23:44 Aýallar / satiriki hekaýa | |
AÝALLAR
Satiriki hekaýalar
- Goý, gyz, adyny tutma şolaryñ. Menem ärsumak diýip birine ýal berip ýörün. Hojalyga berýän peýdasy ýok. Ertir işe gider, agşamam dolanyp geler. Gelende-de altyn tezekleýän ýaly uly minnetlidir: "Hany çaýyñ, hany naharyñ?". Hamana biz uzakly gün çaýyñ başynda gybat edip oturan ýaly. - Hawa-da gyz. Bir günjük bir ýerimizi çalşyp, ýaşap görsedik. Gadrymyzy soñ bilerdiler. Bu iki aýalyñ "Ikarusyñ" kürsüsinde awtobusyñ içindäkileri agyzlaryn garadyp, erkeklere dil ýetirip gelşi, tütedip endamyma ot basana dönderdi. Dogry-da, gursagynda erkeklik nyşany bolan, bu iki heleýiñ kemsidiji sözlerini diñläp oturybilmese gerek. Emma durlar-a hon-ha, agyzlaryny öweldişip. Özüñize belli, geldi gaharym, atylyp baryp, iki daýzanyñ gaşynda häzir boldum. Ajy ýylgyryp, söz okladym: - Näme, daýzalar, ýassykdaşynyzdan närazymy? Olar üşerilişip, ýüzüme seredişdiler. - Senem birini hoş edip ýören dälsiñ ogul. - Daýza jorasynyñ ýüzüne seredibem: - Gördüñmi, ana, bylar şeýdip, üstesine içiñem ýakýarlar. Toba! Toba! - diýdi. - Tobany öz ärleriñizi görüp aýdyñ. Onsoñam öz ýalta ärleriñiz bilen deñeşdiriji bolmañ. Ärlerem dürli-dürlidir. Ynha, menden welin, aýalymjan eger-eger närazy bolup bilmez. Men hondanberisirän bolup, gopbaryp oturdym. - Aý, goý-a! - Hawa! Daýzalaryñ biri: - A gyz, görýän welin, gowuja ärlerem bar ýaly-la?! - diýip, jorasyna ýüzlendi-de, maña golaý egildi: - Hany, aýt, aýalyñy nädip hoş edýäñ? - Onuñ üçin sylag-hormat gerek. Has takygy özüñi söýdürmegi başarmaly. - Aýallarmy? - Gürrüñ aýallar barada barýarmy? - Men birazajyk gatyrganjak boldum. - Ýok, erkekler barada! - Onda näme, aýallarmy diýýäñ? - Wiý, hawa-da, onsoñ? - Onsoñy şol, özüñi söýdürip bilseñ bolany. Daýza señrigini ýygyrdy: - Şeýlemi? - Şeýle! - Şeýle bolsa sen özüñi söýdürip bilýäñmi? - Wah, ol men diýip, ölüp ýatyr ahyry! - Aý, go-ýa?! - Hawa! Eger ähli ärler meniñ ýaly bolsalar, onda soñky ýyllardaky döreýän är-aýallaryñ oñşuksyzlyklary duw-dagyn bolup giderdi. Haýp, ony hemme kişiler edibilenok-da - diýip, özümi geni hasaplap, gürrüñe başladym. Awtobusyñ içinde oturan-u-dik duranlaryñ barysy diýen ýaly gulaklaryny üşerdişip, maña tiñkesini dikdiler. Men bolsa aýalyma öýlenjek bolup ýören günlerim dyza çöküp ýalbaryşlarymy, är dek söz berişlerimi ýatlaýardym. - Hawa, ertir irden gaýra ýagtylyp, ugranda ýorgandan ýuwaşja sogrulyp çykýaryn. Çaý guýup, gaýnaýança mal-hallary görüşdirýärin. Sygry sagýan. Haýk, şu sygrymy diýsene... Muñ ýaly sygyr başga hiç kimde ýokdur. Ýogsa hiç bir sygyr başga hiç kimde ýokdur. Ýogsa hiç bir sygyr añsat ýanyna erkek kişileri eltýän däldir welin, adam dannanok-da. Ýa bolmasa aýalymyñ ýaglygyny orananymsoñ, aýalymdyr öýdýärmi... Ana, onsoñ gelip, sagada seredýärin. Çaýy demläp basyrýan-da tamdyr oduny getirýän. Howlyny syryp-süpürýän. Oh-how, adamlar, bu bir fizzarýadja ahyry. Säher çagynda beýle hereketler ediberseñ, keýpiñem göterilip, şähdiñem açyk bolýan eken. Käbir aýallar nädip sagdyn bolýarka diýýädim welin, munuñ syry başga ekeni. Ýöne ir säherden obanyñ itlerini yzyna düşürip, ylgan bolup ýörenlerem bar. Aý, olaryñ "kädisi" işlänok-laý. Güýjüni biderek ýere sarp edişip ýörler. Eger-de olaram meñki ýaly hereket etseler, hem-ä özüne peýdaly, hemem aýalyna. Ana, onsoñ işleri birlaý edemsoñ, ýuwaşja baryp, pyşyrdap, aýalymy oýarýan: "Gözel jan, aý, Gözel jan, turaýjakmy ezizim? Hemme işler edildi. Çaýyñam taýýar. Bir zatlar jyz-byz edeýinmi? Ýa ýene biraz ýatjakmy?" diýip, dözmeseñem, görgülijigi oýarmaly bolýa. Sebäbi işinden gijä galaýsa, ol däl-de men uly käýinç eşidýän. Uzakly gün günäli çaga ýaly onuñ öñünde boýnumy sallap durmaly bolýan. Aýalym turup, el-ýüzüni ýuwýança ýorgan-ýassyklary ýygnap, jaýy syryp-süpürýän. Çaý içip otyrkak sallançagy üwremegem meniñ boýnuma. Aýalymyñ iýen-içeni ajygan ýerine barmaly ahyryn. Garnyny mäkäm doýurmasa, barlagçy bolup uzakly gün kinoteatryñ agzynda durmak her kişä başardýan zat däl. Onda-da onuñky ýaly ullakan göwrä. Aýalym eşiklerini geýýänçä, saçagy ýygnap, çagalarymyzy ýaslä eltip gelýän. Reñklerini çalynýança bolsa sakgalymy syryp, eşiklerimi ütükläp geýýän, köwşüme reñk çalýan. Onsoñam näme, taksi tutup, aýalymy işe ugradýan-da, özüm awtobusa garaşýan. Işde-de bar aladam aýalym. Görgüli işden ýadap geler, agşamlyk öñünde näme bişirsem gowy bolarka diýip, uzakly gün alada edýän. Iş ahyrlaberende elime torumy alyp, bazary, dükanlary aýlanyp, gerek-ýarak zatlarymy alyp, ýolugra-da ýaslä darap, öýe barýan. Nahar bişirýän. Garañky gatlyşyp ugradygy sygyrlary sagyp, mallara ot dökýän. Ýöne il-ganden hyjuw edip, kirlerdir çagalaryñ arlyklaryny içerde ýuwmaly bolýaryn. Ýene deñ-duşlarym biziñ bilen tirkeşenok, ýeköýli diýýämişler. Elimiñ degmeýänini görübem durlar welin, aý, olar bilen tirkeşmäniñden gowusy ýok. Olar alkaşlar-laý! Içişjek bolýandyrlar. Men welin, Gözel jana öýlenen günümden başlap, içginiñ, çilimiñ nämedigini her näçe kynam bolsa unutdym. Dogry-da, aýalyñ ýanynda agzyñy añkadyp oturmak gelşiksizlik ahyry. Kino-konserte gitseñem, şol wejera zatlar. Onam şol günden goýbolsun etdim. Ýalan sözlemäýin, aýalym wagtal-wagtal gidýä. Ýöne onuñam abraýynyñ bardygyna buýsanýan. Ony ulaglyja elin getirip gidýärler. Kä günler dagy äkidýärlerem, gijäniñ bir wagty getirýärlerem. Şeýle aýalyñ barka, başga armanyñ näme? Onuñ gymmatbaha gulakhalkalary, gülýakalary, aýakgaplary, köýnekleri üçin ýeke köpügem çykaramok. Özi gazanýar. Sowgat berýämişler. Ynanýan. Şäheriñ kinoteatrlaryna soñky wagtlarda gowy-gowy filmler gelip ugranmyş. Şeýle bolsa, aýalyma-da adamlaryñ işi düşýändir. Ine, gördüñizmi daýzalar! Bizde nähili ezzet-hormat bar. Häzirem aeroporta barýan. Aýalymyñ uýasy kurortdan gelýämiş, şony garşylamaga barýan. Gaýdyşyn bolsa, munuñ ýaly arabada siziñ ýaly gybatçylaryñ arasynda gaýtman, taksilije gaýdaryn. Aýalym şeý diýdi. Geçen ýylam bir gezek taksä münüp görüpdim. Ýöne ol könedi. Nesip bolsa, bu gezek saýlap täzejesini münerin... Ýene-de çiñerilip, daýzalaryñ ýüzüne seretdim: - Nähili eken? Menden är boljakmy? Gözüñiz gidiberendir görseñiz! Töwerekdäkileriñ käsi pyñkyrsa, käsi geñ galyp maña seredýärdi. Bilýän, daýzalary duzlady diýýändirler. Onýança daýzalaryñ birisi çyny bilen maña ýüzlendi: - Aý ogul, dogrudan, şeýdäýýäñmi? - Näme, ýalan sözleýändir öýdýäñizmi? - Aý, onda sen-ä, bir heleý ekeniñ! - Nä-äme?! - Heleý ekeniñ. Baý, är bolaýşyny! Utanman agzyny dolduryp gürlänem bolýa - diýdi-de, jorasyna ýüzlendi. - Görýäñmi, jora jan, men aýtdym ahyryn, bi erkeklerde san galmandyr diýip. Hälem biz şulary är diýip saklap ýörüs. Aý, ýör, düşeli, ine aeroporta-da geldik. Muñ ýaly ärsumagyñ agzyna garap otursak, öýümizdäki aç galar - diýşip, awtobusdan düşüp gitdiler. Menem näme, aýalymdan başga aýallardan gep alup galýanmy näme. Awtobusdan düşdüm-de, sesimiñ ýetdiginden olaryñ yzyndan gygyrdym: - Özüñiz heleý! Heleý bolmasañyz, heleý köýnek geýmezdiñiz! Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |