10:50 Kim günäkär? / satiriki hekaýa | |
KIM GÜNÄKÄR?
Satiriki hekaýalar
- Mümkinmi?! - Hä, gel! - Serdar Kerimowiç, men ýaşlar gazetinden. Ýurdumyzda çaga ölüminiñ sebäpleri barada sizden interwýu almaga geldim. - Näme almaga? - Interwýu, ýagny, sorag-jogap alyşmaga. - Hä, şeýlemi, gaty gowy. Soraber, jogabyny bereýin. - Ine, siz şäheriñ çagalar keselhanasynyñ baş lukmany bolup otyrsyñyz. Nebsimiz agyrsa-da, keselhanañyzda dünýäsini täzeleýän keselli çagalaryñ ençemesi ýüze çykýar. Munuñ sebäbini nämeden gözlemeli? - Päheý-de welin, bu ýerde gözläp oturasy zat ýok. Keselden. Aýdaly... Ýogsa-da maşynyñ barmy? - Ýok. - Hamana bar ekeni diýeli. Şol maşynyñam bir ýeri döwüldi. Indi oña zapas şaý tapmaly. Ony tapanyñdan soñam, tejribeli ussa. Dogrumy? - Dogry! - Ana, biziñ işimizem şeýle. Syrkaw gelýär. Emma ýeterlik derman tapdyrmaýar. Derman bolmasa keseli nädip bejerjek? - Bagyşlañ welin, gadymlar dermansyz-zatsyzam-a bejeripdirler. Gadymy tebiplerimiz bolsa hoşamaý söz syrkaw adamlar üçin dermandanam täsirli diýipdirler. - Ýalan, bary ýalan! Ynanmasañ häzir ikimiz keselhana, näsaglaryñ ýanyna baraly. Uzakly günläp olara hoşamaý sözler aýdyp oturaly. Sagalsalar aýdanyñy bereýin. - Şeýle-de bolsa, käbir syrkawlaryñ aýtmagyna görä, siziñ lukmanlaryñyzdan hoş söz eşitjek bolandan, ýürek edip, dükanlara giren ýagşymyş. - Ýalan! Barsy jypdyrma. Bu bir bizden içi ýananyñ tapýan gürrüñidir. Para alýar, kesellere dürli hili seredýärler diýip, ýeñsäñden gybat edýänlerem bar. - Diýmek, onda esasy sebäp, dermanyñ ýetmezligi-dä? - Edil özi! Men baş lukman bilen hoşlaşdym-da, şäherdäki respublikan dermanhanalar uprawleniýesiniñ başlygynyñ gaşyna bardym. - Gazetden diýdiñizmi? - Hawa. - Gaty gowy. Kömek ederis. Size haýsy dermanlar gerek? - Altyn Täjowma, maña derman gerek däl. Ýurdumyzda çaga ölüminiñ esasy sebäpleriniñ biri derman ýetmezçiligi diýdiler. Şol sebäpli-de bu babatda siziñ bilen gürrüñdeş boljakdym. Näme üçin dermanlar ýetmezçilik edýärkä? - Oña ýylanlar günäkär. Şolar zäher bermeseler, dagy nireden aljak? Men ýene-de oýa batdym: "Eýsem, çaga ölümine hakykatdanam ýylanlar günäkärmikä?" Ertesi komandirowka alyp, Garrygala - ýylan tutujylaryñka ugradym. Ýylan tutujylaryñ başlygyna öz matlabymy duýdurdym welin, onuñam içi ot bilen ýalyn ekeni. - Wah, işimizi gördüler. Tutar ýaly meýdanda ýylan galdymy? Ýerleri özleşdirýärler, adamlaram gören ýylanlaryny ýok edýärler. Ine, şeýdibem olar azalýarlar. Bizde bar bolan ýylanlaram garraýarlar, ýogalýarlar. Olaryñ öwezini dolmak bolsa, görgi. Onsoñam, dermanlar diñe ýylanlardan däl, dürli ot-çöpdenem alynýar ahyryn. Ýöne, bizde olara kän bir üns berlenok. Gör-ä, ýyl geldigice klimat üýtgäp gidip otyr. Soñky ýyllarda ýere düşýän ygal düýpli kemeldi. Otlar ýañy gögerip başlandan gurap gidýärler. Bu bolsa; ösümlikler bilen birlikde jandarlara-da uly urgy. Eger ýagdaý şu gidişine gitse, onsa birnäçe otlar tohum-tiji bilen ýok bolup gider. - Diýmek, çaga ölümine biziñ tebigatymyz günäkär-dä, şeýlemi? - Elbetde. Tebigat gowy bolsa, dermanlyk otlaram, ýylanlaram köp bolar. Olar köp bolsa, dermanam bol bolar. Derman bolsa, keselem azalar. Men şol gün yzyma gaýtdym-da, göni Tebigaty goramak baradaky respublikan jemgyýetiñ başlygynyñ kabinetine kürsäp girdim. Biz gadyrly salamlaşdyk. Soñra men özümi gyzyklandyrýan sowal bilen Maşat Hasanowa ýüz tutdum. - Aýtsañyzlañ, ýurdumyzda çaga ölümine biziñ tebigatymyz günäkär diýýärler welin, ugrunda barmy? - Ýalan! - Hasanowyñ ýüzi pişik gören itiñkä döndi. - Bary ýalan! Hemmesone adamlaryñ özleri, aýratyn-da dogtorlar günäkär. Keseli bejerip bilmeseler, bahanany başga ýerden gözleýärler. Medikler günäkär. Kasam içişleri ýaly ak ýürekden işleseler, keselem azaljak, ölümem. Hut şeýle! Men kowulyp çykarylmazlygym üçin, seresapsyzlyk bilen oña ýene-de sowal berdim: - Siz gaty dogry aýdýañyz. Ýöne, hälki aýdyşyñyz ýaly, biz - adamlaryñam günäsi bolmaly. Ol birazajyk açylyşdy. - Köp, gaty köp. Kosmosa yzygiderli uçup, asmanyñ azon gatlagyny eleme-deşik etdik. Ýadro ýaragyny synagdan geçirjek diýip, howamyzyñ akymynyñ režimini bozduk. Şeýlelikde pasyllarymyz tebigatyñ kanuny boýunça gelmedi. Ýerden bol hasul aljal diýip, nitrat diýdik, sitrat diýdik, gerbisid diýdik, garaz ýerimizi, ondan alýan önümlerimizi zäherledik. Olaram çagalarymyza iýdirdik. Ine, şeýdibem, çagalarymyzy öldürýänem özümiz bolduk... Men Hasanowyñ kabinetinden atylyp çykdym. Şonda dumanlap duran Büzmeýin şäheri göz öñüme geldi. "Eýsem, çaga ölümine näme günäkärkä?". Şeýle oýlar bilen duralga gelip, "Ikarus" marşrut awtobusyñ yzky gapysyndan münüp, yzky aýnanyñ öñüne baryp, uzyn maşyn akymyny synlap durdum. Magtymguly şaýolunyñ depesi maşynlardan çykýan tüsselerden bolsa gerek, uzaboýuna gara zolak bolup görünýärdi. Awtobus zarynlap ýerinden gozgandy. Şonda onuñ turbasyndan çykan gara tüsse, Güni gujagynda gizlän gara bulut ýaly, ejesi bilen duralgada başga awtobusa garaşyp duran çaganyñ üstüni büredi... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |