13:16 Ahlak ýaramazlygy: amal bilen özüñi alyp baryşyñ arasyndaky tapawut | |
AHLAK ÝARAMAZLYGY: AMAL BILEN ÖZÜÑI ALYP BARYŞYÑ ARASYNDAKY TAPAWUT
Pedagogika we edep-terbiýe
Erbetlige dahylly klassyky formulýasiýalary öñki makalalarymda düşündirmäge synanşypdym. Emma bu boýunça dini teswirlemede perswektiwany üýtgetmesek, onda Gurhanyñ beýany bilen "gaýyby daşlamaga ("Sebe" süresi, 53) dowam eder durarys. Tebigatyñ kanunlary bilen ahlak kada-kanunlarynyñ biri-birinden aýry hereket edýändigine görä, adam bulary aýyl-saýyl etmek arkaly hereket ediş ukybyny kämilleşdirmelidir. Meselem, sil suwunyñ geçýän ýerinde bina guran günäkärmi, ýa-da siliñ emele gelmegine şert döredýän tebigatyñ kanuny? Kada-kanunyñ hak eýesiniñ Alladygyna görä, "heläkçiligi-erbetligi Alla berýär" diýmek - Gurhanyñ çemeleşmesi bilen alanda, hem#ä barlyk-adam gatnaşygynda nygtalan "sazlaşyk we bu sazlaşykdan gyşarmazlygyñ gerekdigi" ("Rahman" süresi, 7-8) baradaky duýduryşyna, hem-de “takwa-borçlulyk düşünjesi” ("Aly Ymran" süresi, 102) baradaky çagyryşyna tersdir. ■ AHLAK SEPLEŞIGINIÑ PARÇASYNA ÖWRÜLMEK Musulmanlyk bilen birlikde beýleki dinlerem ýagşylyga-yagşy işlere nusga bolmagy ündeýär, ýaramazlyga sebäp bolmagy gadagan edýär. ("Nisa" süreei, 85) Adam-barlyk gatnaşygynda ärdemlilik (tutanýerlilik, fazylat) açarsöz düşünjedir. Añ-düşünje taryhynyñ başyndan başlap şu güne çenli bar bolan ärdemlik prinsili adamy öte geçmelerden goraýşy ýaly, yzygiderli ýagdaýda dogrulyga, gowulyga, ölçeglilige gönükdirip durýar. Ylahyýetçi professor Şaban Aly Düzgüniñ kesgitlemesi ahlakly (ärdemli) adamy suratlandyrmakda gyzyklydyr: “Dünýäde hiç zat adama ymykly tamamlanan ýagdaýda berilmeýär. Adam her bir zady doly tamamlap, onuñ aýrylmaz bölegine öwrülýär. Muña "amal" ýa-da "emele getiriji hereket" diýilýär we adamyñ gymyldy-hereketlerinden tapawutlydyr. Gurhanyñ hatalardyr säwliklerden we kemçiliklerden söz açyp, yzyndan salyh amala-emele getiriji herekete ünsi çekmegi - adamyñ bolup geçýän zatlaryñ tamamlaýjy parçasy bolandygy sebäplidir. Bu salyh amal käte başga adamlar bilenem baglanyşyklydyr, käte tebigat bilen ilteşiklidir, emma bu hemişe adamy ahlak sepleşiginiñ parçasyna öwürýär.” ■ ERBETLIGIÑ ŞERTI Salyh amal diýlende, köplenç dar gurşawly ybadatlar göz öñüne getirilýär, meselem, namazdyr oraza ýaly. Emma "ahlak sepleşiginiñ parçasy bolmak" bitewi dünýägaraýşy talap edýär. Bu bolsa diñe hikmetiñ, pelsepäniñ, bilimiñ ýoly bilen ýörelende amala aşýar. Syýasy erkiñ, dolandyryjynyñ, pedagogyñ, maýadaryñ we ş.m. aktýorlaryñ bu "ahlak sepleşigini" durmuşa geçirmekdäki roluna kiçi baha berip bolmaz. Hut jemgyýetçilik nogsanlyklary-da şu güýçler sebäpli ýaýraýaf. Kadalaşdyryjy ulgamlaryñ işlemezligi, laýyklyk-adalat ýaly gymmatlyklaryñ depgilenmegi, tankydy belliklere gulagyñy ýapyp ukyp-başarnykly adamlaryñ sana salynmazlygy, ykdysady ulgamlary (wezipeli) şahslaryñ öz bähbidine ulanmagy döwlete we jemgyýete bolan ynamy ýok edýär hem-de ärdemli bolmagyñ derege ýaramaýandygy baradaky düşünje ahlak ýaramazlygynyñ ornaşmagyna şert döredýär. Ýagşy bilen ýamany seljermezlik we jogapkärçiligiñ ýoklugy ýagşylygyñ duşmanydyr. ■ ERBETLIK NÄME? Ahlak ýaramazlygy adamlaryñ özara gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Adamyñ saýlawyndan we ýönelişinden gelip çykýan bilip we bilmän edýän işleri, säwlikleri, bilkastlaýyn edýän hereketleri garşydaş tarapa berýän zyýany we gynanjy ahlak ýaramazlygynyñ özenini düzýär. Tebigatda ýagşy-ýaman diýen zat ýokdur, bu gymmatlyklar adama mahsus zatlardyr. Tebigatda kada-kanun bar, ahlagy bar kişide bolsa erk-ygtyýar bolýar, bu erk-ygtyýar ýagşynyñ kimdigini kesgitleýär. Adama çuñnur täsirini ýetirýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan sowlup geçmän bir zady aýdaýyn: adam öz ykbalyny (ýazgydyny) we adamzat taryhyny üýtgedip biljek ukyp-başarnykda ýaradylandyr. (Söhbetimizi indiki makalada jemläris). Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 09.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |