04:07 Kakalar / satiriki hekaýa | |
KAKALAR
Satiriki hekaýalar
Kiçijik Gurban bilen Meret öýleriniñ deñinde, köçä dökülen aýnany üýşmek çägäniñ üstünde oýnaýardylar. Maý aýynyñ ahyrky günleriniñ yssy howasy bolansoñ, olaryñ kakalary bolsa köçäñ gyrasyndaky tuduñ kölegesinde, agaç sekiniñ üstünde buz ýaly piwonu kakadylan şorja balyklar bilen indi iki sagat bäri süzüşip otyrdylar. Bu wagt olaryñ gürrüñleri mazaly gyzypdy. Sebäbi, yssy howada jynyñ jyñkyryşýan adamlar bilen piwo içip, mesawy gürrüñ etmäniñem öz lezzeti bar. Çagalaram şolar ýaly. Gowy dostlary bilen dünýäni unudyp oýnaýsalar, olara başga zat gerek däl. Ýöne çaga çaga bolýar-da. Bir görseñ-ä, hezil edip oturandyrlar. Oýnap ýadap ugrarlaram welin, sähelçe zadyñ üstünde tersleşibirlerem. Ine, esli wagt oýnansoñlar, Gurban bilen Merediñ arasynda-da düşünişmezlik döredi. Olar oýnajyñ üstünde oñuşman, dawalaşyp başladylar. - Ber maşyny! - Berjek däl! - Berersiñ! - Bermen! - Bermän, bökersiñem. Kimiñki öz-ä! Olar oýnawaç maşynyñ her çetinden birisi tutup, çekeleşip başladylar. Barybir Meret maşynyny Gurbana bermedi. - Geregem däl! - Hä, alybilmäñsoñ, gerek däl diýäýersiñ! - Alaýyn diýsem, alaryn. Näme alman! - Hany aljak bolup bir gör! - Alaryn! - Al-da! - Ine, alsam... - Gurban Merediñ üstüne topuldy. Iki çaga çägä bulaşyp, baý, togalandylar-a. Biri maşyny eýläk çekse, beýlekisi beýläk çekdi. Birdenem, maşynyñ kabinasy gopup, oglanlaryñ hersi bir ýana togalanyşyp gitdi. - Alandyryn görseñ! - Näme üçin maşynymy döwdüñ? - Kim döwdi? - Sen! - Özüñ goýbermediñ. Ýogsa döwülmezdi. - Kakama aýtjak, ol seniñ gulagyñy towlar. - Towlap bilmez. Meniñem kakam bar-a! - Bolsa bolubersin. Kakañdan kim gorkýar? - Sen gorkýañ. Bilýäñmi näme, kakam ullakan öküzlerem ýykyp, soýup bilýär. Gahary gelse señ kakañam soýar. - Meniñ kakam ullakan MAZ maşyn sürýär. Soýjak bolsa maşyny bilen kakañy basdyryp gider. - Basdyryp bilmez. Meñ kakam señ kakañdan güýçli. - Meñ kakam güýçli! - Meñki! - Meñki! - Ýör, sorap göreli! Çagalaryñ ikisi-de kakalaryna tarap ugradylar. Bu wagt kakalaryñ keýpi diýseñ göterilipdi. Olar ýanlaryna çagalarynyñ gelenlerini-de duýmadylar. Gürrüñ gaty gyzyşypdy. Onuñ temasy bolsa "gahrymançylyk" baradady. - ...onsoñ piwo aljak bolup bardym. Adamlar setire düzlüp duran ekenler. Özüñ bilýäñ, men nobata durup zat alýan adam däl ahyry. - Hawa-da. - Ana, onsoñ bardym dykylyp, ballonymy uzadyp. Ne ors, ne türkmen biri "Oçer bilen gel" diýip goýbermejek boldy. Nädendir öýdýäñ? - Hä! - Inim, agzyñy şu gün piwo içip bilmez ýaly ederin! - diýdim. - Molodes, oñarypsyñ! - O-da näme diýýär diýsene! - Hawa! - Agam, oñarjak işiñi aýdarlar - diýdi. - Wah, haramzada diýsänim, burnunyñ üstüne salyp goýbermeli ekeniñ. Ik ýaly gan gelensoñ-a, akylyna aýlanardy - Hä, deýus diýsänim. Etjekdik welin, akyllysyrap gapdaldan biri tapyldy: 'Bir adamyñ azy-köpi näme, goý, alsyn. Onuñ üçin dawalaşarlarmy?" diýip, höre-köşe edäýdi-dä. Ýogsa... Şu ýerde-de çagalar kakalarynyñ gürrüñini bozdular. Gurban bada-bat kakasyna ýüzlendi: - Kaka, aý kaka, sen güýçli gerek? Häliden özüne göwni ýetip duran kakanyñ jogaby-da nagt boldy: - Kakañdan güýçli adam bolmaz oglum, bar oýnaber. - Onda swn Merediñ kakasyny-da basýañ gerek? - Hawa, oglum, aýtdym ahyry, kakañdan güýçli adam bolmaz diýip. Bu jogaba Gurban monça bolup, Merede ýüzlendi: - Gördüñmi, meniñ kakam zordur? - Meniñ kakamam zor. Şeýle gerek kaka? - diýip, Meret hem kem galyp barýan ýaly, kakasyndan haraý isledi. Kakasy "Hawa" diýip, jogap berdi-de, dostuna ýüzlendi: - Beýdip, çagalaryñ ýanynda öwnüp oturma, olary kemsidýäñ. - Kim öwünýär? - Sen! - Öwünýän däldirin. Edibiläýjek zadymy aýdýan. Onsoñam hiç wagt men oglumy kemsitmen. Arkaýyn bolaý. - Sen öwünseñ, meñ oglum kemsinýär. - Senem öwün-dä! - Men öwünjek däl. - Eýsen, men öwünjeñmi? - Öwünjeñ. Çagañ ýanynda öwünmäge utanañokmy? Utan! Ýogsa, ulalansoñ o-da señ ýaly öwünjeñ bolar. - Diliñi biderek goýberme, bolýamy! - Kim goýberýä? - Sen! - Men dogry zady diýýän! - Edil, diýibilmez ýalyjak ederin bormy? - Eý, diliñi biderek goýberme! - Goýberende nädersiñ? - diýip, ol dostunyñ üstüne süründi. - Ine, şeýderin - diýip, beýleki dosty ýumrugyny salyp goýberdi welin, öñem aýak üstünde zordan duran ülpetleriñ birisi gapdala gaýyp düşdi. Şobada-da agyz-burnundan gan görnüp başlady. - Gördüñmi, meniñ kakam daýawdyr görseñ? - diýip, Meret jedirdedi. - Gyssanma, häzir kakam ýerinden bir tursun, onsoñ señ kakañ gözüñe görkezer. Şundan soñ kakalar baý, uruşdylar-a. Boldy bir garpyşyk. Aleksandr Newskiñ Çud kölüniñ üstünde turzan urşuna döndi. Käwagt boş geçen ýumrugyñ badyna "urşujylaryñ" özleri-de togalanyp gidýärdiler. Iki çagajyk bolsa, "Ana, meñ kakam basdy, ýok meñki bolşup, olaryñ urşuna "sudýalyk" etdiler. ...Ertesi irden Gurban bilen Meret çägäniñ üstünde bir dogan ýalyjak bolup oýnap otyrdylar. Emma tuduñ aşagyndaky oturgyç welin, boşdy. Öýläne baka, howanyñ gyzyp ugran mahaly ýüzleriniñ kä ýerleri göm-gök, sypjyrylan, çişen iki kakanyñ kakadylan şorja balyk alyp buz ýalyjak piwonyñ başynda oturjakdygy ikuçsyz. Ýöne soñunyñ näme bilen gutarjakdygy nämälim. Ol şol oýnap ýören çagajyklara bagly... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |