19:59 Daşary ýurt degişmeleri | |
DAŞARY ÝURT DEGIŞMELERI
Degişmeler
Tiz ýöreýän otlynyň küpesinde bir aýalyň ýeke özi otyr. Küpä bir ýaş ýigit girýär-de, onuň gapdalynda oturyp, sakgyç çeýnemäge başlaýar. – Meniň bilen tanyşjak bolup nähak horlanýaňyz. Men doga ker – diýip, aýal dillenýär. * * * Ýaş esger öýlerine hat ýazýar: “Mähriban ejem, sen maňa ir turup, eşiklerimi geýmegi, dişlerimi arassalamagy, naharlanmagy hem-de ir ýatmagy öwretjek bolup ýigrimi ýyllap biderejik horlanypsyň. Bu ýerde, goşunda, olaryň baryny ikije günde öwredýän ekenler”. * * * – Doktor, eger sag-aman aýak üstüne galsam, siziň täze saldyrýan keselhanaňyzyň gurluşygy üçin 500 müň dollary gaşymy çytman bererdim – diýip, näsag millioner aýdýar. Birnäçe aý geçenden soň, lukman öňki syrkawyna köçede duşýar. Onuň ýüzünden gany damaýyn diýýär. – Men siziň sag-aman gutulyp gideniňize gaty şat – diýip, lukman oňa seredip guwançly ýylgyrýar. – Indi şol keselhananyň gurluşygy üçin berjek diýen pullaryňyz barada-da gürleşäýsek... – Pul berjek diýdimmi men?! – diýip, millioner geň galýar. – Päh, onda gaty agyr ýatypdyryn-ow! Hatda samrapdyrynam!.. * * * – Goňşy, bazarlapsyň-la? – Aý, şlýapa aljak bolýan welin, göwnüme ýaraýany ýok. – Kelläňe ýaraýanyny alyber. * * * – Meniň aýalym diýseň adamkärçilikli... – Şeýledir-le, ýogsa, seň bilen bir günem ýaşaşmazdy. * * * Bir gün bir mülkdar belli fransuz suratkeşi Renuardyň ýanyna gelip, şeýle diýipdir: – Haýyş edýän, oglumyň çeken suratlaryna baha beräýseňiz! Beýik suratkeş suratlara ser salypdyr-da, şeýle diýipdir: – Ogluňyz edebiýat bilen meşgullansa has oňat bolardy. – O näme üçin? – Çünki kagyzy hapalamak matany hapalamakdan arzan düşýär. Toplan: Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |