17:43 Ahmyr | |
AHMYR
Goşgular
Ahmyr bilen boýun almaly boldum, Geçen günleň gaýdyp gelmejegini. Sowuklyk ornaşyp başlanda bildim, Kalbym welaýatma meňzejegini. Arzuwlarmyň mazaryna gül goýdum, Sowanymda geçen hepde kyrkyny. Bagtyň sazyn çaljak Orkestrimem, Meniň gezegimde galdy - irkilip. Özgeler geljegne ýöreýän bolsa, Beýnim geçmişime gatnaýan boldy. "Gussalyk" çaýyna - "Şatlyk" gandyndan, atjakdym, hiç dükan satmaýan boldy. Hamsygyp galsa-da ýetim duýgular, Ajap günler üçin - bakarlar gapa. Sabyr käsäm entek dökülmez, ýöne... Iru-giç gapym kakylarmyka?! Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |