BARLAGÇY
- Kolhoza barlagçy gelipdir!
Bu habar kolhozyñ ýaşaýjylaryny ilkibada uly alada goýdy. Ozaly bilen aýdylan söz "Biri arza ýazaýdymyka?", "Kim het edip bildikä?" diýlen jümleler boldy. Ýöne bu sözleri welin, hiç kim içinden çykaryp bilmedi. Köneden işläp gelýän Gapbar başlygyñ ýüzüne kolhozyñ ýaşaýjylarynyñ hiç birisi-de dikanlap seredip bilmeýärdi. Sebäbi ol köküni ýagşy berkidipdi. Onuñ üstünden näçe gezekler arz etdiler. Dürli-dürli ýerlerden barlagçylar geldiler. Barladylar, gitdiler. Bar bolan zat arz edenler kolhoz prawleniýesi tarapyndan temmisini aldylar. Başga üýtgän zat bolmady. Şol sebäpli kolhoz çlenleriniñ hiç birisi-de kolhozdaky eden etdilikleri gözleri bilen görüp ýören-de bolsalar, bu barada biruniñ ýanynda sesini çykarmag gorkýardylar. Hawa, bu zatlar durgunlyk döwründe bolupdy. Gör, näçe bigünä adamlar günäli boldular. Ýaşy altmyşdan geçenem bolsa, Gapbar başlyk özünden bilip bu kärinden el çekerli däldi. Ol kolhozçylaryñ özünden bizar bolandyklaryny hem bilýärdi. Üýtgedip gurmagyñ, aç-açanlygyñ, demokratiýanyñ şemaly onuñ "Agzybirlik" kolhozynda-da öwsüp ugrady. Ýaşlaryñ arasynda başlygyñ ýüzüne dikanlap seretjek bolýanlar-da bardy. "Ajy" günleriñ şarpygyny dadan ýaşuly adamlar welin, öñki heñi bilendi - "Oñşubereliñ-le!" diýişýärdiler.
Gapbar başlygyñ özi bolsa, "üýtgedip gurmakdan gorkup, işden çykdy" diýdirmejek bolup, ýene-de dört-bäş ýyl işlemegi, soñ bolsa uly duşmandan üstün çykan dek gaýşarylyp, kolhozçylar bilen hoşlaşyp, arzasy boýunça işden gitmekçidi. Oña çenli her näçe kynam bolsa, özüni saklamalydy. Ýogsa, oña ýadansyñ, pensiýa çykaýyñam diýdiler. Emma ol razy bolmady.
Köp çarşenbäni başdan geçiren Gapbar başlyk "agzyndan süýdüñ ysy gitmedik" ýaşlaryñ tutan guşuny ütüp goýupdy...
- Barlagçy gelen bolsa, bu gezek başlygyñ "öwgüsini" ýerine ýetireris. Indi öñki döwür ýok. Köz ýaly dazyrdadyp ýüzüne basarys welin, nädersiñ aman diläberse.
- Dogry aýdýañ, barlagçynyñ ýanynda eden pohçulyklarynyñ barysyny ýüzüne basmaly!
- Adamlar, şu gezek beri mert duralyñ-da, indi gorkulýan döwür ötdi!
Bu gezek hem kolhoz başlygy kolhoz çlenleriniñ ählisini kolhozyñ klubyna ýygnady.
- Ýoldaşlar! - diýip, kolhozyñ profsoýuz guramasynyñ başlygy Berdi Pökgiýew söze barlady. - Kolhozyñ çlenleriniñ birnäçesiniñ, adyndan ýokaryk arza düşüpdir. Ana, şol arzany derñemek üçinem şol ýokardan ýörite barlagçy gelipdir. Özüñiz bilýäñiz, hemme ýerde üýtgedip gurmak, aç-açanlyk. Şonuñ üçinem näme aýtjak zadyñyz bolsa, arkaýyn aýdyberiñ! Ine-de tribuna. Ýöne öñürti barlagçy Arçyn Nedirowiçiñem birki agyz sözüni diñläliñ.
Arçyn Nedirowiç doklad etmekçi bolýan lektor ýaly gerek bolsa-bolmasa tokgaja papkasyny eline alyp, tribuna çykdy. Bir minutlap papkasyny dören boldy. Soñam äýnegini dakynyp, zala birlaý göz gezdirdi. Zal dym-dyrslyk bolup, hemmäniñ nazary özüne dikilensoñ, ol birbada aljyraýjak ýaly etdi. Emma derrew özüni ele aldy.
- Essalowmaleýkim, gadyrly daýhanlar! Armañ işler bilen! Ekinleriñiz nädýär? Hasyla durdumy? Hudaýym hasylyñyza bereket bersin! Tohumyñyz müñ bolup gelsin!..
Zalda özara pyşyrdylar başlandy:
- Gowy adam öýdýän?
- Gaty medeniýetli eken!
- Daýhan çagasy bolsa gerek. Öñki barlagçylaryñ hiç birisi biziñ bilen beýle gadyrly görüşmändi. Bi hakykatçyldyr!
- Hawa, täze döwrüñ işgärleri. Görseñ, adamlar bilen gürleşmänem oñaraýýandyr?!
- Mundan bir zatlar çykar!
- Ýuwaşrak bolsañyzlañ, diñläliñ-le!
- Hawa, adamlar, men sizden gelip gowşan haty okap, siziñ hakykatyñ, adalatyñ dabaralanmagy ugrunda döwrüñ sesine ses goşup, öz içiñizdäki, has takygy kolhozyñyzdaky hyýanatçylyklara, eden-etdiliklere garşy rehimsizlik, ýüz görmezlik bilen göreşip biljekdigiñizi bildim we muña gaty begendim. Şol sebäpli men hem ýüz görmän, gapyrga syrman şu arzada aýdylan zatlary barlamaga geldim. Barlajagam, günäkärlere berk temmi berdirjegem. Boldu, şunça wagtlap, býurokratlar, parahorlar, wezipeparazlar etjegini edip geldiler. Indi muña ýol bermeris. Indi döwür başga!
Zalda uly el çarpyşmalar dowam etdi.
- Ine, muña hakyky barlagçy diýseñ boljak!
- Sypatyny görenimdenem añdym-la!
- Başlyk jan bi gezek sypmasa gerek!
- Hawa, adamlar, arzada ýazlyşyna görä, kolhozda esasy işi kolhozçylar edýänem bolsa, onuñ hözirini başgalar görýän bolmaly. Geliñ, ýüz görmän, nähili kemçilikler bar bolsa, şu ýerde aýdalyñ. Men arzada näme ýazylanyny, kimiñ ýazanyny aýdybiljek däl. Sebäbi, eşidişime görä, öñki gezeklerem arza ýazanlaryñ ählisi kolhoz ýolbaşçylary tarapyndan ýanalypdyr. Hawa, arzanyñ maksady birnäçe kemçilikleri aýtmak bilen birlikde, meni şu ýere, siziñ arañyza getirmek eken. Ine, şeýle-de boldy. Näme, "dost ýüzüne" diýipdirler. Nähili arzyñyz, nägileligiñiz bar bolsa, çykyñ-da, arkaýyn aýdyberiñ! Men ählijesini belläp alaryn. Dogry dälmi, Gapbar aga?!
Üstüne gyzyl mata ýazylan stoluñ başynda oturan başlyk agraslyk bilen başyny galdyryp, zalyñ içine göz aýlady:
- Gaty dogry! Hat-pet ýazyşyp ýörenlerinden, goý, şu ýerde aýtsynlar. Şu wagt aç-açanlyk ahyry!
- Aýtmaly bolsa, älhepus aýdarys! Şunça wagtlap içimize salyp gezenimiz besdir. Men on dört ýyl bäri brigadirlik edip gelýän. Emma her ýyl pagta planymy ölümiñ öýünde ýerine ýetirýärin. Başlyk dökün, tehnika şeýle hem beýleki zerur kömekleri belli-belli brigadirlere berýär. Sebäbi şol brigadirler artykmaç pagta ekýär. Artdyryp ýazýarlar. Şol artdyrmalar bolsa, kolhoz başlygynyñ jübüsine girýär.
- Ýoldaş derñewçi, meniñem bir aýtjak zadym bar. Biz bir maşgalada üç hojalyk bolup ýaşaýarys. Çagalarymyñ, gelinlerimiñ ählisi şu kolhozda zähmet çekýärler. Bir jaý biziñ üçin darlyk edýär. Hudaýa şükür, ýene-de ogullarym ýetişip gelýär. Olaram öýermeli. Kolhoz prawleniýesine mellek beriñ diýip, ençeme gezek ýüz tutdum. Hut başlygyñ öz gaşyna-da bardym. Bereris diýdi. Şol berjekligi.
- Berjek diýen bolsa, berer. Garaşyberiñ!
- Wah, garaşa-garaşa añkamyz aşyp gitdi. Üç ýyl geçdi berjek diýeli bäri. Dogrymy aýtsam, her mellek üçin dört müñ manat pul soraýarmyş. Gol doly maşgala, men onça puly nireden tapaýyn? Pul berýänler bolsa, dessine alyp durlar. Düýn ogluny öýerenler, bu gün mellekli bolýarlar. Heýem bir kolhozyñ ýerine kolhozça satyp bormy?
- Men bolsa, iki ýyl bäri kolhozyñ kerpiç zawodyndan kerpiç alybilmän kösenip ýörün. Kolhozyñ başlygy, baş buhgalteri saýlama kerpiçden kolhozyñ hasabyna köşk ýaly jaý gurdurdylar. Indem öz işi bitensoñlar, kolhoza girdeji diýip, goñşy kolhozlara satýarlar.
- Beýle zat bolup bilmez! Onuñ anygyna-şänigine ýeteris.
- Meniñ kärim mehanizator. On iki ýyl boldy, köne traktorda işläp ýörenime. Ertir berjek, birigün berjek diýip, başlyk meni täze traktordan mahrum edip gelýär. Öz ýegeni bolsa, her iki ýyldan täze traktor münüp ýör. Puly känler-ä, para berip alýar. Biziñ başlygymyz parahor. Kolhoz üçin alada edenok. Bar gaýgysy - jübüsi!
- Men...
- Men...
- Men...
- Men...
Kolhoz başlygy çykyşlaryñ ählisini ünsli diñläp otyrdy. Içimden bolsa zol-zol oýlanýardy: "Adamlaryñ añy ösýär. Bular bilen uzak işleşip boljak däl. Abraýyñ barka aýrylmaly".
Edil şu ýerde-de başlygyñ oý-pikirlerink instituty birki ýyllykda tamamlap gelen ýaş agronomyñ sesi bozdy:
- Adamlar, ur diýseler öldüräýýärsiñiz! Juda beýdäýmeli däl ahyry. Adam bor-da, sähelçe kemçiligem bolar ahbetin. Görýäñiz-ä, kolhoz ullakan, ýolbaşçy ýeke. Şunça adama baş bolmak, olaryñ hersiniñ göwnüni tapmak ýeke adama añsat däl-ä! Mellek üçin, traktor üçin pul bermeli diýdiñiz. Hany aýdyñ, haýsyñyz pul berdiñiz? Aýdyñ? Dymýañyzmy? Diýmek, ýalan! Beýdip, biriniñ üstüne töhmet atmak bolmaz ahyry! Ýoldaş Gapbarowyñ şunça wagtlap kolhozy, onuñ at-abraýyny saklap gelenibe gaýtam, berekella aýtmaly. "Aç-açanlyk boldy" diýip, agza gelen zatlary otaryp bolmaz. Beýtmäliñ adamlar, agzybir ojagy dargatmalyñ. Hany aýdyñ, şu başlyk gitse, ýerine şonuñ ýaly agras, oba hojalygyndan gowy baş çykarýan kimi goýup biljek? Men bir zada doly göz ýetirdim. "Döwüljek arana kyrk gün öñünden jygyldar" diýipdirler. Biziñem kolhozymyz, göräýmäge tozjaga meñzeýär. Häzirki başlygymyz işden gidäýse, kolhoza başlyk çydamaz. Birinem sygdyrmarsyñyz. Netijede mukaddes ojagyñtz dargamak bilen bolar. Agzybirligiñ ýok ýerine berekeden bolmaz, döwletliligem.
"Tüweleme, Möwlamyñ ogly ýaly-la bi. He, atasyna belet muñ. Söhbet akyl diýerdiler oña. Gaty akylly adamdy. Tohumyny taşlap gitjek ýeri ýok, agtygyna-da geçipdir görseñ. Bi oglan hiç wagt hor bolmaz".
Gurban agronomdan soñ hiç kim gürlemedi. Şeýle bolansoñ, Arçyn Nedirow sözi jemlemeli boldy:
- Ýoldaşlar, çykyp gürlejek ýok bolsa, boldy edeliñ. Ýygnagymyz gowy, aç-açanlyk ýagdaýynda geçdi. Kemçilikler ýüz görülmän aýdyldy. Aýdylan kemçilikleri bolsa, ýerinde barlarys. Arkaýyn boluñ! Hälki oglan "onça-munça kemçilik bolar" diýdi. Ýok, indi kemçiliklere göz ýummak bolmaz. Öñem göz ýuma-ýuma ýurdy dargatdyk. Geliñ, ýüz görmäliñ. Gerek bolsa, başlygyñyzy pensiýa ugradyp, ýerine ýaşlardanam goýup göreris. Bu meselänem tiz wagtda çözeris. Nähili görýäñiz, ýoldaşlar? Bolýamy şeýtsek? Hoş onda, sag boluñ, arman-ýadaman işläñ!
Şol ýygnakdan soñ hepde, aý geçdi. Kolhozda özgeren zat bolmady. Bir özgeren zat, tankyt bilen çykyş edenlere ýene-de öñki ýaly temmi berildi: mellek ýer berilmedi, traktor elinden alnyp, slesar edilip işe geçirildi. Ýaşlary ösdürmeli diýibem, ýaş agronomy kolhoza baş agronom bellediler.
Kolhozçylaryñ arasynda ýene-de öñküler ýaly hyşy-wuşy gürrüñler edilip başlandy: "Başlygymyza kär edip biljek ýok. Täze döwür diýdik, indi işini görerler diýdik, barysy bir köpük. Şol öñki-öñkülik dowam edip dur. Gowusy sesiñi çykarman işlemeklik. Anha, döşüne kakyp giden barlagçynyñam iýibilen pohy bolmady..."
Emma bir syry welin, başlygyñ özünden başga bilýän ýokdy. Barlagçy diýip gelip giden başlygyñ Aşgabatda, "Bilim" jemgyýetinde işleýän dostudy. Ol zähmet rugsady döwründe dostunyñka görme-görşe gelipdi.
Jorageldi SAPARGELDIÝEW.
Satiriki hekaýalar