20:31 Reýd / satiriki hekaýa | |
REÝD
Satiriki hekaýalar
Bir gezek men düýşümde ministrleriñ ministri wezipesine saýlandym. Bu wezipe meniñ ömür arzuw edip ýören zadymdy. Şol günüñ ertesi Aragatnaşyk ministrini öýüme çagyrdym. - Başlyk, ýeriñ düşümli bolsun. Ikimize uzak ýyllar bile işlemeklik nesip etsin - diýip, gyñaja dolanan bir petde zady öñümde goýdy. Men munuñ nämedigine bada-bat düşündim. - Ýoldaş ministr, näme diýsene, men kakam bilen ejeme jañ edip, obamyzyñ hal-ýagdaýyny biläýjekdim - diýdim welin, ministr şobada telefona ýapyşdy. Men: - Gyssanmañ, özümjik jañ ederin. Jañ gelýänçä bolsa bir käse çaý içeris - diýdim-de, şäherara telefon stansiýasyna zakaz berdim. Şondan soñ ministr bilen biraz gürrüñ etdim. Çäýnek yzyna çäýnek boşady. Köp garaşdyk. Ahyry çydabilmän, şäherara telefon stansiýasynyñ sorag-jogap býurosynda oturýan gyza jañ edip, zakazymy soradym. Garaşyñ diýdi. Ýörite ses batlandyryja berkidilensoñ, telefon stansiýasyndan gelýän jogap jaýy ýañlandyrýardy. On minut geçip-geçmänkä ýene-de jañ etdim. "Garaşyñ, zakazyñyzy barlap göreýin. Netijesini aýdaryn" diýip, jogap berdiler. Garaşdym. Ýene-de bir çäýnek çaýy boşatdyk. Gaýtadanam şol ýerik jañ etdim. - A gyz, üç sagat boldy, gaýrat edin-de bir... - Garaşyberiñ! Ministriñ içini it ýyrtýardy. Gaharyndan ýaña ýüzleri ýagysyny gören itiñki ýalydy. Men sähelçe dergazapsyran bolup, ýene-de şol nomeri aýladym. - Požarnyý... - Skoroýa pomoş!.. - ...Guk, ...guk, ...guk... - Başlyk, maña ber trubkany, häzirki çöp döwen ýaly ederis! Menem onuñ jogabyny nagt etdim: - Ýoldaş ministr, bujagaz ýaglyjagyñy al-da, göteril şu ýerden. Şunça ýyllap çöp döwen ýaly edip bilmedik bolsañ, indem oñarmarsyñ. Şol gün ilata durmuş taýdan hyzmat ediş ministrini çagyrdym. Munuñam gelşi hälki ýaly "petdeli" boldy. Men ony saklabam oturmadym. Eline bir köneje penjegimi tutdurdym-da, "ýör" diýip, egin-eşikleri himiki usulda arassalaýan ýere eltdim. Biz nobata durşumyza, kabul edişligi synlap, bäş minut durduk. Ynha, eli agyr sumkaly bir gelin gelýär. Ol gele-gelmäne "kesekilere girmek gadagan" diýlen gapydan girdi-de: - Gyýuw, Nurgözel, gel bärik! - diýip, işläp ýören zenanlaryñ birisini çagyrdy. Mähetdel etmän ýetip gelen aýal maşgala onuñ agyr sumkasyny alyp gitdi. "Kabul ediş" diýlen penjirä baran her adama "Goýup gidäý, iki sagatdan taýýar edip bererin" diýip, işdämenllik bilen hereket edýän aýalyñ gözi müşderilerdedi. Ine-de biziñ nobatymyz geldi. - Daýza jan, şu penjek gyssagly gerekdi. Komandirowka gelipdik. - Gürrüñi bolmaz... Men ministre sowal berdim: - Şu hili kärhanalaryñ planlaryny ýerine ýetirişi neneñ? - Dolýarlar öz-ä! - Eger şuñ ýaly ýerlerde kontrollygy güýçlendirseñiz, plan näçe dagy bolardy? - Ikiden-ä aşjak eken. Muny ertirden düzgüne salarys. - Şu wagta çenli düzetmedik bolsañ, indem düzetmersiñ. Ertesi gün ýaşaýyş-jaý, kommunal hojalygy bilen söwda ministrini öýe çagyrdum. Ikisem "sowgatlyja" geldiler. Söwda ministri bilen geçiren "reýdimi" bolsa aýdyp oturjak däl. Ony hemme kişi-de bilýär. Onuñam bada-bat küşdüni berdim. Kommunal hojalygy ministrine bolsa, ýaşaýyş-jaý eksplutasion uçastoklardaky eden-etdilikleri açyp görkezdim. Baý-bow! Ol satylan işik-aýnalar, batareýler, rakowinalar, unitazlar, demir turbalar... Olaryñ hetdi-hasaby ýok. Möhleti gutaryp, düýpli remonta mätäç jaýlar welin, remonta garaşyp dur. Kagyz ýüzünde bolsa olar birwagt remont edilipdi. Olara çalşyrylmaly zatlar başga-başga adamlara satylyp, puly jübä urlupdy. Başlygyñ gapysynyñ agzynda şikaýat etmäge garaşyp duran adamlaryñam eşitjek jogabyny bilýärdim: "Materialymyz ýok. Boldugy çalşyp bereris!" Emma onuñ haçan boljagy welin, hiç kime-de belli däldi. Şeýdip durkam, birdenkä kibtime biri patylatdy. Görsem, goñşym. - Näme, azyk üçin kartoçka ýazdyrjak bolýañmy? - Aý... - Ýör bärik, bir zat görkezeýin! Ol bizi yzyna tirkäp, beýleki kabinete geçdi-de, stoluñ añyrsynda oturan gelne ýüzlendi: - Olýa jann işler gowumy? Ine, dokumentler. On dört baş edip goýber. Ine, bi-de saña - diýip, sary ýüzlügi onuñ öñüne atyp goýberdi. Gelin ör-gökden gelen boldy: - Wi, edýäniñ näme?.. - Alyber, biz özümizinkiler! Şondan soñ, dört baş maşgala on dört baş maşgala diýlip kartoçka dolduryldy. - Işleseñ, şu liniýada işläýmeli. Edeniñi edip gezibermeli. Towugyña tok diýýän ýok - diýip, işi biten goñşym ýyrş-ýyrş eden boldy. Soñam - Magazine eñeýin-le, gerek zatlarymy alaýyn, hoş! - diýip, atylyp çykyp gitdi. - Bu zatlar bolup bilmejek zatlar! - diýip, ministr pyşyrdady. - O näme üçin? Görüp dursuñ-a, ýöne bulara has-da takyk göz ýetirmek üçin ýönekeý adam bolubam işläp gör - diýip, onuñam jogabyny berdim. Şondan soñ Içeri işler ministrini çagyrdym. Şu ýerde tasdanam tisginip ukudan açylypdym. Hälem zordan çydaýdym. Sebäbi näme üçin beýle düýş görýäñ diýip, meni heläk etmekleri mümkin. Çünki olaryñ arasynda haky nähak, nähaky hak edip bilýänler bar. Olaryñ käbirlerini dagy. Eý-ho! Gowusy olary ýatlamaýyn. Ýogsa, süýji düýşümden daşlaşaýmagymam mümkin. Şonda-da, men Içeri işler ministri, onuñ awtomobil inspeksiýasynyñ başlygy bilen üçleşip, bir çüýşe konýagy bokurdagymyzdan goýberdik. Soñam näme, köneje maşynyma münüp, şäheriñ şaýoluna çykdyk. Ýoldaşlarymy yzynda oturdyp, özüm öñünde gaýşardyp barýardym. Maşyn bolsa, aldygyna öñe dyzaýardy. Ine-de, awtoinspektor jürlewügini çaldy. - Durma-da sürüber! - diýip, GAI-niñ başlygy ýerinden gobsundy. - Sesiñizi çykarmañ, özüm gürleşerin. Awtoinspektor ýuwaşja, özüne göwnüýetijilik bilen ädimläp geldi-de, sag eliniñ aýasyny oñly ýazyp-ýazman, burnuna salyp "myñ-myñ" etdi. Soñam maşynyñ aýnasyna golaý gelip: - Agam, gaty sürýäñ! - diýdi-de, birdenem señrigini ýygyrdy: - Üf! Içipsiñiz öýdýän. Häzir meniñ bilen gitmeli bolarsyñyz. - Näme, içipdirin?! Heýem içip maşyn sürüp bormy? Gürrüñiñ dagy nähili? Me, şulary çagalaryña eltip ber. Men bolsa gideýin. Beýdip dursak, gören näme diýer? - diýip, üç sany ýüzlügi eline tutdurdym. Görgüli bir pula, birem ýüzüme seretdi. - Dawaý, saglygyñ! - diýip, maşyny sürüp gaýtdym. Onuñam çest berip galanyny gördük. Şol gidişine, maşynymyñ gazyny boldugyndan basyp barýardym. Çünki ýol özümiñkidi. Ine, birdenem öñümi kesip bir "KAMAЗ" ýola çykdy. Badymy saklabilmän urdum şarkyldap. ...Demim çala gelip gidýärdi. - Munuñ oduk-buduk emlär ýaly hossary ýok öýdýän. Operasiýadan çykmadu diýip, gümläp goýbereliñ. - Şeýdäýeliñ-le! Kim bilip dur. - Hany onda neme, kislorodyny kes. Añyrky, senem gan goýbermäni goýbolsun et. Biraz dynç alaly, oña çenli kaput bolsa gerek. Ardurja ele düşdüm gerek diýip, utulanymy boýnuma aldym. Wah, beýle boljagyny bilen bolsam, Saglygy saklaýyş ministrini-de ýanym bilen alyp gaýdardym. Indi giç. Birdenem, bir pikir kelläme geldi. Özümi tanatjak bolmaly. Ýogsa gitdigiñ. Şeýdip, barja güýjümi jemläp gygyrdym: - Näme, meni tanamadyñyzmy? Men ýurduñ hökümdary ahyry. Men... men... Ysgynymyñ bary gaçdy. Agzym çalaja gymyldady. Ses bolsa çykmaýardy. Edil şol wagtam wraçlaryñ özara pyşyrdysyny eşitdim: - Bedibagt, jan berjek bolýar öýdýän. Bagtsyzlygyndan ölüp dynjak peläket... Dura-bara demim azalyp, endamym sowap barýardy. Sesiñi çykarmasañ-a, bular meni-de öñki hossarsyzlaryñ gününe saljak... "Ýatyp galandan atyp öl" diýlenini edip, soñkuja güýjümi jemläp gygyrdym: - Baryñyzyñ gözüñizi türmede açdyryn! Ak ýektaý geýen ezraýyllar diýsänim! Bu gezek dogrudanam gaty gygyrypdyryn. Öz sesime hopurganyp oýanypdyryn. Üstüme bürenen agyr ýorganym demimi bermän, endamymy öl-myžžyk edipdir. Bolan zatlaryñ düýşümdeligine müm kerem Hudaýa şükür etdim. Huşumda dagy... Ýog-eý, bi wezipe her meñ ýalynyñ iýjek aşy däl eken... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |