15:24 Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... | |
Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar, Ondan wepalar gelýär, senden munça jepalar. Ondan-munça keremler, senden bolsa ters işler, Ondan-munça nygmatlar, senden-hata-hars işler. Senden munça göriplik, munça erbet oý-pikir, Ondan munça yhsana sowgat-serpaýa şükür. Ajy janyň süýjesin diýip berlendir yhsan, Ne üçin munça keýp-sapa! Erene duşsun ynsan. Erbetligi terk edip, puşman edip başlar sen, Halas bolup beladan, Haka ýetip başlar sen. Baglasa-da gözüňi, elinde, bir halkasyň, Kä-te seni togalar, güýmenjesi belki sen. Altyn, aýal... söwdasy tebigy bolşuň açar, Kä janyňa Mustapanyň hyýal nuruny saçar, Bir ýan çekse – ýagşydyr, bir ýan çekse – ýamana, Bir girdaba duş gelen gämisiň sen hamana. Gizlinlikde dileg et, gije köp agla, iňle, Ol ýedi gat asmandan gelen sedany diňle. Şugaýp pygamber dady – däne-däne göz ýaşlar, Säher wagty gulaga owazy gelip başlar. «Günäň bolsa geçdim men, ýalkadym men, ýalkadym, Jennet dileýän bolsaň, kes dilegi ilki sen». Ol diýdi: «Isleýänim diňe jemaly Hakyň, Oňa gowuşmak üçin böwserin böwet behin». Eger-de han jemalyn görmejek bolsam munda, Jennet maňa ne derkar, goýuň siz dowzahynda. Onda: «Az agla, gözüň batyl bolmasyn» diýip, Maslahatlar berdiler uly hormatlar goýup. «Näme üçin gam çekeýin görjek bolsa soňundan, Ähli agza göz bolar» diýdi şonda gözüm hem. Ony görmekden mahrum boljak bolsa gözlerim, Dosta laýyk däl bolsa, men körlüge dözerin. Eger kim söýgi üçin bu dünýäde berse jan, Biriniňki - nurdandyr, ýene biriniňki - gan, Eger-de kim ýagşy-ýaman söýgüli saýlan bolsa, Özün ýok etmek üçin ýazykly dälmi bilse? Baýezit erbet kişä diýdi: «Näme mübtela?» «Eşegime hyzmatkär, öwrüldim men bir gula». Baýezit bolsa oňa: «Ýöre, basym bol!» diýdi – «Biribaryň öňünde bolarsyň sen gul» diýdi. ______________________________ Baýezit – Baýezit Taýfur Bestamy, uly pirleriň biri. Otuz ýyllap Şam töwereginde syýahat edip, 113 pirden sapak alýar. 805-nji (hijri 188-nji) ýylda Hazar deňziniň kenarynda bolan Bestam şäherinde dünýä inýär we 875-nji (hijri 261-nji) ýylda dünýäden gaýdýar. Baýezit Bestamy Japar Sadygyň wepatyndan 40 ýyl soňra dünýä inýär. Ýöne onuň ruhundan sapak alyp, oňa gol berýär we onuň oruntutary bolýar. | |
|
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |