21:24 Howsala / satiriki hekaýa | |
HOWSALA
Satiriki hekaýalar
Şähere golaýlan samolýot, birden "hyññyldap" ses etdi-de, badyny saklap bilmeýän ýaly özüni birazajyk aşak goýberdi. Içindäki ýolagçylar bolsa, "hass" edişip dem aldylar. Şol barmana samolýot ýene-de yñranyp, özüni birazajyk aşak goýberdi. Ýolagçylar gaýtadanam uludsn dem alyşdylar. Şol bir wagtyñ özünde olaryñ käbirleriniñ ýüz-gözleri-de üýtgäp gitdi. Edil şol pursat yzrakda oturan gartaşan bir daýzanyñ sesi howsalaly çykdy: - Janlarym, bi artyba bir zat bolýamy? Aljyraññylyga düşen başga-da köp eken. - Bir ýeri döwüläýdimikä? - Bizi beri çaltrak düşüräýbilsedi. Soñ näme bolsa, şol bolsun! Aşaklap ugran samolýot ugruny üýtgetdi-de, ýokarlygyna galyp ugrady. Hälki daýza ýene-de durup bilmedi: - Bil al kakmyş, dik ýokarlyguna tutduryberdi-le?! - Daýza, ýere düşüp bolaýdyk öýdýän. Samolýotyñ bir zady döwlen borly. Indi asman gutarýança ýokarlygyna gider oturarys. - Waý-ýeý! Gyýuw! Diline-de düşemok. Adamlar, sorañ şol ors gyzdan, samolýota belet bolduka? Goh köpelip başlady. Lýotçikleriñ kabinasyna girip çykan stýuardessa gyz ýylgyran boldy-da, ýolagçylary köşeşdirjek boldy. Onuñ diline düşünmedik hälki daýza öñünde oturan oglanyñ ýeñsesine dykyldy: - Näme diýýä oglum? - Samolýotyñ tigiri açylanok diýýä! - Tigiri açylmasa gonup bilmezmi? - Daýza jan, sizem aýagynyz bolmasa ýöräp bilmersiñiz ahyry! Samolýotam tigirsiz nädip gonsun? - Onda näme borka? Onýança gapdal hatarda oturan ortatap erkek adam dillendi: - Ýangyjy gutarýança asmanda gezer. Soñam näme, dik-başaşaklygyna ýere gaýdar. Göwrämiz tike-tike bolar. Hossarlaryñyz süñkleriñizi çöpläp bilseler hoş bolarlar. Daýzanyñ yzynda oturan ýaşuly adam bolsa: - Indi kelemämizi çöwrübersegem bolar - diýip, çalaja ýylgyrdy. Samolýot ýene-de silkinip gitdi. Daýzany ot alyp göterdi: - Negözel kärim bardy. Çagalar bilen potrat alyp, arassa zähmet çekýärdim welin, şol heleýiñ gepine gidip, ine, indem düşen günüm! Meni alyp-satarlyga süýremän, özüñ ölüp-ýitip gitseñ bolmadymy? Tohum-tijimde etmedik işimi etdirip, düşürjek günüñem şümüdi, loly heleý?! - Diliñi goýberme, jelep, kim seni zorlap getirdi? - Özüñ jelep, şu jelepçiligiñ bilen dälmi, gytja harytlary tapyp şähere getirip satyşyñ? Ýogsa seni birwagt gapjardylar. - Diliñi goýberme, ýolup taşlaryn! - Näme, ýolubir ýaly mellegiñde ösüp oturan göknar barmy bu ýerde? - Mellegim bilen işiñ bolmasyn! - Bolar! - Bolmaz! - Bolar, näme bolman! Seniñ şol haramylygyñ dälmi, meni şu güne düşüren. - Kim haram? - Sen! - Men saña görkezerin kimiñ haramlygyny. Şuny yzyma tirkemäýinem diýipdim-le! Ol urşagan horaz ýaly towsup, hälki daýzanyñ alkymyndan aldy. Boldy bir uruş. Iki horaz urşana döndi. Ýeleklere derek, başyndaky ýaglyklary gaýyşyp düşdi. Kekejine deregem, burunlaryndan gan geldi. Olary höre-köşe bilen däl-de, güýç bilen aýyrdylar. Samolýotyñ içi dym-dyrslyk boldy. Goh-galmagalam ýatyşypdy. Hälki daýza-da ölümini boýnuna alan soýuljak mal ýaly bolup, sesini çykarman, doñdurylyp otyrdy. Salonyñ içi asuda bolsa-da, ýolagçylaryñ añynda harasat gopýardy. Ine-de, orta ýaşlaryndaky geýnüwli adam, bir nokatdan gözüni aýyrman otyr: "Ajygan ölmez, alñasan öler" diýenleri boldy bi. Görüñ barmy şäherde? Geziber şol günüñe şükür edip diýsäni. Ony-muny görüp, ölümiñ öýünde söwda edarasynda skladyñ müdiri bolduñ. Motosikletiñi "Zaporožese" çalyşdyñ. Onam "Žigulä". Indem näme, şol maşynam äsgermän, "Wolga", "Toýota" diýen bolup, mesirgäp, şähere gaýtmañ näme diýsene. Häýk, indi giç-dä! Ýa bökäýsemmikäm?!" Ol aýnadan aşak seretdi. Bulutlaryñ derdinden ýeriñ görünmeýändigini görübem, özüni kürsä goýberdi. Soñam, mañlaýyny tutdy: "Şundan aman-esen ýere gonup biläýsem, yzyma pyýadaja giderin welin, samolýota münmen. Galan ömrümde diñe halallyk bilen işlärin". Onuñ endamy derden ýaña öl-myžžyk bolupdy. An-ha, yzky oturgyçdan bärkide oturan bir ýaş gyzyñ-a ýüzi has-da gussaly görünýär. Onuñam kalby harasatdan doly: "Tireleri eker ýaly tohum däl diýip, kakam halaşýanyma bermejek bolup ýördi. Gowy bolaýdy. Şundan samolýot aşak gaýdyp, ölüpler gitsedim. Başga çykalga ýok. Häkimet diýdiñ, hökümet diýdiñ, ýüz tutanyñ bilenem, gyzmaç kakam bar. Tersine gitmäge-de gorkýan. Gahary gelse, bellisini eder goýar. Jygyllykdan islän mata-marlygyñy alyp bereli diýip, öz halaýan ýerleriniñ birine bermäge boýun edip, şähere alyp baryşlary-da. Alyp bolaýdyñ öýdýän. Bolmanda-da maña letde däl-de, gowy durmuş, bagt gerek. Şol ikisi bolmasa, ýaşadyñ nä, ýaşamadyñ nä? Gidenim gowy ýok bolup". Ol uludsn demini aldy. Soñam, öz durmuşyndan kemsinýän ýaly hamsygdy. Damagy doldy. Gözüne ýaş aýlady. Emma ölümden gorkmady. Samolýot uzakdan öwrüm edip ýene-de aeroporta golaýlaşdy. Samolýotyñ ortasynda, bir hatarda bile oturan ýaşulurak adamlaryñ birisi beýlekä ýüzlendi: - Sakgaldaş dymaýdyñ-la? - Hä, ozaly bilen-ä erbetlik bolmasyn! Sag-aman ýere gonaly. Aşgabatda maña garaşýandyrlar. Şu gün ol ýerde seminar geçiriljek. Şondan soñam, ekişe başlamaly. Tejribeli mehanizator hökmünde her ýyl ekişi men başlap berýän. Eger şundan samolýota bolgusyz bir sat bolaýsa, onda bu ýyl ekişi kim başlarka? Ana, meni şol oýlandyrýar. Edil şol wagt samolýot ýene-de güñleç ses bilen tisginip gitdi. Soñam "Güt" edip, ses eşidildi. Şondan soñ bolsa, ol ýuwaşjadan aeroportyñ gonuş zolagyna tarap pessaýlap başlady... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |