00:27 Döwürnama / poema | |
DÖWÜRNAMA
Poemalar
I. Eziz diýar, Dünýä gelip tapanym, Gözüm açyp, elim serip toplanym, Göbegimi señ göwsüñe sapanym, Çybyk atly señ arkañda çapanym, Eziz topragym, Zeminim, Bar zatdan ileri görýän ezizim! Senden alýan ykbalymyñ gözbaşyn, Seni wasp ederin, goýaryn sarpa Demim gelip gitse, dik bolsa başym. Seniñ äpetligñi, Seniñ ägirtligñi Kim bilmez ülkäm?! Sebäbi señ äpet ogullaryñ bar, Bardyr seniñ ägirt-ägirt gyzlaryñ. Muña düşünmedik bolanlar üçin, Kyn bolandyr tapmak öñki yzlaryn. Sen bizi ösdüren, Sen bizi taplan, Duçar edip zabun, kyn synaglara Erksizlikden, Ejizlikden ömürlik saplan. Ýöne söýgi diýip, (bu gün duýulýar) Kalbyna gaplan gorkyny Hasaplan Perzentleriñ saña edýändir sežde. Başda ynam bilen ädipdik ädim. Şonda iñ belent zat Lebizdi lebiz! Bu ýerde, Soñ döredi, Göze görünmeýän aldawçy perde, Dilimiz saýraýar joşgundan ýaña, Ýürekde başga zat. Başga zat serde. Olar bir-birine gelenok jebis, Öñe tarap idip barýanam nebis! Eziz Diýar, Gezip çykmak seniñ aýlaw ýollarñy, Synlamak obalañ säherlerini, Şäherleriñi, Tebigatyñ çitip goýan göllerni Başartmaz Syýahat etseñem eger bir egne. Ýöne bu zatlaryñ ählijesini Ýerleşdirip bolýar şahyr ýüregne. Bu dünýäde bagtym diýip beslänim, Her demde islänim, Halkymyñ ykbalyn, Ýagdaýyn - halyn Görýärin keşbiñde eziz mekanym, Jigerim-janym, Türkmenistanym! Damjada deñiziñ saklanşy ýaly, Her daban ýeriñde, Her ädimiñde Eziz Diýarymyñ gözelligi bar, Watana düşünmäñ gönezligi bar. Käte biz Hakyky çöl bilen entek duşuşman, Onuñ mazmunyna düşünmän anyk Hasaplamak ony dowzahyñ jaýy - Hasaplamak ony eýmenç bir duşman, Elbetde, aýyp. Bilmän şeýle many çykarsak eger, Beýle ýalñyşlykdan çalynan şarpyk Ilki bize deger. Eýsem, Müñ ýyllyk ojarlañ başyny egseñ, Gyrsañ sazaklary sim tanap bilen, Çöldäki haýwanlañ göwnüne degseñ, Bu zatlañ öwezin kim dolup biler? Ähli işiñ taşla, Ýitgilerñi sana... Belentligi bilen ady rowaç Ümmülmez çöl, Çäge deñzi Adamyñ derdinden alyp elheder Aman diläp elin serýär asmana. Şoñ üçin tiz, Etmeli alada, düşmeli dowla. Ol ejiz, Ol mätäç Adamlaryñ basym etjek goldawna. Belki, biz çöllügi gorap bileris, Ýöne meni biynjalyk edýän zat Adamlaryñ gatnaşygnyñ çöllügi. Eger-de gerimi giñese onuñ, Tebigatda köp zatlaryñ, Soñra ömürylla Eşitmejek atlaryn Adamlañ añynda baky öldügi. Bu ýitgiñ ulusy, Örän gorkuly, Biz gorajak bolýas çölüñ süññüni, Gözel tebigatyñ gözel görküni. Ýöne saýgaramzok, Biziñ bir-birege Gazýan gorpuny. Iñ erbet ýeri, Hut biziñ özümiz özümiz üçin Juda gorkuly. Ýok mahaly birek-birege hormat, Güleñde ýürekden gülmeýän bolsak, Öz halkyña, geçmişiñe Guwanç ýok wagty, Buýsanç ýok wagty, Adamyñ bahasy gara şaýyka, Ynsanyñ gadryny bilmeýän bolsak, Edýän zadymyz bir, Aýdýanymyz başga, Ondan başga zat ündeýän bolsak, Kyn bolar, kyn bolar, Juda kyn bolar. Goýberlen säwligi bu gün düzetmek. Duşdan geçen, Aglap geçen wagtyñ yzyndan ýetmek. Gymmaty ýok ynsan, Nädip gymmatyny bilsin çägäniñ, Nädip düşünsin ol, Şorlap sandan çykan ene topraga, Argynlykdan ýaña, Agzyndan gaçyrsa iýýän gutabyn, Bu gün ejir çekse Añşyrman hiç harpyn, Okap bilmän On ýyl ozal okap çykan kitabyn, Ol baky hüjümden ömürlik ýadan, Aýdyp bilmän, Aýtmaly sözleri tapmadyk nadan, Topragyñ diline düşüp bilermi, Diñläp düşünmese "Gökdepe mukamyn"... Bäş günlük şöhrata başyny egen, Bugarjak bir damja galp sylag üçin Wyždanyn ezen, Haramdan ýygnan, Namysyny satyp. Karun deý dünýäniñ malyny sygnan Haramzada üçin Çekmeli biz bu gün köplerden minnet, Çüýredi, poslady, çökdi, maýryldy, Buýsanjyndan guwanjyndan aýryldy, Bu gün öz-özünden utanýar millet. Berilmeli bilmi Hem terbiýäni, Alynmaly zady alyp bilmedik, Döwrüñ derejesi beýlede dursun, Öz boýna, Ör boýna galyp bilmedik, Öz mukaddes ornun, Wyždanyn, borjun, Asyl öz dünýäsin anyk bilmedik Nesil Säwlikleriñ, ýalñyşlyklañ, Döresen jebriniñ çekýär hemmesin. Hoş sözlerde halanan, Beýikdirin öýdüp, Baýdyryn öýdüp Tüwmaýak mahaly ýene talanan, Harlanan, horlanan, zorlanan Watan ykbalyna, Nesliñ ykbalyna, Haýsy gerçek çuñ düşünsin, Jowransyn?! Il agasy bolup öñe çykanlar, Seljermän halaly, Haýsy zat haram, Parh goýman hak işmi Ýa-da ol karam Diñe öz derdini çekip, Il derdini bolsa edip owarram. Hasap edip, Bu zatlaryñ bary berilen ykbal, Darajyk beýniniñ çäginden çykman Diýdi ol döwülse döwülsin bar zat, Ýitsin, ýok bolsun, Owransa owransyn, Gitsin, ýok bolsun ~ Şeýle pikir öwrüp biler ol hökman. Sebäp başga zada ýokdur ukyby, Çünki ýyllar boýy Şuny öwrenen. Eger-de beýnisi kiçijik bolsa, Peýda ýok ullakan, goçak göwreden. Zaýalanan bolsa ymgyr giden çöl, Adamlañ beýnisi zaýadyr başda. Egee ene toprak şorlaýan bolsa, Adamlañ beýnisi şorlandyr ilki ~ Bolup bilmez sebäp bir şondan başga. Geliñ, ýeke pursat Egleneliñ, Garalyñ biz, geliñ, öz-özümize, Geçmişi, geljegj mazaly ýatlap, Sowallara jogap tapalyñ diñe, Düşünşeliñ ilki Kim biz? Näme biz?! Ýetdikkäk biz bu gün haýsy derejä, Taryh kanunynyñ üstünden ätläp, Gyssanyp, Gyssalyl juda ösdükmi? Näme etdik, Nirä ýetdik, Soñy ýyllar öwüp beter tizligi, Has dogrusy ýalan sözläp, Dogry sözden ýaman gözläp, Yza tesdikmi?! Gygyrdyk, El çarpdyk, Ör turduk ýene, Taryha ýazyldy adymyz diýip. Bäş ýylda ýüz ýyllyk ýoly geçýäris, Hiç duşman, Hiç bir güýç Gowşatmaz okgunly badymyz diýip. Gygyrdyk ýördük biz, Diñe gygyrdyk Eşitmedik hatda öz sesimizi. Dogrudanam saklap biljek däl eken, Hiç daşarky duşman Ýa-da başga güýç Ejiz ýermiz asla çaklap biljek däl eken, Asla hiç kim egläp biljek däl bizi, Togtadýan wagtymyz öz-özümizi. Oýlanmak ukybyn unudyo düýpden, Çinli görsek süri ýaly ördük biz. Beýnimizi, ýüregmizi dörmedik, Döwletiñ kisesin (döwletiñ kisesem özüñki ahyr) Yhlas bilen, hyjuw bilen dördük biz. Balkyldap dursa-da bäbeneklermiz, Lowurdap dursa-da ähli äýnekler Kördük biz, kördük biz, juda kördük biz. Batga batyp, biz beýik, biz bagtly diýip Gygyryp ýördük biz, gygyryp ýördük... Hany ol gerçekler gerdenin gerip Diñe hakykaty baýdak edinip, Ajalyñ ýüzüne dogry garaýan? Her deminde il bähbidin araýan, Aýan bilip, Halkyñ bagty üçin Duşmanyna ajal ýaly daraýan ~ Hany kl wepaly ärler nirede?! Altyna däl, Öz antyna wepaly Ýigitler bir ýerde ýitip gitdimi, O gerçekleñ yzy baky ýitdimi?.. Wepat boldy olar, Söweşlerde - graždanlyk urşunda. Doganyñ Dogana Ýigrenjinden, gazabyndan Guýlan gurşundan. Aýñalan mahaly halkym azajyk, Rahat durmuşyñ bagtyndan ganyp Galkynan wagty, Halkyñ başyn çeken gerçek ýigitler Artdyrjak mahaly oýanan bagty, Ýañy özün tutup başlanda ilim Indi başa Şol agyr belasy otuz ýediniñ! Soñra jahan urşy, Saýlama ýigitler gitdi söweşe, Ol uruş saýlady namardy merdi, Menuñ bu mähriban kiçijik halkym Uly pida berdi, Şeýdip artdy, Öñküdenem has köpeldi oñ derdi. Öñem çöken göwni, Köp synan göwni Parahat günleriñ eşreti bilen Düzetmäge ýañy girişipdik biz. Indi başymyzdan aýylganç bela ~ Kyrk sekiz... Beýle betbagtlyk, Bu giden bela Biz ýaly halk üçin çökder dälmikä, Dälmikä şumluk! Näçe mahal gerek, Dikeltmek üçin, Galmak üçin, Gerçek ýigitleriñ ornuny dolup Aýñalmak üçin... Biz bolsa gygyrýas Bar zat ajaýyp, Ähli zat gowluk! Kyn zat duşsa dymýas Ýa geçýäs sowlup. Biziñ telper añymyzy syndyrýar Sähelçe çuñluk. Gowy zat kän, Gerek däldir oñat zady ýaşyrmak, Ýöne biz mertlerçe boýun alalyñ. Biz jud ownuk! Biz juda ejiz! Bu dertden saplanyp bilmegmiz mümkin, Halkymyñ paýhasyn gursaga guýsak. Halkyma, özüñe, Geljege hem geçmişe Çäksiz guwanç duýsak, Buýsansak eger. Buýsançly baş belent bolýar elmydam, Goý, bu jümle, Undulan düşünje Bu gün bizde oýlandyrsyn köpleri. Kimligmizi bilmek üçin, Kesgitlemek üçin öz ornumyzy Bilmeli taryhy, Öwrenmeli çuña gidýän kökleri. Belent bolup bolmaz Belet bolmasañ, Näçe çuña gitseñ, Başyñ belent señ. Halkymyñ taryhyn gözläñ uzakdan, Getirmäñ oñ doglan wagtyn alkyma. Onuñ guwanjyny eline beriñ, Beriñ buýsanjyny eziz halkyma! Asyrlaryñ jümmüşine siñýändir, Köp gezek urulan, Kän-kän bogulan... Ýöne şeýle zady bilmegmiz gerek Däldir halkym on ýedide dogulan. Ýitip giden däldir meniñ geçmişim, Eger oñ üstüne atanak çeksem, Günäsini ömür ötüp bolmajak Eýmenç etmişim. Halkyñ taryhyny dogry ýazmaly, Munda etmeli däl birjik-de galplyk. Özün hormatlaýan her bir adama Ýañky taryh baky Bolmaly harplyk. Düzetmän taryhy hapa el bilen Diýip: Bu taýda eýle et, munda beýle diý, Şeýdip düzedilse, bolup dur onsoñ "Mejburyn" ýerine ýöne "meýletin. Degmedige ömürylla degmedik, Başga kişä belent başyn egmedik Halkymyñ guwanjy, Gerçekleri bar. Halkyñ isleginden, Arzuwdan dörän Örän belent başly erkekleri bar. Arzuwny, islegni, gahar-gazabyn, Näzik duýgularny, Göwün joşuny, Beýan eden halkym aýdymda, sazda, Halyñ gölünde Goýupdyr nusga, Olañ bary ruhy baýlykdan nyşan. Köp bolsa-da olañ süññünde gussa. Bu gün olar, Mähriban halkyma uly şöhrat-şan. Şonuñ üçin Türkmen halky geçmişde Gedaý bolup, Gedaý ýaşapdyr diýýän Taryhçynyñ ähli ähli tohumy Goýsun gohuny. Çäkli añymyza çenli, Pesligmize çenli Kiçeldýäris, peseldýäris halky biz. Her hili kyn günde ýaşan-da bolsa, Gedaý bolan däldir asla halkymyz. (Şu gün şeýle howp abanýar diýeliñ, Gaýtalap ýörmäliñ köne galpy biz). Garañky tünde, Gazaply günde Degmedige degmän, Çekmän minnetini özünden zoruñ, Başyny egmän, Garaşyp, Göreşip Bu döwüre ýeten Halkymyñ ruhy belentdi öñem, Belentdir häzir, Gabahat bor muny görmedik bolmak, Ertekisin eşdip, Şygryny diñläp, Gadymy sazyna jigerñi daglap, Geçmişi geljege ömürlik baglap, Gowsuna guwanyp, Kyn güne aglap, Halkyñ bilen baglamasañ bagryñy, Çykarma sesiñi. Döwür geler Saýlar bu zatlaryñ hemmejesini. Türkmeniñ mertligne şek bolup bilmez, Eger namart bolsa, Ýa gorkak bolsa, Aldym-gaç döwürde birçak gyrlardy, Soñuna çykarlardy. Ony soñam köp-köp subut edipdi, Halkymyñ hyzmatyn bitiren nerler. Bu günem unutmañ, Unutmañ bize Oguzhanyñ, Gorkut atañ, Göroglyñ, Keýmiriñ nesli diýerler! Türkmeniñ wepasy hakda taryhda Kändir kyssa, Köpler etdi ony diline sena. Belent mertebeli şalar, soltanlar. Bagt bilipdir, Arkaýyn duýupdyr özüni mydam Alyp bilse, Saklap bilse, Köşgünde türkmenden eger janpena. Hiç döwür, Hiç mahal Biziñ halkymyz Gul bolup şagladan däldir nebsini. Ölüm howpy abansa-da üstüne Ýuwdan däldir, Indem ýuwutmaz lebzini. Onda bu gün Baý ülkede Akylly, azaphon, bu dana halkym, Berjaý edip bileñok öz borjuñy, Unudýar antyn. Düşün Gürrüñ bir biderek bezzat hakda däl, Ýa-da ýol urduran, Ýa-da öz adyna ysnat getiren Ile metgi bolan kezzap hakda däl. Biziñ bu gürrüñmiz halkymyz hakda, Şoñ üçin barymyz jogapkär muña, Diñe jogap tapmak ýeterlik däldir, Düşünmek gerek, Neçün soñky ýyllar çekilen azap Boldy biderek?! Bu gün ters çykyp dur edilen hasap. Halk diýmek nämekä, Sen, men, ol, biz... Şolañ ählisiniñ agzy bir bolup, Ýüregi saz bolup, gopsa bir heñden, leriñ şow bolar, Ýeñiler kynçylyk çyksa-da öñden. Ýöne kürsä münen Kowsa, kowsa eger wyždanyny ýanyndan, Açsa arany, Ilinden, gününden, dogduk mekandan, Mes ýaşaýan ogry, Garşylyk görmese ýakyn-ýadyndan, Gaýta oñ edýänne guwanyp köpler Diýse öz içinden şonuñky dogry, Ogly aldap bilse ene-atasyn, Halallygyñ nämedigin bilmese, Bilmese äri, Bilmese gelni, Dogry söz diýmäge bolmasa miltiñ, Galdyrsa elni, Goldap däl, gorkup, Ulansa bähbide esgeriñ bildin... Bildim, Bu ýagdaýda gürrüñ etmek kyn, Lebiz hakda, namys hakda, ar hakda. Ýöne sen özüñi bir pursat sakla, Aýla öz dünýäñe Aýla sen nazar, Eger öz dünýäñde tapyp bilseñ sen, Ähli zady boýun almaga mertlik, Düşünseñ nädende gowy boljagna, Borjuña, Gowyny goldap, Barymyz bir bolup ýok etsek galpy, Artar öñe barýan hereketimiz, Sebäbi biz ~ Sen, men, ol ~ Birleşip döredýä bu uly HALKY! Eger-de biz, Öz-özümiz Galkynmasak ýokary, Başymyzy eger belent tutmasak, Ýene öwrenilen endige görä Özümizi galplyk bilen gutlasak, Bolmaz! Şeýtsek bizi güýlen, Beýnimizi gatyk ýaly uýadan Erksizlik, ejizlik Başyny bozmaz! Şu günki talap: Galkmaly, Omzamaly öñe tarap. Azatlygyñ ruhuny täzeläp, Öz-özüñi pida bermäge çenli Göreşmeli, Gerek bolsa bolmaly sen çyra-da! Atalardan galan däbe eýerip, Bolmaly baýdak, Bolmaly maýak! Bu göreşde galmaly däl gyrada Öz-özüñi aýap, Janyñy aýap. Ösüşi tesdiren, Ynamy ýumran, Halaldan däl Mydam haramdan ýygnan, Doýmaz-dolmaz, Tapan ähli zadyn bir demde sygnan. Mesliginden ýaña gözleri ýumlan Hamyna sygman böwede öwrülen Myrryhy sow ýoldan, Galsyn, goý, ýyglap. Eger-de biz bilen ýaşajak bolsa, Ýag alan beýnisin oýatmaly bor. Hereket etmäge bolar ol mejbur, Haramylyk bilen ýaşamarsyñ kän, Oñ bilen bolmarsyñ sen uzak meşhur. Ýöne bir zady bil, Unutma sen ýüze çykan ýagdaýy. Ýigrenç köpelipdir, Ýigrenç bilen gazap, Möwç urýar bizde. Bizdäki ýigrenjiñ çägi ýok, çägi Ondan bedenimiz ganmasa ýagşy. Bu zäher beýniñ, kalbyñ Öýjüginds baky galmasa ýagşy. Dogry, Muny düşündirmek juda kyn zat däl, Ýyllar boýy degnasyna deglen, Kemsidilen, Hukugynyñ köpi elinden alnan, Halka hyzmat etmän, Hyzmatkär eden Emelliñ öñünde dik başy eglen, Adamlar bu pursat Çykansoñ güneşe, çykansoñ ýaza, Şol geçen günleri, Bolan wakalary salansoñ ýada Ýigrenýär ösüşi bökdänleñ baryn, Boş wadalañ, pöwhe sözleñ gullaryn. Işinde, durmuşda Nädogry edensoñ dogryny, dürsi. Eýeläp kürsi Pozisiýasyn däl-de postuny goran Her işi düşeniñ halyny däl-de Köp para soran, Köp ezýet beren Kezzaplary ýigrenýärler ýürekden, Taýýar ondan häzir almaga aryn. Ýigrenilýänler Juda mynasypdyr muña müñ kerem, Çekmeli olaryñ her biri jeza, Ýöne bu ýerde bar başga bir bela. Eger biz gynanyp bilmesek olañ, Düşen ýagdaýyna, düşen halyna. Ejizligiñ kökün gyryp bilmesek, Añmasak gidenni nebsiñ alyna, Görmesek juda bir akmak bolmadyk, Adamlaryñ köýen, ýanan ömrüne Nebsiñ agyrmasa, Jiglemese seniñ duýgur ýüregiñ, Onda boýun borsuñ, Barha köp ýaýradar ýigrenç emrini, Her gün garaşarsyñ ähli gazetde Çykmagyna kän şowhunly makalañ, Okaýansyñ hezil edip ony sen, Okaýañ halap ~ Ýöne ýeke gezek oýlandykmykak, Bu bolan zatlarda barymyz hakly. Oñ üçin bermeli barymyz jogap, Ýakmaly zehini, burmaly akly. Başga zada gyzyp, Özümizi ýatlap, şol bada sowap, Bu gün ýigrenç bilen wyždan öñünde Günämizi ýuwup, gazanýas sogap. Çäksiz söýüp bilýäs Ýerde-suwda ýaşaýan bar haýwany, Tokaýlary, dagy, derýany, düzi. Ýöne aýdyñ maña Bizi, hawa bizi Goramaly kimkä Eger goramasak öz-özümizi?! Dogry, Ýigrenmeli, ýigrenmäge mynasyp, Ilini, öz bagtyn ogurlan ogry. Ýöne biz, hawa biz, biziñ hemmämiz, Hakyky halk ogly, Oñ eden, oñ etjwk Ählije zatlary dogry Diýip, Saýlapdyk olary belent wezipä. Diñe oñat sözler aýdyp o hakda, El çarpyp garşylap, Ugradýardyk ony juda şowhunly Mydama iş wagty geçýän ýygnakda. Dogry sözler aýdylanda bu günem, Hyjuw bilen batly çalýarys çapak. Ýöne bolýan zatlar, Aýdylýan zatlar Ilki bilen bize bolmaly sapak. Oýlanyp göreliñ, Çapak çalýan el Baglymyka beýni Ýüregmiz bilen, Täzeden döreýşi opurjak bolýan El çarpýan bolmasyn biziñ bilen deñ. Etmiş eden alar öz jezasyny, Olañ günäsini gerek däl ýuwmak. Ýöne yzasyny senem duý, Ýagdaýy ýürekden sen süzüp geçir. Jezañ agyrlygna beter guwanmak, Öz üstüñden özüñ gülen ýalydyr, Bilseñ bu-da seniñ özüñe ejir. Bölüp al paýyñy Bolsabam kejir. Bu gün başga kişä, Hem hut özüñe Öñkülere görä belet bolmaly, Öñki derejäñi unutmaly-da, Öñküden päk, Öñkiñden ýokary, belent bolmaly. Hiç haçan, hiç mahal Bize, neslimize ýat bolan däldir Ynsany söýmeklik, ynsanperwerlik, geliñ, oýlanalyñ bu zatlar hakda Has çyndan, has çuññur Ýürekden berlip. Bolmaly biz borjumyza wepaly, Has belende galar ýaly, Has guwanar ýaly indiki nesil. Biz açyk diýmeli çemeçilere, Aýaga çolaşyp päsgel berýäne. Müñküre, ahmyrla, ähli göribe Diýmeli aýgytly ~ siz yza tesiñ! Çekil diýmeli biz Jebis hatarlara sümüljek bolsa, Durgunlyk döwründe mes bolan kümsük. Ýa aýdylan söze mydam baş atyp, Bu tolkunam geçer diýip garaşýan Ümsüm... Entek beýle zatlar bölse-de ünsüñ, Döwrüñ talabyndan almaly many. Düşün, bu gün ýüreginde her kimiñ Çözülýändir Ata Watan ykbaly. Eziz Türkmenistan, seniñ ogullañ, Seniñ abraýñy, adyñy goldap, Belent tutup başy, guşap bilini, Öz paýyny alar, ornunda durar, Begendirer şeýdip eziz ilini. Eger-de biz ejiz bolsak bu pursat, Galmasak hüjüme dogan bilen deñ, Sagat bolmaz, Sagdyn bolmaz, Uly Watanymyzda bu uly beden. Hiç bir işde, Hiç göreşde Heniz dili kelte bolmadyk halkym, Döwrümiñ çagyrşyn baýdak edinip Galkyn, Galkyn, Galkyn!.. II. Eý, şahyr ýüregim, Joş, galkyn bu gün! Täze döwri açýar, gör, halkym bu gün! Her güni, - sagady göreşden doly, Halkym dowam edýär Täze hyjuw bilen, täze güýç bilen Taryhyñ göwsünde Sudury tapylan Şol dogry ýoly! Säwliklere Şowsuzlyga Käte daryksa-da seniñ göwrümiñ Bu gün açyk aýdýas, Edýäris aýan, Bu anyk talaby meniñ döwrümiñ, Bolmaly däl munda janyny aýan. Ýaşamaga ukyplydyr jemgyýet, Haçan öz derdiñi kesgitläp bilse, Ýeñip geçip beýnidäki darlygy. Ýeten derejesin ýagşy anyklap, Öñe ätläp bilse, Onda bu bedende ösüş barlygy, Diýmek, bu jemgyýet, ösýär, berkeýär. Tutan maksadyna ýetjegi çyndyr, Onuñ tutan işi bolar berkarar. Eý, şahyr ýüregim, Guwan sen bu gün. Ýürekde berç alyp, duransoñ ajan Ýa pyşyrdap aýdýan ýürek sözlerñi Diýýäñ aç-açan, Sebäbi bu pursat döwür özgerdi. Keselmizi, derdimiziñ sebäbin, Etdik biz aýan. Beýtsek uly zyýan Bolar diýip çyny bilen dyzaýan Az däl bu gün, Ýöne ýüreklerde galmasyn düwün. Ýöne öñki ýaly, Eñen ugrumyza yñyp, Kellämiz gyzyp, Bar zada tüflemän Gowy zada gowy diýeliñ ilki, Erbede erbet, Bar zadyñ üstüne çekmäliñ çyzyk. Süýtde agzy bişip, Suwy üfleýän Ýöne men şonda-da aýgytly pursat, Öwrülşik mahaly Güýçli-güýçli şahsyýetleñ bolmagny Isleýän. Olar bu gün edil hatarda ner dek Götermeli agyr ýüki gerdene. Taýýar bolmaly ol Çyn göreşe janyn pida berse-de. Jud kyn synagdan çekinip durman, Soñ jogap bermeli bolaryn diýip, Duýup bu pursatyñ ruhun doly Bolmaly gerçek. Erkek bolmaly, Bolmaly däl ownuk, Juda uşak zatlaryñ guly. Halkym ýaly, Diýar ýaly Tutan maksadymyz ýaly bolmaly uly. Her dem, Sen uly Watanyñ adyndan gürläp, Bolmasañ goçak, Bolmasañ merdem, Unutmasañ uşak-düşek kinäñi, Horlanmasañ biraz, Çekmeseñ azap, Unutmasañ öz hususu kisäñi, Garyndaşlyk, ilparazlyk Diýilen zatlarsan bolmasañ azat, Bu etjek zatlarmyz aşmaz amala, Biderek zat üçin, Bolmajak zat üçin, Bolmajak zat üçin galmalyñ basga. Şu pursay bat alyp galmasak göge Öñküden has beter batarys batga. Hemmä aýan zatlar, Ýöne unudylan ýönekeý zatlar, Gerek däl bilmäge kän kelle döwmek, Başga hiç kimki däl, Biziñki döwlet! Hemme zat biziñki Bar zat biziñki, Muña dahyly ýok başga hiç kesiñ, Aradaky ähli zatlar aýrylýar, Biziñ bilen döwletimiz baý bolýar, Ýa düşýär garyp, çökýär, maýrylýar. Biziñ bilen döwletimiz berkeýär Ýa-da çagşaýar. Biz bu gün öñküden asylly bolsak, Biz bu gün öñküden akylly bolsak, Döwletem şeýle. Döwlet biziñ bilen bolýar kuwwatly, Bolýar rowaç. Her birimiz bu döwletiñ bölegi, Bir döwletiñ bölegi, Häzirki döwürde kosmosa çykyp, Ähli syryn bilip ýedi gat ýeriñ, Öwrenip älemi, Başga-başga ýerden garyndaş gözläp, Käte iñ ýönekeý, Iñ kiçijik zady edip bilemzok, Ejiz beýnimize zor salma dözmän. Biziñ köpimizde entek entekler Döwlet möçberinde oýlanmaklyk ýok. Ojagmyzyñ daşy biziñ çägimiz, Ýeriñ aýak ujy mellegiñ çeti. Köpüräk goparmak, Käniräk urmak Şondan başga ýokdur onuñ hiç neti. Kiçiligi üçin ownukdyr derdi, Ilparazlyk bilen abraý aljakdyr, Näumytdyr, närazydyr Göýä bar kişide köýen dek ary. Käbirimiz üçin hut şu pursatda Oýlansak, nähili ýerlikli eken Pyragyñ birleşmek hakdaky şygry. Aç-açanlyk döwri, Aýanlyk döwri, Ýöne ynsanlykdan, öz mertebäñden Haýwlanlañ içine gaçmak diýmek däl. Ara alyp, maslahaty jemlemek Eltmeli däl Ar alyp masgaralamaga Garalamaga... Synpdaş kişiñ kalbyn ýaralamaga. Bäsdeşiñem berer şoñ ýaly jogap, Beýle zada ýeter onuñam gurby, Bu gün çekinýän ýok ýersiz hemleden, Öz ýaragyñ ýaly ýaragdan senem Alarsyñ ugry. Ýöne bular nämäñ hatyrasyna Edilýär, Nirä sarp edýäris güýç bilen gurby? Köp kişä iş bolýar pisligi eden, Şular ýaly ownuk zada bulaşyp, Gyrada galýar Çynlakaý gürrüñ, Bar kişä bähbitlu hakyky jedel. Agaç barly bolsa başy aşakdyr, Boş şahalar asman ýüzüni syrýar. Uly adam uly ädimläp barýar Güjük oña däl-de özüne üýrýär. Bir kiçijik myrryh Ýaşap ýör dünýede, Göýä onuñ ähli zatda ary bar. Şeýle ýüregi, Şeýle beýnini, Göterýän kişide Ýigrenilýän häsiýetleriñ bar bar. Diñe özün söýüp, Alada edip, Nebsi gije-gündiz berensoñ buýruk, Ýygnan zatlaryny, Ýygşyranlarny Az görer-de diýer Girime salaýsam dünýäni düýrüp. Bilmez bu baýlygyñ beladygyny, Bilmez ol aslyşýan tanapy tanapy çüýrük. Binamysdyr, ynam edip bolmaýar, Beýle kişi bilen ýol sökmek hatar. Jinnek ýaly bähbit, Kör köpük üçin, Öýüni, ilini, dosty-ýaryny, Namysy-aryny Baryny satar. Munuñ üçin ejir çekmez wyždandan, Horlamaz ynsap, Arkaýyn ýatar, Özün arşdan asar, Özünden başgany çykarar sandan. Beýnisi kesellä, Hiç dilim baranok diri diýmäge, Döwürdeş diýmäge beýle tetellä. Biziñ bilen bir howadan dem alyp, Gezip ýörse-de Diýmäñ oña biziñ bilen ekeni Biz bilen däl indem, Däldi ol öñem, Diri jeset, Öz daşyna özi çolap kepeni, Bir mahal ölen. Unudyñ siz ony, Päsgel bermäñ öz ýurduna göçüriñ. Bu günki hüjümde oña orun ýok, Şonuñ üçin oñ adyny öçüriñ, Bolmasyn ol hatarmyzda gury san. Bolýan ýagdaý hakda Aýdyp bereýin men ýene bir mysal: Peşgeş berilmändi oña dereje, Hiç bir wezipäni almandy diläp, Bilimi, akyly, ukyby üçin Has belende çykardylar itekläp. Şonda sag beýnide kiçijik gurçuk Döredi, hiç kimiñ gözne ilmedi. Beýniñ eýesi-de bilmedi ony, Hatda ejesi-de bilmedi ony, Ýañkyja gurçuk, kertip kem-kemden Beýniñ ortasyndan etdi çukurjyk. Soñra gyryp, gyryp, gyryp, Özem ulalyp, Ulaldyp deşigi işledi gurçuk, Indi beýniñ ýeri durdy hoñkaryp, Beýniñ ornunda Beýni, Beýgi iýýän gurçuk otyr hoñkaryp. Indi giç, Urunsañam näçe, ejir çekseñem Dolanyp durkuna gelmez ol beýni. Şeýdip men-menlikden dörän gurçujak Serreltdi beýgi. Indi giç, peýda ýok etseñem puşman, Hiç haçan unutmañ, Unutmalyñ biz Özüñden döreýär iñ uly duşman... Eger adam Başarjañ, bilimli, akylly bolup, Özüne mynasup ulalýan bolsa, Bu juda gowy. Ýöne uly adam Uly wezipesin ulanýan bolsa, Gaçdygy towy. Eger sada adam Abraýnyñ ulalýanna kiçelse, Ulalýan adyna garap ýygrylsa, Öz adyny arşa çykarjak bolýan Ýallakçylañ göni gözüne garap Ýylgyrsa, Bilmeýän zadynyñ känligin bilse, Bilse edilmeli işiñ köplügin, Düşünse ol öz etmeli zadynyñ Ondanam köplügin, Beýle adam bilen çyksa bor bu gün Aýgytly söweşe geljegmiz üçin. Ynanyp bor oña, Bu günki işini goýmaz ol soña. Bilýän beýle kişä, Haýsy iş ynansañ Işlär ol ýürekden eder-de çynyn. Biperwaýlyk ýatdyr, Arkaýyn gezmez Agyrlygy üçin bergi-borjunyñ. Ýüregi erkine goýmaz beýnini, Beýni rahatlyk bermez ýürege. Öz ykbaly, halkdyr Diýar ykbaly Üçin azap çekýän Ynsanyñ beýgi! Bu gün döwrümiziñ üýtgänin görüp, Biziñ ählijämiz Bu gün bir demde Belende galmaly, ulalmaly biz. Ötüp giden ata-babalarmyzyñ Ynamyny, Gaýrat-gujuryny ulanmaly biz Döwre laýyk has belende göterip. Añymyzyñ arryk bolany üçin Biz juda söýýäris ullakan çini. Peşgeş berlen ýaly garbap alýarys Ähli wezipäni, ähli kürsini. Ýutjak süñkümizi deñąp göremzok, Düşünip, düşünmän sokýarys burny. Bilemzok çatjakmy injigiñ gurby, Biziñ her birimiz düwdeneklejek Eger-de boş diýse Tañrynyñ orny. Ençe ýyl geçensoñ, Ynanylan bar iş bolansoñ berbat, Artykmajy bilen alyp hakyny Etmeli işiñi etmeseñ berjaý Diýseler bir günem kakyp egniñe Eý, bimar pyýada Bäriñe eset, Pursat boldy indi, Garantgy bolmañy sen indi bes et. Tutup kakynyñ, Aljyrap, derläp. Unudyp iýenñi, ähli içenñi Ýalbaryp ugraýañ, Gaýrat edäýiñ, Oturaýyn indi pensiýa çenli... Ýogsam uly-uly wezipelerden Otdan gorkan ýaly gorkmaly ýaly. Boýnuña ýüklenýän jogapkärçilik Horlamaly seni, Oýlandyrmaly, Hut şonuñ üçinem ürkmeli ýaly. Özüñi bu uly synagda synap, Köp azap çekmeli boljagny bilip Azar çekmeli, Ukusyz gijeler janyñy gynap, Erkinligñi işe gurban etmeli, Ilki bilen göz öñüne gelmeli Bu agyr wezipäñ nämä taýlygy. Ýöne geñ galmaly, Bizi gyzykdyrýar uly wezipäñ Ýeñil maşyny, Daşyndan, içinden gelýän aýlygy. Biz Näme üçin ownuk, Näm üçin ejiz, Nireden döreýär bu ýowuz kesel? Onuñ emi nirede, Haýsy ýarag onuñ köküni keser? Bir kişi, Bir murtar kişi Aşyn awy eder ençe bendeleñ. Özi ýaly ýürek bulan gendeleñ Tapyp bir toparyn, döredip süri, Bili bükük kezzap, Eñegi çüri, Ot gorsaýar, Gybat bilen, ýalan bilen, al bilen, Nejis ýol bilen Bozup adamlaryñ gatnaşygyny, Gorjaýar, Gyýbat, ýalan bilen çişirýär ýürek, Bu zatda olaryñ öz bähbidi bar. Eger ähli kişi dost, gardaş bolsa, Syrdaş bolsa, Olaryñ kimligi bilinjek bada. Ýöne ol ýaşapdy, ýene-de ýaşar Beýle pis pygyllar ýene dünýäde. Olañ ýaşamagna Biliñ, günäkär däl olañ özleri, Olar bizi iýip ýaşaýan haýwan. Olañ ýaşamagny biz üpjün edýäs, Bu durmuşda bir-birege ynanman... Hawa, biz ownuk, Biz juda ownuk, Millet hakda oýlanmaga güýç tapman, Kiçijik bähbidiñ uçgurna boglup, Iýýäs bir-birimiz wagşy mahluk dek, Tanamak kyn boldy namardy, merdi. Öz-özümiz gümra, Garpyşa-garpyşa, Öwrülip harpyga Öwrenişýäs başga-başga şarpyga. Biz duýamzok, Biz üçin ýat ýaly Bu uly Diýaryñ bu uly derdi! Biz bu gün täzeçe ýaşajak bolsak, Boljak bolsak döwrüñ mynasyp ogly, Bize päsgel berer Köp ýyllañ dowamy Daşymyzy gurşan daş ýaly gabyk... Ýene saljak bolýar şol öñki çäge, Tapmasañ çäre, Bolar ol señ üçin Gapagy ýapylman goýulan tabyt. Öwrülşik pursaty Diýmeli ýürekden her kim özüne Bu göreşde är ornuny tutaryn! Ynan, her bir kişä, Çylşyrymlt pursat Degişlidir örän aýgytly orun. Jebis hatarlara birleşip bu gün, Gitmeli edinip ynamy baýdak, Işden aýra çykmasa bor sözümiz ~ Özümize, nesillere, taryha Bahasyna ýetip bolmajak baýrak. Sebäbi taryhyñ sahypasyna Halkyñ geçen ýoly, Halkyñ ykbaly Ýazylýar bir gezek, ýazýañ ömürlik. Hiç bozup bolanok, Soñ gaýtalap ony ýazyp bolanok, Ýazyp bolmaz soñ yzyña öwrülip. Diñle, döwürdeşim, Gulak as ykjam, Geldi pursat Bolmaly halkymyñ kesgir ýaragy, Sarsmaz sütüni. Eger gerek bolsa ýaryñ kükregi Lowlaýan jigeri göterip göge Ýagtyltmaly ýoly Garañky tüni Bu gün bu göreşde soñky deme çen, Soñky öýjügñe çen, Watanyñ, halkymyñ işine berlip, Göreşmeli, Ýowuz synag ýaksa-da, Diñe şondan ýetip bolar geljege, Diñe şonda ýeteris biz maksada. Dünýäniñ halklarynyñ baryny söýýän, Uzak ülkeleriñ gyzyl güllerin, Garyny söýýän. Toprak saýlamok men, Ýer şaryny söýýän, Ýöne şuny diýýän: Ahyr gezek galman ýatmaly bolsam, Ýataýyn men ozal belet ýerimde, Gatam bolsa toýun, Kynam bolsa gazmak Meni eziz ülkäñ goýnunda goýuñ. Bitiriñ iñ soñky haýyşymy siz, Dileg däl siz üçin ýazýanym üçin Gazarsyñyz diýýän soñky jaýymy, Şol jaýy meñ size gazmanym üçin, Bu gün dökdüm ýürekdäki bar zady, Boşluk duýamok men, Duýýaryn hoşluk. Ýigdelen Diýarym, öz döwrüm bilen Uraly giñ gadam geljege tarap. Garaýyş üýtgedi, Üýtgeşik talap, Nem alsyn, Dem alsyn Döwrüñ ruhundan döwrüñ sesinden Bedeniñ öýjügi, onuñ her bogny. Hukuk al özüñden, Garap gözüñe Aç-açan diýmäge çekinmän sähel: Men Watanyñ ogly, Men halkyñ ogly! Nazar salyp gül ülkäme her säher, Durmuşa, Bu döwre edýärin sežde. Diñe ak arzuw bar, Diñe umyt bar, Joşgunly ýürekde, Buýsançly serde! Watan, beýgelýärsiñ täze gerimden, Watan, arkaýyn bol perzentleriñden. Pisunda, 1987 ýyl. Orazguly ANNAÝEW. | |
|
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |