21:49 Owarram | |
OWARRAM
Goşgular
Eçil maňa eçilmedik zatlarňy, Eçil maňa açylmajak zatlarňy, Eçil azabyny ýowuz dowzahyň, Ejir çeksem sen gazabyň gowzasyn Sen çekinmän, bar aýbymy aýdyp ber, Şeýdip maňa geçmişimi gaýdyp ber, Bu günüme jinnek umyt galmasyn, Kalbyma guý ähli ýigrenç közüňi, Bolaýyn men bilmez ýaly özümi, Seniň berjek bar jebriňe kaýyl men, Ýer ýüzünden ýok bolmaga kaýyl men... Ýöne özüm bilen alyp giderin. Özüňde bar bolan ähli zadyňy, Seniň juda-juda bagtly boldugyň Şondan soňam unutmasaň adyňy. ■ MEDET Eger öçýän bolsa alawyň, közüň, Sönen ataşyňy dörip bereýin. Hiç peseltmez ýaly kalbyň howruny, Mydam üfläp duran körük bereýin. Özüňi ýitirýän men saňa garap, Uçgun ýok gözüňde - meň halym harap, Dal bedeniň göýä sökülen jorap, Sarap ähli ýerin örüp bereýin. Käte tekge bolýar ga :lan ýatlama, Geçen günleň sen üstünden ätleme Diýme: ''Gaýdyp gelmez ýaşlyk nätseň-de'' Gyzlygyňy ýatlatjak börük bereýin. Ynsan hiç eger-de Hudaý gargasa, Baý bolup toplanyň bary dargasa, Umyt ölmez kalbyň bir saz sargasa, Bir hemaýat berjek şärik bereýin. Bir gezek açylan aýby ýapmarsyň, Bir asmana uçan guşy gapmarsyň, Bir höwürtgäni gaýdyp tapmarsyň, Ýöne men kalbymyň törün bereýin. ■ OÝANYŞ Baharda näzenin gyza meňzeýäň, Söýgüden dem alýar düz, öleňiňem. Ýüzüňe nur bolup, nur çaýylypdyr, Ýaşmaklydyr çykýan kömelegiňem. Häzir diňe dirilik bar ömür bar Ýada düşmez gözellikden başga zat, Diňe şatlyk, diňe joşgun, söýgi ýar, Bent bolan duýgulaň barysy azat. Bahar gelse, dünýäň durky üýtgeşik, Giňeýär serhedi eziz Diýaryň. Bu baharyň melhem howasyn garyp, Leblerinde şirin bal ezdi ýarym. ■ KAÝYLLYK Eger bir nokatda duşuşjak bolsak, Şol nokatda kakjak bolsaň gazygy, Heý, soňy bolmazmy berýän ejiriň, Bu nämäň jezasy, nämäň gazaby?! Düşünemok ýa düşünmek islämok, Meniň ýan-ýoldaşym mydam çaklama Öz kalbyny weýran edýär ekeni, Ynam gulagyňa çawuş çakmasa. Sen ilki geç sowulaýyn ýoluňdan, Ine, ýol arçadym, sola çekildim, Öz kalbymy saňa açyp bilmedim, Bilmedim men, men nämeden çekindim. ◾HASAP Uzakda duýdansyz uwlady möjek, Adam girdi öýdýän onuň düýşüne. Bitiniýme gysganç çopandan ýaňa, Bir hepdedir et degenok dişine. Käte-käte emläýmel-ä unutman, Garran geçileriň çebşeklerinden. Ýa agyz ursunmy undup däpleri Tendar goýunlaryň ýumşak ýerinden. Sürüň golaýynda möjek süreni Güwäsidir - sürä asla çozulmaz. Hernäçe geçse-de ýyllaň kerweni, Ýazylmadyk bu kanun hiç bozulmaz. Aç dişlerini şat-şat etdi-de möjek, Duýdy öz agzynda guýruk yzasyn. Bimaksat uwlady gurt edil häzir, Şonda-da aldy ol çopan mazasyn. Äpet çölüň ýyldyz gülli ýorgany, Bolan, boljak ähli zady duwlady. Sebäbini hiç kim bilip bilmedi, Ýöne möjek näme üçindir uwlady. ◾HAÝYŞ Iki sany bagtly başdan, Birçak galan bagtly yzlar. Ýitip barýar tekizlenýär, Daman gözýaş damjalary . Möhür ýaly buldurap dur, Edil häzir gu :ramandyr, Ganat gerip uçjak bolýan Ak ýelekler saklap ýatyr Hiç manysyz pyşyrdyny... Ýatlamakdan çişipsiň sen, Däl sen edil häzir myssyk Geçen geçdi gaýdyp gelmez, Aglama, ýassyk. Garagum 2016/11 | |
|
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||