa. - Bildim-laý! Faşistlere ýesir düşen ýesir ýaly çöpe dönüpsiñem diýdim-le! Bu ýagdaýda sen hijem operasiýadan çykyp bilmersiñ! - Lukmanlar-a, zobuñ bar, şodur diýýärler ähli ýeriñde yza döredýän. - Äh-ä, boldy, boldy! Şol, bokurdakda sallanyp duran guşuñ ýumurtgasy ýaly togalak zatmy? - Hawa! - Boýnuñ ýognapdyram diýdim-le! Eger şol bolsa, onda işiñ gaýtdygy biläý. Işdeş ýoldaşlarymyñ birisi şondan gitdi-dä! Nähili gowy adamdy! - Nädip? - Soýdular. Has dogrusy, damagyny çaldylar. Hälki, zadam kesip alyp, yzyny tikdiler. Soñam näme, hepdeläp bokurdagyñdan geçir geçiribilseñ, bir zatlar. "Çörek, çörek iýesim gelýär!" diýip, görgüli dokçulyk döwründe açlykdan öldi gitdi-dä! Senem hökman şoñ ýaly bolarsyñ. Bolgusyz zatlary ýañrap dur diýip, igenäýmegin. "Dost ýüzüne" diýipdirler. Bu zatlaty saña men aýdaýmasam lukmanlaryñdan aýdan bolmaz. Sebäbi bi-de olaryñ syry. Ýöne gaýrat et, adam başy daşdan gaty diýipdirler. Ajalyñ ýetmese ölmejegiñe güwä geçýän. Ýöne, adam bi dünýä ömürligem gelenok. Onam unutma. Başa gelenini görmelk borsuñ-da. Hoş onda, sag boljak bol. Eger indi görüşmäge ýetişmesek, razy bolgun. Men gyssanýan. Şu ýerde ýene bir dostum bolmaly. Onuñam ýagdaýyny sorajakdym. Hoş... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||