11:08 Jerime / satiriki hekaýa | |
JERIME
Satiriki hekaýalar
- Allo, Berdiýewleriñ öýümi? - Hawa! - Men aeroportdan jañ edýän. Edil şu wagt samolýotdan düşdük! - Näme diýýäñiz?! - Samolýotdan düşdük diýýän! Obadan geldik! - Döremänler geçen diýsänim, hiç eşidilenok. Gatyrak gürleseñizläñ! - Men obadaşyñyz Gurb... - Täzeden jañ ediñ! - Ol şarkyldadyp trubkany goýdy. Bibi gysygyñ garşy kirşi çekilen ýaý ýaly epildi. Ýüzi üýtgäp, gan basyşy ýokarlandy. Aljyraññylyga düşdi. Öýüne myhman geljek diýse, onuñ ölen ýeri. Şonuñ üçin obadaşlary Bibi gysyk diýip at goýdular. Ine, häzirem onuñ dabanyna köz basylan ýaly boldy: - Kakasy, häzir jañ gelse, trubkany galdyraýmagyn! Ýene-de obadaşlarymyz gelipdirler. Öýe geljek bolýarlar. Öýümiz olar üçin myhmanhana däl. Bi, nyrhlaryñ nä derejä galanyny-ha, bilýändirlerem welin, ýöne eñşip durlar-da! Bir gelenlerinde biziñ aýda iýjek zatlarymyzy iýip gidýärler. Öñem talon diýdiler, palon diýdiler, idili zat berenoklar. Bizem çaga eklemeli, ogul öýermeli... - Gelin baý, giñräk bolarlar, myhman öz rysgy bilen gelermiş diýýärler... - Rysgam gerek däl, pysgam. Aýda birini gaýtarýas, rysgy bilen gelenini göremzok. Getirýänlerem dört sany çörek. Onam bir oturyşlaryna symyşlaýarlar. Sonam, garlawajyñ çagalary ýaly ýüzüñe seredişip otyrlar, iýer ýaly nämäñiz bar diýen ýaly. Hany bol, aýnanyñ tutularuny tutup, gapynam berk ýapaly. Kaksalaram, jañy bassalaram açaýmañ. Çyralaram söndürjek! Ärine aýalynyñ diýenini etmekden başga çäre ýokdy. Aýalyna käýäp gördi, urşup gördi. Bolmady. Gelen myhmana göwünli-göwünsiz hyzmat etdi. Myhmabyñ ýanynda ärine yrsaran boldy. Garaz, myhmany turup gider ýaly, gaýdybam şu öýe aýak basmaz ýaly edip goýberýärdi. Äri üçin iki ýol galypdy, ýa-ha aýalyna boýun egmelidi, ýa-da aýrylyşmalydy. Ýöne kyrk ýaşdan soñ aýalyñ bilen aýrylyşyp, täze maşgala gurup bolmajakdygyna onuñ akyly ýetýärdi. Şonuñ üçinem oña dymaýmakdan başga ýol galmandy. Hut şu zatlar üçinem ol obadan gelen myhmanlaryñ öz öýüne gelmezligini isleýärdi. Aýalynyñ aýdyşy ýaly telefon jyrlap, duran ýerinde böküp başlady. Arasyny üzüp, ýene-de uzak wagtlap jyrlady. Är-aýal bolsa, ýigrenç bilen telefon apparatyna seredýärdiler. Şu wagt olar üçin şondan erbet zat ýokdy. Olar uludan dem aldylar: - Ahyr goýbolsun etdiler-ow! - Ahmal bolsañ, öýüñe geljekler. Şundan gowy çykalga ýok! - Gelin jan, ellerinde adresimiz bardyr. Göni öýe gaýdybererler... Ýañy ýüzi açylan aýalyñ ýene-de reñki öçdi: - Gelibersinler bakaly, gapyny açmarys! Näme, atasynyñ miras goýup giden öýi barmyşmy bu ýerde? Olar goşa gumry ýaly bolşup, garañky jaýda busuşyp oturdylar. Ýarym sagat töweregi wagt geçendir, birden gapynyñ jañy zyrñyldap başlady. - Geldiler, nejisler. Äl adamlar-aý, alty aýky algysy bar ýaly sypdyrmajak bolşup durlar, binamyslar! - Bibi jan, ogluñ okuwdan gelen bolaýmasyn? - Wiý, dogry aýtdyñ, Myrat jandyr bi. Ajygyp gelendir görgülijigim! Ol assa basyp, gorka-gorka gapynyñ "gözünden" daşaryk seretdi. Epeý bir adamyñ suduryny görübem, yzyna eñdi. - Gelipdirler! Demiñi ýuwaş al! Gapynyñ jañy üç-dört gezek basyldy. Soñam, daşlaşýan aýak sesleri eşidildi. - Kakasy, bir gelen bolsalar, sypdyrmazlar. Myrat jan okuwdan geldigi Sähetlere gideli. Gijräk gaýdybiris. Bu gün olar öýdedir. Olar diýişleri ýaly hem etdiler. Ertesem irden alñasaşyp, işe gitdiler. Çagajyklatam mekdebedir çagalar bagyna bir ýarym, bir sagat ir barmaly boldular. Birigünem şeýle boldy. Soñ bolsa birneme arkaýynlaşdylar. Şol günem agşamlyk Myrat poçta ýaşşiginden ýüzüne hat ýazylan bir list kagyzy alyp geldi. Ejesi şonada haty garbap aldy. - Şolaryñ goýup giden hatydyr bi. Hany, ola, kakasy! "Salam, Töre! Öý-içler hemmeleriñiz saglykmy? Men aýalym bilen Kawkaza kurorta geçip barýaryn. Agtyjaklaryma eltip ber diýip, kakañ bir goýny soýup, ýarsyny iberipdi. Bu ýerden añryk uçmaga iki sagat wagtymyz bar bolansoñ, gowşuraýyn diýip alyp gaýdyberdim. Öýüñize şunça jañ etsem-de düşübilmedim. Soñ taksi tutup, gyssagly öýüñize gaýtdym. Hiç kim ýok eken. Soñra getirip, aeroportyñ el goşlary saklanylýan kamerasyna ýerleşdirdim. Özüñiz baryp alarsyñyz-da. 241-nji ýaşşik, parol J-36-28. Hoş sag boluñ! Gurban". - Wa-ýeý, bol kakasy, gideli-de, çaltrak alyp geleli. Täze et iýmänimize-de ýarym ýyla golaý wagt bolandyr! - Ýör! Olar aeroportyñ el goşlary saklanýan ýerine gelip, aýdylan nomeri açdylar. Boş. Bibi gysygyñ gözi hanasyndan çykara geldi: "Ogurlapdyrlar!". Şol wagt nobatçy milisioner gelip ýetdi. - Näme gözleýäñiz? - Şu ýerde et goýup gidipdik welin, ogurlapdyrlar öýdýän - diýip, Bibi gysyk öñürtiledi. - Äh-ä, siziñkimidi şol? Bibi gysyk hossat tapynan ýaly begendi: - Wah, hawa-la, edil özi! - Ýörüñ onda - diýip, milisioner olary öz otagyna alyp gitdi. Bibi gysyk bolsa, oña ýolboýy alkyş okap gitdi. - Ine, şu ýerik gol çekiñ! - Bi näme? - Goýan etiñiz zaýalanyp, bu töwerekde durar ýaly etmedi. Özüñiz bilýäñiz, bizde tomsuñ yssysynda eti sowadyjyda-da oñly saklap bolanok. Siz bolsa ýary maly torba salyp, onam ýaşşige dykypsyñyz. Şu gün irden alyp taşladyk. Ine, bu akt bolsa, şu ýeriniñ sanitar ýagdaýyny bozanlygyñyz üçin bäş ýüz manat tölemeli jerimäñiziñ dokumenti... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |