18:42 Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy | |
TÄZE ÝYL AGŞAMY ÝAZYLAN GOŞGY
Goşgular
Soñky ýaprak ýyl daragtyn terk etdi, Dünýä indi garaşylan Täze ýyl. Arzuw etdi bir-birege ynsanlar: - Bagtyýar bol, oñat bolsun täleýiñ! Bu pursat ýol bolsun bar öýke-kine, Ýagtyldalyñ ýürekleriñ gijesin. Arzuwlar toşaba öwrülsin bu gün, Şerbet şiresinden agzyñ süýjesin. Gazanan bar ýeñşim, ýalñyş ädimim, - Bu gün yzda galan geçmişim bolar. Ýöne, köne ýylym, unutsam seni, Geljegiñ öñünde etmişim bolar. Seniñ maña beren şatlyk, aladañ Belli däl täzede artyp-kemjegi. Bagtly boldum señ göwsüñde köp gezek, Maña belli haýryñ şeri ýeñjegi. Ýürek ýagşylygyñ hyzmatyn etdi? Il bilen den gopdum, döretdim, gurdum Synagña döz geldim, ýykyldym käte - Hiç başym egmedim, aýakda durdum. Köne ýylym, hoşlaşaly, gideýin, Adam ömri doly ýüz-müñ işlikden. Käte ýatlamalañ kilmin galdyryp, Gararyn men geçmiş bolup işikden. Orazguly ANNAÝEW. "Garagum" žurnaly, 1/2017 ý. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |