17:49 Halypalaryň degişmeleri | |
HALYPALARYŇ DEGIŞMELERI
Degişmeler
Bir ýaş ýazyjy Kerim Gurbannepesowyň ýanyna gelip: - Men ilki çagalar barada ýazyp, çagalar ýazyjysy boljak, onsoň uly adamlar barada eser döredip, uly ýazyjy boljak – diýipdir. Kerim aga başyny ýaýkap: - Inim, sen hiç wagt ýazyjy bolup bilmersiň. Sebäbi çagalar barada eser döretmek uly ýaşlylar üçin döretjek eseriňden ýüz esse kyndyr. Ýazyjylary topara bölýänden hiç wagt zat çykmaz – diýipdir. * * * Türkmenistanyň at gazanan artisti Amannazar Ataýew öz deň-duşlaryndan soň öýlenipdir. Toý sowlan gününiň ertesi özünden göwni hoş bolup, güneşläp otyrka, uly ýoldan signal seslerini goguladaşyp, gelnalyjy geçip gidýär. Muny gören Amannazar: - Baý-bow, menden gijä galanam bar eken-ow! – diýipdir. * * * Ata Köpek dagy hezil edip esli salym bir tüýdükçini diňläpdirler. Şondan soň Ata Köpek tüýdükçä: - Gapdaly bilen aýdym hem aýdyp berdä! – diýen. Tüýdükçi gaharlanyp: - Tüýdük çalýanymy göreňokmy? Ýa meniň agzym ikidir öýdýärmiň? – diýen. Ata Köpek oňa: - Agzyň bir tarapy boş ahyry. Şol taýyň bilen aýdaýarlar – diýipdir. * * * Sary Garryýew kinoda oýnap, öýüne barýarka, jübüsini sermelese, puly ýok ekeni. Ol lapy keç bolup öýüne gelende aýaly: - Näme, keýpiň ýokla?! – diýipdir. - Pulumy ýitiripdirin-dä! - Huşuň nirede, kakasy? “Puly basymrak öýe elt” diýip, goňşudan ibereniň ýadyňa düşenokmy? Ýaşuly şonda gülüp: - Meniň pul ýitirmejekdigimi diňe sen bilýärsiň, keýwany! – diýip, göwni hoş bolup, murt ýerinde barmaklaryny aýlapdyr. * * * Bir gün Mämmet Seýidow radio goşgularyny alyp gelýär. “Goşgularymy diňe Juma Ýazmyrat okasyn” diýip, Jumany gözleýär. Şol gün Jumany telewidenýä çagyran ekenler. Mämmet şahyr oňa garaşyp-garaşyp, bizar bolansoň, goşgularynyň gapdalyna şeýle ýazgylary ýazyp gidýär: “Juma, gaýrat et-de, meniň şu goşgularymy özüň oka. Senem mençeräk okap bilýäň diýýärler”. * * * Bir gezek Artyk Jallyýewi ýokaryk çagyryp, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna direktor bolmagy teklip edýärler. Artyk özüniň uzak wagtlap Wýetnamda surata düşmeli boljakdygyny aýdyp, bu wezipä Baba Annanowy bellemeklerini maslahat berýär. Olar Babany çagyryp, wezipäni hödür edýärler. Ellerinden geljek kömegi gaýgyrmajakdyklaryny aýdyp, Baba Annany zordan ol wezipä razy edýärler. Baba Annan bu işiň Artyk Jallydan ýetendigini ahyr bilipdir-de, oňa: - Kyn iş hödürleseler, hökman meni öňe sürýäň. Maňa-da gezek geler – diýende, Artyk Jally: - Sen başlyk bolup oýnadyň, indi başlyk bolup işläbem gör, onsoň hemmesine düşünersiň – diýip, dostuny gutlapdyr. Toplan: Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |