20:18 Ahwalat | |
Orazguly ANNAÝEW
Goşgular
▶ AHWALAT Öten agşam giç dolandym öýmüze, Aýlawly ýollardan öwrülip geldim. Çagalaryñ bary uka batypdyr, Garaşyp-garaşyp ýatypdyr gelnim. Howlyñ ähli çüñki tüm garañkylyk, Gara tümlük bakýar penjirelerden. Düşnüksiz duýgular üýşüp daşyma, Kalbymy howsala gurşady birden. Howly, daş-töwerek, giden bu dünýä, Ömürylla ýagty bolmajak ýaly, Şu mahal ukuda ýatanlañ bary Ömürylla gaýdyp galmajak ýaly. Aýrylyp gitmedi dörän duýgular, Daşlaşmady menden näçe kowsamam, Göwnüme bolmasa öñdenem meni Heläk edýän ýaly hut şu howsala, Gorkup duýgylaryñ dogrulygyndan, Otyryn ysgynsyz, çyrany ýakman, Gowy boljak kimdir biri ses berse, Älem-jahan agyr ukuda ýatman. ...Dym-dyrs dünýe doñýar, älem asuda, Soragly bakýaryn garañky gijä. Aýlawly ýollardan gelenim üçin Galaýan bolmaýyn bar zatdan gijä?! * * * Bu ýagdaýa, belki, beletdir her kim, Aýyl-saýyl wagty şatlykdyr gussa Duýýarsyñ özüñi mydama erkin. Ýöne çylşyrymly durmuş jerhedi Yzyny hiç üzmän damyp duransoñ, Bozýar aradaky baky serhedi. * * * Ummanlar köşeşýär, Köşeşýär, ynha, Gaýdañ soñ mazaly bady gaýdansoñ. Ýöne üýtgeşikkä bu syrly ynsan, Köşeşýär dünýäden baky gaýdansoñ. * * * Gurt çagasy Özbaşdak ädimi ätmänkä heniz, Dogmanka gözünde ilkinji şapak. Durmuşyñ kynlygy, Şatysy hakda Enesinden alýar ilkinji sapak. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||