12:43 Şlýapa / satiriki hekaýa | |
ŞLÝAPA
Satiriki hekaýalar
Howanyñ duýdansyz sowap, süññüme ornap barýan çigrek şemala dalananymdan soñ, gyşyñ golaýlaşýandygyny duýdum. Egnime, aýagyma geýer ýaly oduk-buduk bar welin, öýüñ içinden kellä geýere zat tapmadym. Aýalymdan haýyş etdim. Ol görgülem bir sagatlap öýüñ içini agdar-düñder etdi. - Tapdym, indi işimiz oñar! - diýip, magazinlerden kemput tapyp gelen ýaly ýyrş-ýyrş etdi. Elinde bolsa, iki ýyl mundan öñ aatyn alan şlýapam bardy. Aýalym görgüli ony ýelýyrtan ýaglyga dolap, sandygyñ düýbünde gizläp goýan eken. Gizlemezçe-de däl. Ol şlýapanyñ hormatyna gyzyldan ýadygärlik dikseñem az. Wah, şol ýyllar ýene-de bir dolansady. Onda ýene-de ýüz-gözüm tegelenip, garnym biraz öñe giderdi. Haý-haý, ol döwürler gowudy-la! Ýañy semräp başlapdym welin... Bir gezek şol döwürde işim düşüp, şäherimiziñ merkezi uniwermagyna girdim. Ana, şonda geýim-gejim satylýan bölümine baranymda lowurdap duran şu gara şlýapa gözüm düşdi. Özem hut şü wezipeli adamlaryñ geýýän şlýapasy. Derrew birisini satyn almaly boldum. Bahasy elli manat eken. Şol wagtky bäş çüýşe aragyñ puly-da! "Muñ ýaly şlýapañ bolsa, aragyñ özi tapylar" diýägetdin, aldym-da, eñdim öýe. Şondan soñ bolsa şeýle wakalar boldy. Zähmet rugsadyny alanymdan iki-üç gün soñ, sertaraşhana bardym-da, gowy edip saçymy bejertdim. Soñra öýe geläge-de täzeje gara köwşümi, balakdyr penjegimi geýdim. Şol şlýapanam başyma ildirdim. Institutda okaýan oglumyñam papkasyny alyp galdym. Irdenem, magazinlere sary ýola düşdüm. Maña ilki gözi düşenlerem goñşularym boldy. - A gyz, bi goñşymyz ýokary çekiläýipmi? Seret-le oña, agynja ministriñ bar-da! - Şeýlemi?! Goñşularum gaty geñ galdylar. Dogry-da, otluda prowodnik bolup işläp ýören adamyñ birden beýle bolup çykmagy ýatsañ-tursañ oýuña düşmejek zat ahyry. Hawa, barşyma göni "Gastronom" diýlip, ýazylgy uly azyk harytlary magazinine bardym. Bu ýerde bolup geçýän zatlar halys meni şeýtmäge mejbur etdi. Şlýapaly kişiler dükanyñ ýeñse işiginden geler-de sen-men ýok, satylyp duran etiñ süñksüz ýerinden alyp giderler. Özem edil meñki ýaly şlýapalylar. Towugam bolsa, togsan bäşlik çaýam bolsa, gowuja süýjülerem bolsa şolaryñky. Tekjelerde welin, ol zatlary görmersiñ. Bu adalatsyzlyga çydaman, menem şu işe baş goşmagy makul bildim. Özümi sese goýup gördüm. Ellerimiñ birisi galdy, birisi galmady. Oña derek agzym "Gitmeli" diýdi. Şeýdip, sesiñ köplügi bilen, şol magazine garşy ýola düşdüm. Barşyma ses-üýn ýok, magaziniñ içine - sklad jaýyna bardym. Men bu zatlary göz astyna alyp gezip, beýleki şlýapaly kişilerden ýagşy öwrenipdim. Kä wagtlar dagy hiç zat almajak bolmasam-da şu zatlary öwrenmek üçin, ir ertirden günortana çenli magaziniñ içinde Abweriñ jansyzy ýaly aýlanyp ýörýärdim. Şu ýerde özümiñ biçak mähirsiz, hyrsyz ýüzümiñ nazary gazaply gözümiñ uly peýda edendigini-de aýtmalydyryn. Sklad jaýyna giren dessime hars urup işläp duran iki ýigit maña tarap nazaryny aýladylar. Soñam öz aralarynda bir zatlar diýişdiler. Bada-bat ylgaşlap, birisi ýanyma geldi. - Salowmaleýkim, agam! - diýip, iki elini uzatdy. - Gurgunmyñ? - Sesim çalaja eşidildi. Ulumsylyk bilen oña tarap öwrüldim-de, ýeke elimi uzatdym. - Agam, bir zatlar gerekmidi? - Ýok! - Bu ýeri sklad... - Bäbenegim kör däl! Kim borsuñ? - Uly satyjy! - Onda işiñ bilen boluber! Haýbatly çykan bu sese ýigit ýüzüme ýalt-ýult edip seretdi-de, sessiz çykyp gitdi. Men bolsa; skladdaky zatlary birin-birin gözden geçirýärdim. Bir görsem, gapdalymda bir ýigit salam berip dur. - Agam jan, salowmaleýkim! - Salam! - Bä, ýüzüñ-ä tanyş agam jan! Nirede görüşdikkäñ?! Men bir gezek gaty arçyndym-da, onuñ sowalyny jogapsyz galdyrdym. - Bi zatlary satuwa çykarmaýañyzmy? - diýip, bukulyp goýlan delje harytlary ümledim. - Çakyrarys! Ýöne, ilki agalarym geregini alsyn, soñ çykararys diýip, saklap otyryn. - Saklama, häziriñ özünde tekjelere çykaryñ! Bu söz magazin müdiriniñ ökjesine köz basana dönderdi: - Aý, agam jan, bizem bokurdaga bir zatlar oklamaly ahyry. Bizem edil siziñ ýaly çaga bakýas. Beýdişip durmaly! - Hüm... Ýeri, bolýa-da, ýöne beter göze düşmäñ! - Diýşiñiz ýaly bolar! - Hany onda, ondan-mundan atyşdyr! - diýip, aýalymyñ dolap beren iki sany sumkasyny eline tutdurdym. Almaly zatlary birin-birin görkezişdirdim. Öýe gelenimde aýalym görgüliniñ begenjinden ýaña gözüne ýaş aýlandy. Süýji-süýji sözläp, alkyş okap, togsan bäşlik çaýdan demläp, çaý äberdi. Elini üç gezek sabynlap ýuwubam, şlýapajygymy usullyk bilen çykaryp, arassaja ýaglyga dolap, şfoneriñ içine salyp goýdy. "Käriñi täzeläýdiñmi?" diýip, goñşularym öýe gelip ugrady. "Ýok-la, bir şlýapajyk satyn aldym. Işden soñ şähere çykanymda geýäýmäm bar" diýip, olary rahatlandyryp goýberdim. Ýogsa, işe gidenimde bir eşik, magazine gidenimde bir eşik geýseñ, onda-da soñky iki hepdede goñşularyñ, tanyş-bilişleriñ elbetde, geñlärler. Ana, şeýdip, bolçulyk döwründe has-da bol ýaşap başladyk. Bir zady boýun almagymyz gerek. Bolçulyk diýlen döwürde-de hemme zat söwda açyk çykanokdy. Delje zatlar belli-belli adamlara gidýärdi. Şol belli-belli adamlaryñ birisi-de mendim. Meni-de belli adam eden şol şlýapady. Wah, nädip üstünden baryp alybildiñ diýsene! Aý, dogrusy, çüwjek adamyñky çüwüberýän eken. Öýümizdäki bu bollugy görüp, goñşularym meniñ diýen sözlerime ynanmajak bolýarlar. Dogrusy ynanmanam goýdular. "Dogrujañy aýdaý, seniñ başga-da abraýlyja ýerde işleýän ýeriñ bolmaly. Ýogsa, bu zatlar nireden gelsin?" diýýärler. Emma men syrymy açmaýardym. Sebäbi syr syrlygyna-da galmaly ahyry. Muny şeýtmek üçin aýalym bilen ant içip, awy ýaladyk. Ýöne biziñ bu bolelinligimiz uzaga çekmedi. Nobatdaky reýsime - Moskwa baryp gelenimden soñ, öýden şlýapa tapylmady. Aýalym görgüli aljyraññylykda nirede goýanyny unudaýypdyr. Ol ýarym ýaş bolup, uzakly gün öý goşlarymyzy dökdi. Barybir tapylmady. Onsoñ, ogurlanandyr diýen netijä gelip, gözleg işlerini goýbolsun etdik. Şondan soñ ýene-de garypja günlerimiz başlandy. Öñki günümizi dikeltjek bolup, gaty kän dyraşdyk. Şäheriñ, goñşy etraplaryñ magazinleriniñ ählisini, jygyllyk bazaryny aýlanyp çykdyk. Emma onuñ ýaly şlýapa tapylmady. Käbir magazin müdirlerine, bazaryñ skladçylaryna para-da hödürledik. Peýdasy bolmady. Ine, şondan iki ýyl geçdem welin, tapylaýdy. Aýalym ony sklad jaýymyzda ata-babadan galan köne sandygyñ içine atyp, agzyna-da ullakan gulp asyp goýupdyr. Nämemiş, iş bilen bir ýerik çykanda yzyñda öýüñe giräýseler, tapylmaz ýalymyş. Onuñam dogry. Çünki şu günler sähelçe wagtlyk öýüñden çykdygyñ, ogrular öýüñi dökjek bolşup durlar-how! Ana, tötänlikde üstünden barlyp tapylan şlýapany elinde tutup durşuna aýalym hem begenjinden, hem gynanjyndan zar-zar aglaýardy. Ýaşa dolan bäbenegi bolsa maña dikilgidi. - Ahyr tapyldy. Sadagasy boldugum, indi bi bizi eklär. Ýogsa, bi talon diýdiler, palon diýdiler, iýere idili zat bermäni goýdular. Kakasy görgüli bu şlýapany gözläp, menzil-menzil ýollary söküp geldi. Görmedik dükany, barmadyk ýeri galmady. Wah, ykbalyñ bize ýene-de gülüp bakjagy bar eken. Indi talon, kartoçka diýip, iller ýaly ygyp ýörmeris. Şeýle dälmi kakasy?! - Hawa. - Bar onda, eşikleriñi çalyş, ikem däl üç sumka al-da, eñ magazine. Agzymyza süýjüdir köke, täzeje et degmezmikä. Halwadyr bolgar mürepbelerjni, marmeladdyr şokoladlary dadyp görmänimoze esli wagt bolupdyr. Goýaldan süýt bolsa-da, bir karobkasynu al-da gaýdyber. - Hemmesini gül ýaly ederin. Magazine girdim-de, öñkülerim ýaly ýeñse gapysyndan girdim. Sklad jaýynyñ gapysy bolsa gulply dur. - Müdiriñiz nirede? - diýip, geçip barýan ak halatly gyzdan soradym. - Öz otagyndadyr! Ardynjyrap girdim. Magazin müdiri öñki däl. Ol bir zatlar ýazyşdyryp otyrdy. - Gurgunmyñ inim? - Essalowmaleýkim, gel ýaşuly? - Iş aladalar neneñ? - Erbet däl, kartoçka sistemasyna geçelimiz bäri goh-galmagal ýatyşdy. Her kimiñ öz paýy bar. Haçan gelip alsa dur ynha. - Diýmek asuda-da? - Hawa! - Şeýle bolawersin. - Aýdyp otur agamn näme hyzmat? - Skladyñyzy göräýjekdim. Müdir meni boýdan-başa synlady-da: - Skladda zat ýokdur agam. Bar zatlarymyzy ynha, satyp otyrys - diýdi. Şlýapama göwni ýetmedi öýdýän diýen pikir kelläme geldi. Men dergazapsyran boldum: - Özüm gowy bilýän, nämäñ bar-ýoklugyny! - Ýaşuly, siz nädip menden gowy bilýäñiz? Harydy alýan men, goýberýänem men. - Inim, goh turuzyp durma-da, diýlenini edäý. - O näme üçin etmelimişim? Aslynda özüñiz kim bolarsyñyz, maña buýruk berer ýaly? - Men kimdigimi agzyma çolap oturmaýyn, abraýlyja işlejek bolsañ, et diýlenini edäý. Müdiriñ gahary ýetjek derejesine ýetdi: - Ýaşuly, çyk şu ýerden! - Ol öz işim! - Dawaý, çyk diýýän! - Sen how, kim bilen gürleşýäniñi bilýäñmi? - Kim bolañda-da mana tapawudy ýok, hut ministr bolaý. Ýöne çyk şu ýerden! Gohumyzy eşidendir-dä, satyjy ýaş oglanlaryñ ikisi eñşip geldi. - Näme başlyk, ýene birisi geldimi? - Hawa. Olaryñ ikisi-ds gelip, alkymyma dykyldylar: - Ýaşuly, abraýyñ barka ugra şu ýerden! Maña ökje götermekden başga alaç galmady. Ýöne gaçmagam birbada namartlyk hasapladym. - Çykmaly bolsa, çykaýarys! Ýöne bujagazlaryñyz bilen iru-giç hasaplaşmaly bolar. - Hýäk, arman ýaşuly bolýañ-da, ýogsam... - Nä-äme, ýogsam?! - Ine, ýogsam! - diýip, daýaw ýigitleriñ birisi ýeñsämden sütenekledip, iterip, gapydan çykaryp goýberdi. Sumkalarymam yzymdan zyñyşdyrdy: - Ejeñi s... diýsänim! Dünýäni bulaşdyranynyzy az görýäñizmi?! Gaýdybam bir şu ýerlerden garañy görkez. Soñ göreris! Ana, şlýapanyñ abraýynyñ gaçandygyny şonda bilip galdym. Äl ýaşaýşyñ özgeräýşini? Iki ýylyñ içinde ýurt beýle bulaşandyr öýtmändim. Ýöne men hiç hili ruhdan düşmedim-de, şlýapamy arassaja ýaglyga dolap, ýene sklad jaýymyzdaky köneje sandygyñ düýbüne atdym. Zamananyñ bi üýtgäp durşuna ýene-de iki-üç ýyldan şlýapanyñ abraýynyñ dikelmegi, belkem has-da artmagy mümkin. Oña çenli bolsa, goý, magazine aýalymyñ özi gatnasyn... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |